Bütindünýä sport baýramy
Hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyçlary netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekilmegi babatda zerur işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle möhüm çäreler şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalar bilen utgaşyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped gününde bagtyýar raýatlarymyzda aýratyn ruhubelentligi döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan sport syýasatynda halkara, sebitara sport guramalary we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Hyzmatdaşlyklar Türkmenistanyň bu ugurlarda öňe sürýän başlangyçlary esasynda yzygiderli giňeldilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelindäki 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar edilýän Rezolýusiýanyň kabul edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martyndaky 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde bolsa ýene-de Türkmenistanyň baş