"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde we mundan beýläk hem ösdürmekde döredip berýän mümkinçilikleri hem-de onuň netijeli işini gazanmakda maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygy barada belläp, pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini nygtady.

Gazkondensatly akym alyndy

Ýakynda Gögerendag — Ekerem gaznebitli etrabynyň çäginde ýerleşýän Nogaý atly meýdançada gözleg-barlag burawlaýyşda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň buraw ussasy Gürji Taganbaýewiň ýolbaşçylygynda taslama çuňlugy 2 müň 500 metr bolan 7-nji belgili guýuda tejribeli burawlaýjylar toparynyň ussatlyk bilen amala aşyran gazuw işleriniň netijesinde 2 müň 750 metr çuňlukdaky gyzyl reňkli gatlakdan gazkondensatly akym alyndy. Guýynyň gatlagynyň galyňlygy 2 müň 405 — 2 müň 409 metre deň. Guýynyň bir gije-gündizde eçilen başlangyç gazynyň möçberi 262,8 kub metre barabar bolsa, onuň kondensatynyň başlangyç çykymy bir gije-gündizde 11,0 tonna deň boldy. Bu üstünlik Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan ZJ-70-ДС kysymly buraw desgasynyň dag jynslaryny böwsüp geçmegiň hötdesinden gelmegi netijesinde mümkin boldy. Bu guýynyň taslamasy «Nebitgazylmytaslama» instituty tarapyndan ýerine ýetirildi.

Önümli täze guýy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary özleşdirmeklige, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen gözleg-gazuw işlerine saldamly goşant goşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň baýlyk gözleýjileri Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada baýlyklar känindäki 79-njy belgili ulanyş maksatly guýudan gaz kondensatynyň senagat akymyny almagy başardylar. Öňde goýlan anyk wezipelerden ugur alyp zähmet çekýän Goturdepe buraw işleri müdirliginiň Nury Maşadow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar toparynyň bu üstünligi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygyna toý sowgady boldy. Uzynada baýlyklar känindäki taslama çuňlugy 6 müň 800 metr bolan 79-njy belgili ulanyş guýynyň 6 müň 642 — 6 müň 648 metr çuňlugyndan gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy. Geçirilen synag işleriniň netijesinde bu baýlyklar käninden senagat ähmiýetli gaz kondensat akymynyň alynmagy Uzynadanyň nebitgaz gorunyň has ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Täze guýynyň gazuw işlerinde Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen ZJ-70-DB kysymly buraw desgasy ulanyldy.

Geologlar möhüm meseleleri üstünlikli çözýärler

Türkmenistanda nebitgaz pudagynyň depginini ýokarlandyrmaklyga uly üns berilýär. Ýokary taýýarlykly hünärmenler islendik pudakda önümçiligiň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan halkara derejesindäki täze bilim edaralarynyň açylmagyna uly üns berýär. Şeýle hem dünýä belli kompaniýalaryň nebitgaz pudagy üçin gerek bolan seýsmiki maglumatlary işläp taýýarlaýan we interpretirleýän toplumlaryny öz içine alýan ýokary çözgütli, 3D ölçegli seýsmiki barlag işlerine mümkinçilik berýän enjamlary satyn almak ýola goýuldy. «Türkmengeologiýa» DK-nyň hünärmenleriniň öňünde goýlan möhüm meseleleriň biri Türkmenistanyň iň uly gaz ýatagy bolan «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi bolup durýar. Häzirki wagtda «Türkmengeologiýa» DK-nyň hünärmenleri «Galkynyş» gaz känini öwrenmegiň 3-nji tapgyrynda 3D ölçegli seýsmiki barlag işlerini alyp barýarlar, bu bolsa ilkinji iki tapgyrda alnan maglumatlaryň üstüni ýetirer, şeýle hem çuň burawlama üçin täze obýektleri kesgitlär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkieýden we Özbegistandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, polipropileni, yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 10 million 395 müň amerikan dollaryna deň boldy.

Nar hasylynyň ýygym möwsümi gyzgalaňly dowam edýär

Şu günler Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň bagbanlary, kärendeçi daýhanlarydyr hususyýetçileri dürli miweli baglarda ýetişdiren hasyllaryny ýygnamak işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar. Olar jogapkärli möwsümiň başyndan bäri, alma, armyt, erik, garaly, şetdaly, nar, üzüm ýaly ençeme miweli önümleriň ýüzlerçe tonnasyny ýygyp, terligi bilen ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna ýetirdiler. Il-ulsumyzyň döwletli desterhanlarynyň bezegine we berekedine öwrülýän naryň hatda gabygam derileri eýlemekde, öwüşginli reňkleri almakda ygtybarly serişdedir. Hemmetaraplaýyn peýdaly, täsin miweleriň hatarynda durýan nar hasylyny ýygnamak işleri bolsa subtropik etrapda noýabr aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.

Gyrgyz Respublikasynda gök önümleri we miweleri gaýtadan işleýän täze zawod açyldy

Gyrgyz Respublikasynyň Çuý sebitinde gök önümleri we miweleri gaýtadan işleýän «ISO 22000» we «ISO 9001» halkara güwänamalaryna eýe bolan täze zawod işe başlady. Ol «Baý Elim» hususy kompaniýasyna degişli diýip, «EastFruti» ýazýar. Taslamanyň umumy bahasy 410 million soma (4,85 million amerikan dollaryna) deň bolup, ol günde 500 tonna pomidory we 200 tonna beýleki gök önümleri we miweleri gaýtadan işlemäge ukyply. Täze zawod 70 adamy hemişelik iş orny, 1 müňden gowrak adamy bolsa möwsümleýin iş orunlary bilen üpjün eder.

10 milliard amerikan dollary maýa goýlar

Fransiýanyň «TotalEnergies» we ABŞ-nyň «Apache Corp.» kompaniýalary Surinamyň kenaryndaky nebit önümçiligine 10 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýärler. Degişli maýa goýum taslamasy «GranMorgu» diýlip atlandyrylyp, onuň 2028-nji ýylda önümçilige başlamagyna garaşylýar. Taslamanyň çäginde nebitiň gündelik gazylyp alnyşynyň möçberi 22 müň barrele deň bolar.

Kümüş gazyp almakda dünýä liderine öwrüldi

Gymmatbahaly metallaryň önümçiligi bilen meşgullanýan «Coeur Mining Inc.» kompaniýasy şu ugurda iş alyp barýan Kanadanyň «SilverCrest Metals Inc.» kompaniýasyny 1,7 milliard amerikan dollaryna satyn aldy. Şeýlelikde, «SilverCrest Metalsy» özüne birleşdireninden soňra «Coeur Mining» kümüşi gazyp almakda dünýä liderine öwrüldi. Geljek ýylda bu kompaniýanyň 21 million unsiýa kümüş gazyp almagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde altynyň hem 432 müň unsiýasy gazylyp alnar.

Azerbaýjan Italiýa 9,6 milliard kub metr gazy eksport eder

Şu ýyl Azerbaýjanyň Italiýa 9,6 milliard kub metr tebigy gazy eksport etmegine garaşylýar. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow bilen Italiýanyň daşky gurşaw we energiýa howpsuzlygy ministri Žilberto Piketto-Fratiniň arasynda Braziliýada geçirilen duşuşyga esaslanyp, «Trend» habar berýär. Ýeri gelende, 2023-nji ýylda Italiýanyň Azerbaýjandan 9,988 milliard kub metr tebigy gaz satyn alandygyny bellemek gerek.

«Xiaomi» ulag söwdasyny artdyrýar

Hytaýyň «Xiaomi» kompaniýasy geçen aýda 10 müňden gowrak ulag satandygyny yglan etdi. Şeýle ýagdaý bassyr dördünji aý hasaba alynýar. Ulaglaryň satuwynyň görnetin artandygyny göz öňünde tutup, kompaniýa oktýabr aýynda 20 müň ulag öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Xiaomi Groupyň» esaslandyryjysy Leý Szýun mälim etdi. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, sentýabr aýynda «Xiaomi SU7» elektromobiliniň 15-16 müňüsi satylypdyr. Oktýabrda bolsa kompaniýanyň ulag söwdasynyň her hepde 5 müňden gowrak boljakdygy çaklanylýar. Kompaniýa şu ýyl «Xiaomi SU7» elektromobiliniň 100 müňden gowragyny öndürmegi maksat edinýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebithimiýa önümlerini, hususan-da, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, polipropileni, yşyklandyryş kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri, jins matasy, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 395 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ulag-kommunikasiýa pudagyndaky gatnaşyklar giňeldilýär

3-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýnen, Ýewropa Komissiýasynyň Baş direktorynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça geňeşçisi Henrik Hololeý, şeýle hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Gruziýanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Aziýa ösüş bankynyň, Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşdy.

Ulag — ösüşiň hereketlendiriji güýji

Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary öňe sürüp, olary durmuşa geçirmek boýunça anyk işleri amala aşyrýar. 3-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk muňa bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýnen, Ýewropa Komissiýasynyň Baş direktorynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça geňeşçisi Henrik Hololeý, şeýle hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Gruziýanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Aziýa ösüş bankynyň, Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara maliýe giňişliginde Türkmenistanyň orny pugtalanýar

Bu gün Türkmenistan dünýä maýadarlary we eksportýorlary üçin özüne çekiji ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherinde 10-11-nji sentýabrda geçirilen TIF-2024 Maýa goýum forumy munuň şeýledigini aňryýany bilen tassyklady. Bu halkara maýa goýum maslahaty döwlete degişli guramalar, iri işewür toparlary we halkara maliýe institutlary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin döredilen giň meýdança bolup, ol ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerini dünýä ýaýmaga, geljegi uly bolan ugurlarda dürli ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam berdi. XXI asyrda döwletiň milli ykdysady ösüşi köp babatda ýurduň ylmy-tehnologik mümkinçiliklerine bagly bolup durýar. Bu, öz gezeginde, ýurdumyzda maýa goýum we innowasion işjeňligiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Soňky ýyllaryň dowamynda jemi içerki önümiň düzüminde maýa goýumlaryň tutýan paýynyň 20 — 30 göterime deň bolmagy onuň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

2025-nji ýylda halkara elektron ýol-ulag resminamasy Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň derejesine çykar

2025-2026-njy ýyllarda elektron CMR-i Russiýada we Belarusda senagat taýdan ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. Bu barada «ДМТК» awtonom telekeçilik däl guramasynyň halkara ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak bölüminiň baş hünärmeni Wladimir Korostelýow «Sanly transportasiýa — 2024» forumynda eden çykyşynda beýan etdi. Öňümizdäki iki ýylyň dowamynda Ýewraziýa ykdysady birleşigine agza ýurtlaryň arasynda e-CMR-ni ulanmak boýunça synag taslamasy hem amala aşyrylar.

2024-nji ýylyň 8 aýynda Birleşen ulag-logistika kompaniýasynyň üstaşyr ýük gatnawlary 1,9 esse ýokarlandy

2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň netijelerine görä, «Hytaý-Ýewropa-Hytaý» ugry boýunça Birleşen ulag-logistika kompaniýasynyň — Ýewraziýa demir ýollary alýansynyň (ОТЛК ERA — Russiýa, Gazagystan we Belarus tarapyndan esaslandyrylan bilelikdäki kärhana) üstaşyr konteýner gatnawynyň mukdary 296,2 müň TEU boldy, bu geçen ýylyň görkezijisinden 1,9 esse köpdür. Kompaniýanyň «Ýewraziýa boýunça üstaşyr ýük gatnatmalaryny utgaşdyryjy geňeşiniň» mejlisinde beýan eden maglumatlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Hytaýdan Ýewropa ýük gatnatmagyň möçberi 255,6 müň TEU boldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 2,6 esse köpdür. Şol bir wagtyň özünde, ýylyň başyndan bäri Ýewropadan Hytaýa iberilýän önümler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28,5% pese gaçyp, ol 40,7 müň TEU barabar boldy. Bu Birleşen ulag-logistika kompaniýasynyň ugurlaryndaky üstaşyr ýük akymlarynyň deňeçersizliginiň soňky döwürde ýokarlanandygyny we 6:1 hasabynda Hytaýyň Ýewropa ýurtlaryna eksportynyň peýdasyna bolandygyny aňladýar.

Innowasion tehnologiýalar — ösüşleriň daýanjy

Hormatly Prezidentimiziň: «Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda innowasion ösüşlere gönükdirilen ugruň üstünlikli ýöredilmegi netijesinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän kärhanalaryň uly topary guruldy, bütinleý täze önümçilikler döredildi, öňden barlarynyň durky täzelenildi. Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we ähli pudaklaryň senagat-innowasion taýdan durnukly ösüşi boýunça işler ýene-de üstünlikli ýaýbaňlandyrylýar. Ynha, bir mysal. Gündogar sebitde şu ýylyň başlarynda Köýtendagyň etegindäki 37,5 gektar meýdanda Lebap sement zawodynyň täze tapgyrdakysy gurlup, ulanylmaga berildi. Onuň ulanmaga berilmegi netijesinde kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 million tonna ýetdi.

Ýokary hilli önümleri bilen

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda hususy ulgamyň işleriniň ilerlemegi üçin amatly şertler döredilýär. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagyna we bazarlarda haryt bolçulygynyň döredilmegine uly itergi berýär. Şunuň ýaly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan hususyýetçiler öz önümleri bilen ak bazarlarymyza çykýarlar. Ine, şeýle hususyýetçileriň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Muzaffar Baratowdyr. Ol Türkmenabat şäherinde ýerleşýän hususy önümçiliginde «Titi» haryt nyşanly sowuk çaýlary hem-de miwe tagamly alkogolsyz içgileri öndürmek bilen meşgullanýar.

Rowaç menziller — bagtyýarlygyň kepili

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenip, Garaşsyz Diýarymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda ähli ulgamlarda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilýär. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler, ynsanperwer başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar. Çalt depginde özgerýän hem-de ösýän ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň biri bolan nebitgaz senagaty we geologiýa pudagy hem uly özgerişlere eýe bolýar. Bu pudakda ýangyç çig mal serişdelerini gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek, dünýäniň hil ülňülerine laýyk gelýän täze desgalary gurmak, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini artdyrmak, täze önümçilikleri döretmek boýunça uly möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, nebitgaz pudagynda geljegi nazarlaýan maksatnamalar, meýilleşdirilýän taslamalar ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginde uly orun eýeleýär. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda göreldeli zähmet çekýän nebitçileriň zähmet, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça ähli şertler