"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Durmuş pelsepeleri

Durmuş hakda çuňňur oýlanyp pikir edip bilýän adam onuň ýagşysyna we ýamanyna şükür hem edip bilýändir. Ýagşy niýet-päliň bolsun ýoldaşyň,Goý, gül bagtyň büdräp, çökmesin laýa.Kynçylyga uçranyňda başyňa,Eden ýagşy işleň salsynlar saýa.

«Ölçerme odumy...» («Mätäji hakyndaky hekaýalar» toplumyndan)

Hally Mätäji şahyryňka gün guşluk boluberende bardy. Bu mahal şahyr üzümli haýatynyň içindäki işlerini birýüzli edip, işikdäki äpet zerdalynyň aşagynda palçykdan galdyrylan sekiniň üstünde nämedir bir zadyň pikirine gark bolup otyrdy. Haşamly derwezeden giren ýaş ýigidi görenden, onuň agyr pikiri düw-dagyn boldy. Ýüzi ýagtyldy. Ýeňillik bilen ýerinden turup, myhmanyny garşylady. — Geleweri, Hally jan, öten agşamdan bäri kararym ýetmän, şol bitakat bolup otyryn. Ekin bilenem, iş bilenem serim ýok. Küýüm-köçäm geçeni ýatlap, ýaşlykda düzülen şygyrlarymy birme-bir gaýtalap, öz ýanymdan:

Jelaleddin rumy we «türkmen gojasy»

Ýunus Emre Jelaleddin Rumyny özüniň ruhy halypasy hökmünde hormatlap, birnäçe şygyr setirlerini ýazypdyr: Möwlana söhbetinde saz bile eşret boldy,Aryf manyýa çümdi, çün biledir perişde.

Dürli ýyllaryň depderlerinden (Kerim Gurbannepesow)

Indi çärýek asyr bäri bu ýazgylar meniň iň ýakyn syrdaşyma öwrüldi. Olar dürli depderlerde, bloknotlarda, bölejik kagyzlarda, hatda otluçöp gaplarynyň ýüzlerinde emele geldiler. Men şu ýyl zähmet rugsady döwründe ol oýlanmalary, täsirleri, bellikleri täzeden gözden geçirdim. Tertibe saldym. Olardan çaklaňja kitapçalyk golýazma döredi.

Gözellik gar bolup...

Gözellik gar bolup eňdi Zemine,Tebigatyň howasy-da mylaýym.Bu görnüşden joşgun alyp gursagy,Gar oklaýar goňşyň gyzy Gülaýym. Gözellik gar bolup eňdi Zemine,Daş-töwerek ak donuna bürendi.Gar tokgasy degen ýigdiň ýüregi,Göýä onuň gözlerinde göründi.

Paýhas düwünçeginden

Bilim — hemişelik hazyna. Altynyň bahasy bar, bilimiň bahasy ýok.

Bulary bilýärmisiňiz?

Biz gündelik durmuşda häli-şindi eşidip ýörsegem, käbir zatlaryň nämedigini aýdyň göz öňüne getirip bilmeýäris. Şonuň üçin olardan käbirine düşündiriş bermek artykmaçlyk etmese gerek. Şamçyrag — rowaýatlara görä, garaňky gijede öz-özi ýanyp, ýagty saçýan gymmat bahaly daş, dür. Ol gije hem çyrag, ýagtylyk sözlerinden gelip çykypdyr. Güýçli ýagty bermese-de, garaňkyda ýanyp, özüni bildirýän daşlar häzirem ýok däl.

«Ýylan kişmir görse...» (Magtymguly Pyragynyň syrly setirine düşündiriş)

Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň «Şal tapsa» diýen goşgusynda şeýle setirler bar: Jan howpundan bolar, akyly haýran,Ýylan kişmir görse, öler biguman...

Bankada gögeren gämikler

Amanguly aga agtygynyň elindäki ýarym litrlik agzy ýapyk bankanyň içindäki akja ösüntgi çykaran çigitleri elindäki çaýly käsesini ýerde goýup, äýnegini geýip, mazaly synlady. Agtygynyň: — Ata, hurmanyň çigitlerini iki gulak gämik bolandan soň, öý gülleri ösdürilýän küýzejige oturdyp, ýazda topraga göçürsem nähili bolar? — diýen soragyny aňynda aýlanyndan soň:

Yhlas

Öz ukybyna göz ýetirip, ony ösdürmegiň, paýhasyňy ýiteltmegiň ugrunda gezýän adamlar — hakyky bagtly we durmuşda öz ornuny tapyp, göz öňüne getirýän ykbalyna eýe bolup bilýän adamlardyr. Şeýle bir rowaýat bar. «Bir wagtlar Ýer ýüzünüň ähli ynsanlary örän güýçli, keramatly bolupdyrlar. Emma adamlaryň arasynda öz güýjüni, keramatyny hyýanatly peýdalanýanlary köpelip başlapdyr. Şonda Gudraty Güýçli adamlary adatdan daşary güýçden mahrum edip, ony elýetmez bir ýerde gizläp goýmagy makul bilýär. Şonda perişdeler: «Belki ummanyň iň çuň ýerinde goýarsyňyz» diýip maslahat berýärler, ýöne ol: «Günleriň birinde adam ummanyň iň çuň ýerine-de aralaşar» diýip, bu pikiri makullamandyr. Şondan soň ýene-de köp dürli pikirler aýdylypdyr, ýöne olaryň hiç biri göwnejaý bolmandyr. Ahyrsoňy: «Keramatly güýji adamyň özünde goýalyň, adam ol güýji hiç wagt özündedir diýip pikir etmez» diýen netijä gelipdir. Rowaýatda diýiljek bolunýan zat — adam öz başarnygyny, güýjüni irginsiz zähmeti, paýhasly hereketi bilen tapyp biler. Diňe yhlasly zähmet adama öz başarnyklaryna, güýç-kuwwatyna göz ýetirmäge kömek berip biler. Bu ajaýyp dünýäde kän işleri ýerine ýetirip bileris. Etmeli işlerimizi paýhas eleginden geçirip, oňat seljersek, ony durmuşa geçirmek islesek hem-de yhlasly zähmet çeksek, şol maksadymyza ýetip bileris.

Altyn aşyk

Ajy burçuň peýdasy Ajy burçuň düzümiWitamine örän baý.Peýdasyny görersiň,Garamasaň biperwaý.

Öwünjeň towşanjyk (erteki)

Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda bir öwünjeň towşanjyk bar eken. Ol kirpijik bilen goňşuçylykda ýaşap, dostlukly gatnaşyk edipdir. Towşanjyk hemişe kirpijigiň ýanynda çalasynlygy barada magtanar eken, ýöne kirpijik towşanjygyň sözlerini göwnüne almandyr. Günlerde bir gün bileje ýöräp gelýärkäler, towşanjyk kirpijigiň yüzüne garap:

Çagalar, tapmaçalardaky hasaplamalary ýerine ýetirip, dogry jogaplary tapyň!

Armyt ýygdy Aman aga, Bir sebetde 15 sany.Beýlekide 3 esse az, Näçe bolar olaň bary? (15:3=5 sany)(15+5=20 sany).

Diýarym Türkmenistan

Heňňamlaryň hikmeti, rowaç döwrüň güwäsi,Baky Bitarap Watan — Diýarym Türkmenistan.Nesilleriň uýdugy, geljegiň päk sabasy,Baky Bitarap Watan — Diýarym Türkmenistan,Ak Kuýaşly geljege rowanym Türkmenistan. Milletleriň mukamy, yklymlaryň ykbaly,Sahawatyň mekany, älem-jahan ykrary,Gündogaryň Kuýaşy, bagty çüwen ahwaly,Baky Bitarap Watan — Diýarym Türkmenistan,Ak Kuýaşly geljege rowanym Türkmenistan.

Ogul terbiýesi

(Hekaýa) Hydyr aga bilen Nabat eje dört ogly, üç gyzy ösdürip ýetişdirdiler, kemala getirdiler. Şanurdan beýlekileri ýokary, orta hünär okuw mekdeplerini tamamlap, öz saýlan kärlerinde abraý bilen işläp ýördüler. Şanur welin işýakmaz bolup ýetişdi. Haýsy edara ýa-da kärhana işe ýerleşse-de, uzak işlemeýärdi. «Ýolbaşçysy gowy adam däl», «Halaýan kärim däl» diýen ýaly bahanalar bilen işden çykyp gaýdýardy. Öýli-işikli, çagaly-çugaly ogullarynyň işýakmazlygy Hydyr agadyr Nabat ejä agyr degýärdi. Oňa näçe öwüt-ündew etseler-de, peýda bermeýärdi. «Öwrenen gylyk örkleseň-de durmaz» diýleni. Herhal, aýaly Jereniň işleýändigi maşgalanyň güzeranyny dolandyrmaga ýardam edýärdi.

Suhangöýlige taýýarlyk

(Grek tymsaly) Sokratyň Ýewfidem atly, Görmegeý lakamly ýaş dosty bar eken. Ýewfidemiň halaýygyň öňünde akylly sözler bilen çykyş edip, suhangöýlige ýetmek isläp, ýüregi atygsap duran eken. Onuň öz ukybyna bolmalysyndan ýokary baha berýändigini duýýan Sokrat günleriň bir güni ýaş dostuny «akylyna aýlandyrmagy» ýüregine düwüpdir. Oňa sorag bilen ýüzlenipdir:

Deňizçi atamyň wesýeti

Atam 1962 — 1966-njy ýyllarda, dört ýyl Ýuwaş ummanynda harby gullukda bolupdyr. Ol harby-nyzam, syýasy we söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmekde, soňundan buýsanyp ýatlarlyk, göreldeli gulluk edipdir. Atam ýaşlyk hyjuwy bilen gulluk eden döwri barada bize gürrüň bereninde, gullukdaşlary Balkanabat şäherinden tehniki ylymlaryň kandidaty Nurberdi Mämesow, Änew şäherinden Nazarguly Rejebow ýaly merdanalar bilen Harby-deňiz goşunynda gulluk etmegiň nusgasyny görkezip, hemişe öň hatarlary eýeländikleri dogrusynda kän aýdardy. Atamyň bu hakyky harby-durmuş mekdebinde görkezen gujur-gaýraty harby deňizçi bolup gulluk etmegimde berk watançylyk sargydy, baş wesýetidir. Mähriban Watanymyzy, il-halkymyzy jan-dilden söýmekde, gullukdaşlarymyz bilen jebisleşip, Watana wepaly ýurt goragçylary bolup ýetişmegimizde edermen atalarymyzyň şöhratly ýoly biziň üçin hemişe görelde mekdebi bolup galar.

Del töwir

Gadym zamanlarda iki sany han bar ekeni. Olar örän gadyrly gatnaşykda bolupdyrlar. Birek-biregiňkä ýygy-ýygydan myhman barypdyrlar. Ýyllaryň birinde gyşyň gazaply, garly gelmegi bilen, olaryň arasy wagtlaýynça kesilipdir. Bahar pasly gelipdir, älem-jahan gülzarlyga öwrülipdir. Dostlaryň ýaşkiçisi: — Dostumyň ýagdaýyny bilip gel, ol sag-aman gyşladymyka — diýip, dostunyňka çapar ýollapdyr. Beýleki han dostunyň iberen çaparyny gowy garşylap, dürli-dümen nahar bilen hezzetläpdir. Nahar iýlip bolnanyndan soň han:

Halk hekaýatlary

BAGŞYLARYŇ DURMUŞYNDAN ... Bagşy bolmadygyň

Söz manysy

Tekýe Ene dilimize degişli bolan, irki halk döredijiligi eserlerinde we ýazuwly edebiýatymyzda ulanylan bu söz ýassyk manysynda gelýär. Munuň hakykatdan-da şeýledigi «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» hem görkezilipdir. «Görogly» eposynyň «Ar alyş» şahasyny okanymyzda şeýle sözler bar: «Arap zaňňar bir beýik sypanyň üstünde, ullakan güjümiň teýinde dokuz gat çymylgany taşlap, baş ujunda dokuz tekýe, aýak ujunda bäş tekýe taşlap, arkan düşüp, horlap ýatyr».