"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Beýik işleriň döwri

Ynsan saglygynyň goragynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak ýaly asylly işler rowaçlanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenip geçilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda açylan döwrebap lukmançylyk merkezleri ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Gözel paýtagtymyzda bina edilen Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň ulanmaga berilmegi amaly we ylmy lukmançylygyň gazananlarynyň ulgama giňden ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Peýdaly maslahatlar

Pasyla görä geýinmeli. Maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, howanyň üýtgemegi bilen möwsümleýin döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamlarymyzyň biri bolan, gyzyl burç goşulan unaşy kabul etmeli.

Güýzde saglygymyza jogapkärli çemeleşeliň!

Güýz paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýy içmegi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi, witaminlere baý gök we miwe önümlerini iýmegi, şeýle hem maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagy maslahat berýäris.

Sahawatly topragyň tebigy dermanhanasy

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildiniň çapdan çykmagy saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda zähmet çekýän işgärleri, hünärmenleri begendiren waka boldy. Bu kitap sahawatly türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň ençemesiniň dermanlyk häsiýetleri, biologiki aýratynlygy, himiki düzümi, dermanlyk çig maly, tebigy gory, derman taýýarlanylyşy we peýdalanylyşy barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Bilşimiz ýaly, sahy topragymyz ösümlik dünýäsine örän baýdyr.  Derde derman ösümlikler asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz tarapyndan gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýan halk lukmançylygynda keselleri bejermekde peýdalanylypdyr. Häzirki zaman lukmançylygynda we derman senagatynda dermanlyk ösümlikler giňden ulanylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpýyllyk tejribesiniň we zähmetiniň miwesi bolan düýpli ylmy işi fitoterapiýany ylmy esasda öwrenmekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.

Saglyk — başymyzyň täji

♦ Paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýniň. ♦ Sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý ediň, zyýanly endiklerden daşda duruň.

Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

Welaýat saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde paýtagtymyzda täze saglygy goraýyş binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahatyny geçirdik. Onda çykyş edenler: «Adamyň saglygyny goramaga we keselleriň öňüni almaga, halkymyza edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler giň gerime eýe bolýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna hem uly ähmiýet berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň halkyň hyzmatyna berilmegi mähriban halkymyzyň saglygyny goramak baradaky ýadawsyz aladanyň kepilidir» diýip nygtadylar. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, bu ugurda halka edilýän hyzmatyň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirilmeginde hemme şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.

Sagdynlygyň hem bagtyýarlygyň güwäsi

Halkymyzyň sagdyn hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Şu jähetden hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap ösüşler amala aşyrylýar. dünýäde sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletimiz halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça nusgalyk tejribe gazanyp, ony ýylyň-ýylyna täze üstünlikler arkaly ösdürip we kämilleşdirip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygnda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler bu işleriň esasy gözbaşy bolup durýar. Her ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden bellemek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem bu şanly sene mynasybetli birnäçe iri çäreler geçirildi we döwrebap desgalar açylyp ulanylmaga berildi. Beýik ösüşleriň dürdäneleri bilen şöhratlanýan ak şäherimiz Aşgabatda hem şol gün döwrebap desgalaryň ikisiniň — 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziň açylyş dabaralary boldy. Olara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bu ajaýyp günüň we döwrebap desgalaryň many-mazmunyny has-da beýgeltdi. Gahryman Arkadagymyz ilatyň

Ynsan saglygy — ösüşleriň sakasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurtda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga, lukmançylyk ulgamyna häzirki döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär, şeýle hem döwletimiz tarapyndan lukmançylyk ulgamyna köp serişdeler goýberilýär. Ulgam «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda ösdürilip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman desgalary gurulýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiz ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilen möhüm Kararlaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny, Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak, Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky Kararlar bar. Olar Türkmenistanda il saglygynyň ýurt baýlygyna deňelýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädimdir.

Peýdaly dermanlyk ösümlikler

Halk lukmançylygynda melhemlik serişdeleri hökmünde dermanlyk ösümlikleri giňden peýdalanylypdyr we häzirki döwürde alym lukmanlarymyz tarapyndan ylmy esasda bu ugur düýpli öwrenilip, önümçilige ornaşdyrylýar. Tebigatymyzda bar bolan dermanlyk ösümlikleriň her birini dogry ulanmagy bilmek zerurdyr. Zenanlara göwrelilik döwründe, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirýän döwründe we beýleki ýagdaýlarda haýsy ösümlikler maslahat berilýär?! Göwrelilik döwründe we çaga doglandan soň maslahat berilýän ösümlikleriň biri erik şiresi bolup, ony günde 3 / 4-1 bulgur içmek peýdalydyr. Günde erik kakynyň 100-150 gramyny iýmek ganazlykda gowy kömek edýär. Garpyz hem ganazlyk üçin peýdalydyr. Göwreli aýallara ýürek bulanmasyny aýyrmak üçin limon iýmek maslahat berilýär. Bu ýagdaýda kädi hem-de onuň şiresi hem peýdalydyr. Käşir islendik görnüşde peýdalydyr, ol düwünçegiň kadaly ösmegine kömek edýär. Bu döwürde hoz — ganyň düzümini kadalaşdyrmak üçin gündelik iýmite goşulmalydyr.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

Ýylyň islendik paslynda ulularyň we çagalaryň arasynda ýiti respirator kesellerine duş gelmek bolýar. Güýz paslynda dem alyş ýollarynyň sowuklamasy has-da ýygjamlaşýar. Kähalatlarda bedeniň aşa sowamagy sebäpli, immunitet peselip, ýiti respirator keseline ýolugmak derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär. Adaty wiruslardan elmydama goranmak mümkin däl. Ýiti respirator keselini, köplenç, wiruslar döredýär. Maglumatlara görä, ýiti respirator keseli ululara garanyňda çagalaryň arasynda 2-3 esse köp duş gelýär. Bu bolsa, çagalarda immun ulgamynyň kämilleşmändigi bilen düşündirilýär.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň  öňüni almak maksady bilen, özüňi bu paslyň talaplaryna laýyklykda alyp barmak zerur bolup durýar. Onuň üçin: *Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli;

Täze eseriň tanyşdyrylyş dabarasy

Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň ХVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler kitapda beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri, olary ylmy hem-de halk lukmançylygynda ulanmagyň düzgünleri barada gürrüň etdiler. Dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýan melhem çaýlaryň bejerijilik häsiýeti baradaky gürrüňler çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Ylmy-ensiklopedik eserde beýan edilýän, türkmen topragynda bitýän, asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermekde ulanylýan ösümlikleriň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Maslahatda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, jemgyýetimize sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, işlerinde rowaçlyk arzuw edildi.

Aşgabatda «Kalbyň şypasy» atly binanyň açylyş dabarasy geçirildi

10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen toýlarynyň goşa-goşadan gelýändigini, şu günler şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu gün ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň hem giňden baýram edilýändigini aýdyp, hemmeleri bu şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanda saglygy goraýşyň täze edaralary açyldy

Paşaguly ÝAZYMOW, Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi hassahanasynyň hirurgiýa bölüminiň lukmany:

Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi geçirildi

9 — 12-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi geçirildi. Geçirilmesi her ýyl däbe öwrülen bu halkara çäräniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylar hem-de hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Säher bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä gatnaşyjylara ugradan Gutlagyndan badalga alan dabara döredijilik toparynyň joşgunly çykyşlary bilen utgaşdy.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar gatnaşdylar. Çykyşlarda köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi we uly meşhurlykdan peýdalanýandygy nygtaldy.

Sag­ly­gy go­raý­şyň tä­ze mer­kez­le­ri açyl­dy

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ra­my­ny her ýyl­da giň­den baý­ram et­mek ýur­du­myz­da asyl­ly dä­be öw­rül­di. Öň­ki ýyl­lar­da bol­şy ýa­ly, şu ýyl­da hem bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li bir­nä­çe iri çä­re­ler ge­çi­ril­di. 9-njy oktýabrda paý­tag­ty­myz­da gur­lup ulan­ma­ga ber­len 400 orun­lyk Hal­ka­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň we 250 orun­lyk Hal­ka­ra fi­zio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­la­ry şol çä­re­le­riň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Bu da­ba­ra­la­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz gat­naş­dy.

Beýni üçin peýdaly sport görnüşleri

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 Alym­la­ryň tas­syk­la­ma­gy­na gö­rä, spor­tuň di­ňe bir beý­ni öý­jük­le­ri­niň ös­me­gi­ne kö­mek et­män, eý­sem ada­my has şäh­da­çyk ed­ýän­di­gi köp­den bä­ri mä­lim­dir. Ge­liň, bo­lup geç­ýän ýag­daý­la­ra has iç­gin se­re­de­liň!

Bagtly adamlaryň hatarynda bolmagyň syrlary

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 Biz he­mi­şe bagt­ly bol­ma­gy, «Men bagt­ly!» di­ýen jüm­lä­niň lez­ze­ti­ni duý­ma­gy ar­zuw ed­ýä­ris. Bagt­ly adam­la­ryň dün­ýä­si­niň aça­ry­ny göz­le­ýä­ris. As­lyn­da, bu pi­kir­le­riň äh­li­si bi­ziň wag­ty­my­zy sarp et­mek­den baş­ga ne­ti­je ber­me­ýän­di­gi­ne bol­sa ünsem be­rem­zok. Bagt­ly bol­ma­gy öw­ren­me­giň ge­rek­li­gi bol­sa köp­çü­li­giň hy­ýa­ly­na-da gel­me­ýär. Bag­tyň ýö­nekeý­je pur­sat­lar­dy­gy­ny aň­la­mak üçin köp zat­la­ra dü­şün­mek ge­rek bol­ýar. Psi­ho­log Son­ýa Lýu­bo­mirs­kiý Mark&An­gel ne­şi­rin­dä­ki ma­ka­la­syn­da bagt te­ma­sy­na ýüz­le­nip, göz­leg­le­riň do­wa­myn­da anyk­lan bagt­ly bol­ma­ga mah­sus bo­lan birnäçe se­bäpler ha­kyn­da mag­lu­mat ber­di. Nä­hi­li şert­de ýa­şa­ýan­dy­gy­my­za ga­ra­maz­dan, biz bu mas­la­hat­la­ry he­mi­şe ula­nyp bi­le­ris.

Türkmenistan — sagdynlygyň ýurdy

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 Sag­dyn dur­muş — bag­ty­ýar ýa­şa­ýyş