"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Täsinlikler äleminde

Geň welosiped Häzirki döwürde dünýäniň ähli künjeginde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär we ulaglaryň ekologik taýdan arassa, daşky gurşawa zyýansyz bolmagy babatda tagalla edilýär. «ELE Solar» atly welosiped bu artykmaçlyga eýe bolmagyna garamazdan, energiýa ulanýar. Bu welosiped Gün energiýasyny ulanmak bilen daşky gurşawa zyýan ýetirmeýär. Gün şöhlesini energiýa öwürmek üçin onuň tigirlerinde paneller gurnalandyr. Bu ýörite paneller welosipediň hereketlendirijisini Gün energiýasy bilen üpjün edýär. Panelleriň ýüzlerini şöhläniň düşýän tarapyna öwürmek mümkin. Welosipediň üç görnüşli hereketlendiriş tertibi bar. Hereketlendirijini ulanmazdan, ýarym elektrik güýç bilen welosipediň tizligini ýokarlandyryp bolýar.

Bulary bilmek gyzykly

Iň beýik hiňňildik Dünýäde iň beýik hiňňildik ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň «Six Flags» seýilgähinde ýerleşýär. Bu seýilgäh 2015-nji ýylda açylypdyr. Iň beýik hiňňildik rekordyny goýan bu desganyň beýikligi 139 metre barabardyr. «Kingda Ka» diýlip atlandyrylýan hiňňildik bary-ýogy 3,5 sekuntda bat alyp, onuň tizligi sagatda 206 kilometre ýetýär. Onuň iň beýik nokady 139 metre, geçilýän aralyk bolsa 950 metre deňdir. Täsin hem-de tizligi ýokary bolan bu hiňňildikde uçmak isleýän adamlar diýseň köpdür. Bir sagadyň dowamynda bu hiňňildikde müňden gowrak adam uçýar.

Daşoguz welaýatyna syýahat otlusy guraldy

Aşgabadyň demir ýol menzilinden Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we hususy kompaniýalar tarapyndan guralan zyýarat otlusy ýola düşdi. Aşgabat ― Daşoguz aralygyndaky bu otlynyň ýolagçylary demirgazyk sebitdäki taryhy ýadygärliklere gezelenç etdiler. Has takygy, zyýarat-gezelenjiň esasy ugry ÝUNESKO tarapyndan goralýan «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerindäki ýadygärlikler boldy. Şeýle hem syýahatçylar demirgazyk sebitiň tebigy aýratynlyklary we beýleki taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.

Çehiýa Ýewropadan Türkmenistana, Özbegistana we Gazagystana demir ýol arkaly syýahaty guramagy teklip edýär

Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglu ýakynda Ankaranyň adyna Çehiýanyň Demirýollary hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň agzalarynyň birinden hatyň gelip gowşandygyny gürrüň berdi. Şol hatda 2024-nji ýyla Çehiýadan başlap, Gazagystana çenli syýahatçylyk gatnawlaryny ýola goýmak teklip edilýär. Bu ugur aşakdaky ýaly tertipde teklip edilýär: Çehiýa, Slowakiýa, Wengriýa, Bolgariýa, Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan. Bu barada Türkiýäniň Ulag ministrliginiň ýolbaşçysy Aktauda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň daşary işler we ulag ministrleriniň mejlisinde habar berdi diýip, anna güni “Anadolu” habarlar gullugy habar berýär.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Ýolýazgy. Balkan welaýaty) Ýoluň başyndaky sözbaşy

Dostlukly döwletiň paýtagty Duşenbe

Ferdöwsi adyndaky Milli kitaphana Täjik halkynyň nusgawy şahyry Abulkasym Ferdöwsiniň adyny göterýän Milli kitaphana ýurduň medeni mirasynyň aýratyn gymmatlygy hasap edilýär. Kitaphana döwlet medeniýet merkezi, ylmy we medeni mirasyň milli ammary, döwürleýin metbugat arhiwi hem-de ýurduň iň esasy kitap gorudyr. Kitaphana diňe bir çap edilen materiallaryň ähli görnüşlerini däl, eýsem, ses we wideo ýazgylary, gadymy golýazmalary hem öz içine alýar. Ol 1933-nji ýylda esaslandyrylyp, bir ýyldan soňra Abulkasym Ferdöwsiniň müň ýyllyk ýubileýi mynasybetli oňa şahyryň ady dakyldy. 2012-nji ýylda bolsa kitaphananyň täze binasy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi. Täze bina döwrebaplygyň we milliligiň sazlaşygy esasynda guruldy. Kitap şekilli bu ajaýyp binanyň öň tarapynda Täjigistanyň taryhy şahsyýetleri, milli gahrymanlary, beýik alymlary we ýazyjylary şekillendirilendir. Ferdöwsi adyndaky Milli kitaphana Merkezi Aziýanyň iň uly kitaphanalarynyň biridir.

Ýerdäki Saturn

«Indira Gangdhi Planitarium» binasy Ýer ýüzünde bar bolan zatlaryň hiç birine meňzemeýär. Planetalary öwrenýän bu ylmy bina Hindistanyň Laknaw şäherindäki Suraj kund seýilgähinde ýerleşýär. 1998-nji ýylda düýbi tutulyp, 2003-nji ýylda açylan, reňklere baý bolan, ägirt uly bu desga Saturn planetasyny ýadyňa salýar. Onuň diametri 21  metre deň bolup, binanyň ortasyndan mämişi-goňur we sary reňkleriň kölegesindäki halkalaryň toplumy geçirilipdir. Saturn binasy özüneçekijiligi bilen çäklenmän, eýsem, binagärlik özboluşlylygy boýunça hem köpleri haýran galdyrýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara gatnawlary üçin nyrhlary ulanmagyň düzgünleri çap edildi

Petek satyn alanyňyzda, gatnawy tölemezden ozal aragatnaşyk merkezinde ýa-da «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň satuw ofislerinde nyrhlary ulanmagyň düzgünlerini takyklamagyňyzy maslahat berýäris. Ekenom klas. Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin satuw. Aňryçäk duralga 30 gün. Ugruň görnüşi — bir tarapa (OW).

Özbegistan barada

Özbegistan Respublikasy goňşularynyň ählisiniň ady «stan» bilen tamamlanýan ýeke-täk ýurtdur. Ol Gyrgyzystan, Gazagystan, Türkmenistan, Owganystan, Täjigistan bilen araçäkleşýär. Hatda goňşy ýurtlarynyň-da ummana çykalgasy bolmadyk döwlet diňe Lihtenşteýn bilen Özbegistandyr. * * *

Täsinlikler äleminde

Üýtgeşik desga Kataryň Doha şäherinde FİFA dünýä çempionatyna bagyşlanyp «2022» görnüşli bina guruldy. Şu ýylky dünýä çempionatynyň oýunlarynyň geçiriljek «Halifa» halkara stadionynyň garşysynda ýerleşýän, Doha sport şäherinde gurlan «Iconic 2022» binasy döredijisi tarapyndan «dünýäde bir ýyla meňzeýän ilkinji bina» hökmünde häsiýetlendirilýär. Bu bina binagär Ybraýym Mohamed Jadiah tarapyndan dizaýn edilip, dört bölümden ybarat. Binada supermarket, sport merkezi, saglyk kluby, kafe we restoran ýerleşdirilendir.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlar üçin onlaýn bilet satuwyna başlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlar üçin onlaýn bilet satmak işini täzeden ýola goýdy. Bu barada “orient.tm” neşiri awiakompaniýa salgylanyp habar berýär. “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi web sahypasynda “Halkara gatnawlar” bölümi peýda boldy. Şu ýerden bilet satyn alyp, tölegini bank kartlary arkaly türkmen manadynda tölemek bolar

Bulary bilmek gyzykly

Açyk hat Eýfel diňiniň gurluşygy dowam edýän döwründe Gi de Mopassan, Aleksandr Dýuma-ogly, Şarl Guno ýaly meşhur fransuz edebiýat we sungat işgärleriniň 300-si açyk hat ýazypdyrlar. Olar hatda Eýfel diňini tüsseçykar ýaly şäheriň üstüne abanyp, beýleki binalaryň öňüni örtüp durjak zat hökmünde häsiýetlendiripdirler.

Täsinlikler äleminde

Üýtgeşik köpri «Rakotzbruk» köprüsi dünýäniň iň bir täsin ýerleriniň biridir. Ol IX asyra degişli bolup, özüniň gurluşyk takyklygy bilen meşhurdyr. Köpri we onuň suwdaky şöhlelenmesi birleşip, islendik tarapyndan seretseň-de, doly we ajaýyp daş tegelegini emele getirýär. Bu täsinlik başgaça «Şeýtan köprüsi» diýlip hem tanalýar. Görnüşinden gurluşykçylar köpriniň peýdasyna däl-de, onuň gözelligine üns beripdirler. Köpriniň iki ujunda, Germaniýanyň köp künjeginde duş gelýän tebigy bazalt daşlaryndan gurlan sütünlerine meňzedilen, inçe gaýalar gurlupdyr. Maý we sentýabr aýlary bu ýere syýahat etmegiň iň gowy we täsirli möwsümi hasaplanylýar.

Täsinlikler äleminde

Dost-doganlyk seýilgähi Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähi ýurda gelýän köp jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. Türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlygyny dabaralandyrýan bu seýilgäh Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň aprelinde açylypdy. Seýilgähiň özboluşly täsin dizaýny biziň ýurdumyza bagyşlanansoň, gözel Türkmenistanyň keşbini janlandyrýar. Seýilgähde ýerleşdirilen sekizburçlugyň, ahalteke atlarynyň şekilleri, ajaýyp suw çüwdürimi, milli bezegli, ak reňkli täsin binalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Seýilgähde Türkmenistanda ösýän baglardan başga-da, Krym sosnasy, hindi lilaky, dub ýaly agaçlar hem bar. Seýilgähiň gözel tebigaty we tutuşlygyna täsin keşbi köpleri haýran galdyrýar.

Täze eýýam: ýurdumyz — syýahatçylygyň döwrebap merkezi

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň netijesinde onuň jemi içerki önüminiň düzüminde täze pudaklaryň sany barha artýar. Ykdysadyýetde hereket edýän pudaklaryň döwrebap, täze görnüşleri emele gelýär. Şeýle ugurlaryň biri hem gözel Diýarymyzda halkara syýahatçylyk pudagy bilen baglanyşykly işlerdir.

Täsinlikler äleminde

Baglyga beslenen desga Singapur şäher döwletinde 280 metrlik täsin gür baglyga bürenen desga açyldy. Bu belent desganyň içi we daşy köpsanly baglyga bürenenligi bilen tapawutlanýar. Onda baglaryň we ösümlikleriň 80 müň düýbi oturdylypdyr. Desganyň içki bezeginde köpsanly öý ösümlikleriniň oturdylmagy bilen birlikde, onuň dürli belentlikdäki 4 gatyny hem durşuna baglar tutýar. Mundan daşary hem, desganyň çür depesinde dürli miweli baglaryň hem tokaýlygy kemala getirilipdir. Bu bagda bolsa miweli baglaryň we bakja ekinleriň 150-den gowrak görnüşi ösdürilýär. Özboluşly bagyň datly nygmatlaryny desganyň naharhanasy myhmanlaryna hödür edýär.

Bulary bilmek gyzykly

Eýfeliň gizlin otagy Görlüp oturylsa, Pariždäki meşhur diňde öý hem bar eken. Ussat binagär Gýustaw Eýfel meşhur diňiň ýokarky böleginde gizlin öý hem gurupdyr. Içinde öý goşlary-da bolan bu uly bolmadyk jaýyň oňaýlylygy adaty fransuz öýlerinden sähelçe-de kem däl. Gýustaw Eýfel myhman otagly, hammamly we iki sany ýatylýan otagly gizlin öýde şäheriň gözel görnüşini synlap, dynç alypdyr, myhmanlary kabul edipdir. Häzirki wagtda bu öý muzeýe öwrülip, onda Eýfeliň we onuň dosty Tomas Edisonyň edil gürleşip oturan şekildäki mum heýkelleri ýerleşdirilipdir.

Daşkent — Aşgabadyň doganlaşan şäheri

Täsin künjek Daşkent telediňi Merkezi Aziýada iň belent desgalaryň biridir. Beýikligi 375 metre barabar bolan desga 1985-nji ýylda gurlup ulanmaga berlipdir. Belent desga diňe bir teleradio maksady bilen gurulman, ol şäheriň ajaýyp medeni künjekleriniň hem biridir. Desganyň 94 metr belentliginde syn ediş meýdançasy ýerleşip, ol ýerden şäheriň ajaýyp görnüşini synlap bolýar. Syn ediş meýdançasyndan ýokarda Gündogar we Ýewropa tagamlaryny hödürleýän restoranlaryň ikisi ýerleşýär. Bu restoranlarda naharlanmak bilen, şäheriň ähli töweregini oturan ýeriňde görüp bolýar. Ýagny, bu restoranlar äpet aýlanyş çarhynyň üstünde ýerleşip, bir sagatda bir öwrüm edýär. Telediňiň töweregi hem durşuna seýilgäh bilen gurşalyp, dürli medeni merkezlere baýdyr. Şeýle hem, telediňiň ýerleşýän ýerinde palawyň dürli görnüşleriniň bişirilýän merkezi bar. Bu ýerde äpet gazanlarda taýýarlanýan datly tagamyň lezzetini duýmaga gelýänleriň sany barha artýar.

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat ýa-da ýüzýän adadaky başdangeçirmeler

Žül WERN,fransuz ýazyjysy (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda).

Bulary bilmek gyzykly

Täsin kitaphana Portugaliýanyň Koimbr uniwersitetiniň kitaphanasy XVIII asyrda açylyp, şu wagta çenli işleýär. Kitaphananyň müňlerçe kitapdan ybarat gory bar. Okyjylar üçin bu ýerde islendik döwre degişli, hatda üstünden ençeme asyr geçen gadymy kitaplary-da okamaga ähli şertler döredilipdir. Kitaphananyň esasy aýratynlygy, bu ýerde ýarganatlaryň ýaşaýanlygydyr. Kitaphananyň işgärleri ýarganatlaryň bu ýerde bolmagyny adaty ýagdaý hasaplaýarlar. Çünki gadymy kitaplara güýe düşmek ähtimallygy bolandygy sebäpli, ýarganatlaryň ýardamy bular üçin zerurdyr. Giçlik kitaphana ýapylansoň, ýarganatlar kitaplaryň daşyna düşen güýeler, olaryň ýumurtgalary bilen iýmitlenip, gymmatly kitaplaryň abat galmagyna ýardam berýärler. Portugaliýanyň Mafra köşgündäki kitaphanada hem kitaplary abat saklamak maksady bilen şu usuldan peýdalanýarlar.