"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Gel­je­gi uly hyz­mat­daş­lyk

18-nji few­ral­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­dow «Lu­koýl» açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy Wa­git Alek­pe­ro­wy ka­bul et­di. Iş­jeň we ne­ti­je­li ýag­daý­da ge­çen du­şu­şy­gyň bar­şyn­da hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Ägirt uly yk­dy­sa­dy, ener­ge­ti­ka we ulag-lo­gis­ti­ka kuw­wa­ty­na eýe bo­lan, stra­te­gik taý­dan mö­hüm mer­kez ha­sap­la­nyl­ýan Ha­zar se­bi­ti ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ryň esa­sy me­se­le­le­ri­niň bi­ri bol­dy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer şu aýda ykdysadyýetiň pudaklary tarapyndan geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlarynda düýpli seljermeleriň esasynda jikme-jik seredilip, pudaklary ösdürmek, alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarydyr öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen taýýarlanylan, 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren kabul edişlikleri

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Sebitleýin howpsuzlyk we durnuklylyk hem-de şunuň bilen baglylykda goňşy Owganystana kömek bermek baradaky meselelerde hyzmatdaşlyk etmek aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiziň geçiren kabul edişlikleri

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, häzirki döwrüň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejede ynanyşmagyň we özara goldaw bermegiň ýokary derejesi nygtaldy hem-de parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň bähbidine abraýly halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň hem-de beýlekileriň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanmalar tassyklanyldy.

Saýlawlara taýýarlyk: mynasyp dalaşgärler hödürlenýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk barha giň gerime eýe bolýar. Möhüm syýasy çäräniň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek dowam etdirilýär. Bu çäräniň barşynda kanun çykaryjy edaranyň wekilligine iň mynasyp dalaşgärler hödürlenilýär. Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylýar. Dalaşgärlige abraýly, tutanýerli zähmet çekýän adamlar hödürlenilýär. Olaryň hatarynda tejribeli guramaçylar, hünärmenler, oba zähmetkeşleri, kärendeçiler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş hem-de durmuş üpjünçiligi ulgamynyň, senagat, gurluşyk, aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleri bar. Häzirki wagta çenli welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 48 mandatyna 81 dalaşgär hödürlenildi. Olaryň 15-si Ahal welaýatyndan, 15-si Balkan welaýatyndan, 9-sy Daşoguz welaýatyndan, 16-sy Lebap welaýatyndan, 15-si Mary welaýatyndan hem-de 11-si Aşgabat şäherinden hödürlenildi. Dalaşgärleri hödürlemek 2-nji marta çenli dowam eder, bellige almak bolsa 7-nji martda tamamlanar.

Hoşniýetli goňşuçylyk esasynda

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny döwlet Baştutanymyza ýetirdi. Goňşy ýurduň Baştutany milli Liderimize hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar hem-de düzümleýin taslamalar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şanly senäniň şanyna

Öňňin ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçildi. Şol gün bu sene mynasybetli Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi. Foruma ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Deňhukukly gatnaşyklara eýerip

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, Diýarymyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň netijesinde ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň, abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Munuň şeýledigine şu günler sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän köpsanly duşuşyklar, gepleşikler we beýleki çäreler hem şaýatlyk edýär. Öňňin Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda baradaky ýörite wekili hanym Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri bilen söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.

Habarlar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GUTLAGLARY Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Milli Liderimiz Gutlagda: «Ýurdumyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda döwletimiziň diplomatik gullugynyň öňde goýlan wajyp wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine men berk ynanýaryn» diýip belleýär.

Parahatçylyk söýüjiligiň belent nusgasy

Welaýatymyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni dabaraly bellenilip geçildi Hepdäniň penşenbe güni ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly maslahat toýly günleriň ähmiýetini artdyrdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň, welaýat häkimliginiň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda bu şanly senäniň dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», milli derejede «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarlara beslenen üstümizdäki ýylyň maksatlaryna sazlaşykly utgaşýandygy bellenildi.

Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalanýar

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz özara düşünişmek ýagdaýyna esaslanýan oňyn türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi hem-de sebitiň bähbidine hyzmat edýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini aýratyn nygtady.

Ygtybarly hyzmatdaşlykda giň mümkinçilikler

Uglewodorod serişdeleriniň gorlary we öndürilýän möçberleri boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda möhüm işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini köpeltmek ugrunda anyk işler durmuşa geçirilip, oňyn netijeler gazanylýar. 18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň nebit-gaz senagatynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar hem-de düzümleýin taslamalar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Waspyň ýazylar zer bilen

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz Türkmenistan ähli ugurlar babatda ýokary depginler bilen ösýär. Halkara jemgyýetçiliginde bedew batly ösüşi bilen tanalýan ýurdumyz ylym-bilim, medeniýet, ykdysadyýet babatda ýokary görkezijileri gazanyp, dünýä ýüzüniň ünsüni çekmegi başarýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda döwletli Diýarymyzda beýik maksatlary nazarlaýan her bir asylly niýetiň, ajaýyp pikiriň desbi-dähel ugrugyp gitmegi bizi juda buýsandyrýar. Girişilýän we amala aşyrylýan tutumly işler bereketli topraga sepilen her bir dänäniň, tohumyň günsaýyn boý alşyny ýadymyza salýar. Bularyň ählisi döwletliligiň, bereketliligiň aýdyň nyşanydyr. Her gezek ýurdumyzdaky beýik taryhy wakalaryň şaýady bolanymyzda, köňlümizde buýsanç, göwnümizde guwanç duýgulary zybanymyzda Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşly sözler bilen utgaşyp, täsin duýgulary peşgeş edýär.

Ösüşiň täze belentliklerine tarap

Öňňin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylyp «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň baştutanlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli diplomatiýanyň dabaralanmagy ugrunda alnyp barylýan beýik işleriň beýanyna aýratyn orun berildi. Türkmenistanyň özüniň içerki ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy-tehnologik, informasion proseslere giňden we işjeň gatnaşmagyň bähbidine strategiki ugry saýlap alandygyny ynamly aýtmak bolar. Munuň özi ýurdy häzirki zamanyň global maksatlarynyň ösüşine we talaplaryna laýyk gelýän derejä çykarmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde esasy şert bolup hyzmat edýär. Şu jähetden, Türkmenistanyň hil taýdan täze daşary syýasat ugrunyň mysaly hökmünde döwlet Baştutanymyzyň: «Bu gün Türkmenistan dünýä üçin açykdyr, ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy üçin açy

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul edişlikleri

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, häzirki döwrüň birnäçe meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejede ynanyşmagyň we özara goldaw bermegiň ýokary derejesi nygtaldy hem-de parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň bähbidine abraýly halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň hem-de beýlekileriň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanmalar tassyklanyldy.

Sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi

Watanymyzyň täze taryhyna dahylly şanly senelerde, baýramlarda bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy hem şu döwürde bitirilen işlere, ýetilen sepgitlere nazar aýlap, häzirki günlerde gazanylýan üstünliklere baha bermekde ýene bir ajaýyp pursatlardyr. Şu döwürde ýurdumyzda nähili beýik ösüşleriň, düýpli özgerişleriň bolandygyny biziň özümiz oňat bilýäris. Täzelenişiň we ösüşiň ruhuny halkymyz öz durmuşynda görýär we kalby bilen duýýar. Bizi ýürekden buýsandyrýan ýagdaýlaryň biri, berkarar türkmen döwletiniň ýeten derejesiniň dünýäde ykrar edilýändigini, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ösüş maksatnamalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň artýan kuwwatlyklarynyň goňşy döwletleriň ösüşine-de täsir edýändigini duýmakdyr. Häzir halkara bilermenleriniň, goňşy döwletleriň hünärmenleriniň çykyşlarynda biziň sebitimizde emele gelen täze hakyky ýagdaý hakynda köp gaýtalanýar. Munuň özi Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda öz orunlaryny pugtalandyryp, ählumumy ösüşde täsirlerini artdyrýandyklary, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda öz milli nukdaýnazarlaryny öňe sürüp, her bir meselä, esasan-da, ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga öz tutýan ýollary bilen çemeleşýändikleri öňe sürülýär diýilse, dogry bolar. Bu babatda Türkmenistanyň aýratyn işjeň ornunyň bardygyny hyzmatdaşlygyň täzeçe çemeleşmeleri aýdyň gö

Halkara ähmiýetli hyzmatdaşlyk

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen sebit, tutuş dünýä bähbitli şanly wakalar bilen başlandy. Ýylyň başynda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem iki goňşy döwletiň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Bu taslamalaryň bilelikde amala aşyrylmagy bolsa, iki goňşy döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygynyň, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, gysga wagtda amala aşyrylan bu üç taslamanyň umumy maksady iki goňşy döwletiň uzak möhletleýin syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşine kuwwatly itergi bermekden ybaratdyr. Ikitaraplaýyn taslamalar türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine, abadançylygyna, giň halkara hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Dostana hyzmatdaşlygyň täze ýollarynyň ulanylmaga berilmegi iki döwletiň bilelikdäki ulag-üstaşyr kuwwatyny,

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar.

Barha rowaçlanýan daşary syýasat

Türkmenistan döwletimiz daşary syýasatda taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak wakalara beslenýär. Şol taryhy wakalar ýurdumyzyň ösüşiniň saýlanyp alnan, kesgitlenilen syýasy, durmuş-ykdysady we daşary syýasat ugrunyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygynyň netijesidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwlet gurluşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanýar. Ol taryhy taýdan gysga döwrüň içinde dünýä giňişliginde belent abraýa mynasyp bolup, sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna girdi. Türkmenistan özüni dünýäde bagt hem eşret, dostluk hem bagtyýarlyk höküm sürýän ýurt, ähli döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan döwlet hökmünde tanatdy. Munuň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürilmegini hem-de onuň dünýä bileleşigindäki ornunyň barha ýokarlanmagyny üpjün edýändigi baradaky hakykat bar. Çünki hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy özeni bolmak bilen, ýurdumyzyň ösmegi we özgermegi üçin oňyn sebit hem-de halkara şertlerini döredýändir. Hemişelik Bitaraplyk bähbitleri utgaşdyryjy, howpsuzlygy üpjün ediji, hoşniýetli gatnaşyklara we ösüşlere bolan islegleri jebisleşdiriji halkara huku