"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 23-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +40... +42° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 22-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 728 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Jülgeleri erem deýin, gaýalary howalaly

Köýtendag diňe bir tebigy baýlyklaryň däl, eýsem, gözellikleriň, täsinlikleriň hem mekanydyr. Şol sebäpli ol her bir adamyň ünsüni özüne çekýär. Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda bu behişdi mekanyň gaýtalanmajak tebigatyny goramak we ylmy taýdan öwrenmek bilen baglanyşykly işler netijeli alnyp barylýar. Bular hakynda goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Şaniýaz Meňliýew bilen söhbetdeş bolduk. — Şaniýaz, ilki bilen Köýtendagyň geografik ýerleşişi we goraghananyň döredilişi hakynda aýdaýsaňyz?!

Çopantelpek

Biziň ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi örän baý we köpdürlüdir. Medeni ösümlikleriň arasynda ýertudanasynyň, ýer hozunyň bolşy ýaly, çopantelpek hem ýurdumyzda we dünýä ekerançylygynda giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Ol özüneçekijiligiň we syrlylygyň nyşany hasaplanylýar. Gülleriň dillerinde ol «Meni söý» diýmekligi aňladýar. Çopantelpegiň dermanlyk häsiýetleri irki wagtlardan bäri bellidir. Meşhur alym Abu Reýhan Birunynyň «Lukmançylykda farmokologiýa» atly ensiklopedik eserinde bu ösümligiň şypaly häsiýetleri açylyp görkezilýär. Onda: «Çopantelpegiň otunyň we gül sebetjikleriniň peti iriňli dömmede, gyzdyrmanyň garşysyna, gany togtadyjy, ýarany bitiriji, öt, peşew, der we soguljan çykaryjy serişde hökmünde ulanylýar» diýlip bellenilýär.

Haýwanat dünýäsinden

Düýeguşuň ýumurtgasynyň agramy 1,5 kilogram bolup, ony bişirmek üçin azyndan 40 minut gaýnatmaly.* * *Sargan balygynyň süňkleri ýaşyl reňkde bolýar.* * * Žiraflar gury ýer haýwanlarynyň içinde iň uly ýürekli we ýokary gan basyşly jandar hasaplanylýar. Olaryň dili gara reňkde bolup, 45 santimetre ýetýär. * * * Piller 4 sany dyzçanakly ýeke-täk jandardyr.* * * Ýunuslar bir gözüni açyp uklaýarlar.* * * Läheňleriň ýüregi minutda 9 gezek urýar.* * * Suwulganlar maşgalasyndan bolan hameleon dilini öz göwresiniň uzynlygynyň ýarysyna çenli aralyga uzadyp bilýär. Mundan başga-da onuň gözleri biri-birine bagly bolmazdan dürli tarapa seretmäge ukyplydyr. Bu bolsa hameleona bir wagtda kellesini gymyldatmazdan dürli tarapa seretmäge mümkinçilik berýär.* * *Dünýäde iň uly süýreniji deňiz krokodilidir. * * * Gury ýeriň 70 göterimini bakteriýalar eýeleýär.

Sähra göwenegi

Sähra göweneginiň göwresi kepderiden kiçi, horazynyň kellesi we guýrugynyň üsti gögümtil, arkasy meneksiz açyk-çypar, guýrugynyň aşagy açyk reňkli we ujy gara zolakly bolup, bedeniniň uzynlygy 27-33 santimetre ýetýär. Höwürtgeleýän we uçup geçýän guşlaryň hataryna girýän bu guş deňiz derejesinden 2200 metre çenli beýiklikde, käwagt has pesde (500-600 metr), ýagny, düzlüklerde, jarlarda, derýa hanasynyň kertlerinde duş gelýär. Az bölegi ýurdumyzda gyşlaýar. Diýarymyza sähra göwenekleri mart aýynyň aýagyna — apreliň başyna, güýzüne sentýabr-oktýabr aýlarynda uçup geçýärler. Aprel aýynda çölde, dagda we dag eteklerinde, derýalaryň kert kenarynda, gargalaryň köne hinlerinde kiçiräk topar bolup ýa-da aýratyn jübüt bolup höwürtgeleýärler. 3—5 ýumurtga guzlaýarlar. Mör-möjekler, hažžyklar, maýda gemrijiler bilen iýmitlenýärler.

Pallasyň pişigi

Täsinliklere baý bolan türkmen tebigatynyň üýtgeşik jandarlarynyň biri-de pişikler maşgalasynyň kiçijik ýyrtyjy wekili manuldyr. Ol täsin, akylly, gizlin we örän seresaply jandardyr. Onuň daşky keşbi adaty pişige meňzeş, ýöne gabarasy ondan iri bolup, uzynlygy takmynan, 7 santimetr töweregi bolan ösgün tüý örtülen. Manul pişikler maşgalasynyň wekilleriniň içinde iň dykyz tüýlüsi hasaplanylýar. Manulyň beden ölçegi 50 — 65 santimetr aralygynda, uzyn, tüýlek guýrugy bolsa 30 santimetr töweregi bolup bilýär. Onuň örän berk, gysga penjeleri bardyr. Ýaňagyndaky özboluşly sakgaly manulyň daşky keşbini gaharjaň, rehimsiz şekilde görkezýär. Kellesi giň we ýaýbaň bolup, kiçijik gulaklary tegelejik we gözleri sary reňklidir. Manulyň bedeniniň reňki açyk çalymtyl reňkden sary-goňur reňkler aralygynda üýtgäp durýar. Tüýleriniň uçlary edil üstüne gar ýagan ýaly ak reňklidir. Bu ýyrtyjy jandaryň beden agramy 2—5 kilogram aralygyndadyr. Onuň dişleri we dyrnaklary örän ýiti bolýar.

Töweregi bezäp otyr agaçlar

Baglar özüniň gözelligi bilen diňe bir tebigata zynat bermän, eýsem, ynsan dünýäsindäki pynhan duýgulary oýarmaga-da ukyplydyr. Käbir adamlar baglara baryp, owadan gülleri synlap, öz gaýgy-hasratyny egisýärler. Il içinde döwletli, ilhalar adamlaryň ömür ýolunyň miweli baglara deňelmegi-de ýönelige däldir. Taryha ser salanymyzda-da owadan binalaryň, köşgi-eýwanlaryň baglaryň içinde ýerleşmegi geçmişdäki pederlerimiziň hem tebigaty çäksiz söýendigini görkezýär. Döredijilik işgärleri bolsa bu gözelliklerden ylham alyp, joşgunly, aýdym- sazlary, täsin sungat eserlerini döredýärler, gaýtalanmajak açyşlary edýärler. Dünýä belli alym Nýutonyň bagyň aşagynda oturyp, agaçdan kellesine gaçan bir almanyň kömegi bilen Ýeriň dartyş güýjüni açandygyny bilmeýäniňiz ýok bolsa gerek. Zehin ynsanlara, elbetde, tebigatdan berlen ajaýyp peşgeşdir. Tebigatyň esasy zynaty bolsa owadan baglardyr. Olar ynsan saglygynyň berkemeginde, howanyň arassa bolmagynda juda ähmiýetlidir. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Gara Seýitliýew bu barada: «Kim-de kim iki agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar» diýip, örän jaýdar belleýär. Ajaýyp şäherimiz Aşgabat, esasan-da, gür baglary bilen has-da görklüdir. Şol baglaryň arasynda gezim edip ýörşüme töweregiň gözelligi ýüregimde şeýleräk owazlandy:

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 22-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 728 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Tyllaýy tomsuň tarypy

Altyn öwüşginli tomus! Seniň sargylt keşbiň kalbymyza zer şuglasyny çaýdy-da, dünýämizde orun aldy. Ylham akarymyza bat, ir-iýmişlere dat berip gelen paslym, sen köňülleriň bossanysyň, joşgunly göwünleriň dessanysyň! Tomus gelende, dünýä zerewşan keşbe girýär. Tomsuň howry eneleriň ýyly mähri ýaly gyzgyn. Howry bilen ene topragyň hasylynyň bitginli bolmagyny üpjün edýän bu ajap pasla neneňsi tarypnama aýtsaňam sazlaşyp dur. Çünki bu pasyl miwedir ir-iýmişleriň, gök we bakja ekinleriň bol hasyl berýän möwsümi. Ol tebigatyň nygmatlaryny bolluk bilen eçilýän bu döwründe ynsan kalbynda umman deý kanagatlanma döredip, olary iň bagtyýar duýgulara duş edýär. Şeýle hem tomus — dynç alşyň pasly. Dynç almaga ilgezik göwnümiz her tomusda Awazanyň joşgunly kenaryndaky gözelliklerden gananda juda üýtgeşik duýgulardan pürepürlenýär. Hawa, gülgüzar ülkämizde tomus pasly dowam edýär. Onuň kalba ýakynlygy hakynda depderimize täsin we täsirli pursatlary nagyşlaýar. Tomsuň tyllaýy şuglasy gülden görkana Aşgabadymyzyň keşbine-de zer keşde çekipdir. Tomus gülleri enaýy görnüşe girizse, daragtlaryň ýapraklaryny çalaja sargylt öwüsdirip, misli şelpeler kimin owazlandyrýar. Tomsuň gyzgynyna ýaş baglar agşamara salkyn howada dessine öňki kaddyna gelýär. Çüwdürimleriň Göge sary telwas edýän gözel görnüşi has-da enaýy. Gülleriň rejelenip ekilmegi juda göze gelüwli. Tejribeli gülçülerdir bagbanlar bilen

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 22-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 728 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 21-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Tebigat — ynsanyň ýakyn hemrasy

Türkmenlerde gadym döwürlerden bäri «Ýyldyz senenamasyna» aýratyn üns beripdirler. Şonuň üçin hem ýyldyzlary ylmy esasda öwrenmek ir döwürlerden ýola goýlandyr. Bu babatda alymlar tarapyndan ylmy kitaplar hem ýazylypdyr. Şöhratly taryhymyzda ýazylan bu kitaplary öwrenmek we halka ýetirmek mukaddes işleriň biri bolup durýar. Has irki döwürlerde adamlar Günüň we Aýyň, planetalaryň hereketlerine hem gözegçilik edipdirler. Muny Omar Haýýamyň işleri bilen hem baglanyşdyryp bolar. Akyldar «Nowruznama» eseriniň bir bölüminde Aý hem Gün hasabyna esaslanýan ýyllary bilelikde ulanmagyň ähmiýeti hakynda düşnükli dilde beýan edýär: «Aý hasaby dini däp-dessurlary berjaý etmek üçin zerur, Gün hasaby bolsa oba hojalygyny ýöretmek üçin zerurdyr».

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 21-nji iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +27... +29° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 20-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +28° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 728 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 20-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26...+28° maýyl, gündizine +38...+40° yssy bolar. Howanyň basyşy 728 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 19-njy iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 19-njy iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 19-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 729 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 17-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 20 — 40 %.