"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Günlerde bir gün

Itiň aň­sa­dy  Günlerde bir gün beýik amerikan ýazyjysy Mark Twene okyjylar şeýle sorag beripdir:

Terjimäniň täsin dünýäsi ýa-da "çaý başyndaky söhbet"

Wagta salym ýok, şo-ol akyp barşy. Ynha, «Dünýä edebiýaty» žurnalam ýap-ýaňy döredilen ýalydy, ýöne, görüp otursak, eýýäm 10 ýaşapdyr. Eliňizde bolsa onuň 60-njy sany. Bizem bu şanly sene mynasybetli žurnalyň tejribeli işgärleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň başynda» ýörite söhbetdeşlik gurnadyk. Onda şol geçilen sepgitde çeper terjimede bitirilen işlere seljerme bermäge çalyşdyk.

Degişmeler düwünçeginden

Tüsse dagaýança Iki awçy özara gürleşip dur:

Dünýäniň danalary

(Dowamy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sanlaryn­da). MARI FRANSUA WOLTER

Faraon

(Dowamy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sanyn­da). ON IKINJI BAP

Gyş paslynyň ak sowgady (Oý­lan­ma)

Güýz paýawlaberende, enem pahyr miwelerden, ir-iýmişlerden ullakan gazanda toşapdyr mürepbe gaýnadardy. Bizem çür-çülpe çaga bolup gazanyň daşyndadyrys. Enem ullakan kepgir bilen gaýnap duran gazany bulap durşuna, wagtal-wagtal bize gatyrganardy: — Gazanyň daşynda kebeleklemäniňizde, oýnamaga başga ýer tapan dälsiňiz. Görýäňiz-ä, ulularyň işlidigini! «Gara gyş» gelýär. Bu zatlardan wagtynda ýüküňi tutmasaň, soň hezil bermez.

Zemin jümmüşine syýahat

(Dowamy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sanyn­da). DOKUZYNJY BAP

Şygryýet bossany

Arkadagly ýyllarymyz Giň dünýäni mähre çoýýar,Arkadagly ýyllarymyz.Ak ýollara nurun çaýýar,Arkadagly ýyllarymyz.

Şygryýet bossany

Parahatçylyk, ynanyşmak — dünýäň bagty, Arkadag! Kalby ylham-joşly ýyllar ak geljegiň buşlugynda,Gujagynda dostluk güller, parahatlyk joşgunynda,Tarypynda saýrak diller, eneleriň şatlygynda,Dostluk, doganlyk, raýdaşlyk, Gün nury deý ýagty sende,Halkara parahatçylyk, ynanyşmak bagty sende, Täze ýyl!

Ak günleriň ýaraşygy

Hoş günleriň ýakymy, hakydalaryň baky hemrasy bolan ajaýyp pursatlaryň ýylylygy bizi bagty süňňümiz bilen syzmaga, kalbymyz bilen ezizlemäge mejbur edýär. Allatagalanyň peşgeş beren günlerini bagtyýarlyga beslemek päkligiň, her bir dogýan Gün bilen ynsanlara ýylgyryş hem bagt paýlamak beýikligiň alamaty. Bu gün hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtyň güzer edinen berkarar ýurdumyzda her dogýan günümiz bizi bagtyýarlygyň goýnuna atarýar. Akyldarlaryň birine: «Bagtyňy nädip tapmaly?» diýip sowal beripdirler. Ol: «Öz bagtyňy gözlemek biderek wagt ýitirmekdir. Dünýäde her bir adam garaçyny bilen nirededigi näbelli bagtynyň gözleginde. Biziň bagtymyz özgeleriň bagtynda gizlengi. Sen olara bagtyny ber, soň siziňki size gaýdyp geler. Aslynda, ynsanlaryň ömrüniň manysy-da özgeleriň bagtynyň içinden öz bagtyny tapmakdyr» diýip jogap beripdir. Bu barada halkymyz hem «Özgäni hoşbagt edeni betbagt saýma» diýen paýhasy döredipdir. Bütin adamzadyň ýagty geljegi, asuda durmuşy hakynda gije-gündiz alada edýän, asyrlara barabar beýik işleri durmuşa geçirýän, öz bagtyny halkyň, il-günüň bagtynda görýän Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik, durmuş ýoly hem, akyldaryň aýdyşy ýaly, ynsanyýete bagt paýlamakdan, mukaddes Diýary berkarar etmekden ybaratdyr.

Şygryýet bossany

Nurana ýyllar Biz kän garaşdyk,Gerip gujagy.Gel, sen Täze ýyl,Ýyllaň ajaby.