"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Iň gurak çöl gülzarlyga bürendi

Golaýda Çilide täsin tebigy hadysa bolup geçdi, adatça guraklygy bilen belli bolan Atakama çöli gülledi. Ürgün çägeler bilen örtülen ýer ak we benewşe güllere beslendi. Ýerli ýaşaýjylar tarapyndan «desierto florido » (gülleýän çöl) diýlip atlandyrylýan bu waka 5-7 ýyldan bir gezek bolup, diňe çöl ösümlikleriniň tohumlarynyň gögermegi üçin ýeterlik ýagyş bolan halatynda bolup geçýär. Alymlar soňky 40 ýylda şuňa meňzeş 15 hadysanyň diňe sentýabr bilen noýabr aýynyň aralygynda bolandygyny tassyklaýarlar. Ýöne şu ýyl gülleme garaşylmadyk ýagdaýda ir başlady we bu ýagdaý howanyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrylýar. Atakama gözellik çaýýan güller, has takygy, «Nolana paradoxa » görnüşine degişli güllerdir. Bu gysga birýyllyk ösümlikleriň ösen kök ulgamy ýok bolup, bol çyglylygyň gysga döwürlerine çalt uýgunlaşýar. 2022-nji ýylda Atakama çöli milli seýilgäh diýlip ykrar edildi, şonuň üçin bu ýerdäki ähli ösümlikler we haýwanlar, şol sanda süýrenijiler, guşlar we hatda mör-möjekler hem goralýar. Şeýle- de bolsa, bu ýagdaý täsin tebigy hadysanyň şaýady bolmak isleýän köp sanly syýahatçylara böwet bolmaýar. Geljekde Atakamada ygalyň mukdarynyň köpelmegine garaşylýar, bu bolsa ösümlikleriň tutuş çölüň çäklerine ýaýramagyna we has ýygy güllemegine getirer.

Mikroçip eksportynda dünýä lider

Geçen ýyl global mikroçip eksportynda Gonkong, Taýwan, Singapur, Hytaý we Koreýa Respublikasy öňdeligi eýeledi. Bu barada BMG-niň «Comtrade » platformasynyň hasabatynda aýdylýar. 2023-nji ýylda Gonkong mikroçipleriň esasy eksportçysy boldy we ýylyň dowamynda 193,5 milliard dollarlyk mikroçip bilen üpjün etdi. Ol indi 10 ýyl bäri çip eksportynda dünýäde öňdebaryjy ýurt bolup galýar. Ilkinji bäşlige 166,6 milliard dollarlyk haryt eksport eden Taýwan, Singapur (137,9 milliard dollar), Hytaý (136,3 milliard dollar) we Koreýa Respublikasy (86,1 milliard dollar) girdi. Mikroçipleri import etmekde Hytaý öňdebaryjy bolup, ýylyň dowamynda 350,1 milliard dollarlyk çip satyn aldy. ABŞ-nyň ýarymgeçirijiler senagat birleşigi (SIA) 2023-nji ýylyň ahyrynda ýarymgeçirijileriň dünýädäki satuwynyň 2022-nji ýylyň rekord ýyly bilen deňeşdirilende 8,2 göterim azalandygyny we 526,8 milliard dollar bolandygyny habar berdi. Şu ýylyň başynda ABŞ-nyň häkimiýetleriniň ýurtda zawod gurmak maksady bilen ösen ýarymgeçirijileri öndürýän kompaniýalara milliardlarça dollar subsidiýa bermegi meýilleşdirýändigi barada habar berildi. Maglumatlara görä, 52,7 milliard dollar möçberindäki subsidiýa bazaryň «Intel » we «Taiwan Semiconductor Manufacturing Co» (TSMC) ýaly ägirtleriniň arasynda paýlanar. «Bu, akylly telefonlarda, emeli aňda we beýleki ulgamlarda ulanylýan ösen ýarymgeçirijileriň önümçiligini ýokarlandyr

Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar berkidiler

Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkian öz administrasiýasynyň goňşy döwletler bilen özara gatnaşyklary ileri tutup, ähli ýurtlar bilen gatnaşyklarda deňagramlylygy saklamaga tagalla etjekdigini aýtdy. – Biz goňşularymyz bilen gatnaşyklary berkitmegi ileri tutarys. Biz «güýçli sebiti » döretmegiň tarapdary. Biz Türkiýe, Saud Arabystany, Oman, Yrak, Bahreýn, Katar, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri we sebit guramalary bilen ykdysady we beýleki gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin hyzmatdaşlyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys – diýip, Masud Pezeşkian «Tehran Times » gazetine beren söhbetdeşliginde belledi. 7-nji iýulda Eýranda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda reformaçy syýasatçy Masud Pezeşkian 16 million 384 müň 403 ses alyp, ýeňiş gazandy. Onuň bäsdeşi, konserwatorlaryň wekili Said Jalili bolsa, 13 million 538 müň 179 ses aldy. Saýlawlara gatnaşyk 49,8 göterim bolup, jemi 30 million 573 müň 931 ses berildi.

Dünýä täzelikleri gysga setirlerde

Dünýäde öňdebaryjy boldy. Oba hojalygy möwsüminiň deslapky netijelerine görä, Russiýa bugdaý eksportynda dünýäde öňdebaryjy boldy. Bu barada ýurduň Oba hojalygy ministrligi habar berdi. 160-dan gowrak ýurda galla eksport edýän Russiýa şu ýyl 53 million tonna bugdaý eksport etmekçi. Gülmegi teklip edýän kanun. Ýaponiýanyň Ýamagata prefekturasynda adamlardan her gün azyndan bir gezek gülmegi teklip edýän kanun kabul edildi. Taslamanyň awtorlary, gündelik gülkiniň fiziki we ruhy taýdan saglygy berkitmek üçin zerurdygyny öňe sürýärler. Şonuň üçin kanun taslamasy iş berijileri iş ýerlerinde gülki bilen doldurýan gurşawy döretmäge çagyrýar. Jübi teleskopy döredildi. «DwarfLab » kompaniýasy tarapyndan agramy 1,35 kilogram bolan jübi teleskopy hödürlendi. Kitapdan onçakly uly bolmadyk enjamyň kömegi bilen galaktikalaryň, ýyldyzlar toplumynyň we ýyldyzlaryň şekillerini surata düşürip bolýar. Teleskopyň bahasy 479 dollara deň. Täsin krossowka hödürlendi. Amerikan- iňlis kompaniýasy «Freeaim» wirtual hakykatda hereket etmek üçin özboluşly «VR Shoes» krossowkasyny hödürledi. Täze önüm elektrik rolikli konkileriň tehnologiýasy boýunça işleýär. «VR Shoes» ulanyjyny belli bir ýerde saklap, wirtual dünýäde howpsuz hereket etmäge mümkinçilik berýär. Iň gadymy üzüm çigidi tapyldy. Kolumbiýanyň And daglarynda ýaşy 19 million ýyl bolan üzümiň daşa öwrülen galyndylary tapyldy. Bu Günbatar ýarymşard

Aýdym- saz sungatynyň belent derejesi

Her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň abraý- mertebesi has-da belende galýar. Türkmen halky medeniýetini, sungatyny sarpalap, milliligine buýsanyp, olaryň şanyna uly toý-baýram edýän bagtly halklaryň biridir. Her ýyl uly dabara bilen bellenilýän bu baýram – Medeniýet hepdeligi «Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy » ýylynda Arkadag şäherinde uly ruhubelentlige beslenip, medeniýetimiziň täze taryhy döwründäki beýik galkynyşyny şöhlelendirdi. Halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň içinde aýdym- saz sungaty aýratyn orun eýeleýär. Bu barada söhbet edeniňde, Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa... », «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy » atly ajaýyp kitaplary bada- bat göz öňüňe gelýär. Sebäbi kitap tekjelerimizde hemişelik orun alan bu eserlerde türkmeniň aýdym- saz sungatynyň baý dünýäsi barada gyzykly maglumatlar öz beýanyny tapypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan milli aýdym- saz sungatymyz täze derejelere göterildi. Ony halkara derejede wagyz etmek boýunça asylly başlangyçlara badalga berildi. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO- nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasy

«ARKADAG » ÝYLDYZY – GELJEGIŇ ÇELGISI

Ümmülmez älem giňişliginde millionlarça saýýaralaryň, ýyldyzlaryň Günüň daşynda hereket edýändigini hemmämiz bilýäris. Berkarar döwletimiziň öňe sürýän taglymatlary hem dünýäde parahatçylygy, ählumumy ösüşi berkitmek babatda umumadamzat bähbitlerinden ugur alýar. Şol sebäpli hem Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenmä, uly goldawa eýe bolýar. Häzirki wagtda dünýäniň daşary diplomatiýasynda «Ösüş arkaly parahatçylyk » diýen adalga öwrülen jümlä ýygy- ýygydan duş gelmek bolýar. Her gezek hem bu belent ykrary täsin tolgunma, beýik buýsanç bilen kabul edýärsiň. Çünki bu taglymatyň hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähimparasadyndan, öňdengörüjilikli başlangyçlaryndan binýat bolandygyny bütin dünýä ykrar edýär. Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos- Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag » diýip at goýandyklary baradaky hoş habar her bir türkmenistanlyny ganatlandyrdy. «Arkadag » ýyldyzyna degişli güwänamanyň, teleskopyň we düşürilen suratlaryň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy «Pegas » ýyldyzlar toparyna degişli ýyldyz baradaky maglumatlar bilen ilaty, aýratyn hem ýaş nesli giňden tanyşdyrmakda ähmiýetlidir. Beýleki ugurlar bilen bir hat

Setirleri döwrümiz bilen sazlaşýan akyldar

ÝUNESKO- nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda Parižde geçirilen 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO- nyň «Dünýä hakydasy » atly halkara sanawyna girizildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana eserleriniň 70-den gowragynda dürli yklymlar, sebitler, ýer-ýurtlar, irki orta asyr geografik menziller, gadymy, meşhur, şöhratly toponimik merkezler bilen bagly taryhy, edebi- geografik aňlatmalar, durmuş hakykatlary duş gelýär. Şolaryň biri hem Merkezi Aziýada taryhy rowaçlyklaryň ösüşine işjeň gatnaşan, geçmişiň görnükli yklymara sebitleriniň biri bolan Turan ülkesidir. Dünýäniň çeperçilik, ahlak, ylmy we jemgyýetçilik medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan ussadyň 10- dan gowrak eserlerinde Turan ýaýlasy, onuň bilen serhetleşen mekanlaryň, ülkeleriň, şäherleriň atlarynyň waspnamalary duş gelýär. Şahyryň «Bir işe ulaşdy », «Arş aglaýa », «Eýwany tört» gazallarynda «Kimi gitdi, Eýran, Turan, Kimi Yspyhan, Töwriz aşdy », «Pişiň Eýran bolsa, puştuň Turandyr », «Anyň wahemesine Eýran- Turana geldi », «Eýran- Turany gezip, azmy- Horasan geldi » diýip bellenilýän setirlerinde taryhy hakykatlaryň çeper söz sungatyndaky gözelligi, orny ynandyryjylykly açylyp görkezilýär. Turan sözüniň etimologik köki «sahy gumlarda, jomart düzlerde, ýylçyr dag eteklerde, hoşnut sähralarda, tüçjar topraklar

Gatnaw pudagyny ösdürer

Ýewropa Bileleşigi durnukly we «akylly » ulag infrastrukturasyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan taslamalara 7 milliard ýewro goldaw berer. Ýewropa Komissiýasy daşky gurşaw bilen bagly maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin jemi 134 ulag taslamasyny maliýeleşdirer. Olaryň arasynda demir ýol şahalary, içerki derýa ýollary, awto ýollary we deňiz portlary bar. Şeýle hem howa menzilleriwe multimodal logistika taslamalary hem durmuşa geçiriler. Mundan başga- da, bileleşige agza bolmadyk goňşy ýurtlaryň logistika taslamalaryna goldaw berler. Bu taslamalaryň köpüsi sebitiň serhetüsti ýollarynyň gowulandyrylmagy bilen baglydyr.

8 asyrlyk däp: guwlar sanalýar

Angliýada 1186-njy ýyldan bäri dowam edýän däbe görä, her ýyl guwlar sanalýar. 838-nji gezek geçirilýän bu çärede guwlaryň jüýjeleri bilen bir hatarda eýeleri hem hasaba alynýar. Bu çäre her ýylyň iýul aýynyň üçünji hepdesinde, jüýjeleriň entek uçup başlamadyk wagtynda Temza derýasynyň 127 kilometrlik böleginde geçirilýär. Ilkinji gezek 1186-njy ýylda derýada ýaşaýan guwlar hususy eýeçilikden Patyşanyň hasabyna geçirilende bu guşlar sanalypdyr. Bu döwürde guwlar maşgala bolup ýaşaýandygy üçin sanamak aňsat bolýar. Bu jandarlar 5 günüň dowamynda sanalýar. Guwlar hasaba alnanda olaryň jüýjeleriniň sagatlygyna seredilýär, ululygy we agramy ölçenýär. Hasaba alnan guwlaryň aýagyna bellik goýulýar. Irki döwürde barjamly adamlar guw saklapdyr. Olaryň çüňklerine kime degişlidigini görkezýän bellik goýlupdyr. Agramy 10 kilograma barabar bolan bu guşlar iýmit hökmünde saçaklary bezäpdir. Guwlaryň nesliniň dowam etmegi üçin olar her ýyl derýa goýberilipdir. Kanuna görä derýanyň kenaryndaky ähli guwlar Patyşanyň emlägine degişli bolsa- da, umumy uzynlygy 346 kilometre ýetýän Temza derýasynyň diňe 130 kilometrlik bölegindäki guşlaryň hasaby çykarylýar. Patyşanyň ygtyýar bermegi bilen XV asyrdan bäri guwlary «Dyers» we «Vintners » kompaniýalary sanaýar. Derýanyň degişli bölegindäki ozal bellik goýulmadyk guwlar Patyşanyňky diýlip hasaplanýar we bellik edilmezden suwa goýberilýär. Guwlaryň di

Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranyň!

Tomus paslynda howanyň derejesiniň aşa ýokarlanmagy netijesinde Günüň şöhlesi ýitileşýär. Şonuň üçin hem jöwzaly tomus günlerinde Günüň aşagynda gözegçiliksiz oýnaýan çagalarda ýa-da açyk meýdanda işleýän adamlarda Gün urma bolýar. Gün urma daşarda uzak wagtlap Gün şöhlesiniň aşagynda başgapsyz ýa-da saýawansyz gezilse bolup bilýär. Günüň ýiti şöhlesi adamyň kellesine we derisine düşüp, beýniniň gyzmagyna getirýär. Gün urmada kellagyry, ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlanmagy, demgysma, beden agyrylary, göz görejiniň ulalmagy, gaýtarmak ýaly alamatlar bolýar. Günüň şöhlesiniň aşagynda uzak wagt gezilse, merkezi nerw ulgamyna zeper ýetýär, demgysma peýda bolýar, adamyň ýüz keşbiniň reňki üýtgäp, kähalatlarda adamyň huşuny ýitirmegi ýaly hadysalar ýüze çykýar. Şeýle alamatlar bolanda haýal etmän ilkinji kömek bermeli we Tiz kömegi çagyrmaly. Gün uran adamy ilkinji nobatda tiz wagtyň içinde kölegä ýa-da salkyn otaga geçirmeli, kellesini beýigräk ýassykda goýup, aýaklaryny az-kem ýokary bolar ýaly edip ýatyrmaly. Daşky egin-eşiklerini açyşdyryp, gowy dem almagyna kömek bermeli. Bedeni gysyp duran kemer ýa-da sintetik eşik bar bolsa aýyrmaly. Ejir çeken adama sowuk suw içirmeli. Ýüzüni sowuk suw bilen ýuwmaly, kellesine, goltugynyň aşagyna, döşüne sowuk suwa ezilen esgi goýmaly. Ýürek damjasyndan korwalol içirmeli, naşatyr spirtini ysgatmaly. Tomus pa

Tölegli girişden 2,2 million ýewro gazanyldy

Şu ýylyň aprel aýyndan başlap Italiýanyň Wenesiýa şäheri günin girjek myhmanlar üçin tölegli edilipdi. Şu aýyň ortasynda synag maksady bilen ýola goýlan bu düzgüniň möhleti tamamlandy. Düzgüne görä, hepdäniň köp adamly belli günlerinde şäherdäki myhmanhanalarda ýatymlyk galmajak syýahatçylardan 5 ýewro töleg alynýar. Şäheriň ýerli häkimiýeti häzire çenli bu düzgün arkaly jemi 2,2 million ýewro pul ýygnalandygyny mälim etdi. Şähere giriş 25- nji aprelden 14-nji iýul aralygynda jemi 29 gün, 8:30-dan 16:00 aralygynda tölegli edildi. Töleg etmek örän aňsat bolup, munuň üçin ýörite mobil goşundysy döredildi. Maglumatlara görä, bu wagtyň dowamynda 440 müň adam tölegli günlerde şähere giripdir. 14 ýaşdan kiçiler, şäheriň ýaşaýjylary ýa-da ol ýerde işleýänler we okaýanlar, gezelenç üçin topar bolup şähere barýan okuwçylar, myhmanhanada ýaşaýanlar tölegden boşadyldy. Maglumatlara görä, tölegli giriş döwründe şähere barýanlaryň sanyazalmandyr. Tölegli girişiň geljek ýyldan başlap hemişelik edilmegi meýilleşdirilýär. 1950-nji ýylda şäheriň ilaty 175 müň töweregibolan bolsa, 2022-nji ýylda 50 müňden aşak düşüpdi. Şähere her ýylda 30 million töweregi myhman barýar. Geçen ýyllarda şähere barýan uly ýolagçy gämileriň girmegi çäklendirilipdi. Arzygül ORA ZMY RA DOWA , Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň «Okyjylara hyzmat etmek» bölümçesiniň kitaphanaçysy.

Aýyň ýüzünde gowagyň bardygy anyklandy

Astronomlar ilkinji gezek Aýyň ýüzünde gowagyň bardygyny anykladylar. Çuňlugy 100 metre barabar bolan bu oýugyň Aýda hemişelik ýaşamaga niýetlenen desganyň gurluşygy üçin has amatly şertleri döretjekdigi bellenilýär. Astronomlar şeýle oýuklaryň başga- da ýüzlerçesiniň bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Aýda hemişelik ýaşamaga niýetlenen desga gurmak üçin radiasiýadan aşa yssy ýa-da sowuk howadan goranmaly bolar. Kosmosa çykan ilkinji iňlis kosmonawty Helen Şarman geljek 20-30 ýylda Aýda bu oýuklarda ýaşamak üçin desga gurup biljekdiklerini aýdýar. Ýeriň hemrasyndaky äpet çukury Italiýanyň Trento uniwersitetiniň ylmy işgäri Lorenzo Bruzzone we Leonardo Karrer tapypdyr. Bu çukuryň Asudalyk deňzi (Mare Tranquillitatis) atly düzlükde ýerleşýändigi mälim edildi. Asudalyk deňzi atly düzlük göz bilen seredilende Aýyň ýüzünde tegmil ýaly bolup görünýär. Çukuryň düýbüniň has giň bolmagynyň mümkindigi bellenilýär. Ony has ýakyndan öwrenmek üçin robotlardan we kameralardan peýdalanyp bolar. Astronomlar 50 ýyl çemesi ozal Aýyň ýüzünde çukurlaryň bolup biljekdigini anyklapdylar. Resulberdi NUR BER DIÝEW , Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Goşa galaktika tapyldy

Jeýms Webb adyndaky kosmos teleskopy arkaly 326 million ýagtylyk ýyly uzaklykda gök reňkli ýyldyzlardan we gaz bulutlaryndan emele gelen iki galaktika anyklandy. Bu galaktikalar bir-birleriniň içine girip duran ýagdaýynda surata düşürildi. NASA- nyň astronomlary bu iki galaktikanyň on millionlarça ýyldan bäri bir-birine «ýapyşyp » durandygyny belleýärler. Astronomlaryň bellemeklerine görä, bu galaktikalar milliardlarça ýyldan soňra birleşip, bitewi galaktika öwrüler. NASA şeýle ýagdaýyň 4 milliard ýylyň dowamynda Akmaýanyň ýoly galaktikasy bilen Andromeda galaktikalarynyň arasynda hem bolup geçjekdigini belledi. Jeýms Webb teleskopy 2021-nji ýylyň ahyrynda Habbl kosmos teleskopynyň ornuny tutmak üçin uçurylypdy. Kosmosyň çuňluklarynda has dury suratlary almaga mümkinçilik berýän ýokary tehnologiýanyň önümi bolan bu teleskopy ABŞnyň awiakosmos agentligi (NASA) bilen bir hatarda Ýewropa Kosmos agentligi hem-de Kanada Kosmos agentligi bilelikde işläp taýýarlady. Gurbanmämmet A manow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesiniň başlygy.

Işçisiz işleýän zawod

«Xiaomi » kompaniýasy işçä zerurlyk duýmaýan dünýädäki ilkinji zawody tanyşdyrdy. Jemi 11 sany önümçilik konweýeri bolan zawodda her üç sekuntda bir smartfon öndürip bolar. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Jun bu barada jemgyýetçilik torunda habar berdi. Önümçilik desgasy dolulygyna awtomatlaşdyrylan bolup, bu ýerde robotlar hem işledilýär. «Akylly » ulgam näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda ony bejerip bilýär. Meýdany 81 müň inedördül metre barabar bolan zawody gurmak üçin 330 million dollar sarp edilipdir. Bu ýerde her üç sekuntda bir sany «MIX Fold 4» hem-de «MIX Flip» smartfony öndüriler.

Kompýuter satuwy artdy

Şu ýylyň ikinji çärýeginde kompýuter satuwynyň 3 göterim artandygy mälim edildi. Munda emeli aň tehnologiýasyna bolan gyzyklanmanyň täsiriniň bardygy bellenildi. «International Data Corporation » (IDC) maslahat beriş kompaniýasynyň hasabatyna görä, ýylyň ikinji çärýeginde personal kompýuterleriň satuwy 64,9 milliona ýetipdir. Kompýuter satuwy geçen iki ýylda pese gaçandan soňra, şu ýylyň başynda gaýtadan artyp başlapdyr. Degişli döwürde iň köp ösüşi 20,8 göterim bilen «Apple » kompaniýasy hasaba alypdyr. Bu ugurda ikinji orundaky «Acer»-iň satuwy 13,7 göterim ýokarlanypdyr. «Lenovo Group» hem-de «HP Inc» kompaniýalarynyň satuwy degişlilikde 3,7 we 1,8 göterim köpelipdir. «Dell Technologies » kompaniýasynyň kompýuter satuwy bolsa 2,4 göterim azalypdyr. Bilermenler soňky alty aýda kompýuter satuwynyň artmagynda emeli aň tehnologiýasynyň täsiriniň uludygyny belleýärler.

Ösüş çaklamasyny mälim etdi

Halkara pul gaznasy dünýä ykdysadyýeti barada täze çaklama taýýarlady. Gazna şu ýyl global ykdysadyýetiň 3,2 göterim boljakdygyny mälim etdi. Geljek ýylda bolsa dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýeti ortaça 3,3 göterim bolar. Gazna mundan ozal aprel aýynda bu görkezijiniň 3,2 göterim bolmagyna garaşylýandygyny mälim edipdi. Çaklamada geçen ýyl az ösüş hasaba alnan ýewro sebitiniň ösüp başlajakdygy bellenildi. Aziýanyň ösüp barýan ykdysadyýetleri global ösüşe itergi bermegini dowam etdirer. Hindistandaky we Hytaýdaky ösüşiň hem ozalky çak edilişinden has ýokary boljakdygy aýdyldy. Emma geljek 5 ýylda ösüp barýan uly Aziýa ýurtlaryndaky ösüşiň azaljakdygy bellenilýär. Hytaýda 2024-nji ýyldaky ösüşiň 5 göterim, geljek ýyl 4,5 göterim, 2029-njy ýylda 3,3 göterim bolmagyna garaşylýar. Hindistanda bolsa üstümizdäki ýylda 7 göterim ösüş hasaba alnar.

Elektroulag satuwy ýokarlandy

Bazar barlaglaryny amala aşyrýan «Rho Motion » kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde elektroulaga bolan isleg ýokarlanýar. Geçen aý dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän hem-de zarýad berip bolýan gibrid ulaglaryň satuwy 13 göterim ýokarlanypdyr. Munda Hytaý bazarynyň täsiri uly bolupdyr. Şeýle- de bolsa, Ýewropada satuw pese gaçypdyr. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Çarles Lester elektroulaglaryň ýaýrawynyň artmagy hem-de BYD kompaniýasynyň satuwynyň ýokary bolmagy netijesinde Hytaý elektroulaglarynyň has köp satylandygyny mälim etdi. Iýun aýynda dünýäde jemi 1,4 million elektroulag satylypdyr. Bu görkezijiniň 60 göterimi, ýagny 860 müňi Hytaý bazarynda ýerlenipdir. Ýewropada bolsa elektroulag satuwy 7 göterim azalyp, 300 müň bolupdyr. ABŞ-da we Kanadada 6 göterim ösüş gazanylyp, 140 müň elektroulag satylypdyr. Ýylyň dowamynda dünýäde 16,6 million elektroulag satylmagyna garaşylýar.

Daýhan yhlasly – toprak bereketli

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, toprakdan bol hasyl almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli oba hojalyk özgertmeleriniň esasy maksady daýhanlaryň yhlasy bilen bol hasyl eçilýän türkmen topragynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden we pudagy hasda ösdürmekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär, oba ilatynyň durmuş- ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur işler durmuşa geçirilýär. Daýhanyň ýerden bol hasyl alyp, bereket tapmagy üçin amatly şertler döredilýär. Şu ýyl bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Daýhanlar kuwwatly tehnikalar, ýokary hilli tohumlar, dökünler bilen üpjün edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 24-nji iýunda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri » döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda iş maslahatyny geçirmegi hem bu pudagy ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň aýdyň güwäsine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň, döwletimiziň has uly bähbitlerini nazarlaýan çözgütlerinetijesinde geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistan

Dalaşgärleri ň resmin amalary kabul edilýär

15-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň, şeýle- de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly – 26-njy awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Bu möhüm möwsümiň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga hem gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet toparyna 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk- usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly ed

TEBIGATY GORALYŇ!

Gyzgyn howaly günlerde öri meýdanlarynda ýangyn howpunyň döremek ähtimallygy ýüze çykýar. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy öri-sähra meýdanlarynda ýangyn döremek ähtimallyk howpunyň öňüni almak maksady bilen, şu aşakdakylary ýatladýar. Öri meýdanlarynda ot ýakylmazdan öň, ýarym metr çuňlukda gazylan oý ýer taýýarlanyp, oduň daş-töwerege ýaýramazlygyny üpjün etmeli. Ody howanyň şemalsyz wagtynda ýakmaga rugsat berilýär. Onuň daş-töweregi (15 metr) guran ot-çöplerden arassalanmalydyr. Ody ulanylandan soň, suw sepip ýa-da gum sürüp, doly söndürmeli, ol ýerden gitmezden öň, oduň ýakylan ýerinden uçgunyň çykmaýandygyna doly göz ýetirilmelidir.