"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

«Görülmedik illerden...»

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Garagalpagystanyň Dörtgül raýonynyň «Sary meý» sowhozynyň Meşikli obasyndan Meret Akgaýew bilen Dörtgülde Genjebaý mollada Magtymgulynyň harpy arapça, dili türkmençe kitabyny görüpdik. Ýaşy birçene baran goja kitaby eline alanynda: «Bismilla» diýip, üç sapar maňlaýyna togap etdi. Molla aga özbekçe, garagalpakça aýdymlaryň köpüsiniň Magtymgulynyň setirlerine sanalýandygyny, nakyl hökmünde-de Pyragynyň goşgy setirleriniň ulanylýandygyny aýtdy. Kitaby soranymyzda, ol: «Kitaby baryň sogaby zor. Kitaby haryň günäsi bar». Biz ony berip bilmeris, çünki edep-ekram, terbiýe, hatda dini meselelerde-de Magtymgula sygynýarys. «Magtymguly sözüm älemdir, // Nesihatym ulus-ile mälimdir» diýdi-de, mahmal daşly kitaby galyň akja ýaglyga dolap, pagsa diwardaky tekjede, çagalaryň elýeterinden ýokarda goýdy. Dilegimiz bitmese-de, ýaşulynyň ýanyndan özümiziň türkmendigimize, Magtymgulynyň kitabynyň eý görlüp saklanylýandygyna buýsanyp çykyp gaýtdyk.

“Berkarar döwlet istärin”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary ösüşler üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy esasda öwrenilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlygyny dünýä ýaýmak we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir. Hut şu jähetden hem häzirki ajaýyp döwrümizde akyldar şahyrymyzyň döredijiligini ýaş nesillere wagyz etmek mukaddes ýörelgeleriň birine öwrüldi. Magtymguly Pyragy - çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orny eýelän beýik şahsyýet. Akyldar şahyryň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi dilden-dile geçip, nakyllardyr atalar sözüne öwrülipdir. Şonuň üçin hem bu pähimli sözleriň manysyny ýaş nesillere düşündirmekde bilim işgärleriniň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Dana şahyr Watanyň ezizligini, mukaddesligini, gadyr-gymmatynyň beýikdigini nygtaýar.

Guramalar

Türkmen gelin-gyzlarynyň mähir-yhlasyndan döreýän el işleriniň arasynda guramalar hem owadanlygy, hem inçeligi bilen tapawutlanýar. Dürli mata böleklerinden birleşdirilip tikilmegi we umumy sazlaşykly şekiliň, nagşyň döredilmegi guramalaryň esasy aýratynlygy bolup durýar. Halkyň arasynda guramaly eşikler, öý goşlary adamy gözden-dilden goraýar diýlen ynançlar bar. Guramany gurap başlamazdan öňürti dürli şekillerde deň ululykdaky mata bölekleri jemlenilýär. Soňra olary biri-birine gabat geler ýaly edip tikmeli. Guramadan dürli egin-eşikler, düýebaşlyk, kürtekçe, ululy-kiçili torbalar, elbukja, tuty, ýorgandyr ýassykdaşlar, ýandüşekçeler taýýarlanylýar.

Ýagşyny älem arzuwlar

Ümür agany ýatlap... Belli mirasgär alym Ümür Esen hakda uly bir kitap ýazsaňam boljak.

Bäsleşik geçirildi

Şu gün – 10-njy maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni hem-de türkmen halkynyň milli keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Keşdeli dünýämiz, nagyşlaryň nagmasy» atly el işleriniň sergi bäsleşigi geçirildi. Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirligine degişli bolan edara-kärhanalarda zähmet çekýän çeper elli gyz-gelinler türkmeniň keşdeçilik sungatynyň göknükli nusgalaryny, onuň inçe syrlarynyň aýratynlyklaryny, ruhy gymmatlyklaryny, milli nagyşlar we olaryň döreýşi barada rowaýatlary, halk arasynda toplanan maglumatlary, el işlerini ýerine ýetirmekde özara bäsleşdiler.

Ýeňişler ýaraşýan bedewler

Alym Arkadagymyz behişdi bedewleriň taryhy, seýisçilik sungatynyň tejribeleri we olar babatdaky birnäçe ylmy açyşlary özünde jemleýän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplaryny giň okyjylar köpçüligine sowgat etdi. Milli Liderimiziň ahalteke bedewleri barada tolgundyryjy hekaýatlary özünde jemleýän «Gadamy batly bedew» atly eseri bolsa Moskwada geçirilen otuzynjy halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň Baş baýragyna mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde behişdi bedewlerimiziň türkmen durmuşyndaky orny, keşbi we waspy ylmy-çeper täzeçillikler bilen beýan edilýär.

Muzeýe öwrülen mekdep

Babadaýhan etrabynyň Täze ýol obasyna baranymda, bu ýerdäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky muzeýe aýlanyp görmek mende üýtgeşik täsir galdyrdy. Muzeýiň ýerleşýän binasy geçen asyryň 40-njy ýyllarynda garry atam Berdimuhamet Annaýewiň yhlas-aladasy bilen mekdep hökmünde gurlupdyr. Bu obada ýaşap, zähmet çekip, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk işleri bitiren Berdimuhamet mugallym tä meýletin urşa gidýänçä, bu mekdebe ýolbaşçylyk edipdir. Onuň talabalaýyk enjamlaşdyrylmagy, okuw-usulyýet işiniň kämilleşdirilmegi ugrunda uly tagalla edipdir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply urşunyň söweşlerinde gaýduwsyzlygyň, edermenligiň nusgasyny görkezen Berdimuhamet Annaýew uruşdan sag-aman dolanyp gelip, ýene-de bu mekdepde asylly kärini dowam etdiripdir. Uzak ýyllaryň dowamynda mekdep hökmünde hyzmat eden bu bina 2012-nji ýylda muzeýe öwrülýär. Muzeý taryhy gymmatlyklara baý eken. Garry atamyň iş otagy, şeýle-de gahrymançylykly ömür ýoly bilen baglanyşykly gürrüň berýän maglumatlar, onuň fotosuratlary, ulanan iş esbaplary, maşgala agzalaryna degişli taryhy maglumatlar, beýleki resminamalardyr gymmatlyklar meniň ünsümi çekdi. Şonda garry atamyň: «Dowamat-dowam bolsun! Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen jümleleriniň çuň many-mazmunyna ýene bir ýola göz ýetirdim.

Gözelligiň gözbaşy

Türkmen halkynyň agzybirliginiň, ruhy joşgunynyň, döredijilik ylhamynyň esasy gözbaşy milli mirasdyr. Häzirki döwürde türkmen halkynyň sungatyny düýpli öwrenmek, onuň gadymy däplerini we gymmatlyklaryny, el hünärini aýawly saklamak hem-de baýlaşdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Haly önümçiligi türkmenleriň däp-dessuryna öwrülen el hünäri bolup, milli gymmatlyk, ruhy baýlygyň nyşany, zenanlarymyzyň nepis işi hem-de ussatlygy hökmünde kämilleşmegini dowam etdirýär. Olaryň iň gowy nusgalary bolsa öz halkyna şan-şöhrat getiripdir, onuň ruhunyň beýikligini we kuwwatyny görkezipdir, adamzat siwilizasiýasynyň maddy medeniýetini düýpli baýlaşdyrypdyr.

Halym — halym meniň

Türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna sarpa goýmagy çagalygymyzdan ene-mamalarymyz gulagymyza guýdy. Olar haly dokamagyň, keşde çekmegiň, umuman, daş-töweregiňdäki gözellikleri döredijiligiň bilen wasp etmegiň nusgasy boldular. Ejem halyçy bolansoň, ýaşlygymdan onuň ýanynda oturyp çitim çitmegiň, darak kakmagyň inçe tärlerini öwrendim. Şeýlelikde, özbaşdak nusgalary taýýarlap, haly dokamaklyga başladym. 2023-nji ýylda ýaşlaryň arasynda geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» bäsleşiginde Magtymguly atamyzyň heýkelini şekillendirip dokan halym bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Döredijiligime berlen bu sylag meni has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrdy.

Gahryman gerçekler baky diridir

Garaşylyp ýaşalan ömür Nämüçin, nämüçin içginden içgin,

Ýagşylykda ile özün tanadan

Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz ýyllarynda beýleki doganlyk respublikalardan bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň hem watançylyk duýgusy bilen dem alýan ogul-gyzlarynyň müňlerçesi ellerine ýarag alyp, Watan goragyna aýaga galdy. Bu gün biz şol ýowuz ýyllarda eziz Watanyň asudalygy, halkyň ar-namysy, geljekki nesilleriň bagty ugrunda gaýduwsyzlyk bilen göreş alyp baranlaryň bitiren gahrymançylyklary barada oýa çümýäris.

Gerilgi ýüpde batlanar

Sallançak — munuň özi täze doglan çaganyň kemala gelýän, mukaddes ene gujagyndan soňra eý görýän we rahatlanýan ilkinji öýi, ruhy-ahlak dünýäsiniň baýlaşýan ilkinji ýeridir. Sallançak halkymyzda mukaddeslik hasaplanýan gymmatlyklaryň biri. Çünki ol ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň ýürek arzuwlaryndan, köňül isleglerinden, ruhy-ahlak ýörelgelerinden döräp, dowamat-dowam boljak nesilleriň terbiýelenýän ýeridir. 

Geçmişe gadyr goýmagyň güwäsi

Ýaş nesliň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmekde taryhy-medeni gymmatlyklaryň hyzmaty uludyr. Şundan ugur alnyp, Watanymyza, halkymyza wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, olaryň ruhy kämilligini gazanmakda milli ruhy-medeni, taryhy gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň ornuna möhüm ähmiýet berilýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde dabaralanmagy hem muňa anyk subutnamadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şeýle döwletli tutumlardan ruhlanyp, Etrek şäheriniň ýaşaýjysy, mirasgär Hudaýnazar Godanow Etrek etrabynyň taryhyny we ülkäni öwreniş döwlete dahylsyz hususy muzeýiniň işini ýola goýdy. Mirasgäriň bu ilhalar tutumy ýerli ýaşaýjylaryň hem-de etrap häkimliginiň goldawyna mynasyp boldy. Hemaýatkärleriň ýardamy bilen öz işini ýola goýan muzeý etrabyň taryhyny, göreldeli şahsyýetleriniň zähmet we durmuş ýoluny, olaryň nusgalyk işlerini içgin öwrenip, ýaş nesle ýetirmegi maksat edinýär. Etrapda bolsa şeýle şahsyýetleriň barmak büküp sanardan köpdügine muzeýde ýerleşdirilen maglumatlar doly şaýatlyk edýär. Şeýle-de muzeýde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň döredijiligini wagyz etmekde oňyn işler durmuşa geçirilýär.

Kürte — gelinleriň gelşigi

Gözellikden doýma ýok. Ol özüni synlan dideleri erksiz yzyna düşürýär-de, sungatyň solmaz gülleri barada gürrüň berýär. Egni gyzyl çykyş ketenili, aýagy nepis dokalan ýüň joraply, öňüne çapraz-çaňňa dakylan çabydyň üstünden gyrmyzy kürte atylan gelin gözellik bagyna seýran edýän ýalydyr. Türkmeniň «men diýen» sünnäli sungat eserlerini, gülgüzar meýdanlary ýada salyp duran owadan nagyşlar çekilen çyrpylary, kürteleri, çabytlary, ýeňsizleri, begresleri synlap, haýran galýarsyň.

Syrmany oturtmagyň aňsat usuly

Gerekli zatlar: — syrma;

Tikini epläp bassyrmagyň görnüşi

Gerekli zatlar: — ýorgan-düşeklik, ýassyklyk üçin matalar;

Matadan tikilen ýumşak oturgyç

Bu köptaraply ýumşak oturgyjy tikmegi tikinçilik işine ýaňy başlan gelin-gyzlar hem başarsalar gerek. Ony tikmegiň ýönekeýje usuly bar. Olary islegiňize görä, kiçi we uly göwrümlerde hem-de öýüňiziň içki bezegine laýyklykda, tikip bilersiňiz. Ýumşak oturgyjy tikmek üçin gerekli zatlar:

Dünýämize gözellik — naýbaşy sungat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň adyny şöhratlandyryp gelen maddy we ruhy baýlyklaryny öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işler halkymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrýar. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda akyl-paýhasa eýlenen gymmatly taýsyz döredijiligi bilen dünýä ýüzünde meşhurdyr. Gadymdan gelýän täsin binagärçilik, şekillendiriş, zergärçilik sungatymyz, pähim-parasada eýlenen halk döredijiligi eserlerimiz, ajaýyp şygryýet dünýämiz, şirin owazly dutarymyz, ýelden ýyndam bedewlerimiz, arwana düýelerimiz, saryja goýnumyz, wepaly alabaý itimiz, milli şaý-seplerimiz, gözel görkli halylarymyz, ajaýyp keşdeçilik sungatymyz türkmen halkynyň buýsanjyny has-da artdyrýar. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň arasynda behişdi bedewleriň gymmaty örän ýokarydyr. Dünýä gözelligini özünde jemleýän ajaýyp ahalteke atlarymyzy seýisläp, kämilleşdirmek sungaty bütin dünýä ýüzünde türkmen halkyna meşhurlyk getirýär. Halkymyzyň genji-hazynasyna öwrülen, asyrlaryň dowamynda türkmeniň at-abraýyny, mertebesini belende galdyran atçylyk sungatymyz, bedew atlarymyz uly söýgä, hormata mynasypdyr, gözlerimize çyrag berýän hakyky gözellikdir.

Baý taryhly mekan

Welaýatymyzyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni göterýär. Şonuň bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Änewde geçirilýän dabaralardyr duşuşyklar, maslahatlar, täsirli çäreler bu gadymy şäheriň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasymyzy öwrenmekde hem-de giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bolsa, bu ugurda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk, egsilmez hazyna bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasynyň öňüsyrasynda halkymyza sowgat edildi. Ajaýyp eser gysga wagtda ulus-ilimiziň söýgüsini gazanyp, her birimiziň ýankitabymyza öwrüldi.

Diş toýy

Islendik türkmen maşgalasynda ata-baba dowam edip gelýän gadymy milli däp-dessurlaryň döwrebap, täze görnüşde geçirilýändigine buýsanjyň artýar. Şol däpleriň, asylly ýörelgeleriň köpüsiniň nesil dowamy bolan perzentler bilen baglydygy bolsa, milliligimiziň özenini ynsanperwer düşünjeleriň düzýändigine şaýatlyk edýär. Ynha, şeýle däpleriň biri hem çagalaryň ilkinji dişi çykyp başlanda berilýän diş toýudyr. Alty aýlykdan başlap, çaganyň alyn dişi çykýar. Ilkinji çykan akja dişe toý bermek türkmen halkynda däbe öwrülen dabaralaryň biri bolup durýar. Diş toýy ýakyn garyndaşlar, oba arasyndaky goňşular çagyrylyp geçirilýän däp-dessurlardyr. Eger diş toýy tutulýan çaga maşgalada ilkinji ýa-da ýaşulularynyň ady dakylan bolsa, dabaranyň has uludan bellenilýän ýagdaýlary hem bolýar.