"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ýyladyşhanalaryň döreýiş taryhy

Ýyladyşhanalaryň döreýşi gadymy Rim döwründen başlanýar. Ekiniň üstüni örtmek ýaly ýönekeý usuldan gurluşy çylşyrymly bolan ýyladyşhanalary döretmek boýunça häzirki zaman tehniki işläp taýýarlamalara çenli ýol geçildi. Rimli bagbanlar emeli usul bilen ýylboýy gök ekinleri ýetişdiripdirler. Olar tigirli arabajyklaryň üstünde gök ekin ekip, gündizlerine daşary Güneşe çykaryp, agşamlaryna bolsa ýyly jaýa salypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen ekinleriň üstüni ýapmak hem-de olary sowukdan goramak usulyny ulanyp başlapdyrlar. Soňra gurluşyny düzýän agaç germewleri, sütünleri, üstüne ýapylan aýnadan ýa-da reňksiz düzümli, dury mineral jisimlerden taýýarlanan ýyladyşhananyň üçekleriniň özi gyzypdyr. Netijede, ýyladyşhananyň içindäki howa gyzypdyr we ekinlere kadaly ösmäge şert döräpdir. Bu ýyladyşhanalarda tropiki ýurtlardan getirilen ekzotik ösümlikler we güller ýetişdirilipdir.

Seýit Ysmaýyl Gürgenli

Orta asyrlarda Türkmenistanyň çägindäki şäherlerde lukmançylyk, tebigat, matematika, taryh, geografiýa, edebiýat ylymlaryny öwrenýän we bilim berýän medreseler bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen hökümdarlarynyň ylmyň ösmegine şert döretmekleri we ylym adamlaryna howandar bolmaklary orta asyrlarda türkmen ýerlerine dünýäniň ähli künjeginden ylym öwrenmek maksady bilen adamlaryň jemlenmegine esas döredipdir. Türkmenistanyň çäkleri ylmyň merkezi hökmünde hyzmat edipdir. Şeýlelikde, bu ýerde dünýä ylmyna goşant goşan türkmen şahsyýetleriniň birnäçesi kemala gelipdir. Şeýle şahsyýetleriň biri hem orta asyrlarda dünýäniň lukmançylyk ylmyna goşant goşan, öz döwrüniň belli lukmany, lukmançylyga degişli düýpli ylmy işleri ýazan Seýit Ysmaýyl Gürgenli bolupdyr. Alymyň doly ady Ysmaýyl ibn Muhammed al-Hüseýin al-Jurjany bolupdyr. Şeýle hem oňa al-Seýid Ysmaýyl ýa-da Hekim Jurjany hem diýlipdir. Taryhy maglumatlarda ol 1057-nji ýylda Gürgende doglan diýlip habar berilýär. Gürgenli ýaşlykdan lukmançylyk ylmy bilen gyzyklanypdyr. Ol ylym almagy dowam etdirmek üçin Horezme barýar. Orta asyrlarda Horezm baý kitaphanaly ylmy merkezleriň biri bolupdyr. Esasan-da, ol ýerde geljekki lukmanlara sapak berýän, Ibn Sinanyň şägirdi Ibn Abi Sadyk al-Nyşapury ýaşaýan eken. Gürgenli lukmançylyk ylmynda bu meşhur alymyň şägirdi bolýar. Ibn Abi Sadyk al-Nyşapury öz döwrüniň belli lukm

Gadymy ussahana

Orta asyr Abiwerd şäheri türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň biridir. Ençeme ýazuw çeşmelerinde kerwensaraýly, köşgi-eýwanly, uly bazarly, metjit-medreseli şäher hökmünde ýatlanyp geçilýän bu gadymy medeni merkeziň galyndylary Kaka etrap merkeziniň demirgazyk-günbatarynda üç ýüz gektara golaý meýdana ýaýylyp ýatyr. «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasyndaky bu gymmatly ýadygärligi ylmy esasda öwrenmek we gorap saklamak işleri yzygiderli ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işleri geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäginde «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynda hem degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen baglanyşykly, 2021-nji ýylyň iş meýilnamasyna laýyklykda, Abiwerd — Peşdag ýadygärliginde şu ýylyň ýaz möwsüminde ylmy-barlag işleri üstünlikli dowam etdirildi.

Suw — zer, suwçy — zergär

Türkmen halkynyň ekerançylyk medeniýetiniň taryhy kökleri irki döwürden gözbaş alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz suwarymly ekerançylykda suw bilen baglanyşykly kärleri hem döredipdirler. Şeýle hem «Suw — zer, suwçy — zergär» diýen ekerançylykda suwaryş işlerine uly ähmiýet beripdirler. Penjuwar — öňki döwürlerde derýanyň suw gatlalaryna gözegçilik edýän adam. Gatlanyň töweregindäki ähli suw ýollary olaryň garamagynda bolupdyr. Olar gatlalaryň abatlanylyşyna we ondan akýan suwuň bölünişine-de ýolbaşçylyk edipdirler. Suwçy diýip, ekin meýdanlaryna suw tutýan adama aýdylypdyr. Ekiniň bol hasylly, dok däneli bolmagy suwçynyň ukyp-başarnygyna bagly bolupdyr. Haşarçy diýip, gazy-haşar işini alyp barýan, gazy gazýan adama aýdan bolsalar, derini döküp, hysyrdyly işleri alyp barýan, hakynatutma haşarça merdikär diýipdirler. Sagatçy diýip köne döwürlerde suw paýlaýan adama aýdylar eken. Daýhanlar suwy bölmekde dürli usullardan peýdalanypdyrlar. Ýurdumyzyň günorta sebitlerinde küýzäniň düýbüni biz bilen çalaja deşip, içine suw guýupdyrlar we bir gije-gündizde şol küýzedäki suw näçe gezek akyp gutarsa, ony kelemedäki suwuň sanyna bölüpdirler. Diýarymyzyň gündogar sebitlerinde bolsa, düýbi deşik gaba suw guýmak arkaly wagt kesgitlenipdir.

Taryhy çeşmeler — gymmatly hazyna

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr. Adamlar asyrlaryň dowamynda ylym öwrenip, äpet uly ylym daragtyny kemala getiripdirler». Şeýle parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ylym ynsan durmuşynyň manysy, adamzadyň baýlygy bolup durýar. Öz döwrüniň ylym äleminde görnükli yz galdyran alymlaryň biri-de, Muhammet bin Ahmet Gazaly Tusydyr. Ol 1058-nji ýylda Horasanyň Tus şäherine degişli bolan Gazal obasynda garyp maşgalada doglupdyr. Gazalynyň kakasy alymlaryň üýşmeleňlerine gatnaşyp, olaryň söhbetlerini diňläp, gulagy ganandan soň, ogullary Muhammediň we Ahmediň hem ylymly-bilimli bolmagyny arzuw edipdir. Muhammet Gazaly kakasynyň ýardamy bilen ilki Tus şäherinde Ahmet Razakanydan, soňra Nyşapura gidip, Jüweýniden ylym öwrenipdir. Ol özüniň ýiti zehini we ylym almaga bolan höwesi bilen halypasynyň birnäçe şägirtlerinden tapawutlanypdyr hem-de ylym dünýäsinde meşhurlyga eýe bolupdyr.

Köýtendagyň ammonitleri

Köýtendag etrabynyň Bazardepe obasynda ýerleşýän Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň merkezi edarasynyň muzeýinde haýwanlaryň daşa öwrülen galyndylary saklanýar. Bu daşlaşan haýwanlaryň galyndylary ýer gatlaklaryndan tapylypdyr. Olaryň üstünden millionlarça ýyl geçendigi ylmy taýdan subut edildi. Goraghananyň muzeýinde şol haýwanlaryň arasynda balykgulaklaryň, ammonitleriň daşlaşan çanaklary, akulanyň dişleri, dinozawrlaryň aýak yzlarynyň ülňüleri bar. Gadymy täsin haýwanlaryň arasynda ýeriň ýüzünden doly ýitip giden kelleaýakly mollýuska-ammonitlerdir.

Şöhratly taryhyň beýany

Ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli Toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — ÝUNESKO — Diýarda ýaýran ýollar» atly taslamanyň çäklerinde maslahat geçirildi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda geçen maslahatda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy, medeni diplomatiýasy, merdana pederlerimiziň gadymy taryhyny, maddy we ruhy medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň toplumy hakynda giňişleýin gürrüň berildi.

Soltan jelaleddiniň Hindistandaky hökümdarlygy

Kitaplara sünnälenen taryhy wakalar, hakydalara ornan hatyralar, setirlere siňen ýatlamalar milletiň ykbal ýoly bilen bagly bolsa, üstünden ýüzlerçe ýyllaryň geçýändigine garamazdan, hemişe dek düýn bolan ýaly göz öňünde janlanýar. Taryh asmanyny bezeýän türkmen şahsyýetleri nesilleriň aňynda watansöýüjiligiň, merdanalygyň, hiç zatdan heder etmezligiň, kynçylyklary aýgytly ädimler bilen ýeňip geçmegiň göreldesi bolup ýaşaýar. Taryhy eserleriň nagşyna öwrülen, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserlerinde mertlik hakda söz açylýan ýerlerde ady buýsanç bilen tutulýan gahryman serkerde soltanlarymyzyň biri hem Jelaleddin soltandyr. Dürli döwürlerde ençeme dillerde dünýä taryhçylary tarapyndan Horezmşalar-Anuşteginler döwletiniň taryhy, onuň hökümdarlarynyň ömür beýany, döwletiň syýasy-ykdysady, ylym-bilim we medeni durmuşy öwrenilse-de, ählitaraplaýyn we çuňlaşdyrylyp az öwrenilen ugurdyr. Horezmşalar-Anuşteginler döwleti yslam äleminiň ylmy merkezleriniň biri bolupdyr. Bu döwlet Beýik Seljuklar döwleti synyp, onuň mirasdüşeri hökmünde syýasy arena çykandan soňra Mawerannahry, Horasany, Kermany, Sistany, Gaznany we Yragyň käbir ýerlerini özüne birikdirip, XII-XIII asyrlarda diňe sebitde däl, eýsem, Gündogarda iň uly döwletleriň birine öwrülýär. Belli taryhçylar Yzzeddin ibn Esir, Abulfida ibn Kesir, Atamälik Jüweýni, Muhammet ibn Wasyl, Ýusup ibn T

Toýlar toýa ulaşýar

Mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyny uludan belleýär. Hormatly Prezidentimiz bu baýramlary giňden dabaralandyrmak üçin uly tagallalary edýär, giň mümkinçilikleri döredip berýär. Aşgabadyň özboluşly, şöhratly taryhy bar. Zakaspiý ülkesi patyşa Russiýasyna birikdirilenden soňra, Aşgabat (Ashabad) onuň dolandyryş we ykdysady, medeni merkezine öwrülýär. Şäher ilatynyň ösmegi we Aşgabadyň sebitde möhüm söwda merkezine öwrülmegi bilen, bu çäklerde bolup geçýän wakalary şöhlelendirmek üçin şäherde rus dilinde neşir edilýän ilkinji metbugat serişdeleri peýda bolýar. Olaryň hatarynda «Закаспийское обозрение» gazetini mysal getirmek bolar. Gazetler hususy çaphanalarda harby häkimiýetiň gözegçiligi astynda neşir edilipdir. Olaryň sahypalarynda şäheriň syýasy, ykdysady we medeni merkeze öwrülmeginiň ösüş taryhyna degişli maglumatlara we habarlara, düýpli makalalara, taryhy çeşmelere gabat gelmek bolýar. 1881-nji ýylda Köpetdagdan gözbaş alyp gaýdýan dury gözli çeşmäniň başynda oturan Ashabad obasynyň 800 öýden ybarat oturymly ilaty bolupdyr. Ashabadyň ösmegi we onuň barha giňelmegi, ilatyň sanynyň artmagy 1885-nji ýyldan, ýagny bu ýere Zakaspiý demir ýolunyň çekilmegi bilen başlanýar. Şol wagta çenli şäher şeýle bir uly bolmandyr we ol, esasan, iki köçeden — S

Möwsüm üstünlikli tamamlandy

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasynda» bellenen çäreleri durmuşa geçirmek boýunça Taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirligiň düzümindäki taryhy-medeni döwlet goraghanalarynda işler ýokary guramaçylykly alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň iş meýilnamasyna laýyklykda, «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna degişli Abiwerd — Peştag ýadygärliginde şu ýylyň ýaz möwsüminde ylmy-barlag işleri dowam etdirildi. Bu ýadygärlik Ahal welaýatynyň Kaka şäheriniň merkezinden 7 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Taryh ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Babaýewiň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ylmy-barlag ekspedisiýasynyň şu ýylyň ýazky möwsümi üstünlikli tamamlandy. Bu ýadygärligiň Erk galasynyň günorta-gündogar diwaryndan 90 metr uzaklykda, ozalky möwsümlerde gazuw-barlag işleri geçirilen 4-nji gazuw meýdançasynda, «ýerasty desga» diýlip atlandyrylan arheologik meýdanda dowam etdirildi. Barlag-öwreniş işleri desganyň demirgazyk-günbatar çäklerinde, ozalky möwsümlerde bölekleýin ýüze çykarylan ussahana toplumynda dowam etdirildi.

Aşgabadyň nurana menzilleri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Aşgabat taryhynyň dürli döwürlerinde hem döredijilik işgärlerini, aýdymçylary we kompozitorlary täze eserleri döretmäge ruhlandyrdy. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň günorta künjeginde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň heýkelini ýerleşdirmegiň hem-de Giňdiwaryň eteginde «Magtymguly Pyragynyň toplumy» ady bilen döredijilik işgärleri üçin niýetlenen merkeziň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Bu zatlaryň hemmesi Aşgabadyň taryhyny ylmy nukdaýnazardan giňişleýin öwrenmäge itergi berýär. Gadymy kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Aşgabatda irki döwürlerde-de durmuş gaýnap joşupdyr. Aşgabat şäheri gadymdan oturan ozalky Ashabad obasynyň ýerinde emele gelipdir. Şäheriň taslamasy Ýewropa kysmynda çekilip, köçeleri göni bolupdyr, kwartallary tertipli ýerleşdirilipdir. Bu ýerde owadan demir ýol menzili bolup, onuň ýanynda paýtunçylar ýolagçylara garaşyp durýan eken. 1

Ertir — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni

GAHRYMANLARYŇ EDERMENLIGI ÝÜREKLERDE BAKY ÝAŞAÝAR 1941 — 1945-nji ýyllaryň agyr ýaralary we ýatlamalary adamlaryň ýüreginde goýup gidenine 76 ýyl dolup, ol bizden barha daşlaşýan hem bolsa, söweşde görkezilen gahrymançylygy, uruş ýyllaryndaky kynçylyklary her bir türkmen öz ýüreginiň töründe saklaýar. Çünki bu gazaply uruşda millionlarça adamlar bilen bir hatarda, türkmen halkynyň edermen ogullary Watanymyzyň azatlygy ugrunda gahrymanlarça söweşdi. Şu günki parahat, erkana durmuşyň hatyrasyna faşizme garşy ganly söweşlerde janyny gurban eden milli gahrymanlarymyzyň görkezen edermenlikleri häzirki we geljekki nesillerimiziň ýüreklerinde baky ýaşaýar.

Halk hakydasy

1941 — 1945-nji ýyllaryň urşuna başdan-aýak gatnaşan uruş we zähmet weterany Ilaman Gulçarowyň hem watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň belent nusgasy bolan ömür ýoly bar. Ol 1920-nji ýylda Köneürgenç etrabynyň häzirki Maslahat geňeşliginde dogulýar. 1940-njy ýylda goşun gullugyna alnan Ilaman Gulçarow bir ýyl gulluk edenden soň, uruş başlanýar. Ol harby düzgünleri doly ele alan esger hökmünde ilkinjileriň hatarynda söweşe çykýar.  «Adam başy daşdan gaty» diýleni. Ol urşuň ilkinji günlerinden başlap, tebigatyň epgegine, aňzagyna, gar-ýagmyryna garaman, gyşyna buz ýassanyp, gar ýapynyp, dişlerine çenli ýaraglanan duşmanyň garşysyna döş gerýär. Ilaman Gulçarow Batumi şäherinden başlan gulluk borjuny bütin Ýewropany pyýada geçip, Germaniýada ýeňiş bilen tamamlaýar. Ýowuz urşuň 4 ýylynyň içinde ol söweşde ýaralanyp, meýdan gospitalynda bejergi alan döwründe bolaýmasa, ýyly ýorgan-düşekde ýatmaýar. Ol bu döwrüň içinde duşman bilen aldym-berdimli söweşlere gatnaşyp, görkezen edermenligi üçin medallaryň, sylaglaryň ençemesine mynasyp bolýar. Iň agyr söweşleriň biri Kenigsberg şäherini faşistlerden arassalamak ugrunda bolýar. Söweş örän heýhatly. Iň soňky deminde janhowluna urunýan duşman ölenini-ýitenini bilmän, garşylyk görkezýär. Ýitgiler bolsa ummasyz. Söweşe girýän esgerleriň her gün ýüzlerçesi yzyna dolanmaýar. Ýöne söweşe girenlerinde Watan gerçekleriniň ölüm ýadyna düşmeýär.

Watanyň gerçek ogly

Halk öz gerçek ogullaryny hiç mahal unutmaýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezen türkmen ýigitleri hakyndaky ýatlamalar taryh sahypalarynda, nesilleriň hakydasynda baky ýaşaýar. Şeýle Watan ogullarynyň biri hem şol wagtky Tagta raýonynyň (häzirki Görogly etrabynyň) I-Kerpiçli obasynda 1921-nji ýylda dünýä inen Meçen Esenamanowdyr. Ol 1937-nji ýylda ýedi ýyllyk orta mekdebi tamamlap, öňki Daşhowuz şäheriniň 4-nji peduçilişşesine okuwa girýär. 1942-nji ýylda okuwyny tamamlap, öz obasyna dolanýar. Watanyň, il-günüň üstüne uruş belasy abananda, Meçen aga öz arzasy bilen goşun gullugyna alynýar. Birinji Belorus frontunyň atyjylyk polkunda gulluk edip, aldym-berdimli söweşlere gatnaşýar. Ol frontda serkerdeleriniň tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmäge çalyşýar. Ol Günbatara tarap barha öňe süýşýän frontuň yzynda galýan haraba öwrülen şäherleri, gyzyl ot bolup ýanýan sümme tokaýlary we beýleki ýürek gyýyjy görnüşleri synlap, urşuň tutuş adamzadyň kalbyna bitmejek ýara salýandygyna göz ýetirýär. Meçen aga Ýewropanyň azat edilmegi ugrunda alnyp barlan söweşlere hem gatnaşýar. Meçen Esenamanow söweşde görkezen edermenligi üçin ikinji derejeli Beýik Watançylyk urşy ordeni bilen sylaglanylýar.

Ikinji ömür

Obamyzda Nurmät mirap diýen, urşa gatnaşan, ýaşy bir asyry alkymlap oturan bir ýaşuly bardy. Käwagtlar onuň ýanyna baryp, şol gowgaly ýyllar baradaky gürrüňlerini diňlärdim. Şol gezegem şeýle boldy. Men hem-ä Nurmät aga bilen salamlaşaýyn, hal-ahwalyny soraýyn, hemem gümür-ýamyr edişeýin diýip, onuňka sowuldym. Barsam Nurmät aga sekide goşa ýassygy tirsekläp, gök çaý içýän eken. Meni görüp ýaşulynyň ýüzi ýagtyldy. Nurmät aga meniň salamymy alyp, saglyk-amanlyk soraşdy. Menem: — Gurgunçylyk, Nurmät aga! Özüňiz neneň, saglygyňyz gowumy? — diýip soradym.

Baky juwan gözel mekan

Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde ak şäherimiziň özgerişleri dünýäniň, döwrüň beýik ösüşleri bilen deň gadam urýanlygy aýratyn buýsandyryjydyr.  Aşgabat owadan şäher. Şonuň üçinem ak mermerli binalaryň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp paýtagtymyzyň özüne maýyl ediji keşbini synlanyňda ylhamyň joşup, buýsanç kelamy kalbyňa dolýar. Gözelligiň ynsan dünýäsine edýän täsiri juda uly. Hut şonuň üçinem bu nurana şäheri synlamak, oňa guwanmak durşuna lezzet. Owadan köçeleriniň ýanýodalary mydama al-ýaşyl güllere beslenip oturan, täsinlige baý bolan şäher her bir adamyň kalbyna tükeniksiz bagtly pursatlary bagyş edýär. Aýmançalardaky täsin güller, syrdam baglar, köçelerdir şaýollaryň ugruna birenaýy öwüşgin çaýyp duran bezeg agaçlary Aşgabadyň görküne görk goşýar.

Gahrymançylyk unudylmaýar

Ýurdumyzda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlara hem-de tylda edermenlikli zähmet çeken adamlara döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ýaşaýyş-durmuşy bilen yzygiderli gyzyklanyp, weteranlar üçin uly ýeňillikleriň döredilmegini üpjün edýär. Paýtagtymyzda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň döredilmegi we onda dürli çäreleriň geçirilmegi uruşda wepat bolanlaryň hatyrasynyň belentden tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Her ýylyň 9-njy maýynda bellenilýän Beýik Ýeňiş gününde bolsa weteranlarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Adamzadyň durmuşynda pajygaly wakalaryň biri bolan Beýik Watançylyk urşy dünýäniň köp halklaryny uly ýitgä sezewar etdi. Bütindünýä ähmiýetli bu taryhy Ýeňşiň gazanylmagynda türkmen halkynyň hem öz mynasyp goşandy bar. Uruş ýyllarynda erkek adamlaryň ählisiniň diýen ýaly fronta gitmegi netijesinde erkekleriň tyldaky agyr işleriniň hemmesi gelin-gyzlaryň gerdenine düşýär. Türkmen gelin-gyzlary hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň hemme pudaklarynda Beýik Ýeňiş, Watan üçin gije-gündiz diýmän zähmet çekýär.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygyna

MANYLY ÖMRÜŇ MENZILLERI 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşy dogrusynda gürrüň gozgalanda, Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly saýlanan eserleriniň ikinji kitabyndaky: «Durmuşyň her bir geçen güni şol nägehan urşuň bolan wagtyndan barha daşlaşdyrýar. Emma biz şol uruşda döş gerip, Watany goran gahryman ata-babalarymyzy, urşa gidenleriň yzynda galyp, ojagyny aman saklan enelerimiziň çeken hasratlaryny hiç haçan unutmarys. Olaryň görkezen gahrymançylygy şu günki Garaşsyz Watanymyzy gözümiziň göreji ýaly goramakda nesillere görelde we terbiýe mekdebidir» diýen sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär.

Arheologik barlaglarda sanly ulgamyň ähmiýeti

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, taryhymyzy we medeni mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi netijesinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary tarapyndan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerde toplumlaýyn arheologik gazuw-agtaryş işleri amala aşyrylýar. Barlag işleri geçirilýän ýadygärlikleriň biri-de, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe taryhy-medeni ýadygärligidir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly işiniň birinji kitabynda: «Paryzdepäniň taryhyny düýpli öwrenmegiň, onuň durmuşynyň ýyl ýazgysyny, ösen döwürlerini dikeltmegiň möhümdigini bellemek bilen, men bu ugurdan alymlaryň ylmy-barlag, derňew işleriniň özüniň talabalaýyk netijesini berjekdigine ynanýaryn» diýip belleýär. Bu ýadygärlikde ilkinji barlag işleri XX asyryň dowamynda A.A.Maruşenko, B.A.Litwinskiý hem-de W.N.Pilipko tarapyndan geçirilipdir. Häzirki wagtda arheologik gazuw-agtaryş işleri döwrebap enjamlar bilen öwrenilýär. Islendik ýurduň ösüşi onuň ylym-bilim ulgamynyň derejesi bilen kesgitlenýär. Şonuň üçin ylmyň häzirki zaman gazanan netijelerini durmuşa ornaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak ýurdumyzda möhüm işleriň biri bolup durýar.

Geljege uzaýan ak ýollar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri tanalmaz derejede özgerdi. Şäheriň ak mermere beslenen ajaýyp binalary, owadan güllere we daragtlara bürenen seýilgähleri, giň we gijelerine şugla saçýan köçeleri we şaýollary göwnüňi göterýär. Halkymyzyň göz-guwanjyna öwrülen Aşgabat şäheri sebitde iň bir ajaýyp şäherleriň biri hasaplanýar. Paýtagtymyzyň özboluşly taryhy bar. 1881-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda polkownik Kuropatkiniň ýolbaşçylygyndaky rus goşunlary Ashabad çeşmesiniň ugrunda ýerleşýän Ashabad obasyna gelip girende, şol wagtlar bu ýerde 300 çemesi türkmen öýleri bar ekeni. Aşgabatda ilkinji peýda bolan köçeleriň biri-de Serkerdeler (Ofiserler) köçesi bolupdyr. Bu köçäniň ugrunda harby serkerdeler ýaşapdyr we ol şäherde iň gür bagly, owadan köçeleriň biri bolupdyr. Ofiserler (Serkerdeler) köçesi Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanmazdan öň Karl Marks atly köçedir. Söwda (Torgowaýa) köçesi hem Aşgabatda dörän ilkinji köçeleriň biridir. Onuň ugrunda baý dükanlar ýerleşipdir. (Soňra bu köçe Žitnikowyň adyny göterýär). Bu köçe häzir Içeri işler ministrliginiň düzüminde uzak ýyllaryň dowamynda işlän Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýär.