"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

20-n­ji gün. On ikinji düşelge. Gy­zyl­suw şä­her­çe­si. Yn­ha, me­niň üçin ýat­dan çyk­ma­jak günüň Güni dog­dy. Türk­men­ba­şy şä­he­rin­den 18 kilometr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän Gy­zyl­suw ada­sy­na git­me­gi öň­den me­ýil­leş­di­rip go­ýup­dym. Ýö­ne ýa­nym­ bilen kim­dir bi­ri­le­ri gi­der öýt­män­dim. On­da-da döw­re­bap aý­dym­la­ry bi­len ta­nal­ýan rep­çi to­pa­ry.

Tbilisi we Aşgabat syýahatçylygy täzeden dikeldýärler: gün tertibinde göni uçuşlar

Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň şypahanalary ösdürmek agentligi, Aşgabatda ýurdunyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini hödürledi. Duşuşyk 1-nji martda «Ýyldyz» myhmanhanasynda pudak ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň, syýahatçylyk agentlikleriniň we Türkmenistanyň awiakompaniýasynyň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräni, Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantin Sabiatişwili açdy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösüşini belläp geçdi.

Türkmenhowaýollary 9 şähere halkara uçuşlaryny gaýtadan dikeldýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Bangkoka (Tailand), Minskä (Belorussiýa), Delä (Hindistan), Almata (Gazagystan), Sankt-Peterburga (Russiýa), Ankara (Türkiýe), Pariže (Fransiýa), Seula (Koreýa Respublikasy) we Tokio (Ýaponiýa) şu ýylyň mart-aprel aýlarynda göni uçuşlara gaýtadan başlar. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginde habar berdiler.

«Türkmenhowaýollary» mart aýynda Londona, Pekine, Delä we Almata uçup başlarlar – uçuşlaryň rejenamasy we biletleriň nyrhlary

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 26-njy martdan Aşgabatdan Londona, Pekine, Delä we Almata ýolagçy uçuşlaryny amala aşyryp başlaýandygyna milli howa gatnadyjysynyň saýtyndaky täzelenen rejenamasy şaýatlyk edýär. «Türkmenhowaýollarynyň» uçarlary şeýle hem Moskwa, Kazana, Stambula we Frankfurta kadaly uçmagyny dowam etdirýär. Ýakyn wagtda halkara ugurlaryň sany dokuza çenli artar.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky howa gatnawy gaýtadan ýola goýlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 28-nji martyndan Aşgabat — Almaty — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýar. Bu ugurdaky petekler awiakompaniýanyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy. Mysal üçin, Türkmenistanyň raýatlary mart aýynyň ahyrynda 27 müň 633 rubldan petek alyp, Aşgabatdan Almaty şäherine gidip bilerler. Raýatlar «Mir» töleg ulgamynyň bank kartyny ulanyp, rus walýutasynda töleg edip bilerler.

Mart aýynyň ahyrynda Aşgabatdan Delä howa gatnawlary gaýtadan ýola goýlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 26-njy martyndan Aşgabat — Deli — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýar. Bu ugurdaky petekler awiakompaniýanyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy. Mysal üçin, Türkmenistanyň raýatlary mart aýynyň ahyrynda 31 müň 437 rubldan petek alyp, Aşgabatdan (ASB) Deli (DEL) şäherine gidip bilerler. Raýatlar «Mir» töleg ulgamynyň bank kartyny ulanyp, rus walýutasynda töleg edip bilerler.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 19-njy gün. On birinji düşelge. Janga.

Syýahat – gezelenjiň ähmiýeti

«7/24. tm», № 10 (145), 06.03.2023 Ata-baba do­wam edip gel­ýän aja­ýyp ýol-ýö­rel­ge­le­ri­miz­den ugur alyp, hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim we hü­när al­mak­la­ry, çuň­ňur adam­kär­çi­lik hä­si­ýet­le­ri­ni öz­leş­dir­mek­le­ri ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 15-18-nji günler. Onunjy düşelge. Hazar şäheri.

Bahreýn hakynda maglumatlar

«7/24. tm», № 09 (144), 27.02.2023 Dünýädäki iň kiçi arap döwleti bolan Bahreýn üç sany uly we otuz sany kiçi adadan ybarat arhipelagda ýerleşýär. Bu ýere diňe gury ýer ulaglary arkaly hem barmak mümkin. Sebäbi Bahreýni Arap ýarym adasyna birleşdirýän giň köpri indi ençeme ýyl bäri ýolagçylara hyzmat edip gelýär.

«Turkish Airlines»-iň Mary welaýatynda satuw bölümi açyldy

Mary welaýatynda «Turkish Airlines»-iň resmi satuw bölümi açyldy. Bu barada «Merw News» habar berdi.  Häzirki wagtda Aşgabat halkara howa menzilinden Stambula yzygiderli gatnawlar guralýar. Indi awiakompaniýa sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri Aşgabatdan Stambula uçuşlary amala aşyrýar. 24-nji martdan başlap bolsa uçuşlar her gün amala aşyrylar.

Daşary ýurtlular we Türkmenistanyň raýatlary üçin «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň petekleriniň bahasy deň bolar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana uçuş nyrhlaryna üýtgeşmeler girizdi. Indi Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurtlular üçin petekleriň bahasy bir bolar Petekler häzirki wagtda bir bahadan satylýar. 2023-nji ýylyň mart aýy üçin Moskwadan Aşgabat şäherine awiopetekleriň bahasy 30 müň 775 (2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndaky ýagdaýa görä), Kazandan Aşgabat şäherine bolsa 29 müň 635 rubldyr.

Aşgabat — Pekin — Aşgabat howa gatnawy mart aýynda gaýtadan ýola goýlar

2023-nji ýylyň 19-njy martyndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Pekin — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlary ýerine ýetirip başlar. Bu barada «Turkmenportala» awiakompaniýa tarapyndan habar berildi. Awiakompaniýa eýýäm uçuşlar üçin petekleriň satuwyna başlady. Uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar. Ilkinji uçuş 19-njy martda (ýekşenbe) amala aşyrylar. Goşmaça uçuşlar sişenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula her gün gatnar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul ugry boýunça we yzyna uçuşlaryň ýygylygyny artdyrýar. 25-nji martdan başlap awiakompaniýa bu ugurda uçuşlary her gün amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Petekler awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda satylýar. Ozal «Türkmenistan» awiakompaniýasy bu ugur boýunça uçuşlary hepdede bäş gezek amala aşyrýardy.

Domodedowo howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini çap etdi

Domodedowo halkara howa menzili resmi web sahypasynda 2023-nji ýylyň fewral-mart aýlary aralygynda Moskwadan Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine uçuşlaryň tertibini çap etdi. Moskwa — Aşgabat we Moskwa — Türkmenbaşy aralygynda «Türkmenistan» we «S7» awiakompaniýalarynyň uçarlary uçuşlary amala aşyrýar.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

15-18-nji günler. Onunjy düşelge. Hazar şäheri. Ir bilen turdum diýsem ýalançy borun. Öýdäki hemmeler bilen sagat 11-lere dagy zordan aýaga galandyrys. Biraz ýadawlyk, ýaltalyk basdy. Balkanabatda göräýmeli ýerleri görüp boldum. Indi ugur Hazar şäherine tarap.

«S7 Airlines» ýene-de Moskwadan Aşgabat şäherine uçuşlary ýerine ýetirýär

Russiýanyň «S7 Airlines» awiakompaniýasy ýene-de Moskwadan Aşgabat şäherine gatnawlary ýerine ýetirýär diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi habar berýär. 2023-nji ýylyň 20-nji fewralynda Moskwadan «S7 Airlines»-iň uçary Aşgabat Halkara howa menziline gonar.

Türkmenistandaky uçar gatnawlarynyň tertibi pandemiýadan öňki derejesine getiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulag we kommunikasiýa agentliginiň baştutany Mämmethan Çakyýewe uçar gatnawlarynyň tertibi pandemiýadan öňki derejesine getirmek boýunça işleri dowam etdirmekligi tabşyrdy. Bu barada anna güni bolan hökümetiň giňeldilen mejlisiniň barşynda deglip geçildi, onda 2022-nji ýylyň işleriniň netijesine seretdiler.

Авиакомпания «Туркменистан» вводит «сквозные» тарифы на внутренних рейсах

«Туркменские авиалинии» на днях открыли продажу билетов по специальным тарифам для маршрутов внутренних направлений в пределах Туркменистана. «Сквозной» тариф позволяет пассажирам приобрести авиабилеты на весь маршрут следования с учетом пересадок и обратных рейсов и дает возможность зарегистрироваться на все рейсы в рамках своего маршрута из исходного пункта отправления, а также оформить провоз багажа по всему маршруту.

Syýahatçynyň nukdaýnazaryndan

ÝOLÝAZGY. Balkan welaýaty. On üçünji gün. 9-njy düşelge. Balkanabat şäheri.