"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Lukmanyň maslahatlary

Ýaşlar Watanymyzyň geljegi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyna aýratyn üns berlip, bu ugurda sanlyja ýylyň içinde uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda adam saglygy ähli zatdan ileri tutulýar.Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýip belläp geçipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi Saglygy goraýyş ulgamynda bitirilýän beýik işlerde hem özüniň mynasyp ornuna eýe boldy. Sagdyn durmuş, sagdyn jemgyýet ösüşleriň baş şertleriniň biridir. Bu işler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygyny, syýasy durnuklylygyny, halkara abraýyny artdyrýar. Jemgyýetiň aň-bilimini, medeniýetini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmeklige oňaýly şertler döredilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy barha ösýär. Bu bolsa, her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar. Şunda jemgyýetiň ahlak ýörelgesi raýatlaryň sagdynlygy, edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi, maşgalanyň halallygy bilen kesgitlenýär. Terbiýäniň düýp binýady, hemişe we her bir ýurtda, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn aň-düşünjeli nesil ýetişýär. Halkymyz çaganyň saglygyny doglan gününden alada edipdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda çaga doglan gününden lukmanyň gözegç

Hereket — saglygyň girewi

Biziň gün-günden pajarlap ösýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen adam hakyndaky aladanyň ilkinji orunda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Saglyk her bir ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlykdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer syýasatyndan ugur alyp, halkyň saglyk babatda bilim we medeni derejesini ýokarlandyrmakda sagdyn durmuşda ýaşamagyň ýollaryny wagyz etmek möhümdir. Halkyň saglygyny, işjeňligini we ömrüni uzaltmagyň ýollaryny üpjün edýän sagaldyş çärelerini, duşuşyklaryny geçirmekde wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli geçirilmegi örän ähmiýetlidir. Şonuň netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni çärelere giň gerim berilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň sagdyn, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Lukman maslahat berýär

Gyşyň aýazly günlerinde adamlar limonly, itburunly, bally çaýa has köp isleg bildirýärler. Dürli miweleriň ter şireleri, hususan-da, naryň şiresi örän peýdalydyr. Ýöne gartaşan adamlara bulary degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp peýdalanmak zerur. Adam bedeniniň iýmiti kabul etmeklige bolan islegi hem pasla görä sazlaşýar. Mysal üçin, tomusda her bir adam uly isleg bilen garpyzdyr gawun ýaly bakja önümlerini iýmäge ymtylýar. Çünki bu döwürde beden köp suwuklygy talap edýär. Ýylyň sowuk pasyllarynda bolsa kädi, şugundyr ýaly ýokumly tagamlary kabul etmäge isleg döreýär. Diýmek, adam tagam kabul edende-de, geýnende-de, tebigat bilen sazlaşykly bolup, öz duýgularyny diňlemeli. Olara ünsli bolmaly.

Unaşyň dermanlyk häsiýeti

Unaş, bedenden bölünip çykýan der arkaly, kesel dörediji bölejikleri, alyş-çalyş hadysasy netijesinde emele gelen, beden üçin zerur bolmadyk galyndylary ep-esli derejede daşary çykarýan, ganaýlanyşygy çaltlandyrýan, damarlary giňeldýän tagamdyr. Unaşyň irki döwürlerden sökelliklerde dermanlyk hökmünde ulanylandygy mälimdir. Unaşyň düzümine girýän önümleriň ähmiýeti barada hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly ajaýyp kitabynda: «Elde taýýarlanan unaş hem berhiz naharlara degişlidir. Ony sowuklamada we dümewlemede iýýärler. Işdäniň ýok wagty gyzylburç goşulan unaş iýilýär. Bu nahar hem derlediji serişde hasaplanýar» diýlip bellenilýär.

Il saglygy ýurt baýlygy

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä, gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar.

Netijeli işleriň beýany

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bedew bady bilen ýagty geljegine sary ynamly öňe barýar. Eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşini belent derejelere ýetirmek, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygyny gorap saklamak wezipeleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda ýerine ýetirilýän işler barha giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň hereket etmegi gönüden-göni ynsan hakynda edilýän aladanyň beýany bolup durýar.

Yhlasly lukman

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda saglyk ulgamynda ençeme işler durmuşa ornaşdyrylýar. Adam saglygy ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Welaýatlardyr etrap-şäherlerde döwrebap hassahanalardyr saglyk öýleri gurlup, ulanmaga berilýär. Şeýle şertlerden netijeli peýdalanyp işleýän saglygy goraýyş işgärleri jogapkärli wezipä gowy düşünýärler. Ynsan saglygyny goramakda hem-de ony dikeltmekde, ýokary derejelere ýetilýändigine guwanýan ak ýektaýly lukmanlar gije-gündiz yhlasly zähmet çekýärler. Welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň işbaşarjaň, çaga newrolog lukmany Nury Akmyradow hem jogapkärli wezipeleri iş ýüzünde amala aşyryp, ýaş nesilleriň saglygyny dikeltmekde irginsiz zähmet çekýär. Ol 1991-nji ýylda häzirki M.Garryýew adyndaky lukmançylyk uniwersitetiniň pediatr bölümini üstünlikli tamamlady. Nury lukman işe başlan ilkinji günlerinden Magtymguly Çopanow, Gündogdy Ballyýew dagynyň halypalyk etmeginde, baý tejribe toplady. Iş tejribesini kämilleşdiren newrolog lukmanyň häzirki wagtda 10-a golaý şägirdi bolup, olardan Serdar Hojamyradow, Begenç Silgeldiýew daga halypalyk edip, gerek ýerinde maslahat berip, olar bilen özara pikir alyşýar.

Itburnuň peýdasy

Ýurdumyzyň «ýaşyl dermanhanasy» adamyň saglygy üçin peýdaly ösümliklere örän baý. Häzirki wagtda howanyň sowamagy, şeýle-de howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy bilen baglanyşykly döreýän möwsümleýin ýiti respirator keselleriň öňüni almakda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän ösümlikler örän netijeli serişdeleriň biridir. Şolaryň hatarynda itburun ösümligi adam bedeni üçin peýdaly witaminlere baýdyr. — Onuň bary-ýogy birnäçe miwesi adam bedeni üçin 1 gije-gündizlik gerek bolan C witamini (askorbin turşusy) bilen üpjün edýär. Bu witamin bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrýar.

Sag başym — soltan başym

Ýyly ýerden derläp, daşaryk çykmak adamyň kesele garşy göreşýän immun ulgamynyň peselmegine getirýär. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator keseli wiruslar arkaly döreýär we dem alyş ýollarynyň — burnuň, bokurdagyň, traheýanyň bronhlaryň nemli bardasynyň käte konýunktiwanyň zeperlenmegi bilen geçýär. Kesel syrkawdan, seýrek ýagdaýlarda ýokanjy göterijilerden ýaýraýar. Wirus ýokuşandan soň, kesel duýdansyz başlanýar. Syrkaw birdenkä tapdan düşýär, gyzdyryp, üşüdip başlaýar. Bedeniň temperaturasy 39-400 C, käte ondanam ýokary derejä ýetip bilýär. Syrkawyň bogunlary, myşsalary agyrýar, ýüzi gyzarýar, ýellenýär. Syrkawyň gaýtarmagy, ýüreginiň bulanmagy, burnunyň ganamagy mümkin.

Barlygyň bahasyz baýlygy

Döwletimiziň esasy baýlygy bolan ilatyň saglygy we milletiň geljegi hakyndaky alada hemişe ileri tutulýan ugur bolup çykyş edýär. Çünki ynsan saglygy diýlen düşünjäniň aňyrsynda dünýäniň ähli baýlygy, adamzat ösüşiniň düýp özeninde durýan hereketlendiriji güýç jemlenýär. Dogry iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak we zyýanly endiklerden daşda durmak adama sagdyn we güýçli bolmaga ýardam berýär. «Meniň iň esasy we iň ygtybarly daýanjym halkym bolar» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň bu esas goýujy ýörelgesi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda kabul edilýän birnäçe kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapýar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň rejelenen görnüşini, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Psihiatrik kömek bermek hakynda», «Psihologik hyzmatlar hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýleki hukuk namalaryny mysal getirmek bolar.

Sagdyn durmuşyň sakasy

Ahal welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda kesellerden goranmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek maksat edinildi. Welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hem-de Saglygy goraýyş müdirliginiň işgärlerinden düzülen wagyz-nesihat toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda sportçularyň arasynda geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar boldy. Onda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlisleriniň çözgütlerinden, şol sanda ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça amala aşyrylmaly işleriň wagtlaýyn tertibinden gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, türgenlerdir tälimçilere degerli maslahatlar, öwüt-ündewler berildi.

Ýiti respirator keselinden ägä boluň!

Her bir adam öz saglygy barada alada etmekligi derwaýys zatlaryň biri hasaplamalydyr. «Görk agyzdan» diýlişi ýaly, kadaly we peýdaly iýmitlenmek, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak, zähmet bilen dynç almagy utgaşdyrmak hem-de arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, pasla görä geýinmek, bularyň ählisini gündelik durmuşyňa öwürseň, dürli kesellerden gorar hem-de sagdyn we berk bedenli bolmaga kömek eder. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam daşaryk çykanda, hökman, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly, agyz-burun örtügini dakynmaly we daş-töwerekdäki adamlar bilen 2 metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklamaly. Şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli, elmydama ellerini arassa saklamaly, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.

Buýan – taýsyz melhem

Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere diýseň baýdyr. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri olardan peýdalanyp gelipdirler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopediýasynda giňişleýin we düýpli söhbet edilýär. Şol ösümlikleriň biri-de buýandyr. Jülgelerinde we daglarynda ösýän buýan gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekmek bilen, ýurdumyzda onuň dört görnüşi, dünýäde bolsa on bäş görnüşi duş gelýär. Halk arasynda bu ösümlik «süýji buýan» ady bilen hem giňden mälimdir. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 25-nji dekabrynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, bu ugurda türkmen buýanynyň we ondan taýýarlanylan melhemleriň peýdaly bolup biljekdigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz süýji buýanyň ähmiýeti boýunça dermanlyk ösümlikleriň arasynda öňdäki orunda durýandygyny belläp geçdi. Bu ösümlik häzirki zaman derman serişdeleriniň 350-den gowragynyň düzümine goşulýar. Buýan dünýäniň köp ýerlerinde ösýär. Olaryň arasynda türkmen buýany has gymmatly melhem ösümlik hasaplanylýar, çünki amatly howa şertleri, çölüň ekoulgamy bu ösümlikde köp peýdaly maddalaryň toplanmagyna we saklanmagyna şert döredýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen we daşary ýurtly alymlaryň buýan köküni howply ýokanja garş

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

MAÝDA GÜLLI ÇYMYLGAN

Eller arassa bolmaly

Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek — kesellerden goranmagyň iň ygtybarly usuly. Elleri ýygy-ýygydan ýuwmak peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji wiruslar we bakteriýalar ellerde toplanýar, ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Hut şonuň üçin hem hajathanadan soň, nahar iýmezden öň, daşarda gezelenç edilenden soň, asgyrylandan we üsgürilenden soň elleri sabyn bilen ýuwmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda adam bedeniniň kesele garşy göreş ukyby gowşaýar. Beden gowşan ýagdaýynda «hapa elleriň keselleri» diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň döremegi ähtimal. Bu keselleriň hataryna: ýiti iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator wirus ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir.

Limonyň peýdasy

Limon sitrus miweleriniň arasynda iň peýdalylarynyň biridir. Ol C, E witaminleriniň, B toparyndan başlap, ýokumly maddalaryň uly möçberiniň çeşmesi hasaplanýar. Onuň düzüminde demir, fosfor, kaliý we natriý saklanýar. Limonyň adam bedenine peýdasy örän köpdür. Ol adamyň ýokanç kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda, gyş günleriniň dowam edýän günlerinde wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmekde limon taýsyz serişdedir.

Saglygym — baş baýlygym

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek, sport bilen meşgullanmak, arassa howada gezelenç etmek bilen öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz. Şeýle-de möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen ýörite düzgünleri berk berjaý etmeli. 1. Witaminlere we mikroelementlere baý gök önümleri, ter we kakadylan miweleri, süýt we süýt önümlerini iýmeli. Limonly, itburunly, bally çaý, dürli miweleriň ter şireleri örän peýdalydyr.

Sagdyn durmuş — saglyk ýörelgäm

«Halkymyzyň saglygy Berkarar Watanymyzyň rowaçlyklarynyň we üstünlikleriniň gözbaşydyr» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz, ynsan saglygyny gorap saklamak hakynda yzygiderli tagallalary edýär. Ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir. Sagdyn durmuş ýörelgesi öňümizde goýlan ähli maksatlardyr arzuwlarymyza ýetmäge, sagdynlyk, berk bedenlilik, adamyň uzak ýaşamagyna we ýaşan ömrüniň lezzetini duýmagyna kömek edýär. Saglyk — bu bahasyna ýetip bolmajak, her bir adamyň, maşgalanyň, şol sanda jemgyýetiň baýlygydyr. «Saglyk — bu her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir!» diýen paýhasly pikirden ugur alyp, her bir adam saglygy hakynda alada etmelidir. Saglygyň gadyryny bilýän adam sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, öz şahsy durmuşynda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we saglygyň hilini kepillendirýändir. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmelere aýan bolup durýar.

Arassaçylygy berjaý ediň!

Nahar iýlenden soň, gap-çanaklary dessine ýuwuň! * * *