YKRARA MYNASYP ZEHINLER
Mälim bollşy ýaly, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli şu günler ýurdumyzda dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar. Bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, žurnalistler, yazyjy-şahyrlar, aýdymçy-sazandalar, mahlasy, milli medeniýetimizin we sungatymyzyň ösmegine önjeýli goşant goşan zehinleriň aglabasy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Bu bäsleşigiň ýenijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň aglabasynyň dörediji ýaşlar bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara uly ynam bildirýändiginiň aýdyň mysalydyr. Gursagyny Şa serpaýlary — altyn güýzüň ýalkymy bilen utgaşýan altyn zynjyr bezäp duran döredijilik işgärleriniň zybanynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden ýaňlanýar.Ýeri gelende, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda biziň «Dünýä edebiýaty» żurnalymyzyň redaksiýasynyň jogapkär kätibi Gülşat Orazmyradowanyň hem bolmagy, döredijilik işgärlerimiziň ählisiniň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgusyny döretdi. «Meniň ujypsyz zähmetime uly baýragyň — Şa serpaýynyň berilmegi, yüregimdäki menzilli maksatlarymyň ýaýraw