Ekologiýa dersine bagyşlandy

24 Aprel 2023
1716

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda umumybilim berýän orta mekdeplerde ekologiýa dersiniň okadylmagy hem ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde özüniň oňyn netijelerini berýär.

Nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almagy, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmagy, bäsleşiklerdir olimpiadalara gatnaşmagy üçin giň gerimli işler, döwrebap özgertmeler üstünlikli ýaýbaňlandyrylýar. Döwrüň giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz ders we taslama bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, bilimlerini artdyrýarlar, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler.

Aýjahan WELJANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.