"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ýaş nesiller üçin döwrebap mümkinçilikler

Öňňin ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy bilen bilelikdäki guran giň gerimli gözden geçirilişinde çagalar üçin harytlar senagatynda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan ýurdumyzyň işewür telekeçileri we daşary ýurt kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler. Bu ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Esasan-da, bagtyýar çagalaryň şadyýan sesleri, ajaýyp aýdymlary köpleriň ünsüni özüne çekdi. Çagalaryň aýdym-sazly çykyşlary halkara sergi-ýarmarkasyna baýramçylyk öwüşginini çaýdy. «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Geňeşli il — döwletli il

Şeýle at bilen Kaka etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini ilata düşündirmekden ybarat boldy. Duşuşykda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän beýik wakalar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler hakda gürrüň edildi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti barada aýdyldy. Çykyş edenler Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda Halk Maslahatynyň ornunyň uludygyny nygtadylar.

Tomus — bereket bulagy

Berkarar döwletimiziň gül gujagynda bagtyýarlyk owazlary belentden ýaňlanýar. Ülkäniň dagy-düzi, mawy deňzi, oba-kendi, hatda gök ekinli pelleridir «ak altynly» atyzlary hem bereket joşgunyndan heýjana gelip, şirin owaz edýär. Ine, bagt mukamynyň iň joşgunly döwri bolan güneşli tomus paslynyň şatlyk-şagalaňly, gyzgalaňly günleri dowam edýär. Göräýmäge, möwsüme mahsus dynç alyşlar gaýnap-joşýandyram welin, içgin garanyňda, her günüň aladaly hereketi-de özüne ýetik. Oba ýeri ýa-da şäher merkezi diýmezden, hemmeler bereketli paslyň nygmatlaryny eşretli günler üçin gor edinýär. Şol bir wagtyň özünde, gyşyň gamyny-da iýýär. Munuňam özüne ýetesi sebäbi bar: halkymyz owaldan ahyra peder pendine uýup ýaşaýan millet. Ata-babalarymyz bolsa bize — nesillerine «Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz» diýip gidipdirler. Şeýle bolansoň, her birimiz «gyşyň gamyny ýaz iýmekden» ugur alyp, altyna deňelen wagtymyzy meýilleşdiren maksatlarymyza sazlap peýdalanýarys. Elbetde, tomsuna adatdakylardan köpräk dynç alynýar, şeýle hem bolsa, her işiň öz ýeri bar. Her kim göwün beren kesbiniň miwesi bolan halal rysgyny jemlemek, ideg edýän ýerinde ýetişýän hasyly yrýasyz ýygnamak, telekeçilik işinde ilerlemek, maşgala rysgyna nesip eden maýasyny dynç almaga, toý tutmaga, jaý gurmaga, öý-howlusyna serenjam bermäge, gyş taýýarlyklaryna... gönükdirmek ugrundaky höwesli arzuwlaryny amala aşyrýar. Özem

Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň ýurdy

Paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär 19-njy awgustda paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.

Bilim işgärleriniň maslahaty toý ruhunda işjeňlikde geçdi

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi. Welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan guralan maslahata welaýatymyzyň öňdebaryjy bili.m işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Bilim işgärleri, ilki bilen, medeniýet ojagynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergä aýlanyp gördüler. Täzeçillik, döredijilikli çemeleşmeler bu sergide görkezilen okuw görkezme esbaplarydyr taslamalarda aýdyň duýuldy. Bu bolsa bilim işgärleriniň ukyp-başarnygynyň özboluşly güwäsi bolup dabaralandy.

Ýaş hünärmenler garşylandy

Bäherden etrabynyň bilim bölüminde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlap, bilim ulgamynda zähmet çekmek bagtyna eýe bolan ýaş hünärmenleriň garşylanyş çäresi geçirildi. Täze işe gelen ýaş hünärmenler zähmet ýoluna gadam basjak iş ýerleri bilen tanyşdyryldy. Etrap bilim bölüminiň garamagyna işe iberilen ýaş hünärmenler 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinden orta mekdeplerdir çagalar baglarynda zähmet ýoluna başlamak bilen, kämil bilimli, döwrümize mynasyp giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegi ugrundaky tagallalara goşant goşar. Ýaşlaryň halypa mugallymlara berkidilendigini aýratyn bellemek gerek. Munuň özi täze taryhy döwrümizde hem halypa — şägirtlik ýörelgesiniň dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Ki­tap­ha­na hü­när­men­le­ri­niň ba­şar­ny­gy

Ýakynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde ýurdumyzyň kitaphana hünärmenleriniň arasynda yglan edilen «Magtymguly Pyragy — şygry paýhas ummany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçen bäsleşige etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, ýaş kitaphanaçylaryň zehinini açyp görkezmek, ýurdumyzyň ösüşlerini köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, kitaphana işiniň dürli ugurlarynyň üsti bilen wagyz etmek, kitaphana hünärmenleriniň kämil iş tejribelerini ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda ýaýratmak, şeýle-de şanly ýyly dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik turuwbaşdan uly täsirlere beslendi. Oňa gatnaşan kitaphana hünärmenleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän kitaplaryna syn bermekde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli usuly gollanma taýýarlamakda, beýik akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryny labyzly okamakda, halk döredijiligi boýunça çykyşy ýerine ýetirmekde özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda oňa gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, şeýle-

Derwaýys wezipelere bagyşlandy

Ahal welaýat häkimliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň hem-de beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda welaýatymyzyň çäginde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda geçen wagyz-nesihat maslahaty hem şeýle çäreleriň biri boldy. Edara-kärhanalaryň, guramalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bolan maslahatda ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, döwrebap we ýokary amatly şertlerde ýaşamagy hem-de döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler hakda gürrüň edildi. Howanyň häzirki aşa gyzgyn günlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň kadalaryna berk eýermegiň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüň welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wekilleriniň çykyşlarynyň özenini düzdi. Bellenilişi ýaly, şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk ulanmak hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek möhümdir. Ýangynyň döremek howpy bar bolan ýerlerde, tokaýlarda, daglarda, dag eteklerinde, sähralarda we öri meýdanlarda sürüm zolaklary öz wagtynda geçirilmelidir, haşal otlardan arassalanmalydyr.

Wagyz-nesihat çäresi

Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, welaýat prokuraturasynyň, welaýat polisiýa müdirliginiň, welaýat kazyýetiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa welaýat prokuraturasynyň, welaýat polisiýa müdirliginiň, welaýat kazyýetiniň, TDP-niň welaýat komitetiniň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahat geçirildi

Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň kämil nusgasy TDP-niň Baýramaly şäher, etrap komitetleriniň, TKA-nyň şäher, etrap birleşmeleriniň, TMÝG-niň şäher, etrap geňeşleriniň bilelikde guramagynda Baýramaly şypahanasynyň medeniýet öýünde “Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň kämil nusgasy” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri, işjeň agzalary, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň Watany

Galkynyşlar zamanamyzda ýaş nesliň abadan durmuşyny üpjün etmek, sagdyn ruhly we berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmak, olaryň başarnyklaryny ösdürmek ugrundaky tutumly işler we aladalar biri-biriniň üstüni ýetirýär. Şeýle hem ýurdumyzda ýaşlaryň nurana ertirlerini berkarar etmäge bagyşlanan halkara maslahatlary, forumlar, döredijilik festiwallary hem yzygiderli geçirilýär. Täze okuw ýylynyň öň ýanynda paýtagtymyzda ilkinji gezek «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi-de ýurdumyzda çagalaryň mähir-alada bilen gurşalyp alynýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Sebitde şu ugra ýöriteleşen iri sergide ýurdumyzyň kärhanalary we hususyýetçileri tarapyndan öndürilýän ýokary hilli harytlaryň, okuw esbaplarynyň we azyk senagatynyň önümleriniň köpsanlysy görkezildi. Sergidäki ýaş nesle niýetlenilen dürli görnüşli harytlar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyňdyr myhmanlarynyň, bagtyýar körpe nesilleriň berkarar döwletimize söýgüsini has-da artdyrdy. Görnüşi ýaly, ýurdumyzda çagalar üçin niýetlenilen önümleriň halkara ölçeglerine, ekologik talaplara laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär. Bu işleriň kanunçylyk taýdan berkidilmegi-de durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalaryň nurana geljegini üpjün eder.

Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň abadançylygynyň nyşany

Aşgabat, 19-njy awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmen Ekspo” hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralýan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.

Aşgabatda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarka açyldy

19-njy awgustda paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmen Ekspo” hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar senagatynda we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Germaniýanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki ýurtlaryň kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz etmek çäresi geçirdi

Türkmenistanda adamlaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli işleriniň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň mejlisler jaýynda geçirilen çärä Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi we ýurdumyzda ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly tagallalary edýändigi buýsanç bilen bellenip geçildi.

Ýaşlar hyzmatdaşlygy: röwşen geljege ynamly ädimler

Ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň başarnygyny ösdürmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» görkezmek bolar. Häzirki wagtda bu möhüm resminamanyň çäklerinde ylym-bilim, sport, şeýle-de halkara hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlary boýunça ýurdumyzda ýaşlar maslahatlary, iri göwrümli forumlar, döredijilik festiwallarydyr olimpiadalar yzygiderli guralýar. Halkara derejedäki bu çäreler ýaşlar hyzmatdaşlygynyň dünýä bileleşiginiň durnukly, durmuş-ykdysady hem-de ylmy-tehniki ösüşini üpjün etmegiň, şol sanda döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyna güwä geçýär. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty babatda ygtyýarly edara diýlip kesgitlendi we bu işler has-da kämilleşdirildi. Ministrligiň gurluş birliginde ýaşlar syýasaty bölüminiň işi ýola goýuldy. Häzirki wagtda ulgamda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryna, wezipelerine, ýörelgeleridir esasy ugurlaryna laýyklykda netijeli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üpjün edilýär. Olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleri kemala getirilýär, wat

Paýtagtymyzda ilkinji gezek «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi

Şu gün — 19-njy awgustda Aşgabat şäheriniň «Garagum» myhmanhanasynda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin!» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Geçirilýän halkara sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guraldy. Bu sergide çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.

«KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin!»

Hut şeýle at bilen halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Şu gün — 19-njy awgustda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda badalga alan «KIDS EXPO: ähli zat çagalar üçin!» atly birinji halkara sergi-ýarmarkasy hem ýurdumyzyň çagalary we olaryň ene-atalary üçin uly baýramçylyk sowgady boldy. Bu ýerde ilki bilen ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän ýokary hilli milli harytlary, şeýle-de dünýäniň dürli döwletleriniň çaga oýunjaklaryny we okuw esbaplaryny öndürmekde meşhurlyk gazanan kärhanalarynyň harytlary ünsüňi özüne çekýär. Dil öwrenmek üçin niýetlenilen dürli öwredijilik ähmiýetli oýunlaryň ençeme görnüşi bagtyýar çagalarymyza hödürlenildi. Çagalaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, gözýetimini çuňlaşdyrmak üçin uly ähmiýete eýe bolan oýunlar surat çekmegiň, sowal-jogap alyşmagyň üsti bilen ýerine ýetirilip, olaryň oýna işjeň gatnaşmagy gazanylýar. Bu sergi-ýarmarkasynda görkezilen oýun şüweleňleri ýaş nesillerimiz üçin diýseň täsirli boldy. Ýatdagalyjy, ajaýyp pursatlaryň şaýady bolan jigilerimiziň şadyýanlyga, bagtyýarlyga beslenýän pursatlaryny synlanyňda, ulularyň hem çagalyk dünýäsine dolanasy gelýär.

Döwletli ýollar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgelerimize eýerilip, her bir halk bähbitli iş Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty agzybirligi, işe geňeşli başlamak däplerini aýdyň görkezýän iň ýokary wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky arabaglanyşygyň berk binýady bolup durýar. Bu umumymilli forumyň mejlislerine gatnaşýan ýaşulular we ýaşlar döwletimiziň ösüş ýollarynyň täze wezipelerine çuňňur düşünýärler.

Halk häkimiýetiniň kämil nusgasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji ýarym ýyllygynyň jemini jemlän Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ykjam taýýarlyk görmek baradaky tabşyrykdan ugur alyp, şu günler bu foruma taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň mejlisde eden taryhy çykyşy külli türkmen halkyny buýsandyrdy hem-de durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmekde täze üstünliklere ruhlandyrdy. Gadymdan gelýän milli demokratik ýörelgelerimiz esasynda hem-de täze döwrüň talabyna laýyklykda, 24-nji sentýabrda geçiriljek ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halk häkimiýetiniň kämil nusgasy bolup, taryha altyn harplar bilen ýazylar.

Ähli gowy zatlar — çagalar üçin

Durmuşymyzyň güllerine deňelýän çagalar her bir ata-ene üçin iň eziz barlykdyr. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan Diýarymyzda ýaş nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy, kadaly ösüp kemala gelmegi üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Düýn — 19-njy awgustda paýtagtymyzda açylan «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy bilen tanşanyňda hem bu hakykata ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. «Garagum» myhmanhanasynyň arka tarapynda gurnalan sergi meýdançasynda geçirilen sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem köpsanly ildeşlerimiz gatnaşdy. Dabara hormatly Prezidentimiziň «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Gutlagda sergi-ýarmarkanyň dürli öwüşginli ekspozisiýalarynyň dünýäniň ýurtlaryndan halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň, çagalar üçin önümler pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekjekdigine ynam bildirilýär.