"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Täsin daragt

Günorta Amerikanyň Çili döwletinde gadymy döwürden bäri ösüp oturan daragtyň üstünden bardylar. «Fizroýa» diýlip atlandyrylýan bu daragtyň 5484 ýyl ýaşynyň bardygyny alymlar çaklaýarlar. Bu täsin daragt bilen alymlar 2020-nji ýyldan bäri gyzyklanyp gelýärler. Ilkibaşda, ýörite tehnologiýalaryň kömegi bilen agajyň içki gurluşynda ortaça 2700-den gowrak gatlagyň bardygyny anykladylar. Her gatlagyň agajyň bir ýylyny aňladýandygyny nazara alyp, alymlar daragty düýpli öwrendiler. Geçirilen gözlegleriň 80 göterimi daragtyň ýaşynyň 5 müň ýyldan aňyrdadygyny görkezýär. Diametri 4 metre ýetýän agaja ýerli ýaşaýjylar «Gran-Abuelo» diýip at beripdirler.

Täsinlikler dünýäsinde

«Camry» 40 ýaşyna sowgat taýýarlaýar Geljek 2023-nji ýylda meşhur ýapon awtomobil öndüriji «Toyota» kompaniýasynyň «Camry» modelleriniň çykarylyp başlananyna 40 ýyl dolýar. Şanly sene mynasybetli kompaniýa bu modeliň ýörite ýubileý nusgasyny çykarmagy maksat edinýär. Ýakynda ýapon awtomobil öndürijisi özüniň «Camry» modeliniň geljek ýyldaky nusgasy bilen tanyşdyrdy. Şu ýylyň ahyrynda satuwa goýberilmegi meýilleşdirilýän ulag nusgasy «Nightshade Special Edition» diýlip atlandyrylýar. Bu nusgadaky ulaglar ak, «ýarygije garaňkylygy» we «suw howdanynyň göklügi» diýlip atlandyrylýan reňk görnüşlerinde öndüriler. Täze görnüşli ulaglar öňki ýyllardakydan özüniň gara aýnasy, radiatorynyň öňündäki torly bamperi, garaldylan faralary we yzky çyralary, bürünç reňkli diskleri bilen tapawutlanar.

Täsinlikler äleminde

«Samsung» smartfonlary planşet hem bolar Gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen smartfonlar özüniň mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Bu işde Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi özüniň täze smartfonlary üçin patent aldy. Kompaniýanyň täze smartfon görnüşini iki tarapa uzaldyp, planşet ýerine hem ulanyp bolar. Ýakyn wagtda koreý tehnologiýa kompaniýasy täze görnüşli bu smartfonlaryň önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Tehnologiýa ägirdi soňky ýyllarda täze görnüşli önümleri bilen dünýä bazarynda öz ornuny berkidýär. Mundan ozal, kompaniýa özüniň eplenýän «Galaxy Fold» modelleri bilen smartfon bazarynda täzelik döredipdi. Kompaniýanyň şu ýylda satuwa çykaran «S 22» önümi hem alyjylaryň uly islegine eýe bolýar.

Gözelligiň göwheri

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy tebigy aýratynlyklary, ykdysady mümkinçilikleri hem gaýtalanmajak gözelligi bilen uly meşhurlyga eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz 6-njy maýda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli ýolbaşçylara «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalara we dynç alyş-sagaldyş merkezlerine, beýleki şypahanalara, ähli welaýatlardaky, Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş merkezlerine seretmegi tabşyrdy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlar üçin dynç alşy bökdençsiz guramak maksatlarynda Awazada dynç almagyň tertibi we käbir guramaçylyk wezipeleri kesgitlenendir. Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we netijeli geçirmekleri üçin has-da amatly şertleri döretmek, olaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek, dynç alýanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli görkezmeleri berdi. Bu zolakda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkezi döredildi. Şu ýylyň 15-nji maýyndan başlap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi açyldy. Bu ýerdäki tomusky dynç alyş möwsümi ýörite Dolandyryş merkezi arkaly dolandyrylýar. Awazada dynç almak isleýän Türkmenistanyň raýatlary syýahatçylyk üçin elektron rugsatnama resmileşdirmelidirler. Bu hyzmat Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda ýola goýuldy. Rugsatnamany almak üçin saýtda bellige

Dostlukly döwletlere syýahat

Türkmen akyldaryny sarpalap Türkmen edebiýatynda özüniň şahyrana döredijiligi bilen öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine dünýäniň halklary uly sarpa goýýar. Goňşy Özbegistan döwletinde hem türkmen şahyrynyň hormatyna birnäçe ýadygärlikler bina edildi. Özbegistanyň iki şäherinde Daşkentde we Hywada türkmeniň akyldar şahyrynyň ýadygärligi ýerleşýär. 2017-nji ýylyň maý aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentdäki Magtymgulynyň ady dakylan köçede türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde Magtymgulynyň ýadygärligi açyldy. Magtymgulynyň okap, bilim alan, «Gözel Şirgazy» diýip waspyny ýetiren medresesiniň ýerleşýän şäherindäki, ýagny Hywadaky Magtymgulynyň ýadygärligi bolsa baryp-ha 1996-njy ýylda açylypdy. Özbegistanyň paýtagtynda 2018-nji ýylda açylan «Aşgabat» seýilgähi iki dostlukly döwletiň mizemez dostlugynyň nyşany bolup, daşkentlileriň we şähere gelýän myhmanlaryň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi.

«Awaza» — gözel mekan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam, onuň saglygy we abadançylygy ugrundaky alada döwlet syýasatynda has-da ýokary derejä göterildi. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, olaryň ýokary derejede dynç almagyny we saglygyny berkitmegini gazanmak babatda alnyp barylýan tutumly işler hem bu hakykatyň buýsançly subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallasy netijesinde türkmen Diýarynyň täsin hem-de gözel künjeginde döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, şeýle-de häzirki zaman şypahanalary ynsan saglygyny berkitmekde we göwnejaý dynç almagyny guramakda iňňän uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz «Awazanyň» döredilmeginiň baş maksadynyň deňiz ýakasynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçiliklerini peýdalanmakdan, türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň dynç almagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmekden, adamlaryň wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegini, şol sanda sportuň suwda oýnalýan we beýleki görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdygyny aýratyn nygtaýar hem-de bu ýerde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berýär.

Aýna köpri

Wýetnam döwletiniň «Mok-Çau» diýlip atlandyrylýan syýahatçylyk adasynda dünýäniň iň uzyn aýna köprüsi guruldy. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda täsinlik hökmünde orun alan bu köpriniň uzynlygy 631 metre barabardyr. «Bah Long» diýlip atlandyrylan täsin köpri dereleriň arasynda 152 metr belentlikde ýerleşýär. Köpriniň gurluşygynda esasy önüm bolan aýna ýörite berklik esasda Fransiýada öndürilipdir. Köpriniň berkliginiň kepillendirilendigine garamazdan, onuň üstünden birwagtda 500-den artyk adamyň geçmeginiň öňi alnar. Täsin aýna köprüsi ýurduň syýahatçylyk adasyna gelýän jahankeşdeleri ýatdagalyjy täsinlik hökmünde özüne çekýär.

Katarda pandalaryň seýilgähi dörediler

Mundan soň pandaly seýilgähleri diňe Hytaýda däl-de, Katarda hem görüp bilersiňiz. Ýurduň Hökümeti Al-Hore şäherinde pandalar üçin ýöriteleşdirilen seýilgähi döretmegi meýilleşdirýär. Bu seýilgäh şu ýylyň ikinji ýarymynda açylyp, ulanylmaga berler.

Peý­da­ly we gir­de­ji­li pu­dak

Ösen döwürde sy­ýa­hat­çy­lyk dün­ýä­niň iň gir­de­ji­li esa­sy pu­dak­la­ry­nyň ha­ta­ry­na gir­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lyk, esa­san, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de, Is­pa­ni­ýa­da, Fran­si­ýa­da, Ýa­po­ni­ýa­da, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň wa­jyp pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Sy­ýa­hat­çy­lyk öz ge­ze­gin­de bir­nä­çe ugur­la­ra bö­lü­nip, şo­la­ryň ara­syn­da esa­sy­la­ry­nyň bi­ri eko­lo­gi­ýa sy­ýa­hat­çy­ly­gy ha­sap­lan­ýar. Bu ugur­da De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň ýurt­la­ry öň­dä­ki orun­la­ry eýe­läp gel­ýär. ABŞ-da sy­ýa­hat­çy­lyk XX asy­ryň baş­la­ryn­da ösüp baş­la­ýar. 1950-nji ýyl­da sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­me­gi­ne ýar­dam et­jek gu­ra­ma­lar dö­re­dil­ýär: sy­ýa­hat­çy­lyk we dynç alyş baý­lyk­la­ry­ny öw­ren­mek bo­ýun­ça Fe­de­ral ko­mis­si­ýa (bar­lag to­pa­ry), sy­ýa­hat­çy­ly­gyň we dynç al­şyň Fe­de­ral býu­ro­sy dö­re­dil­ýär.

Agzybirlik dilimiziň senasy

Dünýä   türkmenlreriniň  ynsanperwer  birleşigi  daşary  ýurtlardaky bölümleriniň  ýurdumyzdaky  köpçülikleýin  we  şahsy   agzalarynyň  şahamçalary bilen  yzygiderli  dürli  çäreleri  geçirýär. Şeýle  çäreleriň  biri  ýakynda  Ahal  welaýatynyň  Bäherden  etrabynda  bolup  geçdi.  „Agzybirlik  kalbymyzyň  çyragy,  parahatlyk  döwrümiziň  şygary“  atly bu  çärä  ýurdumyzyň   jemgyýetçilik  guramalarynyň,  şeýle  hem köpçülikleýin  habar  beriş  serişdeleriniň  wekilleri bilen  birlikde  daşary  ýurtly  türkmen  doganlarymyz gatnaşdylar. Bäherden  etraby özüniň  taryhy  ýadygärlikleri, şahslary, „Arçman“ , „Ýyly  suw“ şypahanalary, „Köwata“, „Nowata“  ýaly  jana melhem  suwly  kölleri  bilen  meşhurdyr.  Olar  baradaky  rowaýatlary  diňlemek   hem  gyzykly. Çäräniň dowamynda „Ak  işan“  zyýarathanasyna  zyýarat  edilende, ol ýerde dünýäde   parahatçylygyň,  agzybirligiň,  asuda  asmanyň   höküm  sürmegi, ýagşy  dilegler  edildi. „Köwata“  ýerasty kölüne  syýahat  etmek&nb

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüz­ýän ada­da­ky baş­dan­ge­çir­me­ler

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda). Žül WERN,fransuz ýazyjysy

Dünýä täzelikleri

Abraýly sergitamamlandy 31-nji martda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «EXPO-2020» sergisi öz işini tamamlady. Geçen ýylyň 1-nji oktýabrynda açylan sergä 192 ýurt öz pawilýonlary bilen gatnaşdy. Türkmenistanyň milli pawilýonyna gelen myhmanlaryň sany 625 müň adamdan gowrak bolup, her günde gelip-gidýän adamlaryň sany 3500-e golaý boldy. Bütindünýä gözden geçirişiň ahyrky gününde iň gowy sergi pawilýonlaryna dürli ugurlarda baýraklar gowşuryldy. «EXPO» dünýä sergisiniň indikisi 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriler. Ony guraýjylar nobatdaky dünýä sergisiniň resmi nyşanyny we tumaryny ýakynda tanyşdyrdylar.

Dünýä täzelikleri

Deňiz düýbünden gämi tapyldy Günorta ýarym şarda ýerleşen Antarktikanyň kenarlaryna golaý deňiz çuňlugyndan gark bolan, agaçdan ýasalan gäminiň galyndylary tapyldy. «Endurance» diýlip atlandyrylýan bu gämi 1915-nji ýylda buzluklar bilen örtülen materigi öwrenmek üçin baran syýahatçylardan galan suwasty miras bolup durýar. Häzirki wagtda bu gämi 3 kilometr suwuň astynda ýerleşýär. Üstünden bir asyrdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, gämi suw düýbünde örän gowy saklanypdyr. Alymlaryň bellemegine görä, onuň gowy ýagdaýda saklanmagyna sowuk suw gurşawynda dargadyjy bakteriýalaryň ýoklugy sebäp bolupdyr. Soňky döwürde howanyň üýtgemegi netijesinde, günorta ýarym şarda ägirt uly buzluklaryň eremegi bu suwasty ýadygärligi öwrenmäge şert döredipdir.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagy — dünýäniň üns merkezinde

10-njy martda paýtagtymyzda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Maslahat Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guraldy. Foruma döwlet düzümleriniň wekilleri, işewürler, iri syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bu ugurda ýöriteleşen bilermenleri gatnaşdylar. Syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak we pugtalandyrmak, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek hem-de ilerletmek Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde guran forumynyň baş maksady boldy. Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni hem-de häzirki döwrüň binagärlik ýadygärlikleri, halkymyzyň maddy däl medeni mirasy, şeýle hem döwletimiziň syýahatçylyk pudagy bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüz­ýän ada­da­ky baş­dan­ge­çir­me­ler

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda). ON IKINJI BAP

Dünýäniň şäherlerinde

Sungata sarpa Paýtagtymyz Aşgabat milli mirasymyzy ebedileşdirýän ajaýyp ýadygärlikleridir binalary bilen dünýäniň beýleki şäherlerinden tapawutlanýar. Şeýle ajaýyp ýadygärlikleriň biri hem paýtagtymyzyň «10 ýyl Abadançylyk» we Atatürk köçeleriniň merkezinde ýerleşen, milli saz sungatymyzyň nyşanyna öwrülen «Sungat» monumentidir. Binadaky milli saz sungatymyzyň nyşany bolan dutaryň we onuň owazyna jadylanan guşlaryň hem-de beýleki medeni gymmatlyklarymyzyň şekilleri örän sazlaşykly şöhlelendirilipdir. Binadaky suw çüwdürimlerinden şildiräp çykýan suw sesi bu ýere aýratyn mukam bagyşlaýar.

Meşhur sergi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» bütindünýä sergisi barha köp adamlary özüne çekýär. Geçen ýylyň oktýabryndan — halkara sergisiniň açylyşyndan bäri, oňa jemi 11 milliondan gowrak adam görmäge barypdyr, ýöne bu entek hemmesi däldir. Şol bir wagtda, sanly ulgam arkaly bu sergä 72 ýarym milliondan gowrak adam tomaşa edipdir. Dünýäniň 190 ýurduny bir ýere jemleýän bütindünýä sergisiniň çäginde biziň ýurdumyzyň sergi meýdançasy hem hereket edýär. Bu ägirt uly halkara gözden geçirişiň barşynda dürli maksatly çäreleriň 200-e golaýy guralýar. Bütindünýä sergisi öz işini şu ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder. 

Bagy-bossanly bina

Häzirki wagtda Hytaýyň şäher binagärliginde tebigat gözelligini utgaşdyrmak ýörgünli däbe öwrülýär. Ýakynda bu ýurduň merkezi böleginde ýerleşen Huangan şäher okrugynda hem şeýle binalaryň ikisi ulanylmaga berildi. Beýikligi 80 metr bolan bu ýaşaýyş jaýlarynyň özboluşly ýerleşdirilen balkonlarynda baglar we dürli ösümlikler oturdylyp, olar binalara özboluşly gözellik berýär. Hasaplamalara görä, binalarda oturdylan baglar bir ýylyň dowamynda 22 tonna kömürturşy gazyny sorup, 11 tonna kislorod bölüp çykarýar diýlip çaklanylýar. Özboluşly dizaýnly binalar italiýaly binagärler tarapyndan işlenilip taýýarlanylypdyr.

Smartfonyň täze ýyldyzy

«Samsung» tehnologiýa kompaniýasy indi köp ýyllardan bäri özüniň «Galaxy S» görnüşli smartfonlary bilen dünýäde uly meşhurlyk gazanýar. Kompaniýa bu görnüşli smartfonlarynyň täze «S 22» diýlip atlandyryljak görnüşini şu ýylyň fewral aýynyň birinji ongünlüginden satuwa goýbermegi meýilleşdirýär. Edil öňküler ýaly, täze smartfonlar üç görnüşde «Samsung Galaxy S22», «Galaxy S22+» we «Galaxy S22 Ultra» ady bilen öndüriler. «Galaxy S22 Ultra» görnüşi öndürilmegi bes edilen «Galaxy Note» smartfonlary ýaly özünde elektron galamy bar we ol daşky bezeg babatda hem meňzeşdir. Bu smartfonlaryň ýadynyň göwrümi 128 GB — 1 TB aralykda bolar. Kompaniýa eýýäm ýewropaly müşderilerden sargytlary kabul edip başlady.

Älem täzelikleri

Täsin söwda toplumy Hytaýyň Şanhaý şäherinde tebigat gözelligine beslenen söwda toplumy işe girizildi. Daşyndan seredeniňde, bu merkez gür baglyga bürenen dagy ýadyňa salýar. Derýanyň kenarynda gurlan 9 gatdan ybarat bu desganyň daşyna ýörite sütünler galdyrylyp, olaryň her birinde dürli baglar we ösümlikler ekilipdir. Has takygy, müň sany sütünde agaçlaryň müňlerçesi we ösümlikleriň 250 müňden gowragy söwda toplumyna, hakykatdan hem, baglyga beslenen dag görnüşini berýär. Onda oturdylan baglar gündizine ýaşyl öwüsse, gijelerine özboluşly çyralar bilen bezelýär. Söwda toplumy diňe munuň bilen çäklenmeýär. Onuň beýleki tarapy sungat eserleriniň özboluşly sergisi bilen bezelipdir. Söwda toplumynda jemi 12 market, 91 dükan we 63 sany jemgyýetçilik iýmiti we dynç alyş merkezleri hereket edýär.