"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Halk hekaýatlary

Kimiňki dogry? Iki sany danyşment bir uly mejlisde bile oturmaly bolupdyr. Olaryň biri takwalyk edip, dymmagy özüne endik edipdir. Beýlekisi bolsa, parasatly sözler bilen öwüt-ündew edip oturypdyr. Soralan zatlara bildiginden jogap beripdir. Mejlisiň ahyrynda dymyp oturan danyşment:

Duýguly dünýä

ARKADAGYŇ AJAP EÝÝAMY GELDI Geçmişi ýagtydyr, geljegi nurdan,Tüýs türkmen halkynyň diýýäni geldi.Buýsan, beýik türkmen, berkarar ýurda,Arkadagyň ajap eýýamy geldi.

Şygryýet çemeni

SYNANŞYK «Men seni söýýäni» kän gezek diýdim,Ömrümden köp gyza nesibe ýetdi.Käbirinden puç dolandy umydym,Käbiri ýanymda ýekesiretdi.

Şygryýet bossany

MEŇZEŞLIK Gorky bilen sahabyny agdarýan,Düşünýän ýarsyna, ýarsy howaýy,Pikirleriň ganatyna müner-de,Çyga boýar owamy.

Gündelikden (Dostluk köprüsi)

Hosiýat RUSTAMOWA, Özbegistanyň «Kitob dunyosi» gazetiniň baş redaktory. GIT GÖZLERIMIŇ ALNYNDAN!

«Beýle gary unudypdyr bu ýerler»

«Çökeripdir indi hasam egnimi, ýürekdäki sensiz günleň tegmili» «Bu günem gar ýagýar, ýagýar ol gaty, göýä seni ýatlap küýseýşim ýaly»

Täze ýyl sowgady

Jora FAZYL (özbek ýazyjysy) Geçen asyryň elli altynjy ýyly — Täze ýylyň öňüsyrasydy. Ir säherden telpekläp gar ýagýardy, binalaryň peşdaglarydyr gümmezleri ak lybasa bürenipdi. Diwanbegi hanakasy çal külahly galandara, çuňňur ümsümligiň goýnundaky garry tutlar bolsa onuň semiglerine (kary Gurhan okanda ýalňyşsa ýa-da ýadyna düşmän säginse ýatladyp durujy ikinji kary) — (müritlerine) çalym edýärdi.

Buýsançnama

Ödemäge adamzadyň tamasyn,Gel, Täze ýyl! Nowjuwan ýaş bolup gel!Kalbymyza, dillermize sena sen,Derýalara egsilmez joş bolup gel! Ýaşlara müň dürli hünär bagş edip,Dostluk sazyn göwünlere nagş edip,Täze döwür, täze Günüň dogşy dek,Çille gyşda ýylgyryp gel, gülüp gel!

Ak gar

Her paslyň öz nyşany bar,Sen gyşyň ýyldyzy, ak gar!Kän esere yşarat, aň,Täze ýyl aýdymy — ak gar! Asman atly suratkeşiň,Gördüňizmi çeken keşbin,Giň tebigat, sähra-deşdiň,Gözel görnüşi sen, ak gar!

Täze ýylyňyz gutly bolsun, Arkadag!

Ajap döwre beslediňiz Watany, Täze ýylyňyz gutly bolsun, Arkadag!

Hikmetli gürrüňler

Şunuň ýaly... — Men özümi hiç haçan, şol günki ýaly şeýle utançly ýagdaýda görmändim. Bir gün bir aýal meni tutdy-da, galypda heýkel guýujynyň (ýasaýanyň) ýanyna alyp bardy we “Şunuň ýaly” diýdi. Men haýran galdym we näme bolandygyny ol heýkel ýasaýandan soradym. Ol maňa:

Tymsallar

At bilen itiň söhbedi At bir gezek itiň göwnüne degipdir: “Sen aç-hor bolsaň, gapy-gapy aýlanyp, seňkildäp ýörsüň”. Şonuň üçin adamlar “It arrygy bolma, at arrygy bol” diýýärler. At aç- -hor bolsa-da öz eýesiniň gapysynda durýar. Düşündiňmi?

Çäçdepe gürrüňleri

Seň diliňden çekinip — Aga Arrygyň häli-şindi köçämizden geçäýmesi bardy welin, soňky döwürde gabat gelemok-la? — diýip, goňşularynyň biri Meret Öwezden sorapdyr.

Rowaýat

Ynsan ömri Bir gün Musa pygambere Alladan owaz gelýär: “Eý, Musa, Günüň dogýan tarapyna ýöre!”.

Iki hekaýat

Gözüň görenine ynanmalymy?! Gadym döwürlerde uly bir şäheriň adalatly, parasatly hany bolupdyr. Ol durmuşda gabat geläýmegi mümkin bolan ýagdaýlar bilen baglanyşykly meseleleri orta atyp, köşk emeldarlaryndan ýeke-täk dogry çözgüdi tapmaklygy talap eder eken.

Türkmen sährasynyň waspçysy

Bahar ýaly joşgunly, umman ýaly çuň eserleri bilen okyjylaryň aňynda, kalbynda ýaşamagy başaran türkmen poeziýasynyň ägirtleriniň biri hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowdyr. Onuň şygryýet äleminde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan goşgularynda türkmen sährasynyň gözelligi, baharyň waspy, güýzüň agraslygy inçelik bilen beýan edilýär. Türkmen sährasynyň aşygy Gurbannazar Ezizow ýiti zehinidir täzeçilligi bilen XX asyr türkmen edebiýatynda görnükli yz galdyrdy. Onuň şygyrlarynyň düýp özeni ýagşy niýetdir päklige, sadalyga we belent adamkärçilige ýugrulandyr. Muňa şahyryň «Söýüň çagaňyzy», «Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy», «Oňarsaň, bar zady oňatlyga ýor», «Şadyýan Gün», «Neneň oňat», «Gyzlaryma» ýaly goşgulary mysaldyr. Şahyryň ak gar deýin arassa, säheriň howasy ýaly tämiz şygyrlarynda aýdýan pikirleriniň özboluşlylygy, tebigylygy, hiç bir şahyryňka meňzemeýänligi bilen tapawutlanýar. Ol bu owadan dünýäde päk hem baldan süýji çagalar barada şeýle diýýär:

Munazara žanrynyň folklor çeşmeleri

Hormatly Prezidentimiz gözbaşy uzak asyrlaryň jümmüşine uzaýan milli edebi mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegine hem-de dünýä ýaýylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde häzirki döwürde nusgawy edebiýatymyzyň dürli ugurlarynyň ösüşini, çeper mirasyň taryhyny ylmy esasda öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. Şeýle işler türkmen edebiýatynyň taryhynda uly orun tutan munazara žanry babatda hem şeýledir. Iki sany gapma-garşy predmetiň arasyndaky çekişme we jedelden ybarat bolan munazara halk döredijiliginiň köp görnüşlerinde gabat gelýär. Aslynda, türkmen bagşyçylyk sungatyndan başlap, halk döredijiliginiň şadessan, dessan, şygyr ýaly görnüşlerine çenli munazaranyň aýdyşyk, gapma-garşy pikirleriň çaknyşygy ýagdaýynda gelşini görmek bolýar. Olaryň öz ýüze çykyşlaryna laýyk aýratynlyklary saklanyp galypdyr. Iki garşylykly aňlatmalar adamzat ýaşaýşynda, tebigat we haýwanat dünýäsinde, umuman, durmuşda hemişe duş gelýär. Meselem, gije we gündiz, ak we gara, Aý we Gün, Ýer we Gök, ata we ogul, ajy we süýji.

Şygryýet bossany

Täze ýylym, täze ýylym! Ýyllar ýyllardan zyýada,Eýe bolduň gözel ada,Ýetirsiň bizi myrada,Täze ýylym, täze ýylym!

Ýagşylyk we ýagşy häsiýet hakynda

Halk döredijiliginiň dürler hazynasynda ynsanyň ahlagyny bezeýän ajaýyp sypatlar hakynda ençeme nakyllardyr atalar sözi, rowaýatlar bar. Olar üstünden ençeme asyrlary aşyran, her döwürde üsti ýetirilip taraşlanan hem bolsa, özünde ynsanyň ahlak gözelliklerini saklaýar. Halk döredijilik eserlerinde ýagşylyk ýaýylyp, ýamanlyk ýazgarylýar. Bu eserler asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilipdir.

Şygryýet bossany

Üzärlik Bu giňiş sähraTutuş gülzarlyk.Bu üýtgeşik ot,Seret — üzärlik.