Ýyllar üstünlikli gelýär
Ýene-de sanlyja günden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly tamamlanyp, täze ýyla gadam basarys. Ýurdumyzyň durmuşynda ähli ugurlarda gazanylan üstünlikler bilen tamamlanýan ýylda syýasatda, ykdysadyýetde, nebitgaz, ulag-aragatnaşyk we beýleki ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanyldy. Türkmen diplomatiýasynyň üstünlikleriň hatarynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»; «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy»; «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary»; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Halklaryň arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň, raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy goldamaga gönükdirilen bu Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Ykdysadyýetde gazanylan üstünlikler hem halkymyzyň bolelin durmuşynyň kepilidir. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň esasy makroykdysady g