"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

«Awaza» - dynç alşyň mekany

Hazaryň gözel kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň okgunly gülläp ösmegi, özgertmeleriň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Bu syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, deňizýaka sebitinde hem syýahatçylygyň pajarlap ösmegine kuwwatly itergi berdi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelen her bir ynsanyň amatly dynç alşyny guramakda bu ýerde gurlup ulanylmaga berlen dürli ulgamlara niýetlenen binalaryň aýratyn ähmiýeti bar. To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy bi­len, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na gel­ýän­le­riň sa­ny gün­sa­ýyn art­ýar. Çün­ki, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, sa­pa­ly ke­na­ryn­da­ky meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy bu gün dün­ýä ja­han­keş­de­li­gi­niň mer­je­ni­ne öw­rül­di. Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ry aras­sa­ly­gy bi­len özü­ne çek­ýär. Bu ýe­riň ýo­da baý­ly­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. Bu bol­sa yn­san sag­ly­gy üçin örän peý­da­ly­dyr. Ha­za­ryň al­tyn­sow çä­ge­si, öz­bo­luş­ly ho­wa­sy adam sag­ly­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär.

Ag­zy­bir­li­giň we dost-do­gan­ly­gyň baý­ra­my

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar il-ulsumyz ýurdumyzda toýlanýan şanly seneleriň, baýramlaryň dabarasyny uludan tutýar. Munuň şeýledigini şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýän Gurban baýramy aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýakyn günlerde halkymyz Gurban baýramyny agzybirlikde, ruhubelentlikde bellär. Gurbanlyk bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar. Şeýle-de, Gurban baýramy adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, umu­ma­dam­zat me­de­ni ösü­şin­de aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýän Gur­ban baý­ra­my Gün­do­gar halk­la­ry bi­len bir­lik­de türk­men hal­ky­nyň hem asyr­lar­dan-asyr­la­ra, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re do­wam edip gel­ýän be­lent ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­ny, däp-des­sur­la­ry­ny, ynanç-adat­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär, pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost­lu­gy we yn­san­per­wer­li­gi da­ba­ra­lan­dyr­ýar.

EURO 2024-iň baý­rak gaz­na­sy

17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň umu­my baý­rak gaz­na­sy 331 mil­li­on ýew­ro deň­dir. 24 to­pa­ryň her­si­ne gat­na­şa­ny üçin 9,25 mil­li­on ýew­ro ber­ler. Ga­za­ny­lan her ýeň­şe 1 mil­li­on, al­nan deň­me-deň­lik üçi­nem 500 müň ýew­ro tö­le­ner. 1/8 fi­na­ly­na çy­kan to­par­la­ra 1,5 mil­li­on ýew­ro, çär­ýek fi­na­la ga­lan­la­ra 2,5 mil­li­on ýew­ro, ýa­rym fi­na­la çy­kan­la­ra-da 4 mil­li­on ýew­ro ber­ler. Çem­pi­on­ly­gyň baý­ra­gy-da 8 mil­li­on ýew­ro diý­lip kes­git­le­nil­di. Çem­pi­on bo­lan ýy­gyn­dy to­par­ça­da­ky äh­li du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­zan­sa, ola­ryň umu­my­lyk­da al­jak pul baý­ra­gy 28,25 mil­li­on ýew­ro möç­be­rin­de bo­lar. Fi­nal­da utu­lan to­par wi­se-çem­pi­on hök­mün­de fi­na­la çen­li ga­za­nan­la­rynyň üs­tü­ne ýe­ne-de 5 mil­li­on ýew­ro alar.

Çem­pio­na­ta öýün­de to­ma­şa et­jek ýyl­dyz­lar

Mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň ara­syn­da­ky her hal­ka­ra ýa­ryş­da bol­şy ýa­ly, şu sa­par hem fut­bol jan­kö­ýer­le­ri dür­li se­bäp­le­re gö­rä, kä­bir ýyl­dyz oýun­çy­la­ryň oýun­la­ry­na Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da to­ma­şa edip bil­mez­ler. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, kä­bir ýyl­dyz oýun­çy­lar EURO 2024-e öý­le­rin­de ýa-da dynç al­ýan ýer­le­rin­de to­ma­şa eder­ler. Olar he­mi­şe­ki­ler ýa­ly 3 to­pa­ra bö­lün­ýär. Mil­li ýy­gyn­dy­sy gat­naş­ma­ýan­lar. Saý­la­ma tap­gy­ry­ny ge­çip, 24 ýy­gyn­dy­nyň ara­sy­na go­şu­lyp bil­me­dik to­par­la­ryň ýyl­dyz­la­ry bu sa­na­wa gir­ýär. Nor­we­gi­ýa­dan Er­ling Ho­lann, Mar­ti­ne Ede­gor, Alek­san­der Sör­lot, Şwe­si­ýa­dan Alek­san­der Isak, Wik­tor Dýo­ke­reş, De­ýan Ku­lu­şews­ki, Wik­tor Lin­de­löf, Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­dan Edin Je­ko bu sa­na­wyň esa­sy ýyl­dyz­la­ry­dyr. Yk­lym­la­ýyn ýa­ryş bo­la­ny üçin bu sa­naw o di­ýen uzyn däl.

Taryhda şu gün

Al­kok bi­len Brau­nyň 1919-njy ýy­lyň 14-15-nji iýu­nyn­da ama­la aşy­ran tran­sat­lan­tik uçu­şy – Ka­na­da­nyň Sent-Jons şä­he­rin­den Ir­lan­di­ýa­nyň Klif­den oba­sy­na çen­li il­kin­ji dyn­gy­syz tran­sat­lan­tik uçuş­dyr. Bu uçuş bri­tan uçar­man­la­ry Jon Al­kok we Ar­tur Braun ta­ra­pyn­dan 16 sa­gat 28 mi­nut­da «Vickers Vimy» uça­ryn­da ama­la aşy­ryl­dy.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Olim­pi­ýa hal­ka­la­ry ber­ki­dil­di. Pa­riž­de ge­çi­ril­jek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň hal­ka­la­ry Eý­fel di­ňi­niň gü­nor­ta ta­ra­py­na ber­ki­dil­di. Bu hal­ka­lar Oýun­la­ra 50 gün ga­lan­da otur­dyl­dy. Po­lat­dan ýa­sa­lan ny­şa­nyň ini 29 metr, be­ýik­li­gi 13 met­r. Olim­pi­ýa oýun­la­ry 26-njy iýu­l­dan 11-nji aw­gus­t ara­lygynda ge­çi­ri­ler. Re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň San­ta-Fe-Springs şä­he­rin­de gu­ra­lan «ShowFX» ser­gi­sin­de Ar­nold Şwar­se­neg­ge­riň äpet heý­ke­li goý­uldy. Beýikligi 6,75 metr­e ýetýän heý­kel akt­ýo­ryň iň uly heýkeli hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di.

Söw­da­nyň möç­be­ri art­ýar

Daş­kent­de «Umu­my aba­dan­çy­ly­ga we dur­nuk­ly ösü­şe bar­ýan ýol­da öza­ra peý­da­ly hyz­mat­daş­lyk» şy­ga­ry as­tyn­da «Mer­ke­zi Azi­ýa – Hy­taý» ana­li­tik mer­kez­le­ri­niň dör­dün­ji fo­ru­my ge­çi­ril­di. Bu çä­re, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Stra­te­gi­ki we se­bi­ta­ra bar­lag­lar ins­ti­tu­ty hem-de Hy­ta­ýyň So­si­al ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Rus­si­ýa, Gün­do­gar Ýew­ro­pa we Mer­ke­zi Azi­ýa ins­ti­tu­ty bi­len bi­le­lik­de gu­ral­dy. Çä­re­de Hy­ta­ýyň So­si­al ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň baş sek­re­ta­ry Çžao Çži­min çy­kyş edip, fo­ru­myň Hy­taý bi­len Öz­be­gis­tan, Ga­za­gys­tan, Türk­me­nis­tan, Tä­ji­gis­tan we Gyr­gy­zys­tan ýa­ly Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek­de mö­hüm or­nu­nyň bar­dy­gy­ny aýt­dy. – Hy­taý bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ara­syn­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ryň oňyn dep­gi­ni 2023-nji ýyl­da yk­dy­sa­dy ösü­şe itergi berdi. Hy­taý bi­len se­bit ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky söw­da­nyň muk­da­ry 30 gö­te­rim tö­we­re­gi ös­di – di­ýip, Çžao Çži­min öz çy­ky­şyn­da bel­le­di. Şol bir wag­tyň özün­de, Çžao Çži­min köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mek üçin bir­nä­çe mö­hüm ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da yk­dy­sa­dy­ýet, san­ly­laş­dyr­ma, ylym we bi­lim ýa­ly ugur­la­ry gör­kez­di.

Iň be­ýik sa­gat­ly diň gur­lar

Du­baý­da «Ae­ter­ni­tas» sa­ga­dy ber­ki­di­len ka­şaň gök­di­rä­n gur­lar. Bi­na­nyň gur­lu­şy­gy­nyň 2027-nji ýyl­da ta­mam­la­nma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Ýa­şa­ýyş ja­ýy hök­mün­de gu­rul­jak bi­na­da­ky 1 otag­ly öýüň ba­ha­sy 435 müň dol­la­ra deň bo­lar. «Ae­ter­ni­tas» gök­di­rä­ni dün­ýä­niň iň be­lent sa­gat­ly ýa­şa­ýyş di­ňi bo­lar. Be­ýik­li­gi 450 met­re deň bo­lan bu gök­di­rän Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da­ky «Big-Ben­den» dört es­se be­ýik, ABŞ-da­ky iň be­ýik ýa­şa­ýyş jaý bi­na­sy «Cent­ral Park To­wer­den» 22 metr gys­ga bo­lar. Mun­dan baş­ga-da, bu bi­na Mek­ge­dä­ki «Mak­kah Clock» di­ňin­den soň dün­ýä­niň ikin­ji be­ýik sa­gat­ly gök­di­rä­ni bo­lar. Em­ma on­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, «Ae­ter­ni­tas» gök­di­rä­nin­de ýa­şa­ýyş öý­le­ri bo­lar. Gök­di­rä­niň tas­la­ma­sy Du­baý­da ýer­leş­ýän «Lon­don Ga­te» we Şweý­sa­ri­ýa­nyň ne­pis sa­gat­la­ry ön­dü­ri­ji «Frank Mül­ler» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­si­dir. Bi­na­da­ky sa­ga­dyň be­ýik­li­gi 40 met­re, ini 30 met­re ýe­ter, bu bol­sa 6 ki­lo­metr uzak­lyk­dan sa­ga­dy gör­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­ne saý­law­lar ge­çi­ril­di

6-9-njy iýun ara­ly­gyn­da Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­ne saý­law­lar ge­çi­ril­di. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ra­ýat­la­ry öz ýurt­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni saý­la­dy­lar. Her ýurt­da 6-9-njy iýun ara­ly­gyn­da­ky bir gün­de saý­law ge­çi­ril­di. Çe­hi­ýa­da we Ita­li­ýa­da ses be­riş­lik yzy­gi­der­li iki gü­nüň do­wa­myn­da ge­çi­ril­di. Umu­my kon­ti­nen­tal ses be­riş­lik­de Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň 720 ag­za­sy saý­lan­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa Bi­le­le­şik­den çyk­maz­dan ozal Ýew­ro­pa par­la­men­tin­de 705 orun bar­dy. Saý­law­lar bäş ýyl­da bir ge­zek ge­çi­ril­ýär we dün­ýä­dä­ki iň uly trans­mil­li ses be­riş­lik ha­sap­lan­ýar. Dür­li mil­let­ler­den bo­lan 400 mil­li­on­dan gow­rak saý­law­çy Ýew­ro­pa Par­la­men­tin­dä­ki öz sy­ýa­sy we­kil­le­ri­ne ses ber­di.

Kos­mo­nawt­la­ry­ny Mar­sa iber­mek­çi

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy Ýe­riň hem­ra­sy­ny we Gy­zyl pla­ne­ta­ny öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry­na iş­jeň gat­naş­ýar we bu ugur­lar­da öz baş­lan­gyç­la­ry­ny ös­dür­ýär. Ýurt 2032-nji ýy­la çen­li Aýa, 2045-nji ýy­la çen­li Mar­sa öz en­jam­la­ry­ny ug­rat­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň kos­mos mak­sat­na­ma­sy­ny yg­lan et­di. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ýun Sok Ýo­luň söz­le­ri­ne gö­rä, ýurt ýa­kyn on­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da Mar­sa we Aýa kos­mo­nawt­la­ry iber­mek­çi. Biz kos­mos baş­lan­gyç­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin býu­jet­den, tak­my­nan, 70 mil­liard dol­lar bö­lüp ber­megi me­ýil­leş­di­r­ýäris.

Gaz ýa­ta­gy ta­pyl­dy

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy Ýa­pon deň­zin­de uly ne­bit we gaz ýa­ta­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Seu­lyň tak­my­nan, 260 ki­lo­metr gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da­ky Ýo­nil aý­la­gyn­da ýer­leş­ýän bu ýa­tak­da 14 mil­liard bar­rel tö­we­re­gi ne­bit we gaz bo­lup bi­ler. Des­lap­ky çak­la­ma­la­ra gö­rä, gor­la­ryň 75 gö­te­ri­mi gaz, 25 gö­te­ri­mi ne­bit­dir. Ga­zyň muk­da­ry ýur­duň 29 ýy­ly­na, ne­bi­tiň muk­da­ry bol­sa 4 ýy­ly­na ýe­ter. Bu açyş özü­niň ener­gi­ýa ze­rur­lyk­la­ry­nyň, tak­my­nan, 97-98 gö­te­ri­mi­ni im­port ed­ýän Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Ýurt eý­ýäm köp wagt­dan bä­ri öz suw­la­ryn­da geo­lo­gik bar­lag iş­le­ri­ni alyp bar­ýar we bu üs­tün­lik­li açy­şyň il­kin­ji­si däl. 1998-nji ýyl­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy Pho­han­dan uzak­da bol­ma­dyk suw­lar­dan 45 mil­li­on bar­rel­lik gaz ýa­ta­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Bu ýa­ta­gy 17 ýy­lyň do­wa­myn­da ulanan ýurt 1,4 tril­li­on won, tak­my­nan, 1 mil­liard dol­lar sap gir­de­ji ga­zan­dy.

Baş As­samb­le­ýa­nyň tä­ze baş­ly­gy

Ka­me­ru­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri Fi­le­mon Ýang BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy mej­li­si­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Bu ba­ra­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­nyň we­ki­li Mo­ni­ka Greý­li mä­lim et­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, Baş As­samb­le­ýada 79-njy mej­li­siň baş­ly­gy­ny kes­git­le­mek üçin 193 ag­za döw­le­tiň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ses ber­ildi. Fi­le­mon Ýang şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer. Şeý­le-de Greý­li 6-njy iýun­da Baş As­samb­le­ýa­nyň 2025-2026-njy ýyl­lar üçin BMG-niň Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň he­mi­şe­lik däl bäş ag­za­sy üçin saý­law ge­çi­ri­len­di­gi­ni sö­zü­niň üs­tü­ne goş­dy. Baş sek­re­tar An­to­niu Gu­ter­riş Ýan­gy saý­lan­ma­gy bi­len gut­lap, Baş As­samb­le­ýa­nyň hä­zir­ki baş­ly­gy Den­nis Fren­si­siň «As­samb­le­ýa­nyň işi­ne deň­siz-taý­syz dip­lo­ma­ti­ýa us­sat­ly­gy bi­len ýol­baş­çy­lyk eden­di­gi­ni» aýt­dy. Fi­le­mon Ýang özü­niň saý­lan­ma­gy üçin ses be­ren Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ne ho­şal­ly­gy­ny bil­dir­di. Ol As­samb­le­ýa­da iş­län döw­rün­de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne my­na­syp hyz­mat et­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Yl­my bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri sy­lag­lan­dy

12-nji iýun­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de ýaş alym­la­ryň hem-de ta­lyp­la­ryň ara­syn­da her ýyl ge­çi­ril­ýän yl­my iş­ler bo­ýun­ça bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Her ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­da bel­le­nil­ýän Ylym­lar gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän bu bäs­le­şi­gi Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy we Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­le­lik­de gu­ra­dy­lar. Oňa ýur­du­my­zyň ze­hin­li ýaş alym­la­ry, yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, önüm­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň iş­gär­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp­la­ry, şeý­le-de yl­ma hö­wes­li dür­li hü­när­dä­ki ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Mil­li ylym ul­ga­my­nyň ýaş ze­hin­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­na mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, yl­my jem­gy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, ta­lyp­lar gat­naş­dy­lar. Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym, teh­ni­ka we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar hem bar.

Saý­law kam­pa­ni­ýa­sy baş­lan­dy

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da da­laş­gär­li­gi soň­ky sa­na­wa gi­ri­zi­len al­ty sy­ýa­sat­çy­nyň saý­law­lar­dan öň­ki kam­pa­ni­ýa­sy res­mi taý­dan baş­lan­dy we iki hep­de do­wam eder. Bu ba­ra­da ýur­duň saý­law şta­by­nyň we­ki­li Moh­sen Es­la­mi aýt­dy. 9-njy iýun­da Eý­ra­nyň Gö­zeg­çi­lik ge­ňe­şi­niň met­bu­gat sek­re­ta­ry Ha­di Ta­han-Na­zif döw­let te­le­ýaý­ly­myn­da eden çy­ky­şyn­da Ge­ňe­şiň möh­le­tin­den öň Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­mak üçin ha­sa­ba al­nan­la­ryň da­laş­gär­li­gi­ni bar­la­mak iş­le­ri­ni ta­mam­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.«Pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­le­riň saý­law kam­pa­ni­ýa­sy, Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan at­la­ry­nyň yg­lan edi­len se­ne­sin­den res­mi taý­dan baş­lan­dy we ses be­riş­lik baş­la­maz­dan 24 sa­gat öň, ýag­ny 27-nji iýun­da ir­den ta­mam­la­nar» di­ýip, Eý­ra­nyň döw­let te­le­ýaý­ly­my IRIB Moh­sen Es­la­mi­niň söz­le­ri­ne sal­gy­lan­dy.

Arkadag şäheri – lukmançylyk klasteriniň merkezi

«Ösüş bi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­my­zyň baş mak­sa­dy­dyr» di­ýip nyg­ta­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Serdar Berdimuhamedowyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da gur­mak, dö­ret­mek we hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da örän uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ge­çen ýy­lyň tom­sun­da hormatly Prezidentimiziň gat­naş­ma­gyn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň açyl­ma­gy tä­ze ta­ry­hy­my­zyň şöh­rat­ly wa­ka­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Arkadag şä­he­ri­ni döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mek ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­la­ryň ne­ti­je­sin­de, bu şä­he­riň ikin­ji tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Tä­ze tap­gyr­da eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­çi­li­giň ýo­la go­ýul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ni dö­ret­mek ba­bat­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Tä­ze şä­he­riň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ne de­giş­li önüm­çi­lik des­ga­la­ryn­da ön­dü­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň, en­jam­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri, ola­ry taý­ýar­la­mak­da ula­nyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan ýer­li çig mal se­riş­de­le­ri üçin dür­li iş­ler al­nyp ba­ryl­dy. Eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän pa­myk­lar, do­kal­ma­dyk ma­ta­dan taý­ýar­la­nan bir ge­zek­lik agyz-bu­run ör­tük­le­ri, baş­gap­lar,

Il­kin­ji ge­zek ne­bit çy­ka­ryl­dy

Af­ri­ka­nyň ke­nar­ýa­ka ýur­dy bo­lan Se­ne­gal ne­bit ön­dür­ýän ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Ke­nar­dan 100 ki­lo­metr çe­me­si uzak­da­ky San­go­mar ne­bit kä­nin­den ne­bit çy­ka­ry­lyp baş­lan­dy. Bu ýer­de gur­lan «ýüz­ýän» plat­for­ma­da her gün 100 müň bar­rel ne­bit ön­dü­ril­er. Bu ba­ra­da Awst­ra­li­ýa­nyň «Wo­od­si­de» kom­pa­ni­ýa­sy mä­lim et­di. Çuň suw­ly ýer­de gur­lan des­ga­da 30 ýyl­lap ne­bit çy­ka­ry­lar. Bu ýer­den 2014-nji ýyl­da ne­bit we gaz ýa­ta­gy ta­py­lyp­dy. Tas­la­ma­nyň 82 gö­te­ri­mi «Wo­od­si­de», ga­lan bö­le­gi Se­ne­ga­lyň «Pet­ro­sen» kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li. Mun­dan baş­ga-da, Se­ne­ga­lyň Mow­ri­ta­ni­ýa bi­len bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­sy­nyň çä­gin­de şu ýy­lyň ahy­ryn­da su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz önüm­çi­li­gi­ne baş­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Aş­ga­bat şä­he­ri, 2024-nji ýy­lyň 11-nji iýu­ny) Hor­mat­ly Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň

Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy belende galýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bilen, saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerýär. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG bilen köpugurly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy. Tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­ýan Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da­ky stra­te­gik gat­na­şyk­la­r türk­men döw­le­ti­niň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan saý­la­nyl­ma­gy bi­len has-da be­len­de gal­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan saý­la­nyl­ma­gy ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.

Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr

12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dün­ýä­niň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi bi­len öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len her ýyl­da gu­ral­ýan iki gün­lük fo­ru­ma türk­men alym­la­ry bi­len bir ha­tar­da, bir­nä­çe da­şa­ry ýurt­la­ryň, şol san­da Azer­baý­ja­nyň, Be­la­ru­suň, Bol­ga­ri­ýa­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Hy­ta­ýyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Mon­go­li­ýa­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Uk­rai­na­nyň, Fran­si­ýa­nyň, Es­to­ni­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň we beý­le­ki ýurt­la­ryň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Millilige ýugrulan mukaddes baýram

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy bolup, bu mukladdes sene adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijilik we ösüşler ýoly bilen öňe - beýik geljege sary ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýar hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar. Adamzadyň medeni ösüşiniň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramynyň milli däpdessurlarynyň binýady köpasyrlyk taryhy bolan halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýar. Bu baýram türkmeniň haýyr-sahawatlylyk, ýokary ruhy-ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrýar. Türkmen halkymyz Gurban baýramynyň üç günläp dowam edýän günlerinde agzybirlik bilen, bu nurana baýramçylygyň şanyna öz dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň we goňşularynyň öýlerine myhmançylyga barýarlar, özleri hem myhmanlary kabul edýärler. Her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, türkmen Diýarynyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna sadakalar berilýär, ýagşydan-ýagşy doga-dilegler edilýär. Gudraty güýçli Allat