"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: DÖWLET BILEN HALKYŇ JEBISLIGI

Her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýetýän belent sepgitleri, gazanýan üstünlikleri abadan we parahat durmuşda ýaşamagymyzy üpjün edýär. Täze taryhy eýýamyň her pursady agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar. Geňeşilip, maslahatlaşylyp başlanylýan işiň rowaçlyklara, şowlulyklara beslenýändigine Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan işler hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Her bir işde il-halka geňeşmek parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýolunyň dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

MILLI GARAŞSYZLYK WE ÝAŞLAR

Agzybirlik, asudalyk, jebislik diýen beýik düşünjeleri berkidip, özbaşdak ösüşiň röwşen ýoluny açan mukaddes Garaşsyzlygymyza 33 ýyl doldy. Taryh üçin juda uly bolmadyk döwürde türkmen döwleti öz ýoluny saýlap alyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwleti esaslandyrdy. Milliligimizden gözbaş alyp, uzak geljegi nazarlap durmuşa ornaşdyrylan işleriň netijesinde halkymyz indi 33 ýyl bäri Garaşsyzlygymyzyň hem maddy, hem ruhy eşretini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren datly miweleriniň biri-de ýaşlar syýasatynyň dabaralanmasy boldy. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolup galkynan ýaşlaryň, şol ýylyň 16-njy noýabrynda gurultaýy çagyrylyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredilýär. Şol günlerden bäri hem, Gurama sagdyn bedenli we ruhy-ahlak taýdan ösen, zähmetsöýer, başarjaň, Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri amala aşyryp gelýär.

«ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY – ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY»

XXI asyrda ylmy-tehnikanyň ösmegi bilen biziň gündelik durmuşymyzy indi awtoulagsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl ýaly. Biz gündelik okuwa, işe, gezelenje, syýahata ýa-da beýleki maksatlar bilen köçä çykanymyzda transport serişdelerinden işjeň peýdalanýarys. Şonda döräp biläýjek betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak maksady bilen, döwletimiz tarapyndan, aýratynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan birnäçe anyk maksatly işler alnyp barylýar. Çünki adamyň rahat durmuşyna howp salýan diňe bir tebigy hadysalar bolman, eýsem, daş-töweregimizi gurşap alan awtoulaglar hem bolup biler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş durmuş derejeleri günsaýyn gowulanýar. Elbetde, gurulýan binalar bir hatarda giň hem owadan häzirki zaman awtomobil ýollarynyň, estakadalarynyň, ýol hereketiniň gatnawyny ýeňilleşdirýän köprüleriň gurulmagy, pyýadalar üçin howpsuz, amatly dürli yşklar bilen  yşyklandyrylan ýerasty geçelgeleri, olaryň degişli ýol belgileri we yşyklandyryş çyralary bilen üpjün edilmegi halkymyzyň asuda, howpsuz hereket etmekleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden nyşandyr. Bu döredilýän ajaýyp şertler, ýol hereketine gatnaşyjylaryň, sürüjileriň, pyýadalaryň her bir raýatyň düşünjeli, jogapkärli çemeleşmegi ýollarymyzyň hadysasyz, asuda bolmagyna raýatlarymyzyň ömrüniň raha

AJAÝYP DÖWRÜMIZIŇ GÜL-GUNÇALARY

Halkymyzyň arasynda aýtga öwrülip, aňymyza, ruhumyza ornan «Çaga durmuşyň güli» diýen ajaýyp hikmetli söz bar. Hakykatdan hem, heňňamyň hakydasyna ornan parasatly jümlelere gulak goýsaň, «baldan hem datly balalaryň» şadyýan gülkülerinde ömrümiziň ähli süýjüligi, tagamy jemlenendir. Pederlerimiziň «Çagaly öý bazar» diýen pähimi hem ýöne ýere dörän däl bolsa gerek?! Çünki döwrümiziň gül-gunçalary bolan çagalar dünýämizi şadyýanlyga, şowhuna besleýär. Şol sebäpli hem, halkymyzda müňýyllyklaryň dowamynda çagalaryň nesil dowamatynyň binýady, aýdyň ertirlerimiziň şuglasy hökmünde aýratyn üns-alada bilen gurşalmagy ýöne ýere däl. Bagtyýar çagalygyň, asuda, bolelin durmuşyň gujagynda erkana ýaýnaýan şadyýan çagalaryň mekanyna öwrülen gözel Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar.

HUMAÝ SAÝASYNY SALMYŞ

Iliň bagty çüwende şeýle bolar eken! Ezeli Hakdan halatly bu halkyň gum diýip garbany gyzyl. Çünki erenlerdir pirleriň, merdi-merdanlaryň düýnäp ýatan bu topragy aslynda Hydyr gören keremli ildir. Merdana ederlerimiziň çirksiz söýgüsi, dili dogaly ynsanlaryň ýagşy arzuw-niýetleri bu topragy galkyndyryp duran mukaddeslikdir. Gara gazmanyň tarlaryndan çykýan ýaly lummurdap akyp ýatan derýalaryna, tolkunyp duran gojaman Hazaryň tolkunlaryna diň sal! Gargy tüýdügiň owazy ýaly ümmülmez Garagumyň ýellerine gulak goý! Asyr aşyp gelýän heňňamyň çawuşy ýaly pessaý owazlanýan ol sedalar gulaga eşidilýän hem däldir, belki, köňül bilen duýulýandyr. Bilmedim, emma göwnüme bolmasa şol sedada Gorkut atanyň: «Ýom bereýin, ogullarym! Ýerli gara daglaryñ ýykylmasyn! Kölgelije gaba agajyñ kesilmesin! Joşup akan görkli suwuñ guramasyn! Ganatlaryñ gyrylmasyn! Çapañda, boz atyñ büdremesin!» diýen dogasy bar bolmaga çemeli.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna

Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!Eziz watandaşlar! Sizi ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramçylygyň göwün galkyndyryjy dabaralarynyň il sylagly ýaşulularymyzy, mähriban enelerimizi, ähli watandaşlarymyzy Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen belent maksatlarymyzyň töwereginde mäkäm jebisleşdirjekdigine, eziz Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine yhlasly, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

UMUMYMILLI FORUM: döwletli çözgütler, aýdyň maksatlar

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda üstünlikli geçirilen umumymilli forumda döwletli maslahat edilip, kabul edilen il-ýurt bähbitli çözgütler halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy. Biz şular dogrusynda bu möhüm wakanyň yzysüre redaksiýa gelip gowşan seslenmeleriň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Möhüm gurluşyk üstünlikli tamamlanar

Ýaşuly nesle belent sarpa

Bu günki gün Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Il sylagly ýaşulular ýurdumyzda geçirilýän dürli medeni-köpçülik çärelerine, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerine işjeň gatnaşyp, halkyň agzybirliginiň, jemgyýetiň jebisliginiň has-da berkemegine mynasyp goşantlaryny goşup gelýärler. Mälim bolşy ýaly, 24-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda, däp bolşy ýaly, türkmeniň milli ruhuny, medeniýetini, asylly häsiýetleri wagyz etmekde aýratyn hyzmatlary bilen ýagşy görelde görkezýän dili senaly ýaşuly nesliň wekillerine «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy, «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan enelerimize sylaglaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy has-da guwandyryjydyr. Biz hem Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli, Şa serpaýyna mynasyp bolan ýaşuly nesliň wekilleriniň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylar bilen paýlaşmagy müwessa bildik. Annadurdy TAGANOW,Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy:

Yzzat-hormat eýeleri

Olara «Ýaşlygyň ýetnesi» hem diýýärler. Eýsem ol nämedir öýdýäňiz? «Pah-haý, şony bilmezem barmy?» diýäýjekler barsa bardyr. Herhal, bu bir ilçilik, hemmäni biraýakdan sürüp boljakmy? Meniň, seniň, onuň, dördünji biriniň bilýänini tamamy halaýyk aňýandyr öýtmek aňşyryklylykmyka? Pyragy atamyzyň: «Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr» diýenlerine salgylansaň-a, hemmäniň hemme zatdan başy çykyp, ähli zada düşünmegi mümkin däl. Diýmek, gürrüň bu söz düzümindäki ikinji sözi seljermekden başlanylsa göwnejaý bolsa gerek. Şeýlelikde, pikiriň ap-aýdyň bolmagy üçin, «ýetne» sözüniň «Ýetmezi ýetirmek, üstüni doldurmak» manysynyň bardygyny nekawlamak dogrudyr. * * *

Türkmenistanyň raýaty bolmak — uly bagt

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk pasportynyň hem-de bu ýerde ýaşaýan daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de kümüş saçly eneler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan günlerinde raýatlygy bolmadyk 1 müň 146 adama raýatlyk pasportynyň, daşary ýurtly raýatlaryň 134-sine ýurdumyzda hemişelik ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň gowşurylmagy Diýarymyzda ynsanperwer işleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Pasport we ygtyýarnama gowşurmak dabaralary ýurdumyzyň welaýatlarynda hem guraldy.

Döwlet sylaglaryňyz we hormatly atlaryňyz gutly bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hem-de mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmeti, zähmetde gazanan ýokary netijeleri we hünär ussatlygy nazarda tutulyp, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryň uly topary döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp boldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň hem ençemesi bar. Biz olar bilen gazetimiziň okyjylaryny tanyşdyrýarys. Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakylan

Umumymilli forum türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini aýdyň beýan etdi

24-nji sentýabrda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öň ýanynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň halk häkimiýetlilik we demokratik ýörelgeleriniň gadymdan gelýän milli däplerine eýermek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen ählihalk forumynda döwlet we jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol meseleler türkmen halkynyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny, ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Garaşsyzlyk — rowaçlygyň we gülläp ösüşiň baýramy

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy giňden dabaralandyryldy Garaşsyzlyk biziň gazanýan ähli üstünliklerimiziň we ýeňişlerimiziň gözbaşy bolmak bilen, halkymyzyň belent ruhunyň, agzybirliginiň, jebisliginiň we ägirt uly döredijilik kuwwatynyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly gadamlarynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň belent sepgitlere ýetendigini aýtdy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýokary derejä ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, döwletli tutumlary bilen ata Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris.

Sylaglar gowşuryldy

28-nji sentýabrda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, harby gullukçylara döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi. Ykbalyny Watan goragy bilen baglan harby gullukçylar sylaglary almak bilen, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama, Watana wepalylygyň, türkmen halkynyň asuda we parahat durmuşynyň goragynda sarsmaz gala bolup durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde tagzym etdiler.

Ak guşlar asmanda ganatyn ýaýsyn!

Goşgy — ol ynsanyň ýüreginiň yşky, aýdymy. Şonuň üçinem islendik goşgyny okap otyrkaň, ilki bilen, ýazaryň ýüreginiň sesi bilen bir wagtda yşkyny duýýarsyň. Ol yşk ýüregiň emri bolsa-da, onda esasy orun ylahylyga degişli bolýar. Çünki diňe Hakdan halatyň bar ýerinde çyn goşgular — ýürege ýol salýan goşgular döreýär. Şygryýetiň dünýäsinde ýaşaýan Gahryman Arkadagymyzyň döredýän şygyrlarynda-da biz şeýle ylahylygy görýäris. Ol ylahylygyň — Hakdan halatlylygyň emrinden dörän goşgular Milli Liderimiziň döredijiligine aýratyn öwüşgin çaýýar, ýagny Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligi, onda-da, şygryýeti hakda giňişleýin söz açmaga mümkinçilik berýär. Çünki «Jan Watanym, Türkmenistan!», «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgulary ýatdan bilýändigimiz üçin ol goşgular dünýämizde aýdyma öwrüldi. «Dowam bolsun!» atly goşgy hakynda aýdanyňda bolsa, ondaky «Durmuş bir kitap ýalydyr, Her ýyl täze sahypasy» diýen setirleri okap, çuňňur oýa batanyňy duýman galýarsyň. Çünki käte-käte pikirlere çümüp, dogrudan-da, durmuşy kitaba, sahypalaryny bolsa geçip duran aý-ýyllara meňzedýärsiň. Munuň özi ýaşap ýören şu durmuşymyz bilen ondaky köp zatlaryň meňzeşlik babatda gabat gelýändigini ýüze çykarýar. Belki-de, şonuň üçindir, biziň şygryýetdäki ylhamymyzy derýalaryň joşgunyna, silleriň badyna deňemämiz, meňzeş görmämiz bar. Şu ýerde şahyryň:

Garaşsyzlyk, sen bagtym sen, bagtym sen!

Geçen hepdäniň penşenbe gününde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi ýene-de dabaralara beslendi. Mydama aýdym-sazlaryň, mukamlaryň ýaňlanýan ýeri bolan bu köşkde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp, aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, kompozisiýalar şanly Garaşsyzlygymyzyň waspy bolup ýaňlandy. «Garaşsyzlyk, sen bagtym sen, bagtym sen!» Şeýle goşgy setirlerini ýazyp, tarypyny edýän, bagtymyza deňeýän mukaddes Garaşsyzlygymyza 33 ýyl doldy. Bu ýyllaryň içinde ata-babalaryň yhlasyndan dörän Garaşsyzlygymyz edil ýere kök uran daragt ýaly, sagatsaýyn, günsaýyn ösdi. Şonuň üçinem otuz üç ýyldan ybarat bolan taryhyň sahypalaryna ser salanymyzda, bu mukaddesligimiz bilen baglanyşykly ençeme buýsançly wakalaryň şaýady bolýarys. Ýüregimiz joşa gelip:

Garaşsyzlyk we Halk Maslahaty: döwletlilik nusgasy, agzybirlik binýady

Garaşsyzlyk! Halk Maslahaty! Bu düşünjeler özboluşly bir bitewülige öwrüldi. Garaşsyzlyk — türkmen halkynyň asyrlarboýy arzuwlan erkinligi, özbaşdaklygy. Halk Maslahaty — döwletliligiň, halk bilen häkimiýetiň birliginiň nyşany, hakyky halk demokratiýasynyň nusgasy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzünde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylmagy, onuň öňüsyrasynda agzybirlik bilen geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi bu bitewüligi äşgär ýüze çykardy. «TÜRKMENLER BAGLASA BIR ÝERE BILI»

Sylag-serpaýyňyz gutly bolsun!

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerinde mynasyp goşandy bolan, dürli pudaklarda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň ençemesi döwlet sylaglarynyň eýeleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri boldy. Biz hem sylag-serpaýa mynasyp bolan ildeşlerimizi gutlaýarys, täze zähmet ýeňişlerini arzuw edýäris hem-de olaryň hoşallyk sözlerini okyjylarymyza ýetirýäris. Begençgeldi AGAÝEW,Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň maşyn dekoratiw bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi:

Şanly ýylyň üstünlikleri

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, döw­le­ti­mi­ziň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni we beý­le­ki ba­bat­lar­da ösüş­le­ri­ne şa­ýat­lyk ed­ýän ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re, üs­tün­lik­le­re bes­le­nip gel­ýär.

Döwletli maslahat

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024     2024-nji ýy­lyň 24-nji sent­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da­ky Mas­la­hat köş­gün­de Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Şan­ly se­nä­niň — eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ri­len umu­my­mil­li fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de ösüş hem ro­waç­lyk ýo­ly bi­len üs­tün­lik­li öňe git­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di.