"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Gümrük edaralarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ulanylýar

Ýurdumyzda häzirki zaman köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamy kemala gelýär. Üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňden durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz halkara ulag gatnawlarynda eýeleýän öz mynasyp ornuny barha berkidýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem işler sazlaşykly we halkara derejesine laýyklykda, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri arkaly amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini ýokarlandyrmaga, gümrük serhediniň üstünden geçýän haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri döretmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Şu gün Berlinde türkmen-german işewürlik forumy geçirilýär

Şu gün, 20-nji noýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde ýerleşýän «Humboldt Carre Berlin» kongresler merkezinde türkmen-german işewürlik forumy geçirilýär. Iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boljak bu foruma türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Energetika, Dokma senagaty, Oba hojalyk ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmenhowaýollary» agentlikleriniň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» paýdarlar jemgyýetiniň, Halkara habarlar merkeziniň, «Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (NAPECO), Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, şeýle-de milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hereket edýän 50-ä golaý Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşýarlar. Şeýle-de GFR-e German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň, «Deutsche Bank AG», «Commerzbank AG», «Bank GPB International SA» ban

Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Aşgabat, 17-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guralýan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Eýranyň önüm öndürijileriniň gazanan üstünlikleriniň gözden geçirilişi iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir. Bu çäre goňşy döwletiň ylmy, senagat kuwwatyny görkezmek, giň ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder. EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň işewür toparlarynyň wekilçilikli düzüminiň paýtagtymyza gelmegi iň gowy dünýä tejribelerini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň okgunly ösýän bazaryna gyzyklanmalaryň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Sergä gatnaşyjylaryň aglabasynyň şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşan iri senagat kompaniýalarynyň, degişli pudaklaýyn kärhanalaryň ýolbaşçylary, dolandyryjylary, hünärmenleri hem-de söwda wekilleridigini bellemek gerek. «Iran Prože» sergisi türkmen bazarynda ozaldan iş alyp barýan we ilkinji gezek ýakyndan tanyş bolýan wekiller üçinem öz önümlerini, taslamalaryny, hyzmatlaryny hödürlemek we

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ TÄZE EÝÝAMY WE ÝAŞLAR

Ýurdumyzyň Mary şäherinde dowam edýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň ikinji güni hem köpöwüşginli çärelere beslendi. Netijeli geçen duşuşyklar

Dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini hem-de Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini kabul etdi. Olar döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdylar. Hormatly Prezidentimiziň Eýranyň doly ygtyýarly wekili bilen bolan duşuşygynyň barşynda birek-birege hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň, iki halkyň ruhy-ahlak umumylygynyň, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň berk binýadynda gurulýan köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

16-njy noýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Hytaýda iki gezek saparda boldy. Ýaňy-ýakynda bolsa Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Pekin şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Düýn — 17-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda dabaraly ýagdaýda açylan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi we türkmen-eýran işewürler maslahaty ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze mümkinçiliklere giň ýol açar. Üç günlük foruma goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň nebitgaz senagaty, maşyngurluşygy, metallurgiýa, maliýe we ätiýaçlandyryş, gurluşyk önümçiligi ýaly ugurlarynda iş alyp barýan döwlet we hususy düzümleriniň 100-e golaýy gatnaşýar. Bizem sergi zalynda eýranly işewürler bilen duşuşyp, köpugurly hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri barada söhbet etdik. ► Dostlukly ýurduň kompaniýalary däp bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýär.

«Iran Prože» atly sergi geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Sergide Eýran Yslam Respublikasynyň birnäçe kompaniýalarynyň öndürýän önümleri we hyzmatlary görkezildi. Gurluşyk we gurluşyk önümleri, tehniki we inženerçilik hyzmatlary, suw hojalygy, energetika, nebit-gaz we nebithimiýa, bilim hem-de söwda ugurlary boýunça işleýän kompaniýalar sergide diwarlyklary bilen aýratyn ünsi çekdi.

Pekinde ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi

16-njy noýabrda Pekinde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ulag we logistika hyzmatdaşlygy baradaky kiçi komitetiň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Hytaý tarapyna ulag ministriniň orunbasary Li Ýan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga «China Railway International Multimodal Transport Co., Ltd» we «China Road and Bridge Corporation» ýaly iri kompaniýalar hem gatnaşdy.

Türkmenistan, Gazagystan, Russiýa hem-de Eýran Demirgazyk — Günorta geçelgesi boýunça ýol kartasyny işläp düzdiler

Gazagystan Respublikasy Russiýa, Eýran hem-de Türkmenistan bilen bilelikde Demirgazyk – Günorta halkara transport geçelgesini (HTG) ösdürmek üçin ýol kartasyny düzdi. Munuň 2027-nji ýyla çenli HTG-niň kuwwatlylygyny 15 million tanna çenli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow mälim etdi. Hökümet baştutany Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletlere Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar üçin iň gysga ýol bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň hem uly ähmiýete eýedigini belledi. 9 aýyň dowamynda şu ugur bilen Eýrana gelip gowşan ýük gatnawy 9% ýokarlandy, ýüküň möçberi 1,5 million tonnadan geçdi.    Iýulda Russiýa Federasiýasynyň Astanadaky ilçisi Alekseý Borodawkin Demirgazyk – Günorta halkara transport geçelgesini ösdürmek hakynda bellemek bilen, bu ýerde gürrüňiň  Russiýadan günorta we ters tarapa hereket edýän ýük akymynyň Suwaýs kanalynyň aýlaw ýoluna gitmezligini üpjün etmek barada barýandygyny mälim etdi. Olary göni Hazar sebitiniň üsti bilen demir ýol, suw we awtomobil ulaglaryny, şeýle hem intermodal ulaglaryny guramak arkaly ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu taslama diňe bir Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň däl, eýsem Günorta Aziýa döwletleriniň, ilkinji nobatda Hindistanyň, şeýle hem Pars aýlagynyň ýurtlarynyň hem gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Beýik Ýüpek ýoly: geljegi nazarlaýan başlangyçlar

Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçirilýär Mary, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň edara ediş merkezi Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine başlady.

Türkmen-saud ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Halid Al Falih bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýul aýynda Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere garaldy.

Beýik Ýüpek ýoly: geljegi nazarlaýan başlangyçlar

Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçirilýär Mary, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň edara ediş merkezi Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine başlady.

Ykdysady durnuklylyk

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda ýene bir möhüm waka hökmünde hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparyny görkezmek bolar.  Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu gurama esaslandyrylan wagtyndan bäri onuň meýdançasy agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek üçin netijeli gurala öwrüldi. Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolmak bilen, gurama gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. 2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň  sanly ykdysadyýet, ulag we logistika, energetika, ekologiýa babatda öňe süren başlangyçlary uly goldaw tapdy. Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy bu guramanyň işine itergi bermekde möhüm orna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň YHG agza ýurtlaryň arasynda söwda dolanşygyny ýokarlandyrmak, serhetüsti we sebitleýin söwdany ösdürmek barada öňe süren teklipleri sebitiň mümkinçiliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam berjek ýagdaýlar bolup durýar. Agza ýurtlaryň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 85 milliard am

Sungat halklary dostlaşdyrýar

Şu gün paýtagtymyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky akademiki baş drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Bilşimiz ýaly, bu teatr festiwalyna dünýäniň birnäçe döwletinden sungat ussatlary gatnaşdylar.

Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy: halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Şu gün Mary welaýatynyň Mary şäherindäki welaýat kitaphanasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanda Aziýa — Ýuwaş umman sebiti — Ýewropa ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar

15-nji noýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa” (“CASCA+”) halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi öz işine başlady. Çärä Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, logistika kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Duşuşyk logistik düzümleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, “CASCA+” ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi, awtoulag, deňiz, demir ýol we howa ulaglary bilen ýük daşamalarda ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmek maksady bilen, gatnaşyjy ýurtlaryň tejribe alyşmagy bilen bagly meselelere bagyşlandy.

Türkmenistanda Aziýa — Ýuwaş umman sebiti — Ýewropa ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa” (“CASCA+”) halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi öz işine başlady. Çärä Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, logistika kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Duşuşyk logistik düzümleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, “CASCA+” ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi, awtoulag, deňiz, demir ýol we howa ulaglary bilen ýük daşamalarda ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmek maksady bilen, gatnaşyjy ýurtlaryň tejribe alyşmagy bilen bagly meselelere bagyşlandy.