"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Aýdym-sazyň piri

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çägini aralap geçýän uly ýoldan çepe öwrüm edip, esli ýöräniňden soň, giňiş düzlükde howalanyp oturan, dört gyraňy memmerli metjide nazaryň kaklyşýar. Aşyk Aýdyň piriň äleme dolan meşhur ady mübäreklenip, geçen asyryň ahyrynda bina edilen bu metjide barýan ýoluň ugrunda türkmen dutarynyň äpet heýkeli bar. Metjidiň kyblaroýunda piriň aramgähi ýerleşýär. Asyrlaryň hekaýatyny taryha gönderip, syrly dymyp oturan şol aramgähiň golaýynda meşhur gadymy gala — Diýarbekir, onuň ýakynynda bolsa ýene bir gümmez seleňläp görünýär. Ol halk arasynda beýik piriň zehinli şägirtlerinden biri Seýit Jemaleddin Soltan Töwrize degişli edilýär. Gadymy Was topragynda uly taryhy geçmişli şäherleriň birgideni bar, olar, daş-töweregi başdanaýak gür baglyk bilen örtülen goýry kölegäni ýada salýandygy üçin, Tünüderýa adyny alan gadymy derýany jähekläp otyrlar. Aşyk Aýdyň piriň ykbaly şu gadymy şäherler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörän gymmatlyklar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren gymmatly bahasyna görä, Türkmenistan Watanymyz ýedi müň kilometrden hem uzaklara uzap gidýän, iki müň ýyla golaý wagtlap dünýä halklaryna hyzmat eden Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Beýik Ýüpek ýoly bilen uzak menzilleri söküp, Gündogaryň Beýik imperiýasy — Hytaý bilen, Günbataryň Beýik imperiýasy — Rimiň arasynda täjirleriň söwda aragatnaşygyny ýola goýup, gatnap ýören ýyllarynda hem gelin-gyzlaryň el hünärinden dörän, halklary haýrana goýýan türkmen halylarynyň, gamyşgulak bedewleriň medeniýetiň ikinji gatlagy bolan Parfiýa medeniýeti döwründe dünýä halklarynyň arasynda uly şöhrata eýe bolandygyny, görnükli alymlar W.W.Bartold, W.M.Masson aýratyn nygtap geçýärler.

Milli mirasyň hazynasy

Ata-babalarymyz bize gymmatly miras galdyrypdyrlar. Şol mirasa eýe çykmak, ony öwrenmek we wagyz etmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da giň gerime eýe boldy. Taryhda muzeýleriň tutýan ornuna ser salsak, ol örän gadymy döwürlere uzap gidýär. Adamzat taryhynda ilkidurmuş daş asyrlary döwründen başlap, adamlarda ynanç we durmuşa medeni tarapdan garamak öň hatarda durupdyr. Iňňän gadymy döwürlerde hem adamlar öz ýaşaýan ýerlerini bezemek, dürli gurallardan peýdalanyp, ilkinji bezeg şaýlaryny ýasamak bilen meşgullanypdyrlar.

Zeýtuny gaýtadan işlän iň gadymy kärhana

Ysraýyl arheologlary ýaşy 6600 ýyl töweregi bolan dünýäniň iň gadymy «zeýtuny gaýtadan işlän kärhananyň» yzlaryny tapdylar. Maglumatlara görä, onuň galyndylary Ortaýer deňziniň düýbünde, Haýfa kenarýakasynda ýerleşýär. Bu maglumatlar şol wagt zeýtunyň köp ulanylandygyndan habar berýär. Tapyndylarda iki sany daşyň galyndylary we zeýtun galyndylary bilen doldurylan çukurlar bolup, tapylan zeýtun tohumlarynyň ýagdaýy önümiň senagat taýdan gaýtadan işlenendigini ýüze çykardy. Ýüze çykarylan daşlar dürli görnüşde bolup, onuň içinde çukur galyndylary ýerleşýär. Alnan täze maglumatlar Ortaýer deňziniň ýaşaýjylarynyň gadymy müňýyllyklarda zeýtuny köpçülikleýin peýdalanandyklaryny görkezdi. Kärhananyň araçägi kenarýaka gury ýerde başlanyp, suwuň içine, takmynan, 150 metre uzalyp gidýär. Bu bolsa işçileriň zeýtuny gaýtadan işlemek üçin deňiz suwundan peýdalanandyklaryna güwä geçýär.

Türkmen külalçylygy

Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasynyň kökleri taryhyň çuňlugyna siňip gidýär. Aziýanyň merkezinde, kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen bu gadymy topragyň özboluşly medeniýeti diňe bir saklanyp galmak bilen hem çäklenmän, ol özara medeni gatnaşyklar, täsirlenmeler arkaly baýlaşdy we medeni taýdan ýakynlaşmalaryň barşynda düýpli ähmiýete eýe boldy. Türkmenistan geçmiş taryhymyza şaýatlyk edýän gadymy ýadygärliklere baý ýurtdur. Ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän uly şäherleriniň biri hem Şähryslamdyr. Orta asyrlarda Täk Ýazyr ady bilen belli bolan şäheriň biziň günlerimize gelip ýeten durky Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň merkezinden 20 km demirgazykdaky düzlükde ýerleşýär.

Seýil-seýran etseň seýilgählere

Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze-täze seýilgähler döredildi we öňden barlarynyň durky zamanabap röwüşde täzelenýär. Hormatly Prezidentimiz geçiren iş maslahatynyň birinde paýtagtymyzda türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň şu günki belent ösüşleriniň nyşany boljak täze «Daşkent» seýilgähini döretmegiň taslamasynyň üstünde işlemek we onuň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi. Mähriban Arkadagymyzyň binagärlik, döredijilik ylhamynyň çeşmesi bolan ak şäherimiz umumadamzat jemgyýetini parahatçylyga, dost-doganlyga, ýagty geljege çagyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheri has gözelleşýär, ösýär, özgerýär. Uly ýaşaýyş toplumynda, ymaratlaryň ýanynda dürli baglar, güller oturdylýar. Şäher gurluşygynda Gündogaryň, Günbataryň öňdebaryjy binagärlik tejribesi giňden ulanylýar.

Taryhda yz galdyran şaha

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarydyr teklipleri esasynda döwletimiziň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi, ençemesiniň bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylyň ahyrlarynda girizilmegini gazanmak üçin degişli işleriň geçirilýändigi, gerekli resminamalaryň taýýarlanylyp ýörülmegi kalplarymyzda ýakymly duýgulary oýarýar.

Buz­gaý­mak ni­re­de dö­räp­dir?

To­mus pas­ly diý­len­de, il­kin­ji göz öňü­ne gel­ýän zat­la­ryň bi­ri hem buz­gaý­mak­dyr. Dür­li gör­nüş­le­ri bi­len köp­le­riň, hu­su­san-da, kör­pe­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan buz­gaý­ma­gyň dö­re­ýiş ta­ry­hy bi­len gy­zyk­lan­ma­ýan adam az bol­sa ge­rek. Biz hem ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da buz­gaý­ma­gyň ta­ry­hy bi­len bag­ly gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik. Buz­gaý­mak il­kin­ji ge­zek, tak­my­nan, üç müň ýyl mun­dan ozal Hy­taý­da taý­ýar­la­nyp­dyr. Şol wagt­lar Hy­ta­ýyň bar­jam­ly adam­la­ry mi­we şi­re­si­ne gar bi­len bu­zy go­şup, sa­ça­ga äbe­rip baş­lap­dyr­lar. Buz­gaý­ma­gyň ýa­sa­lyş usu­ly örän giz­lin­lik­de sak­la­nyp­dyr. Soň­lu­gy bi­len şer­bet hem-de dür­li mi­we­ler­den doň­du­ry­lyp ýa­sa­lan ta­gam alys­da­ky ýurt­la­ra ýaý­rap­dyr.

Marguş — ösen syýahatçylyk merkezi

Islendik döwletiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyndan, baý geçmiş taryhyndan, kuwwatly ösüşlerinden we geljekki menzillerinden habarly bolmak üçin şol ýurtda syýahatda bolmak ýeterlik. Sebäbi şowly syýahat netijesinde şol ýurdy hemmetaraplaýyn öwrenmäge we özüňde ajaýyp pursatlary galdyrmaga oňaýly mümkinçilik döreýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 27-nji aprelinde sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda paýhasly pederlerimiziň döreden milli gymmatlyklaryny, halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly däp-dessurlaryny gorap saklamak, şeýle hem olary ylmy taýdan öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny bellemegi, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynyň ösüşine hem-de geljekde amal edilmeli işlere uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Şu aýdylanlardan ugur alyp, berkarar Watanymyzyň syýahatçylyk üstünliklerini, mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmek we halkara derejesinde ýaýmak döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Taryh — geçmişden galan ýadygärlik, nesillere miras galjak maddy we ruhy baýlyk. Syýahatçylygyň aýry-aýry görnüşleriniň arasynda hem medeni-öwrenijilik syýahatçylygyna möhüm orun degişlidir. Bu syýahatçylyk taryhy-medeni ähmiýetli gymmatlyklara baryp görmek, öwrenmek we medeni çärelere gatnaşmak maksady bilen amala aşyrylýar. Dünýä syýahatçylarynyň syýahatsöýer kalbyna ruhy lezzet paýlaýan ýerler hem,

Küşdüň taryhyndan parçalar

Alymlar küşdüň 2500 ýyl ýaşy bardyr hem-de aýdylyşy ýaly, Hindistanda däl-de, Orta Aziýada dörändir diýip çaklaýarlar. ***

Ak bugdaýyň taryhyndan

Ýurdumyzda daýhanlarymyzyň yhlasy bilen ýetişdirilen ak bugdaýyň bol hasylyny ýygnamak işleri şu günler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle buýsançly pursatlarda bu gün bütin dünýäde meşhur alym Rafael Pampelliniň ylmy gözlegleri barada gürrüň etmek has-da ýakymlydyr. Amerikan geology Rafael Pampelli Freýburgdaky (Germaniýa) dag-magdan akademiýasyny tamamlap, dag-magdan inženeriniň diplomyny alýar hem-de minerallary öwrenmek boýunça ABŞ-da ilkinji diplomly hünärmen bolup ýetişýär. 1903-nji ýyl Rafael Pampelliniň durmuşynda ýatdan çykmajak ýyl bolýar. Şol ýyl ol professor W.M.Dewis, kömekçileri E.Hentington we öz ogly R.W.Pampelli bilen bilelikde Karnegi institutynyň (Waşington) maliýe taýdan goldaw bermegi netijesinde, Türkmenistan bilen tanyşlyk saparyny guraýar. 1904-nji ýylda ol ikinji gezek Türkmenistana gelip, Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän Änewiň günorta we demirgazyk depelerinde hem-de Gäwürgalada arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini geçirýär.

Gündogaryň gadymy şäheri

Beýik Ýüpek ýoly baradaky taryhy ýazgylarda welaýatymyzyň günorta-gündogar künjeginde ýerleşýän gadymy Kelif şäheriniň ady köp duş gelýär. Hytaýdan, Şamdan çykyp ugran agyr ýükli kerwenler ençeme menzil ýol ýöräp, biziň ýurdumyzyň çägine aralaşypdyrlar. Soňra Hojaýpiliň, Köýteniň, Bazardepäniň, Garlygyň üsti bilen Kelif şäherine gelip ýetipdirler. Şu möhüm halkara söwda ýolunyň ugrunda ýerleşen Kelif şäherine gelen kerwenler soňra Şirabada, Termeze, Garşa, Samarkanda, Buhara, Amula, Horezme tarap ugrapdyrlar. Kelifden Baýsun daglaryna, Şirabatdan Tallymerjen ýaýlasyna çenli aralykdaky ululy-kiçili şäherleri, galalary, rabatlary, sardabalary dolandyran gadymy Kelif şäheri mongol basybalyjylaryna çenli döwürde gülläp ösen merkezleriň biri bolupdyr. Gadymy Kelif şäheriniň döreýiş taryhy, «Kelif» sözüniň manysy hakynda ýerli ilatyň arasynda gyzykly rowaýatlar köp. Oturymly ilat «kelif» sözüni «gulp» ýa-da «kilit» sözleriniň üýtgän görnüşi hasaplap, ony Isgender Zülkarneýniň ady bilen baglanyşdyrýar. Başga birleri «kelif» sözüniň «zuf» sözünden döräp, goşa kenardaky şäher manysyny aňladýandygyny, käbirleri bolsa bu sözüň türkmenleriň «gelin» sözünden dörändigini tekrarlaýarlar. Her niçik bolsa-da, gadymy Kelif şäheriniň adynyň antik zamanlarda hem häzirkisi ýaly duş gelýändigini alymlar subut edýärler.

Astanababa mawzoleýi

Biziň şan-şöhratly taryhymyz bar. Munuň şeýledigini ençeme asyrlaryň syrlaryny özünde jemläp oturan köpsanly taryhy ýadygärliklerimiz hem tassyklaýar. Şeýle ýadygärlikleriň biri hem hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda gürrüňi edilýän Astanababa mawzoleýidir. XII — XVII asyrlara degişli bolan bu gadymy binalar toplumyny ýerli ilat Astanababa mawzoleýi diýip atlandyrsa, käte bu dört gümmezli mawzoleýi iki dogan Zeýdaly we Zuweýdalynyň atlary bilen baglanyşdyrýarlar. Olaryň aýallarynyň hatyrasyna Gyzlarbibi mawzoleýi diýlip atlandyrylandygy hem ýatlanylýar.

Totyjemal

Türkmen edebiýatynyň taryhyna ser salanymyzda, köp sanly zenan şahyrlaryň adyna duşmak bolýar. Olaryň käbiriniň döreden eserleri bize gelip gowuşmadyk hem bolsa, çeper döredijilik bilen meşgullanandyklaryny mälim edýän maglumatlar az däl. Şol zenanlaryň biri hem Totyjemal handyr. Ol XVIII asyryň ahyrlarynda — XIX asyryň birinji ýarymynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň töwereginde ýaşap geçen görnükli türkmen şahyry Myrat Talyby bilen durmuş gurupdyr. Şahyr Myrat Talybynyň ýaşlygyndan aşyk bolan gyzy Totyjemal hakyndaky maglumatlar juda çäkli bolsa-da, olaryň durmuş gurandyklary we ogullarynyň bolandygy baradaky maglumatlar bize gelip ýetipdir.

Şygyrlary dünýä meşhur akyldar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Onda medeniýet işgärleri tarapyndan dürli medeni dabaralar guralyp, belentden ýaňlanýan aýdym-sazlarda, sahna oýunlarynda, ajaýyp goşgularda ata Watanymyzyň geçmiş taryhy, hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, eşretli zamanamyz wasp edilýär. Halkymyz şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döretmek bilen baý edebi mirasy galdyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy dünýä alymlary tarapyndan öwrenilýär. Çeper sözüň ussatlary şahyryň ömri, durmuşy, onuň ýaşan döwri, döredijiligi hakynda ençeme eserler döretdiler. Türkmen edebiýatynyň taryhynda akyldar şahyr hakynda ussat ýazyjymyz Berdi Kerbabaýew kitap ýazdy. Ol 1941-nji ýylda beýik şahyr Magtymgulynyň edebi keşbini döretmäge synanyşyk etdi. Ol şahyryň goşgularyna ýüzlenip, şol goşgular esasynda şahyr barada eser döretdi.

Heňňam ýazgylary

Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny çykyşlarynda öwran-öwran nygtaýar.Türkmen halkynyň baý medeni mirasy bar. Ata-babalarymyz tarapyndan bize galdyrylan medeni mirasyň biri hem ýazuwdyr. Jemgyýetçilik gatnaşyklarynda adamlaryň arasyndaky aragatnaşygy dilsiz göz öňüne getirip bolmaýar. Hat-ýazuwyň emele gelmegi bilen, özara gatnaşyklar kämilleşipdir, özgeripdir. Aragatnaşyk saklamagyň ýene bir görnüşi hem ýazuwdyr. Maglumatlar tekst ýazmagyň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Tekst sözlemlerden, sözlemler sözlerden, sözler bogunlardan, bogunlar harplardan durýar. Ses belgisi harp bilen belgilenýär. Gepleşikde säginme äheňi bar bolsa, ýazuwda gepleşigiň aýdylyş äheňi dürli dyngy belgiler bilen aňladylýar. Ýazuw bilen gepleşik diliniň ýerine ýetirilişiniň dürli-dürli bolmagyna garamazdan, olaryň arasynda aýrylmaz baglanyşyk bardyr. Ýazuw — gepleşigiň kagyz ýüzüne geçirilen görnüşi. Ýazuwyň özboluşly taryhy bar. Adam eşiden habaryny, maglumatyny ýadynda saklap, hat üsti bilen bellige alyp, ony uzaklara ýetirip bilýär. ХХI asyrda ýazuw üsti bilen habar ýetirmegiň kämil görnüşi ýüze çykyp, ol giň mümkinçiliklere eýedir. Häzirki zamanda tehnikanyň ösmegi netijesinde sanlyja pursatyň içinde uzak ýerler bilen gepleşip we ýazuw üsti bilen habaryňy ýetirip bolýar. Bu gü

Syrly äleme bagyşlanan ömür

Alym astronom, syrly älemiň aşygy Hojamuhammet Meläýew türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Köpetdagyň keremli daglarynyň gujagynda, datly suwly Sumbar derýasynyň gözbaşyndaky Magtymguly etrabynyň Könekesir obasynda 1946-njy ýylyň 4-nji maýynda dünýä inýär. Ol talyplyk döwrüniň 1-nji ýylyndan başlap ömrüniň ahyryna çenli astronomiýa ylmy bilen gyzyklanyp, gündizlerine şol ugra degişli çap edilen materiallar bilen tanyşdy. Gijelerine merjen däneleri dek lowurdap duran ýyldyzlar, aýry-aýry ýyldyz toparlary hem-de olar baradaky ajaýyp rowaýatlar, şol lowurdaýan ýyldyzlara meňzäp duran we olara görä hereket edýän ýeriň emeli hemralary, Günüň, Aýyň tutulmalary, Aýyň dürli çärýeklerde görünmegi, gije-gündiziň hem-de pasyllaryň çalyşmagy, ýyldyz asmanynyň wagta görä üýtgemegi we başga-da şunuň ýaly asman gümmezi bilen bagly bolan hadysalar ünsüni ýüpsüz baglapdy. Teleskopda asmanyň syrly älemine seretmek Hojamuhammediň söýgüli pişesidi. Ol ýerde däl-de, asman äleminde gezip, şol älemdäki syrlar bilen dostlaşan ýalydy. Alymyň çagalyk ýyllaryna ser salsaň, onuň bu pişe üçin dünýä gelendigine ynanýarsyň. Onuň babasy Myratberdi ahun türkmende ady belli Goçmyrat ahun bilen bir döwürde Buharada okap, ahunlyk derejesine ýeten, ýaşan döwründe il-halka köp ýagşylyklary eden, ýaşlary ylym-bilime çagyran, aý-günüň hasabyny ýöretmegi, ýyldyzlar we beýleki asman jisimleri barada dürl

Edebi we ebedi baýlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçmiş taryhymyzy, edebiýatymyzy çuňňur öwrenmäge uly üns berilýär. Asyrlar aşan medeni mirasymyzyň nusgalarynyň biri bolan «Görogly» şadessanynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi buýsandyryjy wakadyr. Geçmişde Beýik Ýüpek ýoly bilen argyşa giden kerwenlere halk döredijiliginden baş çykarýan dilewarlar, edebiýat, taryh bilen gyzyklanan alymlar hem goşulypdyrlar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle bellenilýär: «Uzak ýollary sökýän kerwene goşulyp, argyşa gitmek özboluşly terbiýeçilik we tejribe mekdebi bolupdyr. Munuň üçin kerwenbaşy argyşçylaryň toparyna dana kyssaçylaryň, alym-ulamalaryň, köpügören syýahatçylaryň, tejribeli argyşçylaryň goşulmagyny gazanypdyrlar. Olar goş ýazdyrylyp, dynç alynýan pursatlarynda ýaş söwdagärlere halal gazanç etmegiň, söwdaň şowlap, tüçjar baý bolanyňda hem adamkärçilik, ynsanperwerlik, mähribanlyk duýgularyňy barha çuňlaşdyrmagy gazanmagyň zerurdygyny öwredipdirler. Şol bir wagtda argyşçylar ylym dünýäsine aralaşyp, ruhy baýlygyny artdyrypdyrlar, düşünmeýän meseleleri boýunça alymlardan maslahat alypdyrlar, şeýdibem, köňüllerine ýagşylyk nuruny çaýypdyrlar».

Gözde nurum, kalpda sazym Pyragy

Beýik akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragy Etrek derýasynyň boýundaky Hajygowşan diýen obada eneden dogulýar. Magtymguly Pyragy başlangyç bilimi kakasy Döwletmämmet Azadynyň elinde alypdyr. Magtymguly Pyragy Şirgazy medresesinde üç ýyl bilim alypdyr. Şahyryň Buharadaky Gögeldaş medresesinde okanlygy barada täsin maglumatlar bar. Biziň günlerimize şahyryň 700-den gowrak şygyrlary we 10-a golaý kiçi göwrümli poemalary gelip ýetipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen nusgawy şahyrlarymyzyň paýhasa baý döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşap geçen döwründen bäri köp wagt geçen hem bolsa, onuň paýhaslar hazynasy umumadamzady Gün kimin çoýýar. Şahyrymyzyň döredijilik älemi giňdir, many-mazmun taýdan baý hazynadyr we ol durmuşyň ähli tarapyny öz içine alýar. Beýik Magtymgulynyň edebi mirasy düýpsüz umman ýalydyr. Türkmen halkynyň beýik şahyry, akyldary Magtymguly Pyragy ähli halklaryň şahyry, onuň döredijilik älemi kämil mekdep bolup hyzmat edýär.

Şalaryň düşlän kerwensaraýy

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň çäginde hem taryhy ýadygärlikleriň uly toplumy ýerleşýär. Olaryň arasynda XI — XII asyryň arhitektura ýadygärligi hökmünde tanalýan Daýahatyn kerwensaraýy ençeme ýyllardan bäri bütin dünýäniň jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýär. Kerwensaraý ylmy çeşmelerde Daýahatyn, ilat arasynda bolsa Baýhatyn ady bilen bellidir. Daýahatyn sözi — «daýa» arap sözi bolup, türkmençe «Mülk», «Oba», «Bejerilen ýer», hatyn (puşty dilinde «gatyn») sözi bolsa «daş», «daşdan edilen» diýen manyny berýär. «Baýhatyn» diýen adyň döreýşi barada ýerli ilatyň arasynda ýaýylan rowaýatda aýdylyşyna görä, bir baý söwdagäriň owadan aýaly bolupdyr. Söwdagär argyşa gidýär. Dostlarynyň biri onuň aýaly barada myjabatly gürrüň ýaýradýar. Söwdagär aýaly baradaky myjabatly gürrüňleri eşidip, mal-mülkünden, maşgalasyndan, bar baýlygyndan geçip, pukara eşiginde sergezdan halda aýlanyp ýörýär. Onuň aýaly garaçomaklaryň ara tow düşürenine düşünýär. Ol ýanýoldaşyny tapmagy ýüregine düwýär. Baý aýal ähli ýurtlara çapar ýollap, özüniň kerwensaraý gurdurýandygyny we oňa işlemäge talabanlaryň gerekdigini jar çekdirýär. Talabanlyga onuň adamsy söwdagär hem gelýär. Töhmetli gürrüňleriň üsti açylýar, är-aýal gaýtadan durmuşa gadam basýar. Şondan soň, Merwden getirilen kerpiçlerden gurlan bu kerwensaraý hem baý aýalyň ady bilen baglanyşdyrylyp, Baýhatyn kerwensaraýy d