"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Oba hojalyk pudagynda möhüm wezipeler

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry) Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!Hanymlar we jenaplar!

Awtomobil sporty – geljegi uly sport

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrligi tarapyndan Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň şanly sepgitleri

18-19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýada resmi saparda boldy. saparyň çäklerinde döwlet baştutanymyz Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim bilen duşuşdy we gepleşikler geçirildi. Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde neşir edildi

Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly çuň many-mazmuna ýugrulan ajaýyp eseri durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar. Hormatly Prezidentimiziň bu eseri bir ýylyň dowamynda dürli dillerde neşir edildi. Häzirki wagtda hem bu ajaýyp kitap ýapon dilinde neşir edildi. Muňa bagyşlanyp, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ag

Durmuş-ykdysady özgertmeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen işler netijeliligi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, 21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Netijeli işler üstünlige badalgadyr

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işler alnyp barylýar. Welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler möhüm ähmiýete eýe bolup, zerur bolan tehnikalar bilen üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, 23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Gadymy mirasymyzyň, şöhratly taryhymyzyň beýany

Türkmen halky kitaba, pähimli sözlere belent sarpa goýýan halkdyr. Çünki kitap döwrüň taryhyny, halkyň durmuşyny we ruhuny özünde jemleýän gymmatlykdyr, bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Özi hem şöhratly taryhymyza buýsanç döredýän ajaýyp kitap gymmatly gollanmadyr. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyny ýüzümize sylyp, şöhratly taryhymyza aýdyň göz ýetirýäris, pähimdar pederlerimize buýsanýarys. Şöhratly taryhymyzy we gadymdan gözbaşly edebiýatymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň ähmiýeti uludyr. Bu her birimiz, esasan hem, alymlar üçin uly gollanmadyr. Häzirki döwrüň beýikligine we uzak geçmişiň şöhratyna düşünmek ynsany ruhy taýdan baýlaşdyrýar. Şonuň üçin hem beýik siwilizasiýalar, medeni ojaklar hakynda söz açylanda hökmany suratda pähimdar pederlerimiziň asylly ýörelgeleri aňymyzda janlanýar. Bu hem pähimdar pederleriň, akyldarlarymyzyň döreden gymmatlyklaryna düşünmäge ýardam berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda şeýle bellenilýär: «Pederlerimiz asyrlaryň mizan eleginden geçirip, bu durmuş hakykatyny pähime öwrüpdirler: Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz. Geçmiş — geljegiň berk binýady. Geçmiş — geljegi gurmagyň sapaklary. Geçmiş — pähim-parasat. Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişi, taryhy — mertligiň, gahrymançylygyň, ygrarlylygyň, bele

«Hakyda göwheri» — halkymyzyň nusgalyk ýoly

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby halkymyzyň gadymy taryhynyň, baý mirasynyň we medeniýetiniň, milli gymmatlyklarynyň halkara giňişligindäki şöhratly ornuny has-da belende galdyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ýerleşdirilen halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary, baý taryhy barada durmuşa geçirilen ylmy, filosofik, çeper mazmunly işler baradaky ylmy garaýyşlar ähli halkymyz bilen bir hatarda, ýaşlar, galyberse-de, geljekki nesiller üçin gymmatly edebi hazynadyr. Ajaýyp eserleri bilen halkymyzy täze-täze ýeňişlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri baý durmuş tejribesini özünde jemleýän türkmeniň gadymy taryhynyň özboluşly beýanydyr.

Ýürekler buýsanja beslenýär

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby Watanymyzyň taryhy geçmişini, şu gününi, geljegini beýan etmekde, dünýä halklaryny baý medeniýetimiz, sungatymyz bilen tanyşdyrmakda örän ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda türkmen taryhy barada täzeçil ylmy garaýyşlaryny beýan edýär. Bu kitabyň Magtymguly Pyragynyň şanly ýubileý ýylynda halkymyza gowuşmagy çuňňur mana eýedir. Kitapda milli mirasymyz hem-de medeni gymmatlyklarymyz dogrusynda çuň manyly söhbet edilýär. Täze kitap geçmişiň beýikligini şu günüň bedew batly ösüşi bilen baglanyşdyrýar. «Hakyda göwheri» atly kitap bagtyýar ýaş nesillerimizi ruhy hem-de ahlak taýdan terbiýelemekde, olarda halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryna çäksiz buýsanç duýgusyny döretmekde ähmiýetli gollanmadyr. Ajaýyp kitap halkymyzyň milli mirasyny çeper beýan etmekde, ony geljekki nesillere ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Asylly ýörelgäniň mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz: «Milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde toplanan ägirt uly tejribelerimizden ugur alyp, bu gün ýaş nesilleri terbiýelemek we okatmak babatda uly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýarys» diýip belleýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň ylmy dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle hem ata-babalarymyzyň beýik işleri, edep-terbiýe, ruhy gymmatlyklar, mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz hakyndaky çuňňur many-mazmuna ýugrulan çykyşlary ýaş nesiller üçin ýol-ýörelge mekdebidir. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde ömrüniň manyly menzilleri hakyndaky ýatlamalary, her bir ynsan üçin, galyberse-de, bütin adamzat üçin gymmatly bolan arzuw-umytlary, pikir-garaýyşlary, Watanymyzyň ösüş menzillerini beýan edýär.

Bilim özgertmeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe badalga berlen giň gerimli maksatnamalar kämil bilimli, innowasion özgertmelere taýýarlykly, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýan, hünär taýýarlygy ýokary derejede bolan ýaş nesliň taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän döwlet syýasaty öňde goýlan milli meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply, ýokary taýýarlykly ýaşlaryň taýýarlanylmagyna, okuw işine innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ösüş-özgertmeler, gurulýan döwrebap desgalar, ylmyň hem tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalar ýaş nesle berilýän bilimi, orta mekdeplerde okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi zerur şert hökmünde öňe çykarýar. Bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi döwrüň öňde goýýan derwaýys wezipelerini oňyn çözmäge täsir eder. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny ündeýär.

Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl arzuwlaryndan

— Ýagşy arzuw-niýetler, belent maksatlar bilen garşy alýan täze ýylymyz il-ýurt bähbitli rowaçlyklaryň ýyly bolar. — Biz täze ýylda-da eziz Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 23-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Beýik işleriň rowaçlanýan döwri

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Möhüm meselelere seredildi

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Okgunly ösüşleriň röwşen ýolunda

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy,  Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmek, bazarlarda we dükanlarda haryt bolçulygyny üpjün etmek babatda zerur çäreleriň görlüşi barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 23-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.