"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz beýik ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, abadan ýaşaýşyna gönükdirilendir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen beýik işler ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün edýär. Durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň baş ýörelgesi bolup durýar. Milli ykdysadyýeti ösdürmegiň baş maksady uzak möhletli ösüşi üpjün etmekden, döwrebap mümkinçilikleri döretmekden, sanly ulgamy ösdürmekden ybaratdyr. Şonuň üçin bu ugur öňdebaryjy ylmy taglymatlary we innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzyň ykdysady serişdeleriniň, tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakdyr. Maliýe ulgamynyň işini kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak arkaly durnukly ykdysady ösüşi gazanyp bolýar. Şunda ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga giň mümkinçilikler döreýär.

Aşgabatda “Iran Agrofood” atly ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty geçiriler

2024-nji ýylyň 16–18-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde “Iran Agrofood” atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär. Sergide oba hojalyk tehnikalarynyň, ekinleriň kämilleşdirilen tohumlarynyň, dökünleriň, himiki serişdeleriň hem-de azyk önümleri gaplamagyň tehnologiýalarynyň tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

Ynama ygrarlylygyň görkezijisi

Iň soňky täzeliklerden we wakalardan habarly bolmak ähli döwürlerde söwda-ykdysady işjeňlikde üstünlik gazanmagyň esasy şertleriniň biri hasaplanypdyr. Halk ertekilerinde, tymsallarda parasatly adamlar bilen geňeşip, ummasyz mal-mülküň eýesi bolýan tüçjarlaryň, häzirki döwürde ygtybarly taslamalara maýa goýup, dünýäniň iň baý adamlarynyň hataryna goşulan işewürleriň mysalynda bu hakykat aýdyň görünýär. Pul serişdelerini ygtybarly we girdejili taslamalara ýatyryp, peýda görmek bu gün maýa goýujylaryň esasy aladasy. Şeýle taslamalary ýüze çykarmak, olaryň ýakyn we uzak geljekdäki mümkinçiliklerine baha bermek bolsa halkara maliýe institutlarynyň wezipesidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen baglanyşykly geçirilýän halkara forumlara onlarça döwletlerden ýüzlerçe işewürleriňdir bilermenleriň gatnaşýandygyna şaýat bolýarys. Munuň özi Türkmenistanyň okgunly ösüş bilen häsiýetlendirilýän ykdysady görkezijileriniň, ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalaryň dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini tassyklaýar. Iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýän maýa goýumlary çekmekde abraýly halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti örän uludyr. Çünki halkara maliýe institutlary ykdysady görkezijileri we olara täsirini ýetirýän şertleri seljermek arkaly diňe bir iri kompaniýalaryň däl, eýsem, tutuş döwletleriň ykdysady mümkin

Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy işläp taýýarlanyldy

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli awiasiýa pudagynda awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň Howa kodeksine we Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda, “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmen wekiliýeti Parižde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň Baş assambleýasynyň 175-nji mejlisine gatnaşdy

26-njy noýabrda türkmen wekiliýeti Parižde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň Baş assambleýasynyň 175-nji mejlisine gatnaşdy. Bu çärä türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan wekiller gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň agza bolup durýan Halkara sergiler býurosynyň dolandyryş we býujet, düzgünler, maglumat we aragatnaşyk hem-de ýerine ýetiriji komitetleriniň agzalary baradaky hasabatlar diňlenildi we ol hasabatlar tassyklanyldy. Şeýle hem ýetip gelýän halkara sergilere taýýarlyk işleriniň gidişi barada habarlar diňlenildi. Soňra Ýaponiýanyň wekiliýetiniň Osakada geçiriljek «EKSPO 2025» sergisine taýýarlyk işleriniň barşy hakynda beren maglumatlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen yşyklandyryjy kerosini, tehniki kükürdi, portlandsementi, az kükürtli ýakyş mazudyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri we halylar satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 47 million 469 müň 400 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Mahabatyň esasy wezipeleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Tranzit mahabatyna — göterijileri ulag serişdeleriniň gapdal tarapynda, garaşylýan zallarda, ýolagçylaryň otlulara münüp-düşýän perronalarynda, duralgalarda we ş.m. bolan daşky mahabatyň görnüşi, muňa göterijileri ulag serişdeleriniň salonyndaky — ulag içindäki mahabat hem, şeýle-de ulagdaky radiomahabat hem degişlidir;

Oýlanyşykly syýasat — milli ykdysady ösüşleriň esasy

XXI asyryň innowasiýalaryň asyry diýilmegi tötänleýin däl. Çünki bu döwür ilerledikçe, ynsanyýet täze açyşlaryň, görlüp-eşidilmedik innowasion ösüşleriň şaýady bolýar. Bu bolsa belli bir babatda «innowasiýalar asyry» diýen adalganyň jüpüne düşen ýaňzytmadygyna kepil geçýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň ykdysadyýetine nazar salanymyzda, iň öňdebaryjy özgerişlikleri bilen öňe saýlanýan sebitleriň ösüşiniň binýadynda goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli oýlanyşykly syýasatynyň, galyberse-de, sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýandygynyň, emeli aňyň hem-de tehnologiýalaryň iň soňky gazanlaryna esaslanýandygyna göz ýetirmek kyn däl.

Marketingiň esaslary

Marketingiň esasy wezipeleriniň biri-de bazary öwrenmek, täze önümleri ýerlemegi meýilleşdirmek bolup durýar. Olar dolandyrylmagy we işiň beýleki köp görnüşlerini öz içine alyp, satmak ýa-da mahabat bilen çäklenip, bazaryň öwrenilmegini, meýilleşdirmegi, nyrh emele getirmegi ýa-da karzy öz içine alman hem biler.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: NIDERLANDLAR KOROLLYGY

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Häzirki wagtda Niderlandlarda gerimi boýunça köp sanly başlangyçlar amala aşyrylýar. Şonuň üçin sirkulýar ykdysadyýetiň netijelilik görkezijileriniň aglabasy boýunça iň abraýly reýtinglerde bu ýurt öňdäki orunlary eýeleýär. PBL institutynyň bahalandyrmasynda 420 müň iş ýerinden we 1500 töweregi amala aşyrylýan innowasiýa başlangyçlaryndan ybarat bolan, takmynan, 85 müň görnüş işiň sirkulýar ykdysadyýete goşant goşýandygy aýdylýar. 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, Niderlandlarda adam başyna düşýän galyndylaryň döremeginiň we ýerli galyndylary gaýtadan işlemegiň derejesiniň gowulaşandygy, sirkulýar ykdysadyýetiň koeffisiýentiniň ýokarlanandygy bellenilýär. Materiallary peýdalanmagyň dolanyşyklylyk derejesi aýratyn täsir galdyrýar, ýagny bu ýurt 30 göterim umumy görkezijileri bilen birinji ýerde durýar. Niderlandlarda öndürijiniň giňeldilen jogapkärçiligi ykdysadyýetiň bäş pudagyny öz içine alýar. Şeýle üstünligiň gazanylmagy birnäçe faktorlaryň täsirli utgaşmasynda mümkin bolýar:

Ykdysadyýet ylmynda täze ugur — maglumatlar ykdysadyýeti

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Kiberhowpsuzlyk: maglumatlary ýaýramakdan we kiberhüjümlerden goramak maglumatlar ykdysadyýetiniň iň wajyp jähetleriniň biridir. Howpsuzlyk bozulmalary uly derejedäki ýitgilere, abraýa ýetirilen zeperlere we hukuk bozulmalaryna getirip biler.

Russiýada bahalar üýtgeýär

Russiýada 19 — 25-nji noýabr aralygynda harytlaryň bahasy 0,36 göterim üýtgedi. Ýurtda gymmatlan harytlaryň käbiri şulardan ybarat: mesge (1,1 göterim), günebakar ýagy (0,7 göterim), gaýmak (1,1 göterim), süýt (0,9 göterim), peýnir (0,7 göterim). Döwletde arzanlan harytlar hem bar: çaga arlyklary (0,1 göterim), smartfonlar (0,2 göterim), telewizorlar (0,1 göterim).

Tygşytlylyk — rysgyň açary

Eýsem siz, heý, tygşytlylygyň bähbidi barada oýlanyp görüpmidiňiz?! Tygşytlylyk, hakykatdanam, bagta, rysga, baýlyga güwä zatlaryň biri. Tygşytly bolmak Hakyň eçilen nygmatlaryny sarpalamak, ezizlemek diýmekdir. Türkmende «Isrip — haram» diýen taglymat derejesine ýeten bir düşünje bar. Şol düşünje parasat, pähim, aýtgy bolup köňüllerde ýaşaýar we häli-şindi zybanlarda gaýtalanýar. Enem: «Isrip etmek öz rysgyňy, nesibäňi kowmak» diýerdi. Bu sözleri aýdanda, enem juda mamla eken. Tygşytlylyk baradaky düşünjäni çaganyň aňyna irki ýaşlaryndan siňdirmeli diýip pikir edýärin. Aýdaly, biz çagamyzyň eline pul berip, dükana ýa-da bazara hojalyga zerur zatlary almaga ugradýarys. Çaga özüne ene-atasynyň bildiren bu ynamyny ödejek bolup çalyşýar. Gaýtargyny dürsje hasaby bilen ejesine getirmäge höwesli bolýar. Şonda biz: «Gaýtarga özüňe bir zat alaý!» ýa-da «Gaýtargysyny nämä ulansaň, ulanaý!» diýip, biagyrylyk etsek, çagada pula we ony sowmaga bolan garjaşyk pikirler döreýär. Pul bilen bagly garaýyşlar onuň aňynda ham-hyýaldyr isleglere berilmek, göwnündäkini amal etmek ýaly oýlaryň döremegine getirip bilýär. Göwünde bolsa isleg asla gutarmaýar. Şonuň üçinem çagalarda, ýaşlarda pula, maliýe serişdelerine bolan islegi terbiýelemek hem özboluşly terbiýe bolup durýar. Çaga dükandan getiren gaýtargysyny ejesine ýa-da kakasyna gaýtaryp berende, ene-atanyň oňa çynlakaý minnetdarlyk bildirmekle

Katar gök ammiagyň önümçiligi boýunça dünýäde iň uly zawod gurar

Kataryň «Qatar Energy» kompaniýasy gök ammiagyň önümçiligi boýunça dünýäde iň uly zawodyň gurluşygyna girişdi. Ýylda 1,2 million tonna ammiak öndürjek zawod arassa energetikany ösdürmekde möhüm ädim bolar diýip, kompaniýanyň saýtyndaky beýanatynda aýdylýar. Zawod El-Wakra munisipalitetindäki Mesaýid senagat sebitinde ýerleşer. Toplumyň düzümine ýylda 1,5 million tonna kuwwatly kömürturşy gazyny nasos arkaly ýygnamak we saklamak üçin blok hem girer. Zawodyň gurluşygy we ulanylyşy «Qatar Fertiliser» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda dökün önümçiligi boýunça desgalary gurmakda «Qatar Energyniň» tejribesini ulanmak bilen durmuşa geçiriler. Ammiak — azot bilen wodorodyň himiki birleşmesi. Gök ammiak tebigy gazdan öndürilýär, önümçilik wagtynda goýberilýän kömürturşy gazy bolsa tutulýar we atmosfera düşmeginiň öňüni almak üçin ýa-ha saklanylýar, ýa-da beýleki önümçilik proseslerinde ulanylýar. Taslama Kataryň pes uglerodly tehnologiýalary ösdürmek strategiýasyny goldaýar. Ýurt dünýäde ululygy boýunça üçünji tebigy gaz gorlaryna eýe. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Katar suwuklandyrylan tebigy gazyň ABŞ-dan soň ikinji uly eksportçysy boldy.

Çar tarapdan habarlar

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Ma­ýa go­ýum maslahaty

Durnukly ulag ulgamy: täze mümkinçilikler, halkara tejribeler (Ösüşleriň ýoly bilen)

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlarynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ulag diplomatiýasyny işjeňleşdirmek babatda hem möhüm işler alnyp barylýar. 26-27-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş ― 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi munuň nobatdaky aýdyň beýany boldy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä durnukly ulag gününe gabatlanyp geçirilen foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekil gatnaşdy. Myhmanlaryň arasynda «Fly Dubai», «Cargo Lux», «Lufthansa Consulting» ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSJD) we beýlekileriň wekilleriniň bolmagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Sergi bilen ugurdaşlykda guralan halkara maslahatda ulag-logistika ulgamynda gazanylan üstünlikler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alşyldy. Biz hem halkara sergä gatnaşan käbir kompaniýalaryň taslamalary, hödürleýän hyzmatlary, geljekki iş meýilnamalary bilen ýakyndan tanyşdyk.

“SmartLog” Türkmenistandan ýükleri daşamak üçin konteýnerler toplumyny hödürleýär

“SmartLog” kompaniýasy Türkmenistandan goňşu ýurtlara, şol sanda Eýrana tiz konteýner otlululy düzümde daşaljak konteýner toplumyny döretmegi teklip edýär. Bu barada kompaniýanyň Buýurmalary ýerine ýetirmek merkeziniň direktory Ýuriý Suharkow “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly maslahatda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Bu başlangyç ýükleri daşamagy çaltlandyrmaga, logistika işini ýeňilleşdirmäge we hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda söwda dolanyşygy $1,3 milliarda ýetdi

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky söwda dolanyşygy 5,9 göterim ýokarlanyp, 1,3 milliard dollara ýetdi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Al-Hameli BAE-niň Milli gününiň 53 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaranyň dowamynda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi çarşenbe güni habar berdi. Ilçiniň bellemegine görä, BAE eýýäm gerimi boýunça Türkmenistanyň dördünji esasy hyzmatdaş ýurdy bolup durýar. Döwletler ýakyn ýyllarda özara söwda dolanyşygyny has-da artdyrmagy, häzirki görkezijini iki esse ýokarlandyrmagy meýilleşdirýärler.

Goşmaça mümkinçilikler netijeli peýdalanylýar

Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu kärhanalar şu ýylyň geçen 10 aýynda tutuş konsern boýunça 198 müň tonna golaý «gara altynyň» hem-de 42 million kub metre barabar mawy ýangyjyň goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler. Abatlaýjylaryň bu döwürde goşmaça alan nebitiniň has köp bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Abatlaýjylaryň irginsiz tagallalary netijesinde, hasabat döwründe tutuş trest boýunça jemi 447 guýy düýpli abatlanylyp, olaryň 341-sine derek 396-sy gaýtadan hatara goşuldy. Trest boýunça goşmaça nebit almak baradaky meýilnamanyň 121,4 göterim, tebigy gaz babatda bolsa 296,5 göterim berjaý edilmegi öwgä mynasypdyr. Bu üstünlige «Gamyşlyja» we «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň zähmet toparlary has-da saldamly goşant goşmagy başardylar. Geçen hasabat döwründe trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň umumy möçberiniň 82 müň 587 tonnadan gowragy «Goturdepe», 63,6 müň tonna golaýy «Barsagelmez» we 52 müň tonna barabary bolsa «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleriniň paýyna düşýär. «Türkmennebit» döwlet konserni Diýarymyzyň ýangyç-energetika ulgamynda iň iri önümçilik-hojalyk düzümi bolup, soňky ýyllarda nebit-gazly ýataklary tapmakda we olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda tutumly işleri durmuşa geçirmek bilen birlikde,

Durnukly ulag ulgamy — ösüşiň möhüm ugry

Bilermenler Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde  ulag ulgamynyň ähmiýetini yzygiderli nygtaýarlar.  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 26-27-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi hem Milli Liderimiziň paýhasyndan gözbaş alýan ulag diplomatiýasynyň ählumumy ähmiýetini dabaralandyrdy. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen halkara forumda BMG-niň meýdançasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatynyň geçirilip, onda ählumumy derejede durnukly ulag ulgamyny ösdürmek babatda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak we özara tejribe alyşmak bilen bagly möhüm meseleleriň maslahatlaşylmagy hem onuň aýdyň beýany boldy.