"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Howa maglumaty

Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ba­ra­da­ky gul­­l­­­u­gy­nyň ýur­du­myz­da şu gün — 3-nji awgustda bolmagyna garaşylýan ho­wa­nyň ýag­da­ýy ba­ra­da ber­ýän mag­lu­ma­ty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 5 — 25%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 3-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň  basyşy 732 mm, çyglylygy 5 — 25%.

Tebigat we terbiýe

«Tebigat — bu biziň öýümiz». Häzirki wagtda bu jümle durnukly söz düzümine öwrülip, bütin adamzat jemgyýetinde daşky gurşawa aýawly garamak ýaly ynsanperwer ýörelgeleri, düşünjeleri ündeýändigi bilen ähmiýetlidir. Tebigaty we onuň baýlyklary hasaplanýan janly-jandarlaryň, ösümlikleriň täsin dünýäsini goramak hem-de geljekki nesillere ýitgisiz ýetirmek asylly iş, şol bir wagtyň özünde derwaýys wezipe hasaplanýar. Adamlaryň, esasan hem, ýaş nesillerimiziň kalbynda, aňynda tebigata söýgi duýgusyny, ony aýawly saklamak, baýlyklaryndan ýerlikli we netijeli peýdalanmak medeniýetini kemala getirmek, bu ýörelgelere ygrarly bolmak endiklerini ösdürmek olaryň aň-düşünjelerine, durmuş medeniýetine we ahlak gymmatlyklaryna hem öz täsirini ýetirýär. Çagalarda we ýetginjeklerde tebigata söýgi döretmek gözegçilik etmek we iş ýüzünde oňa gatnaşmak usullarynda ýola goýulýar. Tebigata gözegçilik etmek esasynda, çagalar daş-töweregini gurşap alan täsin ösümlik we haýwanat dünýäsinde bolup geçýän hadysalar barada giňişleýin maglumatlary özleşdirýärler. Olaryň aňynda tebigata dahyllylyk, özüniň hem tebigatyň bir bölegidigi hakynda ilkinji düşünjeler kemala gelýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 2-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25%.

Tebigatyň tenekar ösümligi

Güneşli türkmen topragy derman ösümliklerine baý toprakdyr. Şolaryň biri-de dowam edýän tomus paslynyň — iýul aýynyň aýaklaryna we awgust aýynyň başlaryna ýetişýän ýandakdyr. Halkymyzyň humly hazynasy bolan gözel Garagum sährasynda ine-gana ýaýnap ýören mallaryň esasy iýmiti we ynsan saglygy üçin tenekar bolan ýandak barada bize Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň tebigat gözegçisi Ýolly Nepesow şeýle täsirli gürrüň berdi: —Ýylylygy söýýän ösümlik bolansoň, ýandak aprel aýynda gögerip başlap, iýun aýynda gülläp, awgust aýynyň başlaryna miweläp tohumlamak bilen sentýabr aýyna çenli kemsiz ýetişýär. Tikenli hem bolsa, ýandak mallar üçin ot-iým bolup hyzmat etmek bilen birlikde, ynsan saglygy üçin-de tapylgysyz tenekar otdur. Gözel türkmen tebigatyna gezelenje çyksaň, şu ýyl ýandagyň has-da hasylly ýetişendigine göz ýetirip guwanýarsyň. Ýandagyň dermanlyk häsiýetine eýe bolmagy ýapragynda we baldagynda C witaminini (askorbin turşusyny) jemleýändigindedir.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 02-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26° maýyl, gündizine +36... +38° yssy bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25%.

Güller türkmeniň kalbyna meňzeş

Gülli günler bolupdy Otagymyzdaky bu güli görenimde, şol gülli waka ýadyma düşýär. Men şonda gülüň gözlegine çykdym.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 31-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 31-nji iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24...+26°, gündizine +34...+36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 30-njy iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25°, gündizine +33... +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Täsin tapyndy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ekspozisiýasy arkaly Diýarymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsi, ýurduň tebigy baýlyklary, gazylyp alynýan minerallar bilen giňden tanyşmak bolýar. Ekspozisiýanyň birinji bölüminde eýýamlar we Ýeriň ösüş taryhynyň döwürleri giňden görkezilýär. Türkmenistanyň çäklerinden tapylan her döwrüň özüne degişli bolan daşa öwrülen, gadymy eýýamlarda ýaşap geçen jandarlaryň, ösümlikleriň galyndylary, olaryň yzlary we ülňüleri görkezilýär. Bu ýerde Paleozoý döwrüne degişli 270 million ýyl üstünden geçen daşa öwrülen agajy synlamak has-da gyzykly. Gadymy döwürlerde adamlar daşa öwrülen tapyndylary tapanda, olaryň gelip çykyşyny anyklap bilmändirler. Adaty ýok bolup giden jandarlaryň galyndylary fiziki we biologiki ýagdaýda dargamak bilen bolýar, emma käbir ýagdaýlarda bellibir şertlerde haýwanlar we ösümlikler ýa-da olaryň bölekleri Ýeriň gatlaklarynda saklanyp galýar. Organiki galyndylaryň çökündileri ýer gatlagynyň aşagyna düşüp, howa ýetmänsoň, saklanyp bilýär. Olaryň içi laý, çäge, toprak bilen dolup, wagtyň geçmegi bilen daşa öwrülýär. Käbir ýagdaýlarda haýwanlardyr jandarlar we ösümlikler batgalyga, deňizlere, torfa, köllere we derýalaryň syrgynlaryna düşen ýagdaýynda dargaman saklanyp galýar. Çökündiler bilen bilelikde ýer gatlaklarynyň aşagyna düşüp, güýçli basyşyň we temperaturanyň netijes

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň 30-njy iýulynda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23...+25°, gündizine +33...+35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm. Çyglylygy 25-45 %.

Gar­lyk go­wak­la­ry

Ägirt uly giňişlige uzaýan Köýtendag Garaşsyz we baky Bitarap ýurdumyzyň günorta-gündogarynda, Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýär. Ol Gissar gerşiniň günorta-günbatar böleginiň dowamydyr. Onuň dag gerişleri günorta-günbatara 85 — 100 kilometre çenli uzap, ini bolsa 25 — 30 kilometre ýetýär. Hojapil obasynyň golaýynda 1300 — 1600 metr belentlikde ýerleşen dinozawrlaryň yzlary, 27 metr belentlikden gaýdýan Umbar dere şaglawugy, gowakdaky köl suwunda ýaşaýan kör balyklar, Gaýnarbaba mineral çeşmesi, Kyrk gyz gowagy we beýleki täsinlikler jahankeşdeleri haýrana goýýar. Köýtendagyň ajaýyp täsinlikleriniň biri-de karst gowaklarydyr. Karst gowaklary ýerasty suwlaryň hereketi netijesinde emele gelipdir. Olara suwda tiz ereýän gips, duz, angdrid, hek daşy ýaly jisimleriň ýaýran ýerlerinde duş gelinýär.

Ösümlik dünýäsi ýaşaýşyň gözbaşy

Adamzadyň ýaşaýşyny ösümliksiz göz öňüne getirip bolmaýar. Ösümlik dünýäsi ýaşaýşymyzy özüniň ajaýyp gözelligi bilen bezeýär. Dürli ösümlikleriň ýapragynyň, gülüniň we miwesiniň täsin reňki, ysy diňe adamzady däl, eýsem, haýwanat dünýäsini hem özüne imrikdirýär. Ýer togalagynda «ýaşaýyş» diýen düşünjäniň emele gelmeginde ösümlik dünýäsiniň ähmiýeti örän uludyr. Adamzat ýaşaýşynyň dowamynda ekerançylygyň döremegi, ýagny ýabany ösümlikleriň müňýyllyklaryň dowamynda medenileşdirilmegi ösümlik dünýäsiniň ähmiýetini has-da artdyrýar. Ösümlikleriň tebigatda iýmit zynjyryny döretmekde, howanyň arassa bolmagynda, ýakymsyz sesleriň ýaýramagynyň öňüni almakda, daşky giňişlikde kislorod bilen kömürturşy gazynyň deňagramlylygynyň saklanmagynda orny uludyr. Olar beýleki janly bedenlere mahsus bolmadyk täsin hadysany, ýagny fotosintezi amala aşyrýar. Beýik rus alymy, fiziolog K.A.Timirýazow fotosintezi öwrenmek bilen «Fotosintez — biosferada Günüň energiýasyny toplaýan ýeke-täk ajaýyp hadysa» diýip belleýär. Bu hadysanyň kömegi bilen tebigatymyzda ähli janly bedenler üçin gerek bolan organiki madda (iýmit) toplanýar. Toprakda bitýän ösümlikler fotosintez hadysasynyň netijesinde bir ýylyň dowamynda 100-172 milliard tonna, suwda bitýän ösümlikler bolsa 60-70 milliard tonna ýaşyl bölegi (biomassany) emele getirýärler. Häzirki döwürde Ýer ýüzündäki ähli ösümlikleriň umumy agramy 2402,7 milliard

Oňurgasy odundan, her kim içer süýdünden

Guýular halkymyzyň ata-baba ýaşaýyş-durmuş şertiniň aýrylmaz bölegidir. Olar gadymy suwaryş hem-de agyz suwy bilen üpjünçilik desgalarynyň bir görnüşi hökmünde bellidir. Tutuş çägi boýunça alnanda, Jeýhun, Murgap, Tejen, Etrek ýaly ululy-kiçili derýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň tebigy suw üpjünçilik desgalarynyň üstüni ata-babalarymyzyň paýhasy bilen oýlanyp tapylan we ösdürilen daglyk ýerlerden pese inýän kärizler, düzlük, sähralyk ýerlerde gazylan guýular uly orun tutupdyr. Häzirki günlerimizde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen suw üpjünçilik desgalary has-da kämilleşdirilýär. Ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçirip, miras galdyran guýy gazmak sungatynyň hünärmenleriniň gürrüňlerini diňläniňde, onuň hem juda çylşyrymly senetdigine göz ýetirmek bolýar. Guýy gazmaga örän sagdyn hem ussat, dogumly adamlar saýlanypdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň birinji kitabynda Garagumuň jümmüşinde müňlerçe guýularyň bardygy, ýöne şolaryň süýji suwlularyny bilýän ýörite ýolbelet adamlaryň bolandygy bellenilýär. Ol ýoldan geçen söwda kerwenleriň süýji suwly şol guýularyň ýerleşýän ýerini bilýän ýolbeletleri ýanlary bilen alyp gidendigini Gahryman Arkadagymyz öz kitabynda belläp geçýär.

Köpetdag kyssalary

Sowuk suwly, ter öleňli Garagum sährasynda ýigrimi müňden gowrak guýy bar diýýärler. Köpetdagda näçe çeşme barkan? Öz-ä köpdür. Olaryň sanyny ýöredýän bardyram öýdemok. Gumda diriligiň gözbaşy bolan suwy almak üçin azap etmeli, ýyldyz boýly guýulary gazmaly, dagda welin, beýle däl — çeşmeler minnetsiz akýar. Dogry, iki-ýeke guýularam bar, ýöne olaryň sany az-da. Ýyl ygally gelse-hä, her dereden suw şaglap akyberýär, şeýle bolanda täze çeşmelerem döräberýär, öňden belli bolanlarynyňam suwy mese-mälim köpelýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 29-njy iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24... +26°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 29-njy iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +24...  +26°, gündizine +32...  +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 40-60 %.

Köpetdag kyssalary

Bir şahasynda ýazlyk, beýlekisinde güýzlük Bir agaç bir ýylda iki gezek hasyl berip bilermi? Berip bilýär. Şeýle agaç biziň garry öýümizde bar. Ol armyt agajy, ondan ýazda ýazlyk armyt, güýzde güýzlük armyt alynýar. Olary wagtynda kakam sapyp gidipdir. Agam indi olary özüçe — ýazlygyny “lampowoý armyt” — lampa şekilli armyt, güýzlügini bolsa “gaty baldak” diýip, sapylanda çybyklary beren adamlaryň diline hem lakamyna görä atlandyrýar. “Lampowoýyň” çybygynyň — bizem armytlaryň bu görnüşleriniň şeýle atlandyrylmagyna indi öwrenişip gidipdiris — etrap merkezinde ýaşaýan bir rus adamy beripdir, “gaty baldagyň” çybygyny bolsa kakam goňşy obadan Gaty lakamly birinden alypdyr. Getiribem, ýerli armyt agajynyň gerekmez şahalaryny aýryp, iki sanysyny goýupdyr we hersine bir çybygy sapypdyr. Çybyklar ýagşy tutupdyr. Şondan bäri howlymyzdaky şol agaç ýylda iki gezek hasyla durýar, hasyly ýaramaz hem bolanok.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 28-nji iýulda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +37... +39° yssy bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 10 — 30 %.