"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Oba ýatlamasy

Çaryk buzda typýarmy ýa typanok?! Aýtdym-a, obadaşlarym hakynda gürrüň kändir diýip. Men olar hakda gürrüň edip ýadamok, gaýtam, lezzet alýan. Şonda özümem obama giden ýaly, obadaşlarym bilen duşuşan ýaly bolýan. Myrat aga hakda ýatlamag-a hasam gyzykly. Onuň obada ýörgünli ady Myrat mergendi. Myrat aga diýseň, obada başga-da Myrat atlylar bolansoň: «Haýsy Myrat?» diýip soraýardylar. Myrat mergen diýseň welin, hemmeler tanaýardy. Sebäbi Myrat mergen obada sylanylýan, hormat goýulýan ýaşulularyň biri bolupdy. Ol ir döwürde, uly ýaşlylaryň aýdyşy ýaly, köp adamlara ýardam edipdir. Ökde awçy bolansoň, daga awa gider eken, her gezegem 5-6 käkilik awlap gelýän eken. Birin-ä öz maşgalasy üçin ulanar eken, galanlaryny-da ekleýjisi urşa gidenleriň yzynda galyp, horluk çekýän maşgalalara paýlaýan eken.

Kadyr AŞYRMUHAMMEDOW

Türkmensiň Sabada ýaňlanar owazly azan,Dini-ygtykatly, halal türkmensiň.Gadym taryhyny sünnäläp ýazan,Asly adyl, gerçek illi türkmensiň.

Ömür keşdesi

(Hekaýa) Çeper gaýap oturan keşdesini ýene bir gaýta synlady. Onuň öwrüm-öwrüm gaňyrçaklaryny höwes bilen sypap goýberdi. Simden çekilen ýaly keşdeler onuň göwnüni göterdi. Birsellem olardan gözüni aýryp bilmän oturyşyna, ol içini gepletdi: «Muňa näme diýsemkäm? Öwrüm-öwrüm aýlanan keşdeler birhili ömür ýoluna çalymdaş. Belki, men muňa «Ömür ýoly» diýerin». Inçeden çekilen owadan keşdeleri synlap, öz-özünden, edýän işinden hoşallygyna buýsanyp, usullyk bilen ýerinden turdy. Çeper arassa howadan dem almak üçin penjiräni açdy-da, uzaklara nazar aýlady. Ho-ol aňyrda, şäheriň ileri gyrasyny jähekläp oturan baýyrlar onuň gözüne mährem göründi. Olary synladygyça, süýji ýatlamalar kalbyny heýjana saldy. Şol pursat ol özüni uzakdan görünýän gök baýyrlaryň goýnunda duýdy. Şobada türkmeniň joşup gelýän baharlarynda çym-gyzyl gülälekleriň arasyndan jyklaýan akja kömelekler, başyny adaja şemala ygşyldadyp oturan jümjümelerdir gelinçekler, ter tämiz howa onuň keýpini göterdi. Ýaýylyp ýatan gollardaky ajaýyp lälezarlyga perwaz urýan kebeleklerdir balarylar aýratyn gelşik berýärdi. Bu janly gudrat birbada onuň sussuny basdy. Onsoň ol şol gudraty has ýakyndan duýmak üçin onuň yzyny alyp ugrady. Ol şu pursat öz çekýän keşdelerini unudyp, şol duýgynyň yzynda ser-sepil bolup barşyna hiç zady duýanokdy. Töwerek-daşdaky gözelligem, gülleriň bark urýan hoşboý ysy hem onuň ünsüni bölüp bilenok

Bossany giňişlige çakylyk

Şahyr Ahmet Mämmedowyň «Ylham ýaýlasy» atly kitabyny okap Görersiň kalbyny Ahmet Mämmediň,«Ylham ýaýlasyna» seýran eýleseň.Behişdiň müşk ysy başyň sämeder,«Ylham ýaýlasyna» seýran eýleseň.

Her ýylda bir sowal

Soltansöýün  Myralydan mydama sözde basylar ekeni. Bir gün şoňa gahar edip, bir ýol bilen gepde ýeňmegiň pikirini edýär. Ondan soň Myralyny ýanyna çagyryp: — Men saňa iki sowal berjek, şolara dogry jogap bermeseň, eýgilik tamasyny etme.Özem sowallary aýry-aýrylykda, hersini bir ýylda sorajakdyryn. Birinji sowal «Sen näme iýýärsiň?» — diýipdir.

Ylmy açyşlar, täsin gabat gelmeler

Daşary ýurtlaryň birinde şeýle bir zady ylmy tejribe arkaly anyklapdyrlar. Ýagny gara mallar fermasynda sygyrlara ýakymly saz eşitdirilip saglanda, olaryň süýdi adaty ýagdaýdaky saglandan köp berýändigi belli bolupdyr. Eýsem, bu biziň halkymyz üçin gadymdan belli hakykat dälmi näme?! Bizde sagymçy gelin-gyzlar tarapyndan ýakymly owaz bilen «Höwlim-höwlim!» diýip sygry, «Hörele, maýam hörele!» diýip, düýäni hüwdüläp sagmak adata öwrülen ýagdaý. Halk paýhasynyň, tejribesiniň gazananlarynyň ylmyň we tehnikanyň açyşlary bilen gabat gelýän, haýran galdyryjy ýagdaýlary diňe bular däl. Ýapon alymlary suwy öwrenip, oňa ýakymly sözler aýdylanda, ýakymly saz ýaňlananda düzüminiň gowulanýandygyny anyklapdyrlar.

Söz manysy

Temme Bu söz durmuşda ulanylyşy boýunça soňky döwürlerde könelişip barýar. Şonuň üçinem köp adamlara, ylaýta-da, şäherli ýaşaýjylara bu sözüň manysy düşnüksiz bolmagy mümkin. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» temme barada şeýle ýazylypdyr: «Gapy, derweze we şuňa meňzeşleriň açylmazlygy üçin öňünden, içinden direlip ýa sokulyp goýulýan agaç, kilt». Muňa irki döwrüň janly gepleşik dilinde temme agaç hem diýilýär.

Şähribossan rowaýatlary

Was hanyň şäheri Umumylykda Was ýaýlasy diýilse-de, bu sebitiň Şasenem, Akjagelin, Diýarbekir, Şähribossan kimin örän şahyrana atlandyrylan aýry-aýry ýerleri bar. Aşyk Aýdyň piriň aramgähiniň töweregi Şähribossan diýlip atlandyrylýar. «Görogly» eposynda Agaýunus peri Görogla:

Duýguly dünýä

DIŇE SÖÝGI ÝATDA GALAR Yşk çyn bolsa, ondan ganyp bolmaýar,Ol ýaşaýşa asal gatar oturar.Söýgi — söhbet, nokat goýup bolmaýan,Ol — baglaýjy, hatda dünýäň oturam.

Şygryýet bossany

WATANYM Sallançagyň bady bilen ulalan,Gujagyňda arzuwlarny tapan men.Ömürlerden öwrümleri agtaryp,Gijelerne hyýal bilen ýatamdaGüneşiň oýardy, parahat säher,Sämäp duran serim telwasa salyp.Meni giň gujagňa aýlady her gün,Täzelik agtaryp köne zatlardanŞeýdip seň goýnuňda ýaşalan ömrümGeçdi geljegime umyt ataryp,Diňe seniň gujagyňda tapdym men,Owunjak zatlardan beýigne çenliWatanym!

Gündelikden (Dostluk köprüsi)

HOSIÝAT RUSTAMOWA, Özbegistanyň «Kitob dunyosi» gazetiniň baş redaktory. GÖREÇLERIŇDE KIMIŇ KEŞBI BAR?

Danalardan dürdäneler

■ Saglyk isleseň — köp iýme, hormat isleseň — köp diýme. ■ Giň bolsaň kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz.

Diýarym

Bagt gülüp bakan eziz Diýara,Ýagyşy-ýagmyry nur bolup geler.Çar ýany bezenmiş güle, gülzara,Ähli pasyl göýä ýaz bolup geler. Seleň sähralary, ajap ýaýlasy,Çölüniň bezegi iner, maýasy,Aýrakly, jerenli daglaň gaýasy,Güneş nurun saçyp, çog bolup geler.

Gül roýuňa aşyk men!

Aşgabadym, ak şäherim, abadym,Beýik-beýik binalarňa aşyk men.Guwanjym sen, buýsanjym sen, bar zadym,Şan-şöhratly döwranyňa aşyk men. Gadymýetden gaýnap gaýtdy taryhyň,Şaha ýaýdy, kök uzatdy taryhyň,Gursagymdan çogup çykýar tarypyň,Ykbalyňa — gül çagyňa aşyk men.

Göwün gözgüsi (Hekaýa)

Adam şatlananda ýa-da gaýgylanan wagtynda durmuşynyň aýry-aýry pursatlaryny ýatlagyç bolýar. Bu gezek Kerim hem şeýle pursaty başdan geçirdi. Aýjemal baradaky süýji ýatlamalaryň täsirinden uzak wagtlap çykyp bilmedi. Ol kitaba güýmendi, bolmady. Telewizora seretdi, bolmady. Ahyry, sergin howada birsellem gezelenç etsem, belki, ünsüm sowlar diýip daş çykdy. Gijäniň bir mahaly bolansoň, köçä çykyp dursa gelişjek däl, howlynyň içinde-de bir zada güýmenmän ýöne otursa, gezelenç etse ejesidir kakasyny ünjä goýjak. Garaz «il ýatyp, it uklansoň» ýeke özüň howlynyň içinde maksatsyz aýlanyp ýörseň, alada basmarlan alaçsyz adama-da öwrülip barýaň. Kerim daşarda kän eglenmedi. Ol gapyny emaý bilen açyp, içerik girdi. Kakasydyr ejesi süýji ukuda ýatandyr öýdüp assa basyp, ýerine geçip gyşardy. Patma eje onuň ähli hereketlerini synlap ýatyşyna gapdalynda ähli zatdan bihabar kişi bolup ýatan Mergen agany yralady:

Şygryýet bossany

Meniň okan kitaplarym Durmuşda ak ýola salan,Meniň okan kitaplarym.Aldyrypdy ele galam,Meniň okan kitaplarym.

Eşek, horaz hem geçiniň döwleri aldaýşy

(Türkmen halk ertekisi) Eşek, horaz, geçi üçüsi dost bolupdyr. Bir köne horjunyň gözüni külden dolduryp, eşegiň üstüne ýükläp, üstüne-de horazy mündüripdirler. Geçi öňünden ýöräp, eşek üsti horazly yzragyndan gidip barýan. Bir galanyň içinde üç sany baý döw bar eken. Dostlar: «Heý, şulary aldap, zat alyp bolmazmyka?» diýşip, şolaryň üstüne ugraýarlar. Döw halky ynanjaň bolarmyş. Geçi eşek bilen horazdan ozup, galanyň içine girse, ynha, üç döwüň üçüsi hem otyr, üç gazan tüwi hem buglanyp duran eken. Geçi salam berip baran.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan hekaýat

Ýürekden işlemek hakyndaky hekaýatda dünýä meşhur türkmen alymy Abu Nasyr al Faraby barada söhbet açylýar. Alym köşkde iň hormatly adamlaryň biri bolandygy üçin, onuň isledigiçe bolçulykda ýaşamaga gurby ýetipdir. Ýöne ol gündeki iýjegine ýeter ýaly dört dirhem bilen gününi görüpdir. Dana kişi barja zadyny şähdaçyklyk bilen saçagynda goýar eken. Bir gezegem ol gaty çöregi çaýa ezip iýip otyrka, ýanyna tanyşlarynyň biri gelipdir. Ol: — Halypa, sen gaty çörek bilen oňňut etmeli adam dälsiň. Merwiň bazarynyň atly aşpezleri-de seniň diýen tagamyňy taýýarlap, öňüňde goýsalar, olaryň özlerinden göwünleri hoşal bolar. Sen welin, el ýaly çörek bilen oňňut edip otyrsyň. Şu bolşuňy men-ä oňlamaýaryn — diýipdir. Soňra onuň köşge baryp, wezirden özi üçin şert döretmegi soramalydygyny aýdypdyr. Alym ony sesini çykarman diňläp oturypdyr. Ahyrynam:

Goşgular çemeni

Watan waspy Arkadagly WatandaJoşýar aýdym-mukamym.Dost-doganlyk ýurdudyrNebit-gazly mekanym!

Çaga kalbynyň owazy

Pasyllar Gyş geldi, aklyk bezedi, Älemi, belendi-pesi. Ýaz gelende güller açan Tebigat geýdi begresi.