"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Şadyýan tomus — 2024

Wagtlaryny hoş geçirýärler Şu günler güneşli Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alşy ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Welaýatymyzdaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini hem bagtyýar çagalaryň şatlyk-şowhuny, gülki sesleri gurşap aldy. Bu merkezde üç tapgyrda — her tapgyrda 300, jemi 900 çaga dynç alýar. Häzirki wagtda bolsa merkezde tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyry dowam edýär. Ähli amatlyklary bolan merkezde dynç alýan çagalaryň şatlyk-şagalaňy bu ýerde guralýan dabaralaryň baý many-mazmuny bilen utgaşyp, göwünleri galkynan körpeleriň durmuşyna röwşenlik çaýýar. Merkezde kitaphanadyr muzeý, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ýörite woleýbol, basketbol, tennis meýdançalary dynç alýan çagalaryň hyzmatynda. Bagtdan paýly balalar merkezde öz wagtlaryny diýseň gyzykly we many-mazmunly geçirýärler.

Giň dünýäniň geň habarlary

Polatdan hem berk Russiýanyň «MISiS» Milli tehniki gözlegler institutynyň alymlary alýuminiň esasynda polatdan berk, emma ýeňil hem-de çeýe täze kompozit materialy döretmegiň hötdesinden geldiler. Onuň ýene bir aýratynlygy 500 dereje gyzgynlykda-da mehaniki durkuny ýitirmeýänligindedir. Täze çig maly maşyngurluşyk senagatynda we howa gämileriniň önümçiliginde peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Şöhratymyz-şanymyz, dillerde dessanymyz

Merjen paýtagtymyzy synlanyňda, göwnüň göterilýär. Ak mermere we al-elwan güllere beslenen Aşgabat şäheri dünýäniň gursagynda täsin bir öwüşginli ak nur bolup lowurdaýar. Belentden seredeniňde, owadan binalaryň toplumy Aşgabadyň täsin binagärlik keşbini aýyl-saýyl görkezýär. Paýtagtymyzyň çar künji özgerişiň we täzelenişiň nurly ýalkymy bilen öwşün atýar. Tylla gupbaly köşkleri, belent ýaşaýyş jaýlary, kaşaň desgalary, biri-birinden owadan suw çüwdürimler toplumlary, ajaýyp seýilgähleri, şaýollary, ýaşyl baglary, al-elwan gülleri göreniňde, göwnüň galkynýar. Hawa, daş-töweregimizdäki özgerişleri gözümiz bilen görüp, olara buýsanýarys. Mermer paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligini wasp etmezlik asla mümkin däl. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gurulýan ak mermere beslenen her bir bina özüniň binagärlik keşbi bilen göreni haýrana goýýar. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ähli künjekleri, şeýle-de gözel paýtagtymyz Aşgabat toplumlaýyn gurluşyklar meýdanyna öwrüldi.

Nesilleriň şatlygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýip, çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki tomus paslynyň dowam edýän günlerinde bu eşretli durmuşyň höziri Gökdere jülgesinde wagtyny şadyýanlykda geçirýän körpejelerimiziň nurana ýüzlerinde hem aýdyň duýulýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösdürilmegine, kämil düşünjeli bolmagyna gönükdirilen uly işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu ugurda üstünlikli hereket edýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleri hem biziň her birimizi guwandyrýar. Elbetde, çagalar durmuşymyzyň güli. Olaryň şadyýanlygy, bagtyýarlygy ýurt abadançylygyndan habar berýär. Şeýle şadyýan körpeleriň birnäçesi Gökdere jülgesindäki köpsanly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Körpeleriň gülki sesleri ajaýyp mukam bolup ýaňlanýar. Çagalaryň dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesindäki «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde döredilen şertler barada uly mugallym Annasoltan Baýramowa şeýle gürrüň berdi:

«Magtymguly, syrym çohdur...»

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şeýle bir çuň we köptaraply bolup, onuň syrlylygy, çuň many-mazmunlylygy her bir ynsany özüne maýyl edýär. Nusgawy şahyryň şygyrlaryny okan adamyň öňünde ençeme soraglar, akyl ýetirilmeli syrlar dünýäsi açylýar. Okyjy olara näçe köp jogap tapdygyça, şahyryň döredijiligi bilen has hem ysnyşýar. Okyjysyny şol syrlary açmaga imrindirmegi Magtymguly Pyragynyň gaýtalanmajak ussatlygyny alamatlandyrýar. Pyragy ony şeýle setirler bilen beýan edýär: «Magtymguly, syrym çohdur. men neýläýin açan ýokdur». Pyragynyň şeýle setirleri bar:

Beýik danany hormatlap

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlaryny paýhasly dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär we diwersifikasiýalaşdyrylýar. Gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň asuda hem bagtyýar durmuşyny üpjün edýär, toý-baýramlarymyza şan berýär, Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralary uludan bellenilýär. Şu ýylyň 17-nji maýynda agşam çagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ajaýyp ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy hem täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Köpetdagyň gerişlerinde, tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60  metre, şahyryň «Türkmeniň» goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Gahryman Arkadagymyzyň goşgusynyň her bir setirinde, sözünde örän çuň many bar:

Demokratiýa dabaralanýar

Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde, saýlaw çäreleriniň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynyň çäklerinde hereket edýän uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatyna milli synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzda saýlaw ulgamyny döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle-de öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler hem-de goşmaçalar bilen tanyşdyryldy.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede ýakyn dost-ýarlary bilen gatnaşyklarynyň ýygjamlaşmagy hamallaryň bähbidine bolar. Meseleleriňiziň çözgüdinde olara rahatlyk bilen ynanyp bilersiňiz. Iş meýilnamalaryňyz babatda tejribe toplap biljek islendik mümkinçiligiňizden peýdalanyň!

Düzgünler berjaý edilmelidir

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen badalga alan galla oragy barha gyzyşýar. Möhüm işe kuwwatly kombaýnlardyr ýük awtoulaglary we beýleki oba hojalyk tehnikalary giňden çekilýär. Ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamak üçin ýangyn howpsuzlygyna hem uly üns berilmelidir. Gymmatly hasyla ýangynyň howp salmazlygy üçin aşakdaky düzgünler berk berjaý edilmelidir: — oba hojalyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary oraga gatnaşýan adamlar tarapyndan ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine jogapkär işgärleri bellemeli. Olar sürüjileriň arasynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi barada gözükdiriş işlerini geçirmeli;

Ruhy päkligiň gözbaşy

Berkarar Watanymyzda halkymyza yranmaz döwleti, mizemez bagtyýarlygy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her günümiz toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Hut sapaly tomsuň ilkinji günlerinde biz şanly seneleriň birnäçesini baýram etdik. Şu günler bolsa eziz halkymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdyp, milli senenamamyzda aýratyn orun alan Gurban baýramyny tutumly dabaralar bilen bellemäge taýýarlyk görýär. Mukaddes Gurban baýramy güneşli ülkämizde ynsanlaryň köňlüni päkläp, il-güni ýagşylyga çagyrýan, dostlaşdyrýan we jemgyýetde ruhubelentligi döredýän baýram hökmünde her ýyl uly dabaralar bilen bellenilýär. Aslynda, Gurbanlyk etmegiň asyl maksady dini däp-dessurlary doly ýerine ýetirmek bilen, Beýik Biribaryň razylygyny, ýalkawyny gazanmakdyr. Üç günläp baýram edilýän bu günlerde asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip, dowam etdirilip gelinýän ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz esasynda milli ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz berjaý edilýär. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan bu sene agzybir halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar. Baýramyň ilkinji gününden başlap, ähli maşgala ojaklarynda saçaklar giňden ýazylyp, gazanlar atarylyp, her bir öýi şadyýanlyk, bagtyýarlyk gurşap alýar. Gurbanlyk kesmek we ony paýlamak bu baýramyň esasy aýratynlygydyr. Gurbanlyk beriljek malyň sagdyn bolmagy esasy talap hasap

Dabaraly ugradyş

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde 2022-nji ýylyň ýaz möwsüminde çagyryş boýunça harby gulluga gelen harby gullukçylar Watan öňündäki gulluk borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirip, harby kasama wepaly, harby tehnikalara ezberlik bilen erk edip, harby tälimlere, söweşjeň we gumanitar taýýarlyk sapaklaryna hem-de sport we medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşyp, gulluk borçlaryny uly üstünliklere besläp tamamladylar. Harby gullukçylary ätiýaçlyga ugratmak dabarasy harby bölümiň orkestr bölümçesiniň hem-de etrabyň medeniýet işgärleriniň, il sylagly ýaşulularynyň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda guramaçylykly geçirildi. Çäräniň dowamynda gulluk borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirenlere harby bölümiň serkerdesi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Synaglar kabul edildi

Golaýda maýor Meýlis Baýramowyň serkerdelik edýän harby bölüminde okuw möwsüminiň tamamlanmagy mynasybetli, harby gullukçylaryň bilim derejelerini, şeýle-de hünär ussatlyklaryny barlamak maksady bilen jemleýji barlag geçirildi. Onuň dowamynda topar agzalary düzülip, bölümçeler bilen guralan sapaklaryň netijeleri boýunça hasap synaglary kabul edildi. Seljermäniň netijesinde, bölümçeleriň arasynda uly leýtenant Nobatgeldi Nobatgeldiýewiň serkerdelik edýän rotasynyň şahsy düzümi guralan sapaklarda oňat bahalar bilen tapawutlanmagy başardy. Tapawutlanan harby gullukçylara harby bölümiň serkerdesiniň adyndan Hormat hatlary gowşuryldy. Halymberdi ATABEGOW,maýor.

Mukaddes borja eýerip

Ýakynda TGM-niň Harby-deňiz institutynda «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, pederlerimiziň müdimi öwüt-pendi bolan Watan goragyny üstünlikli ýerine ýetiren çagyryş boýunça harby gullukçylary ätiýaçlyga goýberiş dabarasy boldy. Olar üçin ýörite aýdym-sazly çykyşlar we sahna oýunlary görkezildi. Aýdym-sazly dabaraly çäreden soň, nyzam meýdançasynda institutyň rektory ätiýaçlyga ugradylýan matroslara çagyryş boýunça harby gullugy geçendiklerini tassyklaýan harby biletleri dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Çagyryş boýunça harby gulluk eden döwründe edep-terbiýesi, ýiti zehini, harby gulluga bolan söýgüsi bilen has-da tapawutlanan matroslar Ruslan Myratgeldiýew, Akmyrat Öwlýagulyýew, Guwanç Mämmedow, Döwlet Meredow dagy Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Mahmud SAPAROW,TGM-niň Harby-deňiz institutynyň mugallymy, kapitan leýtenant.

Bagtyýar çagalaryň nurana durmuşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan merdana Watan goragçylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň bilen baglylykda, Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylarynyň maşgalalary aýratyn alada bilen gurşalýar. Olaryň çagalarynyň döwrebap bilim almaklary, saglyklaryny berkitmekleri, geljekde Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterjek şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin köp sanly ähmiýetli işler ýola goýuldy. Bu işleri amal etmekde çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny üpjün etmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi körpeje myhmanlaryny her ýylda gujak açyp garşy alýar. Merkezde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini peýdaly hem-de netijeli geçirmekleri üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde hereket edýän gurnaklar, sport meýdançalary, kitaphana we beýlekiler dynç almaga gelen çagalarda ýatdan çykmajak duýgulary döredýär. «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan körpeleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan döwletli tutumlar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapy

Ýarym ýylyň jemi

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde 2024-nji ýylyň birinji ýarymy boýunça okuw möwsüminiň jemini jemlemek çäreleri gyzgalaňly dowam edýär. Dürli ugurlar boýunça kabul edilýän synaglaryň netijesinde, harby gullukçylaryň ýarym ýylyň dowamynda geçilen okuwlary talabalaýyk özleşdirendiklerini görmek bolýar. Söweşjeň, syýasy-ynsanperwerlik hem beden taýýarlygyndan kabul edilýän synaglarda harby gullukçylaryň ýokary netijeleri görkezmekleri Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde gulluk-söweşjeň işleriniň göwnejaý ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Arslan HOJAMYRADOW, podpolkownik.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Dünýäde belent bina Saud Arabystanynda täze belent binanyň gurluşygyna täzeden başlandy. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki beýikligi 828 metr bolan Burj-Halifa diňinden belent boljak binany gurmak bu ugurda baý tejribesi bolan Hytaýyň gurluşyk kompaniýasyna ynanyldy. Bu bina ýurduň Gyzyl deňziň kenarynda işlap düzen taslamasynyň bir bölegidir. Beýikligi 1000 metr bolan Jidde diňini 4-5 ýylyň içinde gurup tamamlamak göz öňünde tutulýar. Onda myhmanhana, edara we ýaşaýyş jaýlary, syýahatçylyk merkezleri, güýmenjeli ýerler, suw sportunyň oýunlarynyň toplumlary bolar. Diňiň 652 metrligindäki syn ediş meýdançasyndan daş-töweregi synlamak mümkinçiligi bar. Daşy durşuna aýna bilen örtüljek bina ýokary tizlikli hem çylşyrymly lift ulgamy bilen üpjün ediler.

Dünýä adama dostmy ýa duşman?!

(Tymsal) Gadym zamanlarda ýaşap geçen bir patyşa üýtgeşik bir köşk gurmagy buýranmyşyn. Onuň içinde her hili ajaýyplyklar köp eken. ªolaryň biri hem köşkde ýerleşýän ähli tarapy: diwarlary, ýokarsy, aşagy aýnalar bilen örtülen zalmyşyn. Ol aýnalar şeýle bir durumyşyn welin, zala girenler alnynda aýnanyň bardygyny birbada oňly saýgarybam bilmeýärmişinler. ªeýle-de ol zalyň diwarlary hem täsin usul bilen ses ýaňlanar ýaly edilip gurnalanmyşyn.

Durmuş düwünçeginden

Säherde şirin saýraýan torgaýyň owazy ýaly, ene diliň ýat ýurtda has ýakymly ýaňlanýar. *  *  *

Şadyýan çagalaryň bäsleşigi

Türkmenbaşy etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen «Biz — şadyýan çagalar» atly bäsleşik şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa etrabymyzda ýerleşýän çagalar bakja-baglarynyň körpeleri gatnaşdylar. Ýaryşyň şertine görä, her topar 10 çagadan ybarat bolup, olar eliňe pökgini alyp ylgamak, päsgelçilikeriň arasyndan ylgap geçmek, çemçe bilen stol tennisiniň topjagazyny äkidip getirmek boýunça bäsleşdiler.

Ýaş ýol gözegçileri

Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Gyzylarbat etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi bilen bilelikde bäsleşik geçirdik. Ýol hereketiniň düzgünlerini çagalara düşündirmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen geçirilen bäsleşige merkezde dynç alýan körpeler gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan we onda ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.