"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Gar adam şekilli süýjülik

Eziz çagalar, siz daşarda gar ýaganda gar adamyň şekilini ýasaýansyňyz. Onuň şekilini diňe bir gardan däl, eýsem, öýde kiçijek görnüşini iýmit önümlerinden hem ýasap bolýar. Biz žurnalymyzyň şu sanynda ýaş aşpezlerimiz — siziň üçin gar adam şekilli süýjüligiň taýýarlanylyşyny öwretmekçi. Gerekli önümler:

Mähirli dünýä

Bizi mähir, mähremlik özüne çekýär. «Mähremlik» diýlende, ilki bilen, bizi hossarlyk mähri bilen çoýup, uly durmuşa ak pata beren ezizlerimiziň atlary dilimizde sena bolýar. Olar, ilki bilen, eje, ene, mama, uýa, aýal dogan, gelneje, daýza, ejeke... diýýän mähribanlarymyzdyr. Olar, misli, mähir melekleri ýaly, bizi göze görünmeýän näzik alada parçalary bilen gundap, ýüregimiziň, kalbymyzyň süýt ýaly ak, halal bolmagy ugrunda ellerinden gelenini aýaman, baryny bagyşlap ulaldýan dözmezlerimizdir. Türkmençilikde gyz çaga dünýä inende, ene-ata «Ýaşy uzak bolsun, baýapsyňyz!» diýilýär. Bu ýerde gyz dünýä inen öýüň ruhy taýdan baýamagy göz öňünde tutulýan bolsa gerek. Sebäbi gyz perzende bolan üýtgeşik näziklik türkmeniň ganynda bar. «Gyz göwni näzikdir, dutaryň tary», «Degmäň gyzyň göwnüne, myhmandyr, gonar gider» diýip, aýdym edip aýdýan halkymyz gyz balasyny «Göwün hoşum» diýip söýgüleýär. Bagşylaryň dilinden «Aýsoltan diýen uýam bardyr» diýip, ýat ýurtda gapyllykda horluga düşen Bezirgeniň uýasyny ýat edip aýdan zaryn aýdymyny ýa-da Magtymguly Pyragynyň: «Zübeýda, naçarym, diňle» diýip, iň pynhan syryny eziz uýasyna aýdyşyny diňlänimizde, bütin durkumyz, ýüregimiz lerzana bolýar. Gyz dogan, naçar dogan dözmeziň, dönmeziň bolup, ykbalyňda ýer alýar. Hadysda gürrüň berlişine görä, Muhammet pygambere ýetim galan çagany kimde galdyrmalydygy barada sala salnanda, ol ony daýzasyna ber

Enelik bagtyýarlykdyr

Golaýda «Ahal durmuşy» welaýat gazetinde: «Baky bahar-ýazly bagtly zamana, döwür, döwlet sarpa goýýar zenana» atly döredijilik bäsleşiginiň yglan edilendigini görüp, ady kalbyma ornan bu bäsleşige öz enelik duýgularym hakynda ýazmagy maksat edindim. «Eje» diýlen mähriban söze eýe bolanyňdan soň, bu ada mynasyp bolmak üçin yhlas etmeli. Aslynda, eneler çagalarynyň edep-terbiýesiniň gözbaşynda durýan gönezlikdir. Şonuň üçin hem turuwbaşdan olaryň sagdyn bedenli, sagdyn düşünjeli, edepli, ekramly, ylym-bilimli, ilhalar bolmagyny gazanmak biz — enelere bagly.

Wagyz-nesihat dusuşygy geçirildi

Halaç etrap häkimliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň guramagy bilen etrabyň iri edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Maşgalam — baş galam» diýen mowzukda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren we Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan mährem eneler, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly zähmeti üçin döwlet sylaglaryna eýe bolan zenanlar gatnaşdylar. Olar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetdäki tutýan ornuny has-da beýgeltmek, maşgala abadançylygyny pugtalandyrmak, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, durmuşyň dürli ugurlary boýunça zenanlaryň tekliplerini öwrenmek we goldamak ugrunda alnyp barylýan işleriň oňyn netijesi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Kümüş saçly eneleriň hem-de ilkinji zenanlar guramasynyň agzalarynyň maşgala abadançylygyny goramakda, öý-ojagy abat saklamakda, ýaş nesli mynasyp terbiýelemekde zenan maşgalalara aýratyn möhüm ornuň degişlidigi barada eden söhbedi duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen maşgalalaryny bolelin we agzybir durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ak ýürekden alkyş aýtdylar.

Mähremlik

Çagalykda men çemesiz bolamsoň, ejem bilen kakamdan hökman käýinç alardym. Sebäbi tagaşyksyz hereketlerim bilen oýnawaçdyr gap-gaçlary döwerdim, ýa-da egin-eşiklerimi hapalap gezerdim. Umuman, öýde-daşda men hökman bir başagaýlyga uçraýmalydym. Bir gün ejem hormatly zähmet dynç alşyna çykan halypasynyň doglan gününi gutlamak üçin olara myhmançylyga gitmäge hyýallandy. Meni hem ýany bilen alyp gitmeli boldy. Çemesiz häsiýetimden ýaňa, öň kän bir myhmançylyga-da gidip ýörmämsoň, diýseň begendim. Ejem ýolda maňa özümi edepli alyp barmagymy sargady.

Öýüm — ojagym

Söhbedimizi türkmeniň ak öýünden başlasak, kem bolmasa gerek. Ata-ene ogluny öýli-işlikli edensoň, oňa ak öý tutup beripdir. Bu adat häzire-bu güne çenli dowam edýär. Bu däbe türkmen «Ojagym bar — öýüm bar» diýýär. Elbetde, türkmen «Ak zat — alnyňa ýagşy» diýipdir. Eger ak zat alnyňa ýagşy bolsa, onda ak mermerden gurlan Arkadag şäherem alnymyza ýagşy. Milli Liderimiziň ýiti zehininiň emri bilen dörän bu şäher bu gün Dünýä kartasynda peýda bolup, öz mynasyp ornuny tapdy, ýer ýüzünde ýene bir ajaýyp şäheriň dörändigini äleme buşlady. Mährem ene ýaly gujagyny gerip oturan Märkaw dagynyň eteginde bina bolan Arkadag şäherine täze öýlere göçüp gelenler hem köne ýyl bilen täze ýylyň sepgidinde Täze ýyl baýramlaryny goşadan tutdular.

Gyz edebi — il edebi

Agzybirligiň çeşmesi Mukaddeslik nämeden başlanýar diýlende, ilki bilen, bagtyýar maşgala göz öňüňe gelýär. Maşgalanyň bagtyýarlygy bolsa, biz — enelere, zenanlara bagly bolup durýar. Munuň üçin biz ojagymyzda agzybirligiň çeşmesini döretmeli. Gyz çaganyň geljegi, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin esasy enäniň aladasyna daýanylýar. Çünki, edepli, terbiýeli, mähirli, mylakatly, geçirimli, ýumşak häsiýetli gyz çagany kemala getirmekde enäniň orny uludyr. Makalamyň şu ýerinde dowamatymyzy dowam eýlejek ýaş gyzlara ýüzlenmek isleýärin.

Buşluk bilen başlanan ýyl

Bagtyýar halkly, şanly-şöhratly Diýarymyza gadam basan Täze — 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz şatlyk bilen başlandy. Şahyryň aýdyşy ýaly: Ogul boldy, çapyp gitdi çagalar,Buşluk sesi gapy-gapy aýlandy.

Owazdan nurlanan dünýä

Eziz enem! Seniň öňüňde näçe bergimiň bardygyny ölçemek mümkin däl. Ony ölçemäge dünýäde gural hem ýok. Ýöne men bir zady: bu dünýä gelip, gözümi açan günümden bäri bagtly bolmagym üçin seniň döreden nurly Gün ýaly mähirden, söýgüden, yhlasdan, ýagşy umytlardan, ýakymly sözlerden, aladadan doly dünýäňe düşendigimi duýýaryn. Seniň hüwdüleriňde eden arzuwyňdan ganatly bolandygymy duýýaryn. Seniň yhlasyňdan bagtymyň gül açandygyny bilýärin. Eziz enem! Seniň meniň bagtly bolmagym, döwrümize, ile-güne mynasyp adam bolup ýetişmegim ugrunda eden taýsyz aladalaryňy ýyl geçdigiçe barha ýiti duýýaryn.

Edep, ekram, eda

Bu setirler sere, dana Pyragynyň goşgular kitabyny ele alyp, gör, eýýäm näçenji gezek okap çykamsoň geldi. Her gezegem bu dürdäne setirler seniň bilen başgaça «sözleşýär». Bu gün olar meniň elime galam alyp, ýüregimi egismegime sebäp boldy. Zatlaryň, wakalaryň, hadysalaryň düýp maňzyny gözlemek häsiýeti bizi gurşap alýan dünýä inçelik bilen bakdyrýan eken. Bu endige eýerip, ene dilimiziň fonetikasynda-da käbir aýratynlyklaryň bardygyny özüm üçin açdym. Täsin ýeri — türkmen dilinde her birimiz üçin ýakymly zatlaryň ady «E» harpyndan başlanýan ekeni. Ene, eje, eziz... Dünýä döräli bäri ynsan nesliniň aňyny eýelän EBEDILIK syry. Pähimler äleminiň ägirtleriniň baky gymmaty gaçmaz işlerinde bu sowallar parça matasynda zer sapaklary ýaly eriş-argaç geçipdir. Olaryň her biri bu sowallara özüçe jogap gözläpdir. Köpüsem jogap däl-de, täze, has çuň sowallara duçar bolupdyr. Asyrlar aşyp, eýýamlar aýlansa-da, şol sowallaryň ýitiligi peselenok. Meniň şu günki sadaja pikir ýöretmäm hem şol inçe duýgular dünýäsine ilkinji, çekinjeň, sadadan sypaýy köňül seýli boldy. «E» sesinden başlanýan sözleriň içinden her bir adama edil howa ýaly zerury saýlanyp öňe çykdy.

Täze ýylyň täsinlikleri

«Täze ýyl» diýlende, her birimiziň ýadymyza bu baýram bilen bagly çagalyk döwrümizden galan ýakymly ýatlamalar düşýär. * * *

Luw ýylynda doglan zenanlar barada

Luw ýylynda doglan zenanlar gujurly, hyjuwly, paýhasly we tutanýerlidirler. Şeýle berk häsiýetleriniň bardygyna garamazdan, beýleki bir tarapdan, olar islendik ýalňyşy bagyşlamak, geçirimlilik, dözmezçilik etmek ýaly ýumşak häsiýetlere hem eýedirler. Luw ýylynda doglan adamlar erkin dünýäsi, arkaýynlygy, döredijilikli ukyplary we özdiýenliligi bilen tapawutlanýarlar. Emma luw ýylynda doglan zenanlary bu ýylda doglan erkek kişilerden tapawutly häsiýetlendirmeli bolsa, onda aýdara zat örän köp.

Berekediň ýyly

Mukaddes ýazgylarda «neýsan ýagşy» diýlip atlandyrylýan on iki ýyldan bir gezek ýagýan ýagyş hakynda aýdylýar. Ol aprel aýynda ujypsyzja damjalaryny seçip gidýär. Ýöne az wagtlyk ýagsa-da, halk arasynda ol balygyň rysgy üçin ýagýan ýagyş hasaplanýar.  Neýsan balygy şol ýagyş ýagmanka öňünden syzyp, kellesini suwdan çykaryp durýarmyş. Niçikmi, onuň agzyna ýagşyň birküç damjasy düşse-de, ol derýanyň düýbüne çümüp gidýärmiş. «Soňra kän ýyllaryň dowamynda neýsan balygynyň agzyna düşen damjalar düre öwrülýärler» diýip, köne ýazgylarda aýdylýar.

Dünýä halklary Täze ýyly nähili garşylaýar?

Bu köpler üçin gyzykly bolsa gerek. Bereketli türkmen topragynda Täze ýyl uly şatlyk-şowhun bilen garşy alynýar. Aýratyn-da, bu baýram çagalar üçin örän gyzykly bolýar. Çünki bagtly çagalygyň ýurdunda körpe nesliň ähli arzuwlary wysal tapýar. Onuň üçin Aýazbaba hat ýazyp, Täze ýyl arçasynyň aşagynda goýaýmaly. Hatymyzy taýýarlaýançak, dünýä halklarynda Täze ýylyň garşy alnyşy bilen tanyş bolaýalyň. Ýagşy umyt-arzuwlara beslenip garşy almak bu baýramyň esasy aýratynlygy bolsa gerek. Bu dünýä halklarynda-da şeýle. Günüň dogýan ýurdy bolan Ýaponiýada bu baýram 25-nji dekabrda başlanyp, bir aýa çenli dowam edýär. Ýapon halky Täze ýylyň öňüsyrasynda ybadathana zyýarata baryp, öý-içerisine, ýakynlaryna bagt, saglyk, abadançylyk dileg edýär. Olar öýlerini bambuk, erik, arça agaçlarynyň şahalary bilen bezeýärler. Çünki bu agaçlaryň baýlyk, abadanlyk, rowaçlyk, söýgi getirýändigine ynanýarlar. Täze ýyl gijesinde tüwi unundan köke taýýarlap, biri-birlerine hödür edýärler. Ýapon halky «Ak we gülgüne reňkli kökeler şowlulyk getirýär» diýen ynanja uýýar.

Ýylyň aşpez zenany

«Täze ýyl diýlende, ilki bilen, kim göz öňüňize gelýär?» diýlip berlen sowala her kimden her dürli jogap eşitse bolar. Bir çaga: «Aýazbaba» diýse, beýleki biri: «Enemler ýa mamamlar, sebäbi biz Täze ýylda maşgala bolup enemlere ýa mamamlara gidýäris» diýer. Uly adamlardan sorasak, belki-de köpüsi: «Sowgada garaşýan çagalar» diýip, jogap bermekleri mümkin. Meniň welin, Täze ýyl diýlende, aşhanada başagaý bolup ýören öý bikesi, has dogrusy, ejem göz öňüme gelýär. Aslynda-da, Täze ýyl diýlende, ilki bilen, zenan maşgala göz öňümize geläýjek ýaly. Sebäbi bu ajaýyp baýramçylyga çaga ýaly begenýänem, öýüň ähli ýerini — Täze ýyl arçasyndan başlap, saçagyna çenli bezeýänem, şol bir wagtda özünem bezemegi unutmaýan zenanlardyr. Şonuň üçin biz hem Täze ýylyň öňüsyrasynda okyjylary dünýäniň 50-ä golaý restoran eýeleriniň arasynda «2023-nji ýylyň iň ökde aşpez zenany» diýen hormatly ada we sylaga mynasyp bolan Ýelena Reýgadas bilen tanyş etmek isleýäris.

Täze ýyl sowgatlaryny nädip owadan gaplamaly?

Gerekli zatlar: - gaplama üçin niýetlenen bezeg (dekor) kagyzy;

Öý bikesi öwrense...

Towukly tagam Gerekli önümler: 600 g towuk döşi, 1 limon, 200 g peýnir, 2 diş sarymsak, 1 düýp sogan, 3 nahar çemçe maýonez, islegiňize görä duz we burç.

Mandarin granaty ýa-da serkerdeleriň daşy

Spessartin ýa-da mandarin granaty seýrekligi üçin aýratyn gymmatly eksklýuziw şaý-sep bezegleriniň dizaýnynda ulanylýar. Spessartin daşyny dakynmak ýoňy XIX asyryň ortalarynda wandom zergärleri tarapyndan başlandy (bu Pariždäki şol bir meýdanyň töwereginde jemlenen meşhur fransuz zergärçilik öýlerine berlen at). Hemişe täzeçilligiň, üýtgeşikligiň gözlegindäki dizaýner zergärleri bu daşyň ajaýyp reňki, şol wagtda hem, meşhur ýakut daşyna meňzeşligi özüne çekýär. Daşyň özi öňden bäri bar bolsa-da, ol şu ady bilen 1820-nji ýyllarda belli bolýar. Daş XVIII asyryň ahyrynda Germaniýadaky Şpessart platosynda (Bawariýa) tapyldy. Ýeri gelende aýtsak, mineral spessartin ýa-da spessartit ady bilen tanalýar. Ýöne zergärler «mandarin granaty» diýip, bu mineralyň üçünji adyny tutýarlar.

Maşgala baýramçylygynda durmuş toýy

Toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara baý bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem tamamlanyp barýar. Täze — 2024-nji ýylyň öň ýanynda Arkadag şäheriniň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde ýaňlanan bagt toýunyň joşgunly aýdym-sazlary täze durmuşa gadam basýan ýaşlaryň köňül arzuwlarynyň wysaly bolup ýaňlandy. Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bagynyň hojalyk müdiri Kemalnazar Pirliýew öz göwün beren gözeli — Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýjahan Taňrygulyýewa bilen bagt nikasyndan geçip, durmuş toýuny tutdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Pirliýewleriň maşgalasyna goşa şatlyk getirendigini bellemek ýakymly. Şäheriň «akylly» öýlerinden paýly bagtyýar maşgalanyň täze jaý toýuny toýlany ýaňy ýalydy. Bu gün bolsa täze öýe täze gelniň gadamy düşüp, agzybir maşgalanyň şatlygy goşalandy. Maşgala ojagynyň eýesi, Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim we terbiýe bölüminiň müdiri Amanjahan Pirliýewanyň şatlyk-begenjiniň çägi ýok:

Arkadaga alkyşly maşgala

Maşgalada çaga terbiýeläp ýetişdirmek hemmäniň arzuwy. Onda-da il-ulsa ýaramly çaga kemala getirip bilseň, at-abraýyňa-da, il-gün üçinem gowy. Häzirki wagtda köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak işi has rowaçlanýar. Şeýle ojaklaryň biri-de Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy Begenç Gulajowyň maşgalasy. Begenç aga bilen Arzygül gelneje 2003-nji ýylda durmuş gurupdyrlar. Olar dört ogly, dört gyzy ösdürip kemala getiripdirler. Perzende ojagyň, maşgalanyň ýüzi hökmünde seredilýär. Tüweleme! Begenç aganyň çagalary edepliden gelen sypaýy, gepi sözi ýerbe-ýer. Bize öz çagalary barada Arzygül gelneje şeýle gürrüň berdi: