Wagtlaýyn sergi açyldy

5 Iýun 2023
1977

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Daşky gurşawyň arassalygy — abadan ýaşaýşyň girewi» atly wagtlaýyn sergi açyldy.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylmy işgärleri, şäherimizdäki orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, oba-şäherlerimiziň bagy-bossanlyga öwrülýändigini buýsançly nygtadylar. Daşky gurşawyň arassalygynyň abadan ýaşaýşyň girewidigi hem çykyşlarda nygtaldy. Muzeýde açylan wagtlaýyn sergide türkmen tebigatynyň gözelliklerini şöhlelendirýän tapyndylar, fotosuratlar, resminamalar ýerleşdirildi. Bular sergini synlamaga gelýänlerde uly täsirleri galdyrýar.

Myrat TAGANOW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.