"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

«Arkadagyň nesilleri» atly çagalar dynç alyş merkezi açyldy

Şu gün Esenguly etrabynda «Arkadagyň nesilleri» atly çagalar dynç alyş merkezi açyldy. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň çagalar hakyndaky bimöçber aladalarynyň netijesinde gurlup ulanylmaga berlen bu täze dynç alyş merkezi özüniň döwrebaplygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Onda çagalaryň oňat dynç almaklary, wagtlaryny ýerlikli we gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir.

Awaza — dynç alşyň we saglygy berkitmegiň merjen merkezi

Awazanyň täsinligi

— Gelneje, gelneje! Biz deňze gidýäs! Goňşymyzyň bäş ýaşlyja gyzynyň ir bilen getiren bu habaryna özümem çaga ýaly begendim.

Galkynyşly döwrüň rowaç gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň sapaly tomus paslynda gojaman Hazar has-da juwan keşbe eýe boldy. Deňziň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy toý görküne, dürli baýramçylyk öwüşginlerine beslendi. Häzirki wagtda zähmet rugsadynda bolýan Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda 1-nji awgustda bu ýerde döwrebap «Rowaç» kottejler toplumynyň açylmagy ildeşlerimiziň, şol sanda Awazada dynç alyp, saglygyny berkidýänleriň şatlygyna şatlyk, buýsanjyna buýsanç goşdy. Bu şatlykly waka şu şanly ýylda uly ruhubelentlik bilen gadam basylan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň galkynyşly, rowaç gadamlarynyň ajaýyp mysallarynyň biri boldy. Şonuň bilen birlikde, ol dünýä syýahatçylygynyň dür-merjeni — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awgust aýynyň dowamynda geçiriljek giň gerimli çäreleriň, dabaralaryň özboluşly badalgasyna öwrüldi. Awazadaky döwrebap dynç alyş düzüminiň üstüni ýetiren, bu ugurda häzirki zaman ösüşiniň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän täze kottejler toplumynyň hut türkmen telekeçileri tarapyndan gurlandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Toplumdaky döwrebap binalary guranlaryň arasynda ýaş türkmen binagärleriniň ençemesiniň bardygy bolsa aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň hünär öwrenmegi, öz saýlap alan hünärlerin

Hazar — dostlugyň we abadançylygyň deňzi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklar, Hazarýaka ýurtlaryň arasynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk gatnaşyklary barha ösdürilýär. Şu ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda geçirilen VI Hazar sammiti Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky taryhy gözbaşlara, gadymy hem-de mizemez köklere daýanýan, parahatçylyga we dostluga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmekde taryhy waka boldy. Hazar sammitiniň Beýanatynda Hazar deňziniň tebigy gurşawyny goramak, onuň biologik serişdelerini gorap saklamak, dikeltmek we rejeli peýdalanmak, olary gorap saklamak babatda ylmy-barlaglaryň geçirilmegine ýardam bermek meseleleriniň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

«Ro­waç» aja­ýyp sow­gat bol­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň gat­naş­ma­gyn­da Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da tä­ze döw­re­bap «Ro­waç» kot­tej­ler top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Bu top­lum «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň dynç alyş-şy­pa­ha­na dü­zü­mi­niň üs­tü­ni ýe­ti­rip, hal­ky­my­za aja­ýyp sow­gat bol­dy. Ha­wa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­z tä­ze bi­na­lar we des­ga­lar gur­lan­da ola­ryň mak­sa­dy we oý­la­ny­şyk­ly ula­nyl­ma­gy, ze­rur bo­lan ýa­şa­ýyş-dur­muş, in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki we ulag-ara­gat­na­şyk dü­zü­mi­niň dö­re­dil­me­giniň göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dy­gy ha­kyn­da bel­le­ýär. Şol esas­da tä­ze açy­lan «Ro­waç» kot­tej­ler top­lu­myn­da hem ag­za­lan ze­rur şert­le­riň äh­li­si hem dö­re­di­lip­dir. Tä­ze gur­lan bu des­ga deň­ziň aja­ýyp ke­na­ryn­da öň­den bar bo­lan ak mer­mer­li ka­şaň myh­man­ha­na­la­ryň, kot­tej şä­her­çe­le­ri­niň, sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň, sport des­ga­la­ry­nyň, dynç alyş se­ýil­gäh­le­riň üs­tü­ni ýe­tir­di. Bu­la­ryň hem­me­si, şol san­da ulag we in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki dü­züm­le­riň des­ga­la­ry-da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de gur­lu­şyk, bi­na­gär­lik ul­gam­la­ryn­da­ öz­bo­luş­ly çöz­güt­le­ri peý­da­lan­mak ar­ka­ly, tä­ze­çil çe­me­leş­me­le­riň esa­syn­da bi­na edil­di. Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa taýdan aras­sa ke­na­ryn­da no­bat­da­ky tä­ze des­ga­la­ryň ula­nyl­

Syýahatçylygyň göwher gaşy

Awaza diýlende, sebitde deňi-taýy bolmadyk syýahatçylyk merkezi göz öňüne gelýär. Gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy özüniň gözel ymaratlary, binalary, desgalary bilen görenleri haýrana goýýar. Syýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanylmaga berlen myhmanhanalarda, akwaparklarda, dürli görnüşdäki attraksionlarda dynç almak, saglygyňy dikeltmek we göwün açmak üçin ähli amatlyklar döredilen. Awazanyň kenaryny merjen mekana öwüren, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu döwrebap desgalarda, binalarda dynç alyp ýören myhmanlaryň şatlykdan doly ýüzünde bagtyýarlygy, ruhy galkynyşy görmek bolýar. «Berkarar», «Seýrana», «Täjir», «Daýanç», «Hazyna», «Deňiz» ýaly birnäçe myhmanhanalar we ýaht-klublary, dürli yşyklar bilen bezelen suw çüwdürimli seýilgähler — bularyň her biri adamyň ýokary derejede medeniýetli dynç almagy üçin döredilen amatly şertleriň diňe bir ülşüdir. Çagalar üçin oýun we sport meýdançalary, açyk we ýapyk görnüşli basseýnler, türgenleşik zallary, Vip restoranlary arzuw edilýän behiştiň wysaly bolup, bu ýere gelip, jenneti ülkäni öz gözleri bilen gören her bir adamda ýene-de gelmek islegini döredýär. Ekologiýa taýdan arassa howa gurşawy, deňiz suwy, Awazanyň özboluşlylygy aýratyn bir gözelligi döredýär.

Awaza gudraty

Awazam, seň ýerleriňiÝakyndan göresim geler.Sergin ösen ýelleriňeGöwsümi geresim geler. Äleme düşdi ýaňlaryň,Güni dogran ak daňlaryň.Ne gözeldir agşamlaryň,Seýl edip ýöresim geler.

Täze kottejler toplumy

jenneti künjege bagtyýarlyk eçildi Düýn Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýatda galyjy wakalaryň birine öwrüldi. Biz bu ajaýyp wakalaryň şaýady bolan ildeşlerimiziň käbiriniň buýsançly ýürek sözlerini ýazga geçirdik.

Awazada «Rowaç» kottejler toplumy açyldy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa şu günden dynç alşa çykan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Dabaranyň geçirilýän ýerinde döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Balkan welaýatynyň häkimi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy garşylady. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ýörite taýýarlanan joşgunly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Awa­za — kö­ňül­le­riň mel­he­mi

Türkmen topragynyň keramatyna-genjine haýran galyp oturmaly. Beýik Biribar bu mekana ähli baýlyklary, tebigy gözellikleri bolluk bilen eçilipdir. «Ýene-de görsem» diýdirýän şol genji-hazynalaryň, şypaly howanyň ynsan ömrüne, saglygyna, keýpiçaglygyna hyzmat etmegi esasy zat. Hazaryň gözel kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem şeýle ajaýyplyklary özünde jemleýän mekandyr. Onuň at-owazasy bu gün älem içinde aýdym bolup aýlanýar. Taryhy nukdaýnazardan gaty gysga wagtyň içinde Awazada gurlan kaşaň myhmanhanalar, iň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän sagaldyş-dynç alyş merkezleri, beýleki dürli binalar bu ýeri diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem, daşary ýurtlularyň hem iň arzylaýan ýerine öwürdi.

Depesi ak çarlakly

Täsinlikler dünýäsi gojaman Hazarym! Bu gün seniň goýnuňa seýrana geldim. Eý, gojaman hem nowjuwan deňzim, seniň hem özboluşly häsiýetleriň bar. Ol ynsan eli bilen däl-de, tebigatyň emri bilen amala aşýar. Erkin, asuda dem alyp, tolkunlaryň ýuwaşlyk bilen kenara gelip, ene topragy öpüp-sypap yzyna gidişini göreniňde, gaýtalanmajak gözellikden gözüň doýmaýar. Ine, birdenem tolkunlaryň towlam-towlam bolup güwläp gaýdyşyny, dolup-daşyp, kenara keşde çekişini diýsene! Şonda sen has owadan, has eziz. Mähriban deňzim, kenaryňa gelip, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän mawy giňişligiňi synlanyňda, ynsanyň kalby heýjana gelýär. Gök deňzim, bu gün sen ýene-de parahat. Asudalyk bilen dem alyp ýatyrsyň. Örküç-örküç tolkunlaryň Gün şöhlesine kümüşsöw öwüşgin çaýyp, gözelligiň has-da artýar. Ho-ol aňyrrakda ördek-gazlar, durnalar, guwlar... peýwagtyna ýüzüşip ýörler. Ak çarlaklar bolsa tolkunlardan galmajak bolýan ýaly, al-asmanda ganat kakyp, birdenem düwlüp aşak inýärler-de, tolkunlara deger-degmez gelip, ýene-de asmana atylýarlar. Siz deňziň ýaraşygy!

Çagalygyň bagtyýar pursatlary

Bagtyýar pursatlar ynsanyň bütin ömrüni ýagtyldýar, ýatlamalaryna ýakym berýär. Aýratyn-da, çagalygyň şadyýan pursatlary babatda şeýle. Şonuň üçin-de, «Tomus — 2022»-niň gyzgalaňly günlerinde biziň ugrumyz Gökderäniň gözel goýnunda ýerleşýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine sary boldy. Gökdere — gözellige baý dere, tebigatyň ýaşyl dona bürenip, göreni haýrana goýýan künjegi. Bu ýerde bag-bakja bürenen dag etekleri, äpet daragtlar, şildiräp akýan çeşmeler... garaz, ähli ajaýyplyklar seni bendiwan edýär. Onsoň şeýle gözel künjekde tomusky dynç alşyň bir bölegini geçirmegiň, tebigaty synlamagyň, deň-duş oglan-gyzlar bilen dost-dogan bolmagyň neneňsi şatlyk bagyşlajagy, nädereje ýakymly ýatlamalara baý boljagy öz-özünden düşnükli bolsa gerek?!

Ýaş nesilleriň ýürek sözi

Golaýda gojaman Köpetdagyň gujagynda ýerleşýän Gökdere jülgesinde dynç alýan çagalar bilen duşuşmak miýesser etdi. Ol ýerde wagtlaryny şadyýan geçirýän balajyklaryň ýüzlerinde şatlyk, dillerinde bolsa Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşly sözleri bardy. Biz hem bagtly çagalaryň beren gürrüňlerini siz bilen paýlaşmagy makul bildik: Enegül KUWWATGELDIÝEWA:

Syýahatçylykda täze gözýetimler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berlip, milli syýahatçylygy dünýäniň bu ugurdan ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, hususy kärhanalaryň işini ösdürmek we mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Bu ugurda hususy syýahatçylyk edaralarynyň 70-e golaýynyň hereket edýändigi bellenildi. Syýahatçylyk milli ykdysadyýetiň geljegi uly, girdejili ugurlarynyň biridir. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän eziz Diýarymyzda halkara syýahatçylygyň häzirki zaman görnüşlerini ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikler bar. Ulgamy döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça täze syýahatçylyk ýollaryny açmak ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermekde, dünýä döwletleri bilen dürli ugurlar boýunça hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ata Watanymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, tebigy gözelliklerini dünýä ýüzüne wagyz etmekde syýahatçylyga uly orun degişlidir.

Hyzmatdaşlygyň hem mümkinçilikleriň sebiti

Ata-babalarymyzyň açyklyk, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly asylly ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan milli diplomatiýamyzyň binýadynda durýan gymmatlyklardyr. Şunda goňşy döwletler, hususan-da, Hazarýaka döwletler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Şu ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy sammiti ýurdumyzyň baý taryhy tejribä esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň kämil nusgasyny bütin dünýä äşgär etdi. Ýokary derejeli duşuşygyň sebitiň gün tertibinde durýan derwaýys meseleler we mümkinçilikler boýunça düýpli pikir alyşmalaryň oňaýly meýdançasyny emele getirendigi bolsa buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Halkara gatnaşyklaryň nazaryýeti we taryhy nukdaýnazaryndan alanyňda, deňze çykalgasynyň bolmagy islendik döwlete geosyýasy taýdan giň mümkinçilikleri açýar. Bilermenleriň nygtaýşy ýaly, Gündogar bilen Günbatar siwilizasiýalarynyň özara gatnaşyklarynyň deňagramlylygyny üpjün etmekde wajyp orny eýeleýän Hazar sebiti energetika, ulag-aragatnaşyk babatynda ählumumy mümkinçilikleri baglaşdyryjy halka bolup, Ýewraziýa giňişliginde wajyp geosyýasy we geoykdysady merkezleriň biri hökmünde çykyş edýär.

Täsinlikler dünýäsinde

Ummany ýüzen goja Ýaponiýaly 83 ýaşly goja dünýäniň iň uly — Ýuwaş ummanyny ýelkenli gaýykda ýeke özi ýüzüp geçip, taryhy rekordy goýdy. Şeýlelikde, ol bu ummany ýelkenli gaýykda syýahat eden iň ýaşuly syýahatçy boldy. Keniçi Horie diýlip atlandyrylýan ýaşuly syýahatçy Ýaponiýada iň ezber deňizçileriň biri hökmünde tanalýar. Ýaşuly ömrüniň bütin dowamynda şular ýaly töwekgelçilikli syýahatlaryň birnäçesini amala aşyrypdyr. Has takygy, ol 23 ýaşyndaka dünýäniň iň uly ummanyny bir özi ýelkenli gaýykda ýüzüp geçipdir. Bu gezekki syýahatynda ol öz ýelkenli gaýygy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň San-Fransisko portundan 27-nji martda umman ýoluna rowana bolupdyr hem-de Ýaponiýanyň günbataryndaky kenara 94 günden soň ýetipdir.

Owazasy dünýä dolan Awaza

Ynsan hemişe gözelligiň teşnesi. Bu günki gün dünýäniň jahankeşdeleriniň ünsüni özünde jemleýän Hazaryň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny şeýle gözellikleriň hatarynda nusgalyk diýip, buýsanç bilen görkezip bileris. Bu ýerde gurlan gözelden-gözel sagaldyş we dynç alyş merkezleri, myhmanhanalar, seýilgähler, sport desgalary... sapaly hem şypaly tomsuň häzirki günlerinde myhmanlary gujak açyp garşylaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Awazanyň adyny eşitmedik Ýer ýüzünde ýokdur diýsek, diňe hakykaty sözledigimiz bolar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilen gözellikleri, adamlaryň dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin üpjün edilen dünýäniň iň ýokary hil derejesindäki oňaýlyklary birin-birin sanap gutarar ýaly däl. Bu ýerde birbada ençeme müň syýahatçyny kabul etmäge we olara dünýäniň iň ýokary hil ülňülerine laýyklykda hyzmatlary etmäge ähli mümkinçilikler bar. Hazaryň türkmen kenarynyň tebigatynyň, howasynyň, ösümlik dünýäsiniň ekologiýa taýdan arassalygy, mikroelementlere baýdygy, tebigy bejeriş häsiýetine eýedigi bilen tapawutlanýandygy bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Täsinlikler äleminde

Ekologiýa abadançylygyny nazarlap Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde daşky gurşawyň abadançylygynyň hatyrasyna täze düzgünleri ornaşdyrýarlar. Tomsuň yssy günleri adam bedeni köp mukdardaky suwy sarp edýär. Suwuň köp sarp edilmegi bolsa, söwda nokatlarynda satylýan dürli içgili plastik gaplaryň köp ulanylmagyna getirýär. Munuň öňüni almak üçin ýerli hökümet edaralary adamlara köp gezeklik ulanylýan suw gaplaryny ulanmagy maslahat berýär. Suw üçin ýörite gabyň göterilmegi bilen, ony şäheriň dürli ýerlerinde ornaşdyrylan suw terminallary arkaly doldurmak bolar. Bu suw terminallarynyň aýratynlygy bolsa, ol suwy howadan öndürýär. Özem, bu suw adam bedeni üçin ähli arassaçylyk kadalaryna laýyk gelýär. Häzirki wagtda bu işi köpçülikleýin ornaşdyrmak üçin Dubaý şäherinde uly işler edilýär.

Dostlukly döwletiň paýtagty Moskwa

Russiýalylaryň buýsanjy Moskwa Kremli rus halkynyň we onuň paýtagt şäheri Moskwanyň taryhyny özünde jemleýän merkezdir. Ol XIII asyrdan bäri ýurduň taryhy we syýasy ähmiýetli wakalarynyň şaýady bolup gelýän merkezleriň biridir. Ýurduň esasy nyşanlarynyň birine öwrülen bu taryhy desga gala şekilinde XIII asyrda kemala gelipdir. Kremliň 2,5 kilometre uzaýan gala diwarlarynyň galyňlygy 6,5 metr bolup, onda 20 sany diň ýerleşýär. Kremliň içinde taryhy we dolandyryş ähmiýetli desgalaryň 15-si bar. Taryhy desganyň daşynda «Gyzyl meýdança» ýerleşip, onda ýurt ähmiýetli köpsanly medeni çäreler geçirilýär.