"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Süýjükeseli bejerip bolýandyr

Habarçymyz Narjan Ilmyradowanyň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň alym kätibi, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Begenç Annaýew bilen söhbetdeşliginde giňden ýaýran kesel — süýjüli diabet bilen baglanyşykly meseleler barada söz açylýar. — Hakykatdan-da, süýjüli diabet tutuş Ýer yklymynda giňden ýaýran keselleriň biri bolup, ol has howply keselleriň sanawynda 4-nji orny eýeleýär. Gynansak-da, jahanda bu kesele duçar bolan syrkawlaryň sany her ýylda artýar.

Dümewiň öňüni almak boýunça maslahatlar

Çagalaryň arasynda dem alyş ýollarynyň wirusly ýokanjynyň we dümewüň öňüni alyş çäreleri gündelik durmuş, iýmitlenme, arassaçylyk we beýleki umumy düzgünleri berjaý etmek bilen baglydyr. bu düzgünleriň berjaý edilmegi bolsa, çaganyň immunitetiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Gündelik durmuş şertleri

Immuniteti nädip berkitmeli?

Immunitet näme? Bu bedeniň daşky gurşawdaky dürli kesel döredijilere (bakteriýalara, wiruslara, kömelejiklere) garşy göreşmek ukybydyr. Immun ulgamy ýokarda beýan edilenlere garşy göreşmeklik bilen birlikde, çaga bedeniniň kesellemezligine, kesellän ýagdaýynda hem onuň ýeňil, çalt geçmegine ýardam edýär. Ene-atalarda, köplenç halatda, çagalarynyň saglygyny berkitmek bilen baglylykda, «immuniteti nähili ýokarlandyrmaly?» diýen sorag döreýär. Ýokary immunitet diňe möwsümleýin kesellerden, sowuklamalardan goramak bilen çäklenmän, adamyň umumy sagdynlygynyň kepili bolup durýar. Maglumatlara görä, immunitet ýaşaýyş-durmuş şertlerine hem baglydyr.

Gan basyşy bedene nähili täsir edýär?

Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň 2-nji miokardyň infarkty ylmy-kliniki bölüminiň müdiri Maýsa Gurbanowa habarçymyz Narjan Kasymowa bilen söhbetdeşlikde arterial gan basyşynyň kadadan üýtgemegi we munuň sebäpleri, bu hadysanyň beden agzalarynyň işine täsiri, onuň öňüni almagyň ugur-ýollary barada gürrüň berýär. — Arterial gan basyşynyň kadadakydan üýtgemeginiň bedeniň işine nähili täsir edýändigine düşünmek üçin ilki bilen arterial gan basyşynyň nämedigine düşünmeli. Arterial gan basyşy gan akymynyň ýürekden iteklenilýän we damarlara hem-de olar arkaly iýmitlenýän kelle beýnisine, ýürege, böwreklere «basýan», agram salýan güýjüniň görkezijisi bolup durýar. Beden agzalarynyň işi ganaýlanyş ulgamy arkaly, bu ulgamyň işi bolsa ganyň üznüksiz hereketi arkaly amala aşyrylýar. Ganyň hereketine ganaýlanyş ulgamynyň agzalary bolup durýan ýüregiň we gan damarlarynyň işi itergi berýär. Ýüregiň myşsasy (miokard) ýygrylanda, gan belli bir basyş astynda ýürekden esasy gan damaryna (aorta) we öýken arteriýalaryna çykarylýar. Basyş ganyň mundan beýläkki hereketine hem täsir edýär. Gan belli bir basyş astynda uly we kiçi ganaýlanyş ulgamlary boýunça hereket edip, ähli beden agzalaryny kislorod hem-de ýaşaýyş üçin derwaýys beýleki maddalar bilen üpjün edýär.

«Bagabat» şypahanasy

Halkyň saglygy barada yzygiderli uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen 2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda açylyp ulanylmaga berlen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat jülgesindäki «Bagabat» şypahanasy gysga döwrüň içinde ýurdumyzda arzylanýan şypahanalaryň birine öwrüldi. Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany durmuşa geçirmek babatynda-da ýurdumyzyň gözel tebigatly künjeklerinde ýerleşýän şypahanalaryň ähmiýeti uludyr. Çünki tebigy esasly saglygy dikeldiş hem-de berkidiş çäreleri ynsan saglygy üçin örän ýaramlydyr. Şu babatda, «Bagabat» şypahanasyna gelýänler halkyň saglygyny goramak barada edýän taýsyz tagallalary üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize uly hoşallyklaryny beýan edýärler. şypahananyň ajaýyp tebigy gurşawy, binalarynyň kaşaňlygy, bu ýerde ynsanlaryň saglygyny dikeltmek, berkitmek üçin döredilen döwrebap şertler gelenleriň göwnüne ýaraýar. Bu şypahana bir gelen: «Ýene gelsem» diýýär. Şypahananyň saglygy dikeldiş bölümleri

Limon

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bellenilişi ýaly, adamyň saglygyny goramakda limonyň belli bahasy ýokdur. Onuň bedene oňyn täsiri düzüminde ýaşaýyş üçin wajyp maddalaryň köp görnüşiniň saklanýandygy bilen düşündirilýär. Limonyň peýdaly täsir edýän ýagdaýlarynyň käbirine seredip geçeliň.

Siziň baýramçylyk saçagyňyza

Täze ýyl gijesinde baýramçylyk saçagy giňden ýazylyp, işdäaçarlar, tüssä kakadylan et we balyk önümleri, kremli, şekerli şirinlikler goýulýar. Elbetde, toý-baýramçylyk saçaklarynyň başynda öwrenişilen tagamlary iýmekden saklanmak aňsat däl. Ýöne iň bolmanda etli, maýonezli, ýagly gaýmakly işdäaçarlary, duzly, sirkeli gök önümleri, şekerli, kremli nygmatlary azaldyp, olaryň bedene zyýanly täsirini peseldýän, aşgazan-içege ýollarynda siňmegini ýeňilleşdirýän, ganda glýukozanyň, «erbet» holesteriniň köp mukdarda toplanmagynyň öňüni almaga ýardam edýän tagamlary iýmeli. Şeýle tagamlary taýýarlamagyň usullaryny okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris. «Üçem» işdäaçary

Halkyň saglygy hakynda alada

Ýylda noýabr aýynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) başlangyçlary bilen öýkeniň dowamly obstruktiw kesellerine garşy Bütindünýä göreş güni bellenilip, şol gün dünýä ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem, öňüni alyş we habar beriş çäreleri geçirilýär. Şu ýylda halkara ähmiýetli bu senä bagyşlanan çäre — «Ýaşaýyş dem alyşdan başlanýar» atly ylmy-amaly maslahat Halkara okuw-ylmy merkezinde geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleri, Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar öýkeniň dowamly obstruktiw keselleriniň bejergisinde antibakterial derman serişdelerini ulanmagyň mümkinçilikleri, antibiotiklere durnuklylygyň ýagdaýy, bronhial astma keselini bejermekde we dikeldiş çärelerini geçirmekde bejeriş bedenterbiýesiniň orny, maşgala lukmanlarynyň amaly işinde öýkeniň dowamly obstruktiw kesellerine garşy göreşmegiň ugur-ýollary, dem alyş ýollarynyň keselleriniň döremeginiň esasy howp faktory bolup durýan çilimiň tüssesiniň bedene zyýanly täsiri baradaky çykyşlary uly gyzyklanma bilen diňlediler. Daşary ýurtly hünärmenleriň teleköpri arkaly eden çykyşlary hem maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ylmy-amaly maslahatda öýkeniň dowamly obstruktiw keselleriniň häzirki zaman bejeriş usullary barada pikir alşyldy.

«Görer gözüň gymmaty...»

Magtymguly atamyzyň «Är ýanynda bellidir» atly goşgusyndan alnan şu setiriň üsti bilen okyjylarymyz nusgawy şahyrymyzyň nygtamakçy bolýan oý-pikirine düşünen bolsalar gerek. Hawa, gürrüň hut onki synamyzyň biri bolan göz hakynda barýar. Göz bedeniň iň işjeň hem-de näzik agzasydyr. Şuňa görä, gözümiziň adam ömrüniň bütin dowamynda öz işjeňligini ýitirmezligi üçin biziň her birimiziň alada etmegimiz gerek. Munuň üçin ilki bilen, gözümize howp salýan ýagdaýlar barada bilmelidiris. Şeýle howply ýagdaýlaryň biri şowakörlükdir. Şowakörlük — iň köp ýaýran keselleriň biri. Oňa ýunança «miopiýa» diýilýär. Ol şowakör adamyň gowy görmek üçin gözlerini süzüp seredýändiginden ugur alnyp, «süzmek» diýen manyny berýär.

Lukmançylygyň ensiklopediýasy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň ХV jildi saglygy goraýyş işgärlerine gymmatly gollanmadyr. Kitapda mukaddes türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň adam saglygyna peýdasy, olaryň haýsy wagtda ýygnalmalydygy, ony nähili ýagdaýda guratmalydygy hakynda ylmy maglumatlaryň üsti bilen elipbiý tertibinde beýan edilýär. Şeýle hem kitapda dermanlyk ösümlikler barada halk döredijiligi bolan rowaýatlardan, nakyllardan, atalar sözlerinden mysallar getirilýär.

Halk hakynda alada

Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar asuda, abadan, ruhubelent durmuşymyzyň özenini düzýär. Watanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäde abadançylygyň, ösüşiň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde ykrar edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine tarap çykarmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek bilen bagly ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda bitirilen beýik işler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigini ýaňy-ýakynda ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen, Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň berilmegi Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny goraýyş ulgamynyň gazanan üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Ýokarda agzalan güwänama Türkmenistanyň immunizasiýa arkaly wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreş boýunça sebitleýin maksatly görkezijileri ýerine ýetirendigini tassyklaýar.

Ýiti respirator keselinden goranmagyň usullary

Gyş paslynyň gelmegi, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak we öňüni almak üçin her bir adam bedenini pasla görä taplamaly hem-de keselleriň geçip biläýjek ýollary barada habarly bolmaly. Ýiti respirator keseli näsag adamdan sagdyn adama asgyranda, üsgürende, gürleşende howa-damja ýollary bilen geçýär. Kesel dörediji wiruslar bedene aralaşandan soň, keseliň döremegi adamyň immun ulgamyna bagly bolýar. Eger-de adamyň keselden goraýjylyk (immun) ulgamy ýokary bolsa, bedeniň özi wirusa garşy göreşip bilýär. Kesel umumy ysgynsyzlyk, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi, burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Kähalatlarda keseli özbaşdak bejermek bilen meşgullanyp, dürli antibakterial dermanlary içmek keseliň beterleşmegine, bedeniň immun ulgamynyň peselmegine, şeýle-de bedende witamin ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna getirýär.

Gyş: kadalary berk berjaý edeliň!

Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin, lukmanlar her kimiň özüne bagly bolan, ýönekeýje we hökmany kadalary berk berjaý etmegi maslahat berýärler.

Adamlaryň saglygy — jemgyýetiň sagdynlygy

Halkyň abadan we bagtyýar durmuşy baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Şonuň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde uly halkara abraýa eýedir. Bizi bu belent mertebäniň eýesi eden Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly ajaýyp kitabynda: «Iň esasy zat bolsa, döwletiň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy hakdaky, onuň nesilleriniň geljegi hakdaky, halkymyzyň hemişe ruhubelent ýaşamagy hakdaky aladadyr» diýip ýazýar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä ylmynyň gazananlary esasynda ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, paýtagtymyzda ylmy-kliniki we sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň, etrap-şäherlerimizde, obalarymyzda döwrebap hassahanalardyr saglyk öýleriniň gurulmagy, keselleriň görnüşlerini düýpli azaltmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak babatda gazanylýan ägirt uly üstünlikler munuň aýdyň subut-namasydyr. Ýaňy-ýakynda ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň

Kitapda jemlenen gymmatlyklar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik gözlegleri il-günümize kämil we ajaýyp eserleri bagyşlaýar. Şeýle kitaplaryň biri hem mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomly ylmy-ensiklopedik eseriniň XV tomudyr. Golaýda polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň tabynlygyndaky podpolkownik Myrat Hojagulyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde, serkerdäniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor Baýmyrat Taňrygulyýewiň ýolbaşçylygynda, etrap hassahanasynyň maşgala lukmany Gurbangül Baýrammämmedowa, etrabyň merkezi kitaphanasynyň müdiri Sülgün Annameňliýewa dagynyň gatnaşmaklarynda geçirilen dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň ähmiýeti barada jikme-jik durup geçdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi barada söz açýar. Kitabyň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri jikme-jik beýan edilýär. Şoňa görä-de, bu kitap diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä lukmançylygynda-da gymmatly gollanma hökmünde içgin özleşdirilýär.

Bagtyýarlygyň sakasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda sagdyn durmuş medeniýetini täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek bilen baglanyşykly uly işler durmuşa geçirilýär. Halkyň beden we ruhy saglygyny goramagyň döwlet syýasatynda üns merkezinde goýulmagy adam hakyndaky aladadan ugur alýar. Saglygy goramagyň ýokary netijeli, ygtybarly hem-de ýeňil usuly sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bolup durýar.  Arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek, dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasy şertleridir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyzda beden hem ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleriň kemala gelmegi gazanylýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek üçin ähli şertleriň üpjün edilendigini aýratyn bellemek gerek. Ata Watanymyzyň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlarynyň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň subutnamasydyr.

Peýdaly maslahatlar

•Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli sagdyn adama näsag adamdan asgyranda, üsgürende we gepleşende, howa-damja ýollary bilen geçýär. •Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, gyzyl burç goşulan unaş içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we olary ýeňil geçirmekde hem örän peýdalydyr. Naharyň gapdalyndan sogan we sarymsak iýmegi endik ediniň!

Maslahatlara eýereliň!

SAGLYGYŇ GADYRYNY BILGIL... Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny we düzgünlerini berk berjaý ediň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň!

Aşgabat jarnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlandy

Öňňin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynyň mejlisler zalynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat jarnamasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen bilelikde guralan maslahata saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçy düzümi, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynyň pulmonolog, newropatolog, endokrinolog, onkolog, kardiolog, terapewt lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Mandarin

Mandariniň watany Hytaý hasaplanýar. Hemişe gök öwüsýän, pesräk boýly mandarin agajy noýabr-dekabr aýlarynda miwe getirýär. Dünýäniň köp ýurtlarynda mandarin Täze ýyl baýramy bilen baglanyşdyrylyp, ol şol baýramyň esasy nygmatlarynyň biri hasaplanylýar. Mandarinden dürli içgiler, miweli işdäaçarlar, doňdurmalar, mürepbeler, süýji-köke önümleri taýýarlanylýar. Sitrus ösümlikleriniň arasynda mandarin özüniň ýakymly ysy, süýjümtik tagamy hem-de gabygynyň aňsat aýrylýandygy bilen tapawutlanýar. Dünýäde mandariniň 200-e golaý sorty bolup, olar daşky görnüşi, öwüşgini, tagamy, hasyllylygy taýdan bir-birinden tapawutlydyr. Gyş möwsüminde C witaminine baý bolan sitrus miweleriniň gündelik iýmite goşulmagy bilen, adama ýetirýän peýdasynyň uludygy hem bellärliklidir. Çünki olaryň düzümi diňe C witaminine däl, eýsem, köpdürli beýleki peýdaly witaminlere hem baý bolup, adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär, dümewlemä ýolukmak ähtimallygyny aýyrýar. Bir ortaça ululykdaky mandarinde adama gündelik gerek bolan C witamininiň 30-40 göterimi bardyr. Şeýlelikde, günde iki-üç sany mandarin iýlende bu witaminiň gerekli bolan mukdary bilen üpjün bolýarsyň. Miwe flawonoid ýaly antioksidantlara hem baý bolup, olar ýürek-damar keselleriniň, täze döremeleriň emele gelmeginiň öňüni alýar.