"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Ählumumy saýlaw geçiriler. Gruziýanyň Pre­zi­den­ti Sa­lo­me Zu­ra­biş­wi­li şu ýy­lyň 26-njy okt­ýab­ryn­da äh­lu­mu­my saý­law­la­ryň ge­çi­ril­me­gi ba­ra­da­ky ka­ra­ra gol çek­di. Bu ba­ra­da ýur­duň Pre­zi­den­ti­niň res­mi in­ter­net sa­hy­pa­syn­da ha­bar be­ril­ýär. Saý­law kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hem baş­la­nan­dy­gy mä­lim edil­di. 24 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Ame­ri­kan Beýs­bol Li­ga­sy­nyň (MLB) ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len oýun­çy­sy Ba­be Ru­tuň 1932-nji ýyl­da­ky möw­süm­de ge­ýen «Nýu Ýork Ýankis» to­pa­ry­nyň köý­nek­çe­si auk­si­on­da 24 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy. Şeý­le­lik­de, bu köý­nek­çe hä­zi­re çen­li iň gym­mat ba­ha­dan sa­ty­lan sport kol­lek­si­ýa­sy bol­dy.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edeliň!

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da her ýy­lyň 1–30-njy sent­ýab­ry ara­ly­gyn­da «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy – öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» di­ýen at bi­len bi­raý­lyk çä­re­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bu bi­raý­ly­gyň do­wa­myn­da ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň giň top­lu­my ýurt aba­dan­çy­ly­gy­ny sak­la­ma­ga, ýur­du­myz­da ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edil­me­gi ne­ti­je­sin­de ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry se­bäp­li dö­re­ýän şi­kes­le­riň we ma­ýyp­ly­gyň öňü­ni al­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy bi­len, okuw­çy­lar­dyr ta­lyp­la­ryň gat­na­wy artýar. «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy – öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» di­ýen şy­gar as­tyn­da ge­çi­ril­ýän bi­raý­ly­gyň do­wa­myn­da ça­ga­la­ra ge­çel­gä­niň ýok ýe­rin­den geç­me­giň howp­lu­dy­gy­ny, ýol­da düz­gün-ter­ti­be gö­rä he­re­ket et­me­li­di­gi­ni öw­ret­mek örän mö­hüm­dir.

Ro­bo­toteh­ni­ka we eme­li aň

«Türk­me­nis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, on­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri ama­la aşyr­mak­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň hä­zir­ki za­man hem-de öň­de­ba­ry­jy çöz­güt­le­ri­ni dur­mu­şa or­naş­dyr­mak mö­hüm bo­lup dur­ýar. Mun­da ro­bot­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň hem-de soň­ky ýyl­lar­da has köp üns be­ril­ýän eme­li aň ul­ga­my­nyň hem uly hyz­ma­ty­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­me­li. Ro­boto­teh­ni­ka­nyň bu esa­sy ýö­rel­ge­le­ri, baş­ga­ça aý­dy­lan­da, önüm­çi­lik tap­gyr­la­ry mö­hüm bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da ro­bot­la­ryň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na esas­lyk na­za­ry bi­lim­ler we ama­ly tej­ri­be­ler hök­ma­ny ze­rur­dyr. Ro­boto­teh­ni­ka bi­lim üçin äh­lu­mu­my gu­ral­dyr. Ýaş­la­ra ro­bot en­jam­la­ry­ny ulan­ma­gy öw­ret­mek, şol bir wag­tyň özün­de oý­na­mak we teh­ni­ki dö­re­di­ji­lik bi­len öw­ren­me­gi aň­lad­ýar. Bi­lim be­ri­ji ro­bot en­jam­la­ry baş­lan­gyç dö­wür­de okuw­çy­la­ryň teh­ni­ki me­ýil­le­ri­ni kes­git­le­mä­ge we ola­ry bu ugur­da kä­mil­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

900 müň do­mi­no bi­len re­kord goý­dy

Ni­der­land­la­ryň We­nen­dal şä­he­rin­de do­mi­no daş­la­ry bi­len tä­ze re­kord go­ýul­dy. Ýur­duň hö­wes­jeň do­mi­no­çy to­pa­ry 900 müň do­mi­no­ny dü­züp çyk­dy. Do­mi­no­lar bel­li bir ter­tip­de dü­zü­len­den soň­ra ýy­kyl­dy. Do­mi­no­la­ryň ýy­ky­ly­şy 10 mi­nuta çek­di. Az san­ly do­mi­no da­şy ýy­kyl­man gal­dy. Mun­dan ozal­ky re­kord hem 700 müň do­mi­no bi­len şol to­pa­ra de­giş­li eken. Em­ma pro­fes­sio­nal do­mi­no­çy­la­ryň ara­syn­da­ky dün­ýä re­kor­dy 4 mil­li­on 491 müň 863 do­mi­no da­şy bi­len baş­ga bir to­pa­ra de­giş­li. Hö­wes­jeň do­mi­no­çy­lar mun­dan soň­ra 1 mil­li­on do­mi­no da­şy bi­len tä­ze re­kord goý­mak­çy bol­ýar­lar. To­par 14 ýyl­dan bä­ri çä­re­ler ge­çi­rip, şeý­le re­kord­la­ry goý­ýar. Mäh­ri HO­JA­BER­DI­ÝE­WA,

Tanyşdyryljak se­ne­si bel­li bol­dy

Dün­ýä­niň iri teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy bo­lan «App­le» her ýy­lyň güýz aý­la­ryn­da tä­ze en­jam­la­ry­ny ta­nyş­dyr­ýar. Kom­pa­ni­ýa smart­fo­ny­nyň no­bat­da­ky­sy bo­lan «iP­ho­ne 16»-nyň 9-njy sent­ýabr­da ta­nyş­dy­ryl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Tä­ze te­le­fon bi­len bir ha­tar­da «akyl­ly» en­ja­myň ama­ly ul­ga­my bo­lan «IOS 18» hem peý­da bo­lar. Te­le­fo­nyň 16-njy se­ri­ýa­sy­nyň iň uly tä­ze­li­gi äh­li nus­ga­la­ryn­da «Cap­tu­re» düw­me­si bo­lar. Bu düw­me ar­ka­ly su­ra­ta we wi­deo dü­şü­rip, ýa­kyn­laş­dy­ryp, şe­kil­dä­ki ge­rek ýe­ri­ňi dur­lap bol­ýar. «iP­ho­ne 16 Pro» 6,3 dýuým, «Pro Max» mo­de­li­niň bol­sa 6,9 dýuým bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu bol­sa tä­ze tap­gy­ryň ozal­ky­lar­dan has ulu­dy­gy­ny gör­kez­ýär. «A18 Pro» ama­ly ul­ga­my bol­sa, eme­li aň bi­len bag­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly has saz­la­şyk­ly iş­lär. Te­le­fo­nyň «Pro» gör­nüş­le­rin­de 48MP du­ru­ly­gyn­da ult­ra giň ka­me­ra­nyň bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Te­le­fo­nyň ga­ra, ak, ýa­şyl, sa­ry, gül­gün, gök we be­new­şe reňk­li gör­nüş­le­ri­niň bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.

Ýe­ras­ty se­ýil­gä­he 680 müň myh­man bar­ýar

Ru­my­ni­ýa­da 120 metr çuň­luk­da ýer­leş­ýän ýe­ras­ty se­ýil­gäh her ýyl­da 680 müň tö­we­re­gi myh­man ka­bul ed­ýär. «Sa­li­na Tur­da» at­ly bu go­wak­dan ir­ki dö­wür­ler­de duz çy­ka­ry­lyp­dyr. Se­ýil­gä­hiň için­de onuň äh­li ýe­ri­ni syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän aý­lan­ýan çarh, ça­ga­lar üçin oýun meý­dan­ça­sy, ki­çi golf meý­dan­ça­sy, bow­ling meý­dan­ça­sy we beý­le­ki­ler bar. Bu bol­sa, bu ýe­re gel­ýän dür­li ýaş­da­ky adam­la­ryň me­de­ni­ýet­li dynç al­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ga­ýyk­ly ge­ze­lenç et­mek üçin köl, 180 orun­lyk am­fi­teatr bar. Dün­ýä­niň iň tä­sin sy­ýa­hat­çy­lyk no­kat­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan ýe­ras­ty se­ýil­gä­he gi­riş tö­leg­li. Şa­se­nem AL­LA­BER­DI­ÝE­WA,

Dost­luk­ly we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dy­ryl­ýar

28-nji aw­gust­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da bol­dy. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Pre­zi­dent Ma­sud Pe­zeş­ki­an hem-de Be­ýik ru­hy li­der Aýa­tol­la Se­ýed Ali Ho­seý­ni Ha­me­ne­ýi bi­len gep­le­şik­le­ri ge­çir­di.

Türkmenistan–BMG: ählumumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlyk

Türk­me­nis­tan 30 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly we iş­jeň ag­za­sy hök­mün­de onuň Ter­tip­na­ma­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne mö­hüm go­şant goş­ma­gy­ny do­wam et­di­rip gel­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýa­şa­ma­gyň, öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň, deň­hu­kuk­ly dia­lo­gyň äh­mi­ýe­ti­ni öňe sür­ýän Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de he­mi­şe ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär. 2025-nji ýyl­da Bi­ta­rap­ly­gyň 30 ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­ly bel­le­mä­ge, şeý­le hem BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň gel­jek ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rüp, Türk­me­nis­tan hyz­mat­daş­lar bi­len iş­jeň gat­na­şyk­la­ry­ny do­wam et­di­rer. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­na iş­jeň taý­ýar­lyk gör­ýär. Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň 17-si­ni res­mi taý­dan ka­bul eden we ola­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň mil­li me­ýil­na­ma­la­ry­na, stra­te­gi­ýa­la­ry­na uý­gun­laş­dy­ran ýurt hök­mün­de Türk­me­nis­tan jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li mö­hüm ugur­la­ryn­da köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de güýç­len­dir­mä­ge ça­gyr­ýar.

Döw­re­bap bi­lim we kä­mil ter­bi­ýe

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesle döwrebap derejede bilim hem-de terbiýe bermek babatdaky başlangyçlary, durmuşa geçirýän möhüm özgertmeleri öz miwesini eçilýär. Hä­zir­ki dö­wür­de türk­men jem­gy­ýe­ti­niň bar­ha kä­mil­leş­ýän we döw­re­bap­laş­ýan şert­le­rin­de ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi üçin dün­ýä tej­ri­be­si­niň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän bi­lim sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Şu mak­sat bi­len yl­my-teh­ni­ki ösüş­le­re, iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­si­ýa­la­ra da­ýa­nyp, bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­zyň ýo­ka­ry de­re­je­de bi­lim al­ma­gy, saý­lan hü­när­le­ri­niň eýe­si bol­ma­gy, wa­tan­çy­ly­gyň hem-de yn­san­per­wer­li­giň be­lent ru­hun­da ter­bi­ýe­len­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Halk Mas­la­ha­ty – döw­let­li­li­giň we je­bis­li­giň nus­ga­sy

Şu gün­ler eziz Di­ýa­ry­myz­da bag­ty­ýar ulus-ili­miz be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­ny aja­ýyp zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne bes­le­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär. Bu şan­ly se­nä­niň öňü­sy­ra­syn­da Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ge­çi­ri­ler. Bu asyl­ly ýö­rel­ge hal­ky­my­zyň mil­li döw­let­li­li­gi­ni, mer­te­be­si­ni has-da şöh­rat­lan­dy­ryp, Ga­raş­syz­ly­gyň türk­men üçin mu­kad­des­di­gi­ni, ba­ha­syz gym­mat­lyk­dy­gy­ny, oňa bo­lan mi­ze­mez ga­raý­şy­ny ýe­ne-de bir ýo­la dün­ýä äş­gär eder. Halk Mas­la­ha­ty Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ry­nyň we jem­gy­ýet­dä­ki dur­muş gat­lak­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni saz­laş­dyr­mak bi­len, ýurt de­re­je­sin­de bi­le­lik­dä­ki he­re­ke­ti gu­raý­jy güýç hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Hal­ka da­ýa­nyp, hal­kyň ha­ty­ra­sy­na be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty bar­ha ber­ki­dil­ýän mil­li döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Halk Mas­la­ha­ty ata-ba­ba­la­ry­my­zyň köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da top­lan ta­ry­hy tej­ri­be­si­ni özün­de jem­le­ýär. Hal­ky­myz he­mi­şe ýa­şu­ly nes­le aý­ra­tyn hor­mat bi­len ga­rap, il-ýurt bäh­bit­li iş­ler­de ola­ryň baý dur­muş tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp­dyr we mas­la­hat­ly çöz­güt­le­ri ka­bul edip­dir. Tä­ze ta­ry­hy döw­rü­

ŞANLY GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞUGLASY

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ata Wa­ta­ny­my­zy, mäh­ri­ban hal­ky­my­zy röw­şen gel­je­ge, be­lent sep­git­le­re alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň ba­ky ber­ka­rar­ly­gy­nyň hem-de hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň mi­ze­mez ke­pi­li bo­lan mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my uly da­ba­ra­la­ra bes­le­nip bel­le­nil­ýär. Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­mi­ze buý­sanç dö­red­ýän, şöh­rat­ly geç­mi­şi­mi­ze, nu­ra­na gel­je­gi­mi­ze yna­my go­şa­lan­dyr­ýan be­ýik baý­ram­dyr. Ga­raş­syz­lyk mil­le­tiň we döw­le­tiň yk­ba­ly­na ägirt uly tä­sir ed­ýän mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň naý­ba­şy­sy­dyr. Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my pe­der­le­ri­mi­ziň wes­ýet eden yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­niň do­ly dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň, ga­raş­syz döw­let, ada­lat­ly jem­gy­ýet ha­kyn­da en­çe­me asyr­lap edip ge­len ar­zuw­la­ry­nyň wy­sal bo­lan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şu nuk­daý­na­zar­dan, ar­şyň al­tyn şug­la­sy­na, tyl­la Gü­nüň nu­ru­na de­ňel­ýän Ga­raş­syz­lyk mu­kad­des dü­şün­je­dir. Çün­ki yk­ba­ly çü­wüp, bag­ty gö­te­ri­len her bir yn­san­da wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­ny ös­dür­ýän bu ke­rem­li söz özün­de ägirt uly ma­ny-maz­mu­ny jem­le­ýär. Mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­myz­dan bi­ze mi­ras ga­lan eziz Wa­ta­ny­my­zy

Ýaşlar bilen döredijilik söhbedi

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we «Türkmenistan», «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetleriniň redaksiýalarynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa halypa žurnalistlerdir ýazyjy-şahyrlar, şeýle-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýändigi we akyldar şahyryň döredijiliginiň dünýäde giňden wagyz edilýändigi medeniýet, sungat işgärleriniň ylhamyny has-da joşdurýar. Döwrüň sesine ses goşup, dana Pyragynyň arzuwlan berkararlygynyň amal bolan häzirki döwrüni wasp edýän söz ussatlaryny we olaryň şägirtlerini bir ýere jemlän döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar şanly ýylyň medeni, edebi galkynyşa beslenýändigi, öňde duran wezipeler, şol sanda toý-baýramlarymyza mynasyp sowgatly barmak hakynda pikir alyşdylar.

Şinelän arzuwlaryň joşguny

2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilen bagtyýar ýaşlaryň sany has-da artdy. Biz gazetimiziň şu sanynda şeýle bagta eýe bolan ýaşlaryň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris. Güýçberdi GULOW,Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby:

Ýoluňyz ak bolsun, eziz ildeşler!

Mälim bolşy ýaly, sentýabr aýynda ýurdumyzda Arkadagly eýýamymyzyň asylly ýörelgesine öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk başlanýar. Bu ynsanperwer çäräniň guramaçylykly geçmegi üçin görlen taýýarlyklar dogrusynda gürrüň bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Döwran AMANMYRADOWA ýüz tutduk. — Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz asudalygyň, abadanlygyň, gülläp ösüşiň mekany. Ähli ugurlar bilen bir hatarda ýol-ulag babatda-da döwrebaplyk öňe sürülýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän şaýollar guruldy. Şol ýollar ýurdumyzyň çäginde dürli aralyklara uzamak bilen, ulag infrastrukturasynyň ösmegine uly goşant goşýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde ýollarymyzda hususy we döwlet eýeçiligine degişli bolan dürli kysymly ulaglaryň hereketi artýar. Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde ýollarda bolýan ulag hadysalarynyň öňüni almakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şol çäreleriň biri hem şu gürrüňi edilýän biraýlykdyr.

Ýangyn howpsuzlyk düzgünleri

Her bir jemgyýetçilik ýerlerinde bolşy ýaly, bilim edaralarynyň binalaryndadyr desgalarynda, olaryň çäklerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleri göwnejaý ýerine ýetirilmelidir. Elektrik ulgamyna birikdirilen enjamlary gözegçiliksiz galdyrmak, ütügi ýörite otagdan başga ýerlerde ulanmak talabalaýyk däldir.

Täzelikler

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Milli önüm» hususy kärhanasy 2016-njy ýyldan bäri oba hojalyk pudagynda giňden peýdalanylýan kendir ýüpüni öndürmek bilen meşgullanýar. Germaniýanyň we Türkiýäniň ýokary öndürijilikli enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan bu hususy kärhanada her aýda 40 tonnadan gowrak kendir ýüpi öndürilýär. Bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri hem 350 tonnadan gowrak kendir ýüpi öndürilip, satuwa çykaryldy. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan getirilýär. Hususy kärhananyň önümleri içerki bazarlar bilen bir hatarda Gruziýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan ýaly döwletlere hem eksporta iberilýär.

Ismim düşdi ilden-ile...

«Zenan kalby» žurnalynyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölümi bilen bilelikde şu gün, ýagny 29-njy awgustda gadymy Merw topragynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik şeýle atlandyryldy.

Milli bitewiligiň daýanjy

Geljek aýda geçiriljek ählihalk forumyna — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine bagyşlap, söhbetdeşlik geçirdik. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halk häkimiýetiniň we milli bitewiligiň daýanjy» diýen at bilen geçirilen bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna we halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine laýyklykda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak, röwşen ertirleri berkarar etmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler dogrusynda nygtaldy. Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda dünýäde durnukly ösüşi gazanmakda, döwletleriň arasynda netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ýurdumyzyň oňyn tagallalary edýändigi täsirli çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň ähmiýetini halkyň arasynda wagyz etmek we bu syýasy çäräniň guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk görmek, degişli teklipleri öwrenmek boýunça welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işlere aýratyn ýüzlenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde serediljek meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň ýurdumyzy depginli ösdürmäge itergi berjekdigine ul

Bilimli ýaşlar — Watan daýanjy

Etrabymyzdaky 64-nji orta mekdepde geçirilen dabaraly maslahat Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlandy. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen at bilen geçirilen maslahata ýaşulular, etrabyň bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi hem görnüşi ýaly, ata Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlar aýratyn alada bilen gurşalyp alnandyr. Ýaş nesliň bilimleri çuňňur ele almaklaryny gazanmak maksady bilen her ýyl bilim edaralarynyň döwrebap binalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle hem maslahatda täze okuw ýylyna guramaçylykly girişmek, ýaşlaryň bilim almaga höwesini artdyrmak, olary döredijilige ruhlandyrmak boýunça bilim işgärleriniň öňünde durýan möhüm meseleler dogrusynda gürrüň edildi. Maslahatyň ahyrynda jemgyýetçilik-syýasy çärelere işjeň gatnaşýan mugallymlara partiýamyzyň etrap komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Tejen etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrap bilim bölüminde zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek, umumymilli forumynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen geçirilen duşuşykda çykyşlara giň orun berildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işleriniň ähmiýeti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylyşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleri barada giňişleýin durlup geçildi. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.