"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Beýik Pyragynyň waspy ýaňlanýar

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgi bilen bilelikde türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Ýaşlaryň dilinde ajap zamanda beýik Pyragynyň waspy ýaňlanýar» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirdi. Çärede dana Pyragynyň öwüt-ündew häsiýetli goşgularynyň many-mazmuny, ähmiýeti dogrusynda giňden gürrüň edildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu ýere ýygnanan ýaşlaryň göwünlerini joşa getirdi. Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Çärä gatnaşan ýaşlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Milli medeniýete beýik sarpa bar

Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň merkezi kitaphanasynda geçiren çärämiz «Milli medeniýete beýik sarpa bar» diýlip atlandyryldy. Oňa edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy öwrenmekde, ösdürmekde, dünýä ýaýmakda hem-de geljekki nesillere ýetirmekde durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Milli medeniýetimiziň baýlaşmagy, sungatymyzyň dünýä ýaýylmagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Körpe bilgirjeler

Welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Balkanabat şäherindäki 20-nji çagalar bakja-bagynda «Körpe bilgirjeler» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň çagalar baglarynda terbiýelenýän mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleri gatnaşdylar. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň ata Watanymyza, ene topragymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, döwrümize bolan söýgülerini artdyrmagy, milli mirasymyzy öwrenmegi, olaryň sözleýiş medeniýetini ösdürmegi we sowatlylygyny ýokarlandyrmagy maksat edinen bäsleşikde 5-6 ýaş aralygyndaky  çagalar sowat öwrenişlerini, sözleýişlerini, aýdym aýdyşlaryny, matematika boýunça öwrenenlerini bäsleşigiň üsti bilen ýüze çykardylar.

Gymmatly ýörelgeler wagyz edildi

TZB-niň Köneürgenç etrap guramasynyň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mejlisler eýwanynda geçirilen bu çärä mährem eneler, etrabyň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary gatnaşdylar. Ilki bilen, Köneürgenç etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar guramasynyň başlygy Züleýha Kullaýewa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda öwüt-ündew maksatly geçirilen wagyz-nesihat çäresinde zenanlarymyzyň maşgala agzybirligini saklamakda, nesil terbiýesinde, jemgyýetde tutýan orny barada giňişleýin aýtmak bilen, zenan mertebesini belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlaryna çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdi. Soňra mährem ene Almagül Pirnepesowa, Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy Gülbahar Mätnazarowa, etrapdaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aýnabat Toýlyýewa, etrap hassahanasynyň şepagat uýasy Arazbibi Soltanmyradowa we beýlekiler gün tertibindäki meseleler boýunça giňişleýin çykyş etdiler. Çykyşlarda berkarar ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda halkymyzyň abadançylygy, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli bolup ýetişm

Tejribe alyşdylar

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň degişli meýilnamasyna laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde «Bagtyýarlyk döwrüniň kardeşler arkalaşyklarynyň döwrebap wezipeleri» atly okuw-maslahaty guraldy. Aprel aýynyň 14 — 20-si aralygynda geçirilen okuw maslahatyna ýurdumyzyň welaýatlaryndan öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň ilkinji gününde geçirilen dabaraly maslahatda kärdeşler arkalaşygynyň öňünde durýan wezipeler barada durlup geçildi. Okuw-maslahatynyň dowamynda dürli sport ýaryşlary, bäsleşikler, aýdym-sazly dabaralar guraldy. Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna guralan gezelençler oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Okuw-maslahatyna gatnaşyjylar halkymyzyň yhlasly we netijeli zähmet çekmegi, döwrebap dynç almagy üçin ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Üstünlikler we täze menziller bilen

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji aprelde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimize hasabat berlişi ýaly, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda, biziň welaýatymyzda hem 2023 ― 2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçiriljek «Soňky jaň» dabaralaryna giň gerimde taýýarlyk görülýär. Ak şäherimiz Aşgabadyň güni bilen utgaşyp gelýän bu şanly sene ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleri, şeýle-de ýaşlar üçin uly baýramçylyk. Çärjew etrabynyň bilim ojaklarynda-da «Soňky jaň» dabaralaryny döwrümiziň ruhuna kybap derejede geçirmek üçin taýýarlyk işlerine badalga berildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen halkara göçme foruma gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen halkara göçme foruma gatnaşyjylar bolan bize iberen mähirli Gutlagyňyz hem-de forumyň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden şertleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Türkmen bedewiniň milli baýramçylygyna bagyşlanyldy

Ýakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda “Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň” atly maslahat geçirildi. TKA-nyň welaýat hem-de Türkmengala, Baýramaly etrap birleşmeleriniň guramagynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, TKA-nyň welaýat hem etrap, şäher birleşmeleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Taganmyrat Gurtlyýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, mährem ene Ogulgerek Akmämmedowa, TKA-nyň Türkmengala etrap birleşmesiniň başlygy Myratly Amannaýew, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni Mähri Seýtiýewa we beýlekiler çykyş etdiler.

“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat

25-nji aprelde Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVI halkara ylmy maslahat geçirildi. Däbe öwrülen forum ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan esasy çäreleriň üstüni ýetirdi. Çykyşlarda ahalteke atlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak işinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigi aýratyn bellenildi.

Dabaraly maslahat

Ahalteke bedewleri — şöhratymyz-şanymyz TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat, Mary şäher komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Ahalteke bedewleri — şöhratymyz-şanymyz” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Nesil terbiýesi — bagtyýar geljegiň özeni Golaýda welaýat baş bilim müdirliginiň, TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň, şäheriň polisiýa bölüminiň, şäher prokuraturasynyň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki 14-nji orta mekdepde “Nesil terbiýesi — bagtyýar geljegiň özeni” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, şäheriň polisiýa bölüminiň we prokuratura edaralarynyň işgärleri, bilim işgärleri, şäherdäki 10-njy, 14-nji, 16-njy orta mekdepleriň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.

Halkara maslahat: asylly başlangyçlar, oňyn teklipler

Şu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda geçirilýän «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işini dowam etdi. Irden Türkmenabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda maslahatyň umumy mejlisi boldy. Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiziň halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynyň okalmagy oňa gatnaşyjylaryň ruhlaryny has-da beýgeltdi.

Wagyz-ündew çäresi

Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 31-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher komitetiniň we Gumdag şäherçe polisiýa bölümçesiniň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-ündew çäresi geçirildi. Oňa şäherçedäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, mährem eneler we ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Çärede Watanymyzyň geljekki eýeleri bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, maksada okgunly, bilimli bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri, zyýanly endiklerden daşda durmaklary barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda uly tagallalaryň edilýändigi barada gürrüň edildi.  Döwlet Baştutanymyzyň özleri hakynda edýän aladalaryna ýaşlaryň oňat okap, göreldeli zähmet çekip jogap bermelidikleri nygtaldy. Halkymyzyň bagtyýarlygy, aýratynam ýaşlar barada uly alada edýän  Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

«Açyk gapylar» güni geçirildi

Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa orta mekdepleriň gutardyş synp okuwçylary, mugallymlary we bu bilim ojagyna okuwa girmäge isleg bildirýän beýleki raýatlar gatnaşdy. «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakyndaky aladalaryndan ugur alnyp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa paýtagtymyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinden talyplar, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

Özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär

24-nji ap­rel­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler, Ar­ka­la­şyk we ösüş bo­ýun­ça Döw­let sek­re­ta­ry De­wid Ke­me­ro­ny ka­bul et­di. Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň we De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Pa­ty­şa­sy Karl III hem-de Prem­ýer-mi­nist­ri Ri­şi Su­na­gyň mä­hir­li sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi

Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň möw­süm­dä­ki 4-nji ýa­ry­şy Hor­wa­ti­ýa­nyň paý­tag­ty Zag­reb­de ge­çi­ril­di. 20 tap­gyr­dan yba­rat 283,28 ki­lo­metr­lik ýa­ryş­da «Toyo­ta Ga­zoo Racing» to­pa­ry­nyň fran­suz sü­rü­ji­si Se­bas­ti­an Ožie ýe­ňi­ji bol­dy. Ol ýa­ry­şy 2 sa­gat 40 mi­nut 23,6 se­kunt­da ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki il­kin­ji, kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça-da 59-njy ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Ožie­niň bri­ta­ni­ýa­ly to­par­da­şy El­fin Ewans ýe­ňi­ji­den 9,7 se­kunt az gör­ke­zi­ji bi­len 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Ýe­ňiş mün­be­ri­niň 3-nji bas­gan­ça­gy­na bol­sa «Hy­un­dai Shell Mo­bis» to­pa­ry­nyň bel­gi­ýa­ly sü­rü­ji­si Ti­er­ri Noý­will çyk­dy. 4-nji ýa­ryş­dan soň umu­my sa­naw­da Noý­will 86 utuk bi­len öň­de­li­gi eýe­le­ýär. 2-nji orun­da­ky Ewan­syň 80 utu­gy bar. Soň­ky ýa­ryş­da 8-nji ýe­ri eýe­län fran­si­ýa­ly Ad­ri­an Fur­mo 59 utuk bi­len 3-nji orun­da bar­ýar. Möw­sü­miň 5-nji ýa­ry­şy 9–12-nji maý­da Por­tu­ga­li­ýa­da ge­çi­ri­ler.

EURO 2024-iň emin­leri mä­lim edil­di

Şu to­mus­da fut­bol bo­ýun­ça Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ril­jek 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da oýun­la­ra gözegçilik et­jek emin­le­riň sa­na­wy mä­lim edil­di. 18-si Ýew­ro­pa­dan, je­mi 19 emin çem­pio­na­tyň çä­gin­de ge­çi­ril­jek 51 du­şu­şyk­da jür­le­wük ça­lar. Emin­le­riň ara­syn­da Ita­li­ýa­dan, Fran­si­ýa­dan, Ang­li­ýa­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan 2 emin bo­lup, Ru­my­ni­ýa­dan, Slo­wa­ki­ýa­dan, Por­tu­ga­li­ýa­dan, Is­pa­ni­ýa­dan, Ni­der­land­lar­dan, Pol­şa­dan, Tür­ki­ýe­den, Şwe­si­ýa­dan, Şweý­sa­ri­ýa­dan hem-de Slo­we­ni­ýa­dan 1 emin ça­gy­ryl­dy. Ça­gy­ry­lan emin­le­riň ara­syn­da An­to­ni Teý­lor, Maýkl Oli­wer, Da­nie­le Or­sa­to, Kle­man Tur­pen, Işt­wan Ko­waç, Şi­mon Mar­çi­ni­ak ýa­ly bel­li emin­ler hem bar. Şeý­le-de, KON­ME­BOL we UEFA-nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň çä­gin­de ar­gen­ti­na­ly meş­hur emin Fa­kun­do Tel­lo hem çem­pio­na­tyň do­wa­myn­da ýew­ro­pa­ly kär­deş­le­ri­ne ýar­dam be­rer.

Çekeleşikli geçen duşuşyklar

Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol çem­pio­na­tyn­da 9-njy tap­gyr­da sa­na­wyň li­de­ri «Ar­ka­dag» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «Şa­ga­dam» bi­len du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da myh­man­lar 1-nji ýa­rym­da Be­genç Ak­mäm­me­dowyň (29) hem-de Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýewiň (37) gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýer eýe­le­ri­niň ýe­ke-täk go­lu­ny 75-nji mi­nut­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan Ars­lan Ýol­ly­ýew ge­çir­di. «Merw» bi­len «Al­tyn asy­ryň» ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da ara­gat­na­şyk­çy­lar oý­nuň ahyr­ky mi­nut­la­ryn­da, has ta­ky­gy, Ars­lan Sa­pa­ro­wyň 85-nji mi­nut­da ge­çi­ren ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy.

Bir sözlemde

Şwe­si­ýa­ly ýe­ňil at­le­ti­ka­çy, sy­ryk­ly bök­me­giň ägir­di Ar­mand Dup­lan­tis Hy­taý­yň Sia­myn şä­he­rin­de ge­çi­ri­len möw­sü­miň 1-nji Göw­her Li­ga ýa­ry­şyn­da 6,24 met­r be­ýik­li­ge bö­küp, özü­ne de­giş­li re­kor­dy tä­ze­le­di (açyk meý­dan­ça­da­ky 8-nji re­kor­dy). Ni­der­land­la­ryň Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da «Fe­ýe­noord» bi­len «NEK Niý­me­gen» to­par­la­ry du­şu­şyp, ola­ryň bi­rin­ji­si Igor Paý­şao­nyň 59-njy mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da ýe­ňiş ga­zan­dy we 14-nji ge­zek ku­bo­ga my­na­syp bol­dy.

An­der­sen baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­le­ri

Ça­ga­lar ede­bi­ýa­ty bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy ha­sap­lan­ýan «Hans Kris­ti­an An­der­se­niň al­tyn me­da­ly», 2024-nji ýyl­da awst­ri­ýa­ly ýa­zy­jy Haýns Ýa­ni­şe we ka­na­da­ly su­rat­keş Sid­neý Smi­te gow­şu­ryl­dy. Bu ba­ra­da Ita­li­ýa­da ge­çi­ri­len Bo­lon­ýa ça­ga­lar ede­bi­ýa­ty ýar­mar­ka­syn­da Hal­ka­ra ça­ga­lar ki­tap ge­ňe­şi­niň emin ag­za­la­ry­nyň baş­ly­gy Liz Peýj mä­lim et­di. Hal­ka­ra ýar­mar­ka­sy­na 90-dan gow­rak ýurt­dan 1 müň 500 adam gat­naş­dy. Baý mak­sat­na­ma 600 tö­we­re­gi çä­rä­ni öz içi­ne al­dy. Hans Kris­ti­an An­der­sen baý­ra­gy 1956-njy ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Ça­ga­lar we ýaş­lar ede­bi­ýa­ty bo­ýun­ça hal­ka­ra ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan dö­re­di­lip, her iki ýyl­dan bir ge­zek be­ril­ýär.