"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Taryhy taryply Änew

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änewiň iň bir gelim-gidimli desgalarynyň biri «Seýit Jemaleddin» diýlip atlandyrylýan meşhur orta asyr arhitektura toplumydyr» diýip ýazýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gurlandan bäri ençeme asyrlar geçse-de, Seýit Jemaleddin metjidi häzirki günlere çenli dünýä alymlaryny, jahankeşdeleri, zyýaratçylary özüne çekýär. Bu arhitektura toplumynyň gurlan ýeri hem-de toplumyň özi häzirki wagta çenli ylmy taýdan öwrenilmegini dowam edýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy» ýyly, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen Diýarymyzda döwlet we halkara derejesinde maslahatlar, sergiler, medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň gaz senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda: ösüşli ýollaryň dowamy

Gaz gorlarynyň möçberi boýunça ägirt uly bolan Döwletabat gazkondensat käni ýer üsti boýunça şertli ýagdaýda Döwletabat-1, Döwletabat-2, Döwletabat-3 böleklere bölünip, örän uly giňişlikleri eýeleýär. Şeýle uly meýdanda ýüzlerçe ulanyş guýularynyň gazylyp, önüm alynmagy milli ykdysadyýetimiziň öňküden-de kuwwatlanmagyna, onuň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumyny döwrebap derejede ösdürmeklige uly mümkinçilikleri döredýär. Şu makala «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirligine degişli bolan, häzirki wagtda işlenip geçilýän Garabil-Gurrukbil we Merkezi Garagum gazkondensat känler toplumy hakynda maglumatlary özünde jemleýär. Köpgatlakly Gurrukbil gazkondensat käni geologik gurluşy boýunça seýrek duşýan çylşyrymly, gor möçberi boýunça ägirt uly bolan Döwletabat gazkondensat käniniň gündogarynda ýerleşip, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çägine degişlidir. Döwletabat gazkondensat käninde gaz alnan 68-nji belgili barlag guýusyndan Gurrukbil känine çenli uzaklyk 15 — 20 kilometre, Gurrukbil käniniň gündogar tarapynda açylan Garabil gaz känine çenli bolsa 10 — 15 kilometre barabardyr. Döwletabat gazkondensat käninden gözbaşyny alýan magistral gaz geçiriji käniň 90 kilometr demirgazyk-günbataryndan geçýär. Gurrukbil gazkondensat käni Döwletabat — Hojagübürdek ýarylma-bozulma zolagyna degişli bolan Gurrukbil seňňeriniň merkezi böleginde ýerleşýär.

Watançy hem zähmetsöýer ynsan

Halkymyzyň şöhratly taryhynyň her bir döwründe Watana wepaly hyzmat edip, görelde görkezen görnükli şahsyýetler hakyndaky ýatlamalary okanyňda, olaryň nusgalyk ömrüniň, il-ulsuň öňünde bitiren işleriniň sarpasynyň ýyllara däl-de, asyrlara uzajakdygy barada oýlanýarsyň. Olaryň jemgyýetiň ösüşi üçin bitiren işlerini hormatlamak, geljekki nesillere ýetirmek, bir tarapdan, halypa-şägirtlik ýörelgesiniň mynasyp dowam etdirilmeginde, beýleki bir tarapdan, häzirki ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde juda ähmiýetlidir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň pajygaly wakalaryny başdan geçiren, şeýle hem döwri aýdyň şöhlelendirýän, sahypalarynda halkyň durmuşyny beýan edýän metbugat neşirlerinde işlemek bilen, türkmen žurnalistikasynyň ösüşine uly goşant goşan, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Mämmet Badaýew hem il-güne, hem zähmete söýgüsi bilen şeýle nusgalyk ömri ýaşan ynsanlaryň biri. Onuň, hususan-da, gazet işindäki köp ýyllyk tejribesinden ýatlamalary, bellikleri, şol döwrüň ýaş žurnalistlerini kämillige ýetiren maslahatlary gymmaty egsilmejek görelde mekdebidir.

«Keýikli» kyssa

Gepiň-sözüň alyşýan adamlaryň bolaýmasa, käte bilýän zadyň hakynda sorasalaram, näme üçindir, gürrüň beresiň gelmeýär. Emma Hudaýguly aga ýaly agramly-aňly biri çyny bilen haýyş etse welin, gadyrymy gaçyrmaýyn diýip, ozal aýdyp beren wakaňam bolsa, ýamaşgandan, howlukman, seljerip-saýhallap gürrüň bermeli bolýar... — Hany, «Keýikli» kyssany ýene bir sapar aýdyp bersene, bularam eşidip galsyn — diýip, köne aşnam maňa soragly nazaryny dikýär. Soň ol «Ähem-ühem» edip, töwerekdäki oturanlara-da: «Hany, ümsümräk bolalyň!» diýen manyda birlaý gözüni aýlaýar-da:

Rowaýata siňen zenan wepadarlygy

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda diňe bir ýurdumyzyň taryhy hakyndaky maglumatlar däl, eýsem, türkmen halkynyň urp-adatlary, edim-gylymlary hakynda hem ençeme maglumatlar getirilýär. Kitapdaky rowaýatlaryň köpüsiniň gönüden-göni, käbiriniň bolsa setirasty manysy bilen zenan maşgalanyň ruhy dünýäsine aralaşýarsyň. Hut şu nukdaýnazardan biz aşakda «Daýahatyn» rowaýatynyň üsti bilen türkmen zenanynyň ruhy dünýäsini yzarlamaga, rowaýatyň many-mazmunyny mümkingadar seljermäge synanyşdyk. Rowaýatyň gysgaça mazmuny şeýle.Bir ýeriň hökümdarynyň örän asylly aýaly bolupdyr. Ýöne içigaralaryň biri hökümdaryň öz aýalyna müňkür bolmagyny gazanmak üçin hile guraýar. Hökümdar aýaly hakdaky aýdylýan gep-gürrüňlere ynanyp, namys edip, derwüş sypatyna girýär-de, öýüni taşlap gidýär. Baýhatyn adamsyna wepalylygynyň subutnamasy hökmünde kaşaň kerwensaraý gurdurmagy niýet edýär. Kerwensaraýyň gurluşygyna bolsa dünýäni aýlanyp ýören adamsy hem işçi bolup gatnaşýar. Baýhatyn öz adamsyny tanaýar we mähelläni ýygnap, uly dabara edýär hem-de adamsyna ýalňyşandygyny duýar ýaly ýagdaý döredýär. Şeýdibem rowaýat şowly jemlenýär.

Seljuklaryň binagärlik mekdebi: täze tapyndylar, gadymy nyşanlar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary arheologik barlaglaryň ýazky möwsüminde Şähryslamda, Şährihaýbar galasynda we Paryzdepe ýadygärliginde iş alyp bardylar. Bu ýadygärlikleriň medeni gatlaklarynda saklanyp galan gadymy ýaşaýyş jaýlarynyň we desgalaryň birnäçesiniň üsti açyldy. Keramikadan we daşdan ýasalan nepis gap-çanaklaryň, metaldan, aýnadan ýasalan dürli önümleriň nusgalary tapyldy. Bu ýerden tapylan, seýrek gabat gelýän, sekizburçluk görnüşli, häzirki Döwlet tugramyzyň şekilini ýatladýan bezeg önümlerini ýasamak üçin galyplar uly ylmy ähmiýete eýedir. Gadymy döwürde sekizburçluk şekili bolelin ýaşaýşyň, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany hasaplanypdyr. Sekizburçluk, sekiz burçly ýyldyzyň şekili Beýik Seljuk türkmen döwletiniň jemgyýetçilik durmuşynda, medeniýetinde, sungatynda hem uly orun eýeläpdir. Mälim bolşy ýaly, seljuk-türkmen serkerdeleri Çagry beg we Togrul beg 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşinde ýeňiş gazanyp, döwlet döredenlerinde, baş nyşanlaryň biri hökmünde iki kelleli bürgüdiň şekilini alyp, ony sekizburçlugyň içinde ýerleşdiripdirler.

Türkmenistanyň gaz senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda: ösüşli ýollaryň dowamy

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda durmuşa geçirýän strategiýasy pudaklaýyn düzümini döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, gaz çykarýan we gaýtadan işleýän pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, gaz hem-de nebithimiýa senagatyny ösdürmäge we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň tutýan meýdanynyň aglaba bölegi nebitgazly ýerler diýlip hasap edilýär. Gaz gorlarynyň derejesiniň ýokarylygy «mawy ýangyjyň» çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, daşarky we içerki sarp edijileri uzak ýyllaryň dowamynda üpjün etmäge mümkinçiliginiň bardygyny tassyklaýar.

Çeper sözüň ussady

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda oturdylan dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň arasynda türki dünýäsiniň meşhur söz ussady Ýunus Emräniň hem heýkeli bar. Ýunus Emre Anadolyda ýaşan türkmen şahyrydyr. Şahyr barada ýazylan işlerde onuň ady «Türkmen gojasy» diýlip atlandyrylýar. Ýunus Emre XIII asyryň ortalarynda, XIV asyryň başlarynda ýaşap geçipdir. Bu döwür Anadolyda Seljukly imperiýasynyň dargap, Türkmen beglikleriniň we Osmanly imperiýasynyň kemala gelýän döwrüne gabat gelýär. Ýunus Emre barada halk arasynda dürli rowaýatlar hem bar. Halk özüne ýakyn saýýan şahsyýetleri barada dürli gahrymançylykly wakalary agzap, adyny ebedileşdirýär. Ýunus Emre barada ilkinji maglumat Hajy Bektaşy Weliniň «Welaýatnama» atly eserinde duş gelýär. Bu eser Ýunus Emre baradaky asyl çeşme hasaplanýar. Şahyr barada ýazylan ylmy işleriň aglabasynda bu çeşme esas alynýar. XVI asyrda ýaşan Mehmet Üftade bu hadysalardan käbirlerini gürrüň berýär ekeni.

Yşyklandyryjylaryň taryhyndan

Öýlerimizi yşyklandyrmakda möhüm zat bolan ýagtylandyryjy çyralar barada nämeler bilýäris? Geliň, diňe bir ýagtylyk beriji bolmak bilen çäklenmän, öýüň dizaýn aýratynlygynda hem zerur bolan çyralar barada birnäçe gyzykly maglumatlary öwreneliň! Yşyklandyryjylar dünýäsine syýahata goşulyň! ■ Dünýä meşhur iňlis alymy we oýlap tapyjysy Tomas Edison 1879-njy ýylda ilkinji elektrik çyrasyny oýlap tapýar. Alymyň bu açyşyndan öň adamlar ýag çyrasyny ulanypdyrlar.

Zemm şäheri

Jeýhun boýlarynda halkymyzyň şöhratly geçmişine şaýat bolan gadymy şäherleriň, galalaryň ençemesi bar. At-owazasy äleme dolan taryhy mekanlar dogrusynda gürrüň gozgalanda, gadymy Zemm şäheri hem ýatlanylýar. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, ösen medeniýetli şäher bolupdyr. Gadymy Zemm ýadygärligi häzirki Kerki şäheriniň gündogarynda, Amyderýanyň kenarynda ýerleşýär. Bu orta asyr şäheri baradaky ýatlamalara biz arap serkerdesi Küteýbanyň Amyderýanyň güzerinden geçişi bilen bagly ýazuw çeşmelerinde duş gelýäris. X asyra degişli çeşmelerde Amyderýa joşan wagtynda suwunyň Zemm şäheriniň merkezine çenli ýetýändigi barada aýdylýar. Beýleki arap syýahatçysy Al-Ýakuby Beýik Ýüpek ýolunyň şahalarynyň Merweruddan Balha, ondan soň bolsa Zemm şäherine barýandygyny ýazýar. X asyr arap syýahatçysy Al-Makdisiniň ýazgylarynda bolsa: «Zemm derýanyň kenaryndaky uly şäher, onuň bazarynyň merkezinde Juma metjidi ýerleşýär, howlusy eýwan bilen gurşalan, suwy bolsa Jeýhundan alýar» diýlip bellenilýär.

Arzyly tomsuň ýatlamalary

Tomus — her bir ynsan üçin ýatdan çykmajak wakalaryň jemi diýmek. Birsellem oturyp geçmişiň hakynda pikir ýa-da deň-duşlaryň bilen gürrüň etseň, söhbediň hökman bu pasylda bolup geçen wakalara syrygyp gidenini duýman galarsyň. Biz ýurdumyzyň çäginde tomusky dynç alşy täsirli geçirmegiňiz üçin şeýle «Ýol kartasyny» size ýetirmek isledik. Türkmen topragy özüniň taryhy ýadygärlikleridir özboluşly tebigat dünýäsi bilen meşhurdyr. Hakyň nazary düşen bu mekanyň dagyndan başlap, tä sährasyna çenli keramat. Şeýlekin ajaýyp ýerlere syýahat edip görmek üçin amatly wagt tomus möwsümidir. Türkmenler taryhyna sarpa goýýan halk. Geçmiş taryhymyzy geljekki nesillere ýetirmek, asylly wezipelerimiziň biridir. Köplenç çagalaryň gözi bilen gören zatlary aňlarynda ebedi ornaşýar. Olar bilen taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýlanyp görmek aýratyn täsirli boljakdygy ikuçsuz. Dogrusy şol ýadygärlikleri baryp ýerinde görmegiň özi hem tolgundyryjydyr. Esasanam, öz maşgala agzalaryňyz bilen gezelenç gurasaňyz, çagalaryňyz hem halkymyzyň baý geçmiş taryhy barada köp maglumat goruna eýe bolarlar.

Türkmenistanyň gaz senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda: ösüşli ýollaryň dowamy

Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylmagyna giň ýol açyldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň hemme pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda oňyn özgertmelere badalga berdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň binýatlyk esasy bolan nebitgaz toplumynda, hususan-da, gaz senagatyny we onuň gaýtadan işleýän pudagyny täze taryhy şertlerde döwrebap ösdürmeklige giň mümkinçilikler döredi. Netijede, dürli ýyllarda açylan Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Ýolguýy, Çymçykly, Garaşsyzlyk we Gündogar Tutly, Gündogar Üçajy — Çägelik — Könegala, Tagtabazar-I gaz känleri synag-senagat we senagat ulanyşa girizilip, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça kabul edilen Prezident maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna uly goşant goşdy. Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy (Bäşgyzyl) gaz käni Üňüzaňyrsy Garagumuň günorta-gündogar böleginde, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň çäginde, welaýat merkezi Türkmenabat şäherinden 180 kilometr we Mary şäherinden 160 kilometr daşlykda ýerleşýär. Käniň tebigy gazy 92 kilometr uzaklykda ýerleşýän Üçajy käninde hereket edýän gazy toplumlaýyn taýýarlan desgada (GTTD) gutarnykly

Türkmen halkynyň synmaz sütünleri

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Serdar Berdimuhamedow:— Meniň baş maksadym garaşsyzlygymyzyň we bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Seljuk soltanlaryÖmür beýanyII jilt3.

«Ýekegowak» taryhy ýadygärligi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Murgabyň çep kenary bilen demirgazyga hereket eden kerwenler Daşköpriniň we Tagtabazaryň töwereginde täsin gowaklar toplumynyň gabadyndan geçipdirler. Gowaklar orta asyrlarda ýaşap geçen başarjaň ussalar tarapyndan derýanyň sag kert kenarynyň ugruna uzalyp gidýän baýyrlygyň galyň gumdaşlary oýulyp gurlupdyr. Ýekegowak diýlip atlandyrylýan köpgatly gowak şolaryň biridir. Häzirki döwürde bu gowak syýahatçylaryň köp gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Uzynlygy 37 metre çenli, däliz görnüşinde gönüligine uzalyp gidýän gowagyň ýokarsy gümmez görnüşinde gazylypdyr. Däliziň çepinde hem-de sagynda otaglar ýerleşýär, olaryň käbirinde tegelek

Taryha şaýat muzeý gymmatlyklary

Halkymyzyň ümmülmez geçmişe sary uzap gidýän baý hem-de şöhratly taryhy bar. Şeýle şöhratly taryhyň, milli mirasyň ýitip gitmezligi we milliligini dabaralandyrmak üçin olary bir ýere jemläp, ylmy esasda öwrenmek, halk köpçüligine ýetirmek we wagyz etmek muzeýleriň esasy wezipesi bolup durýar. Muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen ata Watana söýgini döretmekde ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik muzeýleriniň uly ähmiýeti bar. Şeýle muzeýleriň biri hem Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýidir. Muzeýimizde «Garaşsyzlyk», «Arheologiýa», «Etnografiýa», «Tebigat» hem-de «Gazna» bölümleri bar. «Garaşsyzlyk» bölüminde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünlikleri, ýeten beýik sepgitleri barada giňişleýin gürrüň berilýär. «Arheologiýa» bölüminde etrabyň çäginde ýerleşýän Astanababa, Alamberdar kümmetleriniň, Mürzebeg galanyň, Akmuhammet işanyň medresesiniň, Sakar galanyň, Omar galanyň, şeýle-de şäher merkezinde ýerleşýän Begiň galasynyň, Rus galasynyň, Annaguly depäniň, Daşsaraý köşgüniň, Emin Ýahudy kerwensaraýynyň, keramatly Mihail Arhangeliň prowaslaw buthanasynyň suratlary hem-de ýokarda agzalan ýadygärliklerden dürli ýyllarda tapylan taryhy tapyndylaryň görnüşleri ýerleşdirilendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1991-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda çykaran Permany bilen «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasy döredildi. Bu goraghana tarapyndan welaýatymyzyň çägindäki

Ata mähribanlygy

Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow hakdaky ýatlamalaryndan: — Kakam baradaky ýagşy ýatlamalar hemişe ýüregimde ýaşaýar.

«Beýik ynsan asyr saýyn adygýar»

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly, beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim. Beýik ynsan Mälikguly Berdimuhamedow özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş edip, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Milli Liderimiziň «Döwlet guşy» atly romanynda öz mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň çeper keşbi juda täsirli beýan edilipdir. Bu ajaýyp eserde il-güni üçin jan aýaman zähmet çekip, iliň agysyna aglan, iliň gülküsine begenen päk ýürekli ynsanyň Watanyň asudalygy, geljek nesilleriň sagdyn bolmagy hem-de döredijilik hakdaky pikirleri çuň manyly beýan edilipdir.

Köneürgenjiň täsin ýadygärligi

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy, arhitektura ylymlarynyň doktory Muhammetdurdy Mämmedowyň ylmy ýolbaşçylygyndaky arheologik topar «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabyndaky şäher merkezinden günorta tarapa ýaýlyp gidýän arhitektura ýadygärlikler toplumynda ýerleşýän «Kerwensaraý» ýadygärliginiň gurluşyk maksadyny anyklamak, ony ylmy dolanyşyga girizmek işlerine başlady. Bu orta asyr ýadygärligi biziň döwrümize çenli diňe girelge görnüşinde saklanyp galmak bilen, ol haýsydyr bir ymarata esasy derweze bolup hyzmat edipdir. Gazuw-barlag işleriniň netijesinde, demirgazyga bakyp duran esasy peştagyň (girelgäniň) günbatar tarapyndan günbatarlygyna 20.9 metr uzalyp gidýän, 1.5 metr inlilikde, 22x22x5 ölçegdäki bitin we döwük kerpiçlerden peýdalanylyp örülen diwar galyndylary ýüze çykaryldy. Peştagdan 20.9 metr aralykdan diwaryň günortalygyna 90 derejedäki öwrümi onuň howly tarapyny açyp görkezdi. Günbatar diwaryň dowamynyň 24.05 metr nokadynda demirgazyk peştagy bilen deň ölçegdäki ýene-de bir günbatar tarapdaky peştagyň galyndysy tapyldy.

Sardoba

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe suw ulgamynyň işine aýratyn üns berilýär. Bir mahallar az suwly, gurak howaly ýurt hökmünde tanalan Türkmenistan, bu günki gün bol suwuň hözirini görýär. Halkymyz üçin teşnelik diýen düşünjäniň ymykly ýat bolmagy, geljekki nesillerimiziň ol derdi hiç mahal duýmazlyklary üçin suw goruny döretmek hem häzirki döwürde döwletimiziň suw syýasatynyň esasy wezipesi bolup durýar. Ýurdumyzda bar bolan suwlary tygşytly ulanmakda howdanlar we bentler aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin, irki döwürlerden bäri daýhançylygy kesbine öwrüp, bereket tapan ata-babalarymyz suw howdanlarynyň ençemesini el zähmetleri bilen gurupdyrlar. Şolaryň biri-de sardobadyr. Sardobalar, esasan, tegelek görnüşli gurulýan hem bolsa, kähalatda olaryň inedördül görnüşleriniň duş gelýändigi baradaky maglumatlara-da gabat gelinýär.

Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ortalarynda ownukly-irili gaz känleriniň birnäçesiniň — Üçajy, Seýrap, Şorköl, Malaý, Garaçöp, Gündogar Tejen, Bagaja gaz känleriniň synag-senagat we senagat ulanyşyna girizilmegi bilen, ýurdumyzyň gaz senagatynyň ösüşli ýoly netijeli dowam edip, çykarylýan «mawy ýangyjyň» möçberleri has-da artdyryldy. Seýrap gaz käni 1978-nji ýylda açylyp, ol 1984-nji ýylyň awgust aýynda synag-senagat ulanyşa girizildi. Käniň senagat taýdan gazlylygy aşaky goteriwiň terrigen çökündilerinde (şatlyk gorizonty) ýüze çykaryldy.