"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

«At diýmezden saňa, gardaş diýerem»

Türkmen bedewiniň adamzadyň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy hakyndaky wakalar «Oguznama», «Gorkut ata» eposlarynda we beýleki dessanlarda öz beýanyny tapypdyr. «Gorkut ata» eposynda türkmen tebigatynyň hadysalary kyssanyň hem-de şygryň üsti bilen wasp edilipdir. Ol setirlerde türkmen bedewi hem orun alypdyr: Salkym-salkym daň ýelleri ösdüginde,Sakally bozlaç topgaý saýragykda,Sakaly uzyn datly ary wakladykda... Bedew atlar eýesen görüp okrandykda.

Owazasy dünýä dolan

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ata Watanymyzyň ähli künjegi toýdur dabaralara beslenýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda atçylygy ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek we olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek hem-de dünýä ýaýmak boýunça bimöçber işler alnyp barylýar. Her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisi geçirilýär. Behişdi bedewlerimiziň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikler guralýar. Şeýle hem ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. Bu ýyl bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, bu bäsleşigiň Arkadag şäherinde geçirilmeginiň hem çuňňur manysy bar. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaňy-ýakynda elimize gowşan «Änew ─ müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda hem: «Ahal wela

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Buýsanjymyzy artdyrdy Gökdepe etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Asmanyň hem Zeminiň şalygy — türkmen bedewleri» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna ýaşlar, ýaşulular, mährem enelerimiz gatnaşdy. Olaryň türkmen bedewi hakynda gyzykly hem täsirli çykyşlary ýaşlarda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň gadymy milli ýörelgelerini dikeltmek, ýaýratmak we wagyz etmek, boýunça uly işleri alyp barýandygy bellenip geçildi. Baýramçylyk dabarasynda etrap medeniýet öýüniň bagşylarynyň türkmen bedewini wasp edýän ajaýyp aýdymlary ýaňlandy. Bedewler bilen baglanyşykly guralan kitaplaryň sergisi köpleriň ünsüni çekdi.

Gadymy — ýylyň iň owadan ahalteke bedewi

Bedewleriň içinden iň gowusyny saýlamak dessury türkmenlerde gadymdan gelýän ýörelgedir. Biziň halkymyz diňe bir olaryň ýyndamlygyna, çydamlylygyna, güýjüne hem-de söweşjeň sypatlaryna sarpa goýmak bilen çäklenmän, gylygyna, daşky keşbine-de uly üns berýärler. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigi örän uly ähmiýete eýedir. Bedewler gözüňi gamaşdyrýan köpöwüşginli gözelligi bilen ähli ynsanlary haýran galdyrýar. Türkmen halkynyň atşynaslyk ýörelgeleriniň ösdürilmegine we höweslendirilmegine gönükdirilen bu bäsleşik hem naýbaşy bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň usulyýetleriniň kämilleşdirilmegine kuwwatly itergi berýär. Beden gurluşy boýunça iň owadan bedewleriň bäsleşigi döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda guralan baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin berdi. Bu şüweleň her gezek ussat janköýerleri hem, ähli tomaşaçylary hem haýrana goýýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyndan

■ Taryh nireden başlanýan bolsa, şol ýerde, şol döwürde bedewli geçilen menziller onuň esasynda ýatandyr. ■ Türkmenler ýaşaýyş-durmuşyny, tutuş milletini taryhyň synaga salan pursatlarynda hem bedewinden elini üzen däldir.

Türkmen ruhunyň howalasy

Ýyllary ýyndam atyň toýnagyna deňän şahyr mamla. Minutlar-sagatlar, günler-aýlar, ýyllar-asyrlar, asyl, heňňamyň özi-de bedew tizligi bilen öňe barýar. Geçmişden geljege barýan, «döwür» diýip atlandyrýan wagt giňişligimizde jilt-jilt seneler — taryh ýazylýar. Döwletleriň, halklaryň, beýik wakalaryň, dünýä akymyny özgerden şahsyýetleriň... taryhy. Taryh arkaly geçmişe gaýybana syýahat edýäris, düýnümizi öwrenýäris, şu günümize düşünmäge, geljegiň ýoluny dogry ugra gönükdirmäge çalyşýarys. Gatbar-gatbar sahypalary agdaryp oturyşyňa, bir ajaýyp gudrata gözüň düşýär: ol türkmeniň asyrlardan-asyrlara aşyran, bakyp-bejerip, şaý-esbabyny sünnäläp kemala getiren ynsan gylykly dal bedewi. Bedew — taryh. Bedew — türkmen ruhunyň howalasy. Bedew — goç ýigidiň gardaşy. Bedew — Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşleriniň nyşany. Hut şonuň üçin-de, ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan bellenilip geçilýär. Bedew — taryh. Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly gymmatly kitaplary hem-de beýleki ylmy, edebi, medeni çeşmeler arkaly bedewleriň taryhyny yzarlanyňda, bir ýagdaý haýrana goýýar: at türkmen durmuşynda wajyp orny eýeläpdir, türkmen dünýä sahnasyna bedew aty bilen çykypdyr. Bir mysal. Hormatly Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň

Syrly dünýäniň hakykaty (Oýlanma)

Seniň ýanyňa ýeke gezek golaýlamasam-da, sendäki syrlylygy, güýçli duýgyny, gör, näçe gezekler göz öňümde janlandyryp gördüm. Bu diňe bir şu günüň gürrüňi däl, düýnümde-de sen bardyň... Ilkinji gezek dünýäniň reňkine meňzeş galamlary elime alyp, seniň keşbiňi döretmäge synanyşyk eden gezegim hem ýadymda. Surat çekmäge beýle bir ökde däl hem bolsam, bir gezek edebiýat sapagynda mugallymyň gürrüň beren rowaýatyndan soň, hyýalymda janlanyşyňy kagyza geçiripdim. Rowaýatda ähli baýlygy bir gyra goýup, gudrata eýe bolan türkmeniň diňe bir Zeminiň däl, asmanyň hem şalygyny alandygy aýdylýar. Şeýle duýgur jandaryň asman-Zemin aralygynda uçýandygy beýan edilýär. Şonda öz ýanymdan: «Uçmak diňe guşlara mahsus däl eken-ä» diýipdim... Saňa düşünen dünýä düşüner. Sebäbi gözlerde ähli gudrat jemlenýär. Seniň gözleriňde bolsa hem asman, hem Zemin birleşen. Megerem, ynsana senden gowy düşünýän ýokdur. Çünki islendik adam bilen ýola çykanyňda ilki birek-birege düşünmek gerek. Sen welin iň çarkandak ýollara çykylanda-da, ýoldaşyňy ýeke goýmansyň ahyryn...

Ýigide gaýratdyr bedew (Edebi portretler)

Her gezek gapdalyndan geçeniňde Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili bada-bat ünsüňi egleýär. Dünýäde atyň iň uly binagärlik nyşany hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen şekil gaýratyň, dogumyň nyşany bolup howalanyp dur. Milli buýsanjyna heýkel diken halkyň mertebesi mizemezdir. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen meşhur Akhan bedewine bagyşlanan «Akhan» binasynyň Arkadag şäherinde bina edilendigini, halkymyzyň bedewe bolan söýgüsini goşalandyrýan ýene bir ajaýyp binany — Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewine atlanan keşbini şöhlelendirýän «Arkadag Binasyny» ýatlamak has-da buýsandyryjy. Müňýyllyklaryň dowamynda ynsana syrdaş bolup gezen bedewler bu gün tutuş milletiň ruhy çyragy. «Bedewini harlan, horlan baýnamaz» diýlipdir. «At — myrat» diýip, olary döwletlilige hem deňäpdirler. Gadymyýetde her bir halkyň oňony bolup, olar döwür bilen, düşünjeler bilen baglylykda üýtgäp durupdyr. Gadymy döwürlerde türkmenleriň oňony öküz, gurt ýaly jandarlar bolupdyr. Pikir edip görseň, häzirki wagtda türkmen halkynyň oňony hökmünde behişdi bedewlerimizi görkezse bolar. Olaryň döwrüň ösüş-özgerişleri bilen baglanyşyklylykda simwollaşdyrylmagy hem özboluşly hadysadyr. * * *

Ahalteke bedewleri dünýäniň sungat eserlerinde

Heý, pikir edip gördüňizmi? Sungatyň döremegine näme sebäp bolduka? Sungata itergi berýän güýç näme? Sungatyň döremegine sebäp bolan zat — ynsanyň gözelligi wasp etmek islegi. Gözellik — sungatyň hamyrmaýasy. Mysal üçin, her pasylda tebigatyň bürenýän täsin gözelligi, gülleriň jadylaýjy görki, gyz-gelinleriň owadanlygy, belent daglaryň haýbaty, ummanlaryň giňligi, çölleriň howry, kölleriň durulygy, ýelleriň näzikligi... sungatyň islendik ugry üçin ylham çeşmesidir. Tebigatyň şeýle ajaýyplyklarynyň biri hem adam ykbaly bilen ykbaldaş, ynsanyýet taryhy bilen döwürdeş, eýesiniň ýüregi bilen ýürekdeş bedewlerdir. Bedewleriň seresi, bedew gözelliginiň naýbaşysy bolsa, elbetde, ahalteke bedewleridir. DÜNÝÄNIŇ HEÝKELTARAŞLYK SUNGATYNDA AHALTEKE BEDEWLERI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:

— Dünýä içre ýene bir ajaýyp dünýä bar, oňaMagtymguly Pyragynyň dünýäsi diýilýär. Dünýä kartasyndaky ummanlardan başga,adamzat aňynda ýene bir umman bar, oňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»diýilýär. Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýöne bir duýga ýugrulan goşgular däldir, olar beýik akyl-paýhas taglymatydyr, ylym-bilim sapagydyr, danalaryň öz nesillerine öwüt-nesihatydyr. ***

Merkezi saýlaw toparynyň maslahaty

Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň ýerine saýlawlary geçirmäge taýýarlyk meselelerine bagyşlanyp, 25-nji aprelde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň gün tertibine öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmegiň meseleleri girizildi. Milli parlamentiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar 2024-nji ýylyň 7-nji iýulyna, ýekşenbe gününe bellenildi. Merkezi saýlaw toparynyň agzalary saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge gönükdirilen çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de tassykladylar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

24-nji aprelde Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Assosiasiýanyň her ýyl geçirilýän mejlislerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilýär we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garalýar. Bu mejlisler özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy täze pikirlerdir bilelikdäki taslamalar bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, forum özüni atşynaslaryň, ugurdaş hünärmenleriň, alym-ippologlaryň, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň dürli ýurtlardaky muşdaklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek, tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança hökmünde görkezdi.

Buýsanjymyz çäksizdir

Milli baýlygymyz we göz guwanjymyz bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda gazanan uly üstünlikleri, ýokary netijeleri üçin, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň ussat seýisleriniň we hünärmenleriniň birnäçesi hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp boldular. Habarçymyz olaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdi. Nazar ANNANIÝAZOW,Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň tohumçylyk boýunça baş hünärmeni:

Ynsanyň syrdaşy

Owadanlykda, düşbülikde, eýesine wepalylykda, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk bedewlerimiziň halkymyzyň durmuşyndaky eýeleýän orny örän uludyr. Türkmen bedewleri baradaky taryhy maglumatlara ser salanyňda, ahalteke atlarynyň ata-babalarymyzyň ýakyn hemrasy bolandygynyň şaýady bolýarsyň. Häzirki döwürde ahalteke atlarymyz dünýäniň köp ýerinde üstünlikli çykyş edip, halkymyzyň at-abraýyny ýokary göterýärler. Il içinde «At — arzuw», «At — myrat», «Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen nakyllar ýöne ýerden dörän däldir. Olaryň aňrysynda uly many bar. Halkymyz düýşünde at münse, gowulyga ýorýar. Döwlet tugramyzda hemişelik orun alan Ýanardag bedewi halkymyzyň göz guwanjy. Asyrlaryň dowamynda at üstünde söweşen ata-babalarymyz mähriban topragy gorap saklapdyrlar. Bedewiň üsti ýeg görlüpdir. Bedew atlar ata-babalarymyzyň jandan eziz görýän söweşjeň ýoldaşy bolupdyr. Şonuň üçin-de, türkmen ýokdan bar edip, bedewini altyn-kümüş şaýlar, nepis haly bilen bezäpdir.

Behişdi barlygyň waspy

Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «At türkmen üçin ähli zatdyr» diýip belleýär. Şu jümle Milli Liderimiziň türkmen bedewlerine garaýşyny, olara goýýan sarpasyny görkezýär. Şonuň ýaly-da, bu eserde türkmen bedewiniň taryhy yzarlanyp, onuň gelip çykan ýeriniň türkmen topragydygy ylmy taýdan subut edilýär. Munuň özi kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar, ony türkmen bedewiniň taryhy barada ýazylan iň naýbaşy eser hökmünde öňe çykarýar. Şonuň üçin hem, Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri ýurdumyzyň taryhçy alymlary, atşynaslary, bilim işgärleri, mahlasy, ähli adamlar üçin ýankitaba öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew» atly kitaby bolsa çuňňur pelsepä, şahyranalyga, many-mazmuna ýugrulyp, ol okyjyny turuwbaşdan özüne imrindirýär. Aslynda, durmuş pelsepesi, türkmeniň gardaşy hem syrdaşy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň ynsan durmuşyndaky orny kitabyň ähli bölümleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Kitapda türkmen bedewleriniň gelip çykyşyna, olaryň reňk aýratynlyklaryna, reňkleriniň türkmen topragy bilen berk baglanyşygynyň bardygy hakyndaky garaýyşlara giň orun berilýär. Bu barada Milli Liderimiz: «Men türkmen bedewlerine has bolan täsin reňkler dünýäde seýrek duş gelýär diýmekçi bolýaryn. Bu gözelligi ahalteke bedewlerine owadan, ylahy gudratly türkmen tebigaty eçilipdir» diýip belläp geçýär.

Çagalar — durmuşymyzyň gülleri

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Türkiýede boldular Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynda boldular. Olar Türkiýede her ýylyň 23-nji aprelinde bellenilýän Milli özygtyýarlylyk we çagalar güni mynasybetli geçirilen medeni çärelere gatnaşdylar.

Tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança boldy

Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi.

Ýigidi myradyna ýetirer bedew

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bolup, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şonda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti bedew baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berip, şu ýyl ahalteke bedewleriniň köp sanly taýlarynyň doglandygyny, olaryň baş sanynyň has-da artandygyny uly buýsanç bilen habar berdi. Gahryman Arkadagymyz täze doglan taýy görüp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenip geçilýändigini nazara alyp, täze doglan taýa Şahyr diýip at goýdy we boýnuna alaja dakdy. Bu tolgundyryjy pursady mawy ýaýlym arkaly synlap oturyşymyza bedew aty bilen tutuş taryhyny bile geçiren, ykbalyny ykbalyna baglan halkymyzyň egsilmez milli buýsanjy kalbymyza doldy. Oguzlaryň gahrymançylykly eseri bolan «Gorkut ata» eposynda on alty ýyllap bedew atyndan aýra düşen Bamsy Biregiň syrdaşy, göwündeşi, ynsan gylykly bedewi Boz aýgyr bilen duşuşygynda oňa ýüzlenip aýdan sözleri bada-bat ýadymyza düşdi. Şonda oguz gerçegi atyny: «Äri myradyna ýetirer seniň arkajygyň» diýip taryplaýar. Mert ýigidiň bu sözleri külli türkmen gerçekleriniň uçar ganaty hasaplanylýan bedewle

Halkymyzyň uçar ganaty

Türkmen halky gymmatly we baý milli mirasyň eýesidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen halky adamzadyň gadymy döwürlerinden bäri dünýäniň medeni-ruhy, ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşan halkdyr. Biziň baý hem-de gadymy mirasymyz, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyz bar» diýip nygtaýar. Umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen maddy we medeni gymmatlyklarymyz, aýratyn hem, atçylyk mirasymyz dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Halkymyzyň goja taryhyň alyslyklara uzap gidýän menzillerindäki ýaşaýyş-durmuşyny, ynanç-düşünjelerini içgin öwrenen alymlar ildeşlerimiziň at bilen bagry badaşandygyny ylmy gözlegleriň we barlaglaryň netijesinde anyk subut etdiler. Munuň şeýledigini atşynaslyk sungatyny iň ýokary derejä ýetiren halkymyzyň şu günki durmuşynda bedewiň tutýan orny hem aýdyň görkezýär.

Howpsuz hereket — asuda ýaşaýyş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda ähli amatlyklary bolan awtomobil ýollarynyň, häzirki zaman ýol-ulag düzümleriniň gurulmagy agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr. Ata Watanymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam, onuň saglygy, ömri barada edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň ähli paslynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm ähmiýetli wezipedir. Çünki ýollarymyzyň asudalygy maşgalamyzyň abadanlygy, ömrümiziň rahatlygy bilen aýrylmaz baglydyr. Bu möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň öňünde mukaddes borç bolup durýar.