"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Jaň sesi eşidilse

Taryhy maglumatlara salgylananyňda jaň uzak ýola rowana bolýan kerwenleriň öňbaşçysy bolup, hataryň öňüni çekip barýan düýäniň boýnuna dakylypdyr. Jaň sesini eşideniňde halkymyzyň humly hazynasy bolan gözel Garagum sährasy göz öňüňde janlanýar. Ak mekdebiň gapysyndan ilkinji gezek ätleýän körpejeleri ylym-bilimiň täsin dünýäsine çagyrýan jaň sesi olary ylym-bilimiň çuňlugyna aralaşdyrýar. Ýyllaryň geçmegi bilen ulalyp kemala gelen ýaşlar ylymdyr bilimiň kämil ýoluna düşüp, ak mekdep bilen hoşlaşanlarynda-da ýene-de şol jaň sesine maýyl bolýarlar. Talyp bolmak bagty miýesser edip, ylym ojagynyň bosagasyndan ätlän ýaşlary ylymlaryň täsin dünýäsine çagyrýan hem ýene şol jaň sesi. Şu mysallaryň özi-de jaňyň türkmen durmuşynda ähmiýetiniň uly bolandygyna şaýatlyk edýär. Jaň sesiniň täsin owazy bagtly pursatlaryň buşlukçysy bolup ýaňlanýar. Şol ajaýyp pursatlar bolsa, ynsanyň kalbyndan ömürlik orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» atly romanynda jaň barada şeýle setirler bar: «Mekdebe zerur bolan parta, stol, oturgyç, klas tagtasy, karta, kitap-depder, okuw-bezeg esbaplary kynlyk bilen hem bolsa tapyldy, alyndy. Hatda obanyň demirçi ussasy düýä dakylýan mis jaňy eýle-beýle edip, mekdebe jaň ýasap berdi».

Mürze Berhurdar Türkmeniň döredijiligi

Halkymyzyň baý taryhynyň sahypalaryna nazar aýlasaň, dünýä taryhynda, ylmynda, edebiýatynda we sungatynda uly yz galdyran şahsyýetler sanardan kändir. Şeýle şahsyýetleriň biri hem Sefewiler döwleti döwründe halkymyzyň geçmiş taryhy barada kitap ýazan taryhçy we edebiýatçy Mürze Berhurdar Türkmendir. Mürze Berhurdar Türkmeniň doly ady Mürze Berhurdar ibn Mahmud Türkmen Ferahi bolupdyr. Ol XVI asyryň ikinji ýarymynda häzirki Owganystanyň günbataryndaky Ferah şäherinde dünýä inenligi üçin, orta asyr adatyna görä, oňa Ferahi diýipdirler. Ýöne ol özüniň türkmendigini bildirmek maksady bilen adynyň soňunda «Türkmen» tahallusyny hem goşupdyr. Berhurdar Türkmene Hindistan ýerlerinde «Mumtaz» lakamyny hem dakypdyrlar. Mumtaz diýmeklik — dana, akylly, paýhasly diýmegi aňladypdyr. Ol ýaşlykda syýahat etmegi, alymlar bilen söhbetdeş bolmagy, rowaýatlary, hekaýalary diňlemegi gowy görüpdir. Ýaşlygynda Merwe gelýär we şäheriň şol wagtky häkimi Aslan han oňa bilim almaga kömek edýär. Merwden soň bolsa Yspyhana gidýär. Ol ýerde Berhurdar Türkmen mürze bolup işläp başlaýar. Iki ýyldan soň, ol ýene özüniň syýahatyny dowam etdirýär. Ol Eýranyň Maşat şäherine, Azerbaýjan ýerlerine barypdyr. Onuň syýahat eden döwründe ady agzalan ýerler Sefewiler döwletiniň düzümine degişli bolupdyr. Sefewiler döwletinden gaýdyp, Hindistandaky Beýik Mogollar döwletine barýar. Mogollor döwletinde resminamalar, kita

Öý diýilýän keramatdyr...

Döwlet gurmagyň ussady bolan, «Döwlet gurmak isleseň, türkmeni çagyr» diýdirip bilen halkymyz öý gurmagy sungat derejesine ýetiripdir. Türkmen üçin öý — keramat. Türkmen üçin öý — döwletlilik. Bu gün döwrebap öýlerde ýaşaýan türkmen gadymy öýüni hem ýatdan çykarmaýar. Şindiki beýik döwletliliginiň derejesinde guran bu binalaryny “Türkmeniň ak öýi” diýip atlandyrýar. Şeýdip, gadymyýeti bilen şu gününi birleşdirýär. Gadymyýetini şu güni bilen beýik geljegine alyp barýar. Millet hökmünde taryhy hakydasyny, ruhy bitewüligini saklaýar. Görnüşi ýaly, bu iş milli döwletliligi goramagyň, berkitmegiň, döwre görä ösdürmegiň bir binýadyna öwrülendir.

Türkmen zenanlarynyň taryhy dünýäsi

Türkmen zenany täsin hem syrly dünýä. Oňa aralaşmak üçin taryha ser salmaly bolýar. Arheologlarymyzyň geçirýän gazuw-agtaryş işlerinde tapylýan taryhy tapyndylar oňa şaýatlyk edýär. Köpetdagyň eteginde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan toýundan ýasalan aýallaryň heýkeljikleri, baryp biziň eramyzdan öňki VI müňýyllyga, neolit döwrüne degişli diýlip hasaplanylýar. Alymlar olary aýal hudaýyň heýkelleri diýen netijä gelýärler. Ol heýkeller wagtyň geçmegi bilen şaý-seplerdäki nagyşlara siňip, dagdan agajyndan ýasalan doga-tumarjyklarda şekillendirmek bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir. Gadymy döwürlerde türkmen zenanlarynyň käbiri söweşjeň serkerde bolupdyr. Arheologlar gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde söweş lybasynda jaýlanan aýallaryň guburlaryny tapypdyrlar. Ýagny şol döwürde olary öz ýaraglary, demir gylyç, naýza, ok-ýaý bilen bile jaýlapdyrlar. XIII asyrda ady näbelli pars ýazyjysy «Ajaýyb ad-dünýä» (Dünýä täsinlikleri) atly kitabynda oguzlar barada: «Olaryň owadan aýallary bar. Ol aýallar söweş lybaslaryny geýip, ýarag dakynyp, söweşlere-de gatnaşýarlar» diýip ýazypdyr. Gadymy döwürlerde türkmen zenanlary ýanýoldaşlary, doganlary bilen deň durup, duşmana garşy söweşipdirler.

Bahaweddin Welet

«Türkmenler dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir» diýip belleýän alym Arkadagymyzyň milli miras baradaky döwlet syýasaty dünýäniň taryhyna, edebiýatyna, medeniýetine goşant goşan ençeme alymlaryň, şahyrlaryň, taryhy şahsyýetleriň ömri we döredijiligi hakyndaky maglumatlary ýüze çykarmagyň ruhy bilen galkyndyrýar. Pähim-paýhasy, pendi-nesihaty, öwüt-ündewi bilen türkmen edebiýatynyň taryhynda orun alan alymlaryň biri hem Bahaweddin Weletdir. XII — XIII asyrlarda ýaşap geçen Bahaweddin Welet beýik söz ussady Jelaleddin Rumynyň kakasy we ilkinji mugallymydyr. Alymyň ady edebiýatlarda Muhammet Balhy, Bahaweddin Welet, Baha-i Welet, Uly Möwlana («Möwlana-ýe bozorg»), Bahaweddin Welet ibn Hüseýin el-Bekri ýaly görnüşlerde gabat gelýär. Ol halk arasynda Soltanul-ulama (Ulamalaryň soltany) lakamy bilen adygypdyr.

Süýji suwuň gözlegine bagyşlanan ömürler

Halkymyzyň asyrlarboýy suwa bolan arzuwyny hakykatdan amala aşyrmak işleri XX asyryň 40-njy ýyllarynda başlanýar. Garagum kanalynyň gurluşygy we Jeýhun suwunyň paýtagtymyz Aşgabada getirilmegi dünýä möçberinde iň iri gidrotehniki desgalarynyň biri boldy. 1950-nji ýyldan başlap baş türkmen kanalynyň köne Uzboý hanasy boýunça ilkinji göz öňünde tutulan ugrunda inžener-geologik we gidrogeologik işleri geçirilende, ägirt uly süýji suwuň barlygy bellenilýär. Döwlet ýolbaşçylarynyň we alymlaryň gelen netijesi esasynda kanalyň geçirilmeli ugry üýtgedilenden soň, ol işler gereksiz hasap edilýär. Emma alnan netijeler bilen içgin gyzyklanan gidrogeolog Nadežda Şewçenko hem-de toparyň başlygy Garaş Ýomudskiý tarapyndan ol işleriň dowam etdirilmeginiň wajyplygy subut edilýär. Netijede, Uzboý kenaryndaky Garagumuň astyndan süýji suwly köl tapylýar. Hünärmenler ony «Ýasga süýji köl linzasy» diýip atlandyrýarlar. Köl bu ugurdan işleýän dünýä alymlarynyň arasynda G.Ýomudskiniň beren «Garagumuň göwheri» ady bilen bellidir.

Ak öý — döwletliligiň sütüni

Gümmezekläp oturan ak öýleriň guruwy ynsan bilen tebigat arasyndaky hökmany jebisligiň teswirine meňzeýär. Açyk serpikden görünýän asman, Gün dogandan tä batýança, onuň düşýän ýerine görä, wagtyň takmynan kesgitlenilişi, ortaradaky ojak, onda başy çalşyrylan ojaryň kesindi bolýança alawlaýşynyň tebigy kemi ýok. Öýde, ojak başynda her kimiň öz orny bar. Daş işikden seredeniňde, ojagyň sag gapdaly gap dul bolup, öý bikesi şol ýerde oturýar. Öý — öý diýseň öý. Onda ýagdaýyna, mümkinçiligine görä, biş-düş, nahar-şor, çaý-suw işi el ýüzünden bitip durar ýaly, ortarada ojak bar: bugdaýdan doly argyş çuwallar tärime söýelgidir. Çarwa illerinde ýa ýazlagda, göç-gon wagty, hany saňa bugdaý üweder ýaly haraz barmy? Elýeteriňdäki degirmen daşlary taň zatdyr. Ýaňky bugdaý üweler, un ýugrular, hamyr basyrylar. Gördi-bakdy daşary çyg-çimirmi, tamdyra ot goýberip ýörmez. Çygly howada tamdyrtowy köpräk bolmasa, tamdyr agarmajak bolar durar. Ol agarmasa-da, çörek gowy gyzarmaz, çig-çarsylyk bolsa könekileriň isrip diýýänine barýar.

Ertekili täsin agşamlaryň söhbedinden

Ylym-bilimiň ösen merkezine öwrülen şäherlerimizde ýaşap, ylmy-döredijilik işi bilen meşgul bolan belli alym-ulamalaryň, pir-danyşmentleriň öwüt-ündewini almaga, olaryň huzuryna şägirtlige durmaga höwesliler suwuň akyşy deýin üznüksiz geler durar eken. Munuň üçin olar uzak ýollary söküp, ýurt aşyp gelipdirler. Bu barada çuňňur mazmunly hekaýatlaryň köpüsi irki döwürlerden bäri halkyň hakydasynda ýaşap gelýär. Olaryň birinde şeýle diýilýär... Günleriň birinde Köneürgenjiň üsti bilen Amula barýan kerwendäki jahankeşdeler Nejmeddin Kubranyň ak patasyny almak hem-de onuň öwüt-ündewini diňlemek üçin şol jelegaýda goş ýazdyrypdyrlar. «Hezreti pir, biz bir jahankeşde adamlar. Baran-gezen ýerimizden del haryt alyp, öz ilimize äkidýäris. Söwda-satyg edýäris. Ýurtlaryň ahwalyny, habaryny ýetirýäris. Kimden nähili ýagşy söz, öwüt eşitsek, hemmeler bilen paýlaşýarys. Hemişe ýolda gezýän adamlar näme bilen meşgul bolsalar gowy? Bize şeýle bir pent ber, goý, ol pentleriň hikmeti, täsiri bütin ömrümize ýeterlik bolsun!» diýip, haýyş edipdirler. Pir hezretleri myhmanlarynyň haýyşyny diňlänsoň, olara şeýle nesihat edipdir: «Ömür ýeňil-ýelpaý ötülýän menzil däl, emma şu alty amaly berjaý etseňiz, ekin meýdanyna taşlan her bir dänäňiz müň bolar. Daýym ýadyňyzda bolsun, adamlar köp işlemäge meşgul bolsalar, siz her bir eden işiňizi gowy ýerine ýetirmäge çalşyň. Adamlar artykmaç ybada

Bileniň — baýlygyň

Eswatini (swazilend) şalygy Paýtagty — Mbabane.

Merkezi Aziýa: taryhdan şu güne

Ýaňy-ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy ýokary derejede geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sebit boýunça goňşular bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ikitaraplaýyn we köpugurly görnüşde deňhukukly we ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.

Şähryslam — geçmişiň ýaňy

Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy, taryhy ýadygärlikleri öwrenmek, gorap we aýap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan işleri dünýä nusgalykdyr. Mähriban Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserini okanyňda, geçmişe gaýybana syýahat eden ýaly bolýarsyň. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilip, medeni mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegi bolsa ýaş nesliň şöhratly taryhymyza bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Milli Liderimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde Nusaý sebitinden ýene günbatarlygyna gidilende, orta asyr Täk Ýazyr galasynyň galyndylarynyň bardygy, Şähryslam ady bilen tanalýan şäheriň ýerleşýändigi barada ýazýar. Bu gadymy gala baradaky täsin maglumatlar bizde, Ylymlar akademiýasynyň alymlarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikler toplumyna baryp görmek höwesini döretdi. Ol ýerde bolanymyzda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan täsin tapyndylardyr maglumatlar bilen hem tanyşdyk.

Has ir gurlandygy ýüze çykaryldy

ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä sa­na­wy­na gi­ri­zi­len dün­ýä­niň iň meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk no­kat­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Pe­ru­da­ky Ma­çu-Pik­çu ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň çak­la­ny­şyn­dan has ir gur­lan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Alym­lar bu açy­şyň bir dö­wür Ame­ri­ka ma­te­ri­gi­niň iň uly me­de­ni­ýe­ti bo­lan in­ka­lar ba­ra­da köp zat öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. In­ka­lar ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ryň kö­pü­si­ni is­pan­lar ýaz­ga ge­çi­rip­dir­ler. ABŞ-nyň Ýel uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry­nyň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ga­dy­my in­ka şä­he­ri­niň 1420-1430-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da gur­lan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ant­ro­po­log, pro­fes­sor Ri­çard Bur­ge­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky yl­my to­par Ma­çu-Pik­çu­ny gur­du­ran Im­pe­ra­tor Pa­ça­ku­ti­niň hä­ki­mi­ýe­te hä­zi­re çen­li mä­lim bo­lan se­ne­sin­den ir ge­çen­di­gi­ni anyk­la­dy. Mu­nuň üçin baş­ga­ça se­ne­len­dir­me usu­lyn­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr.

Jeýhun kenaryndan gözbaş alan medeni ojaklar

Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda, gojaman Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşen Türkmenabat şäheri hem medeniýetiň pajarlap ösen ýeri, belli alymlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, öz döwründe halkyna, Watanyna halal hyzmaty bilen tanalan adamlaryň mekany hökmünde mälimdir. Gojaman taryhyň dürli döwürlerinde halkymyzyň medeni durmuşyny, taryhy-durmuş tejribesini öwrenmekde ygtybarly çeşme bolup durýan, asyrlaryň syryny öz süňňüne siňdiren muzeýler şöhratly geçmişimiz baradaky wakalaryň şaýadyna öwrülen gymmatlyklary özünde jemleýär. Türkmenistanda ilkinji «Ýerli tebigat we çägeligi berkitmek» muzeýi Wladimir Awgustowiç Paleskiniň başlangyjy bilen 1898-nji ýylda Farap demirýol bekedinde döredilýär. Onuň döredilmegi şol döwürde Türkmenistanyň çägi boýunça geçýän Merkezi Aziýa demir ýolunyň gurluşygynyň meseleleri bilen berk baglanyşykly bolupdyr. Demir ýoly çäge syrgynyndan goramak baradaky öz döwrüniň wajyp meselesini çözmek maksady bilen Zakaspi oblastynyň administrasiýasy 1895-nji ýylda Sankt-Peterburgyň tokaýçylyk institutyny tamamlan W.A.Paleskini bu ýere işe çagyrypdyr. Şeýlelikde ýaş hünärmeniň tagallasy esasynda çägeligi berkitmek boýunça dünýäde ilkinji geçirilen işler bilen baglanyşykly maglumatlary toplamak we olary tejribede synamak üçin «Ýerli tebigat we çägeligi berkitmek» muzeýi döredilipdir. Onda Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsini gowy bilýän alymlar tarapy

Wa­tan­per­wer­li­giň nus­ga­sy

ýa-da hal­ky­my­zyň be­ýik og­ly Nej­med­din Kub­ra ha­kyn­da ke­lam Türkmen taryhda özüni dörediji hökmünde ykrar etdirip bilen gadymy halkdyr. Tebigy şahandazlygy bilen dünýä belli dessanlary, şadessanlary döreden halkymyz mertligiň, medeniýetliligiň, gahrymançylygyň mekdebi bolan beýik şahsyýetleri hem kemala getiripdir. Eziz Diýarymyzda doglup, önüp-ösüp, gaýratlydygy, dogumlydygy akyl-paýhasy, geçmişde bitiren ägirt uly hyzmatlary bilen adamzadyň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň mertebesi bolsa hemişe belentde saklanýar. Geçmiş taryhymyzda öçmejek yz galdyran şeýle şahsyýetleriň biri Nejmeddin Kubra hakyndaky buýsançly taryhy hakykaty okyjylara ýetirmegiň özem sogaply işdir.

Çu­wal bag­şynyň öýün­de

Durmuşda bolup geçen käbir wakalar hemişelik ýadyňda galýar. Ol, esasan-da, döredijilik adamlary, sungat ussatlary bilen bagly bolsa, has-da şeýle bolýan borly. Ýazyjy Ahmet Halmyrat hem-de mirasgär Atda Gurbangeldi bilen Kaka topragyna baryp, Onbegi obasynda Çuwal bagşynyň öýüne myhman bolanymyz bäri, esli ýyl geçipdir. Ýöne ol göwnüme şu gün bolup geçen ýaly bolup dur. Çuwal bagşynyň gadamy düşen, ruhy siňen sadaja öýde onuň ogly Annaguly aga ýaşaýan eken. Annaguly gyjakçy şol wagt segseniň onuny tegelän-de bolsa, huşy metda diýilýänlerden eken. Onuň Çuwal bagşy hakynda berýän gürrüňleri täsirlidi. Bu okyjylar üçinem täsirli bolar diýip pikir edýärin. — Biziň atamyza Garly aga, enemize Ogulnur — Ogul eje diýer ekenler. Atamyz kümüşçi ussa bolan. Onuň Mämmetguly, Magtymguly, Hudaýguly, Gülbar, Oguldöndi, Annagözel diýen çagalary bolupdyr.

Taryhymyzy öwrenen alym

Ylmyň dürli ugurlary boýunça dünýäde tanymal alymlaryň bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem arheologiýa ylmynda özüni tanadan, uly-uly işleri bitiren meşhur arheolog alymlar az däl. Olaryň biri hem taryh ylymlarynyň doktory, professor, halypa, mugallym Hemra Ýusubowdyr. Geljekki arheolog alym 1936-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda dünýä inýär. 1945 — 1952-nji ýyllarda obasynda ýedi ýyllyk mekdebi tamamlaýar. Okuwyny Türkmenbaşy şäheriniň 2-nji mekdep-internatynda dowam etdirýär. Ol 1955 — 1960-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, taryh-hukuk bölümini tamamlaýar.

Türkmeniň demirgazyk ýaýrawy (Garagalpak türkmenleri)

Özbegistan döwletiniň Garagalpagystan awtonom respublikasynda ýaşaýan türkmenler halkymyzyň iň demirgazykda ýerleşen bölegidir. Garagalpagystanly türkmenleriň oturýan ýerleri taryhy geçmişde gadymy Horezm, Köneürgenç türkmenleriniň döwletlerine we soňra Hywa hanlygyna degişli bolupdyr. Eýsem, türkmenler ol topraklara haçan we näme sebäpden düşdülerkä? Özbegistanyň Garagalpagystan respublikasynda ýaşaýan türkmen kowumdaşlarymyz häzirki ýaşap oturan ýerlerine aýry-aýry wagtlarda göçüp barypdyrlar. Türkmenleriň bu ülkä ilki gadam basanyndan bäri indi iki asyr töweregi wagt geçipdir. Olar ilkibaşda Balkan, Gürgen we Maňgyşlak sebitlerinde ýaşapdyrlar. Taryhdan mälim bolşy ýaly, ХVII — ХIХ asyrlar türkmen taýpalarynyň göçe-göçlük döwri bolupdyr. Uzboý arkaly öz suwuny Hazar deňzine guýan Amyderýa ХVII asyrda öz akymyny üýtgedip, Aral deňzine guýup başlaýar. Suw bolmansoň bu sebitde ekerançylyk we ýaşaýyş-durmuş pese gaçýar. Ilat ekerançylyk üçin täze ýerleriň gözlegine çykmaly bolupdyr. Suw ýetmezçiligi, galyberse-de käbir syýasy ýagdaýlar türkmen tire-taýpalarynyň belli bir böleginiň Amyderýanyň sag kenaryna göçmegine sebäp bolupdyr.

Aşgabadyň täsin sagatlary

Aşgabadyň mähriban ady, onuň taryhy, şu güni hem-de geljegi bilen bagly her bir jümle watandaşlarymyzyň ýüreginiň töründe mydamalyk orun alýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda paýtagtymyzyň taryhy barada täsin maglumatlar teswirlenip, Watanymyzyň baş şäherine bolan söýgimizi, buýsanjymyzy barha joşdurýar. Milli Liderimiziň dana paýhasyndan dörän kitabynda belleýşi ýaly, «Gündogaryň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu şäher gelim-gidimli, ünsüňi özüne çekýän merkez bolup, asyrlaryň gatynda özi baradaky hakykaty ýaşadyp gelýär. Biz onuň taryhyna, şöhratly geçmişine sarpa goýýarys». Taryha ser salsak, Aşgabadyň sagatlary barada giden bir dessan ýazyp wasp etmäge mynasypdygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. 1901-nji ýylda bolsa Aşgabat demir ýol menziliniň binasynyň gurluşygy tamamlanyp ulanmaga berilýär. Onuň asmana uzaýan minarasynyň dört tarapynda sagat oturdylypdyr. Bu binagärlik çözgüdiniň pelsepesi halkymyzyň şöhratly taryhy geçmişine hem-de ruhy ýörelgesine esaslanýar, ýagny Aşgabatdan — gadym oguz ilinden dünýäniň çar künjegine ak ýollaryň uzap gidendigini aňladýar. Munuň özi Watanymyzyň şöhratly taryhymyzyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi, hereketlendiriji güýji bolandygyny ýene bir ýola ykrar edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň II kitabynda şeýle ýazýar: «Dünýäni sö

Döwrebap usullar, ylmy gözlegler

Hormatly Prezidentimiziň alymlaryň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, arheologiýa gymmatlyklaryny, etnografiýa, antropologiýa meselelerini öwrenmekde degişli işleri durmuşa geçirýärler. Alym Arkadagymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň işini häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek üçin olaryň iň täze enjamlardyr barlaghanalar we kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegine giň mümkinçilik döredip berdi. Türkmen alymlary dünýäniň ylmy merkezleri, meşhur uniwersitetleri bilen gatnaşyk saklap, olar bilen şertnama esasynda işleşýärler. Germaniýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň we beýleki döwletleriň ylmy edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek hem-de bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirmek babatda gepleşikler alnyp barylýar. Häzirki wagtda türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, döreden döwletlerini, dünýä medeniýetine hem-de adamzadyň ösüşine goşan goşandyny toplumlaýyn öwrenýärler. Alymlarymyz ylmy-barlag işlerinde köptaraplaýyn ugurda işläp, taryhymyzy, gadymdan galan şäher-obalaryň galyndylaryny, ol ýerden tapylan gymmatlyklary, täsin ýadygärlikleri yzarlap, däp-dessurlarymyza, dilimize, edebiýatymyza degişli maglumatlary öwrenmek bilen, häzirki döwrüň ýokary tehniki barlaghanalaryny we täze enjamlaryny ulanyp, barlag

Gadymy Köneürgenç taryhyň şöhratly sahypalarynda

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistan geografiýa taýdan Günbataryň we Gündogaryň köp ýurtlaryny özüne birikdiren bu ymgyr uly ýoluň çatrygynda ýerleşipdir» diýip belleýär. Şeýle-de bu kitapda tanymal alymlaryň, akyldarlaryň we jahankeşdeleriň beýan edýän gymmatly maglumatlaryna uly ähmiýet berlipdir. Şeýle alymlardan biri hem 1208 — 1283-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen, taryh, fykyh, matematika, fizika, astronomiýa, geografiýa, geologiýa ýaly ugurlarda özüni dünýä tanadan beýik alym Zakariýa ibn Muhammet ibn Mahmyt Kazwinidir. Zakariýa Kazwini «Asarul-biläd we Ahbarul-ybad», «Ülkeleriň yzlary we milletleriň habarlary» atly kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherler barada gyzykly maglumatlary beýan edipdir. Şeýle şäherleriň biri hem Köneürgenç şäheri bolup, irki ylmy çeşmelerde onuň ady «Jürjaniýe» görnüşinde ulanylypdyr. Awtora salgylanyp, Köneürgenjiň örän güýçli, edermen we gaýduwsyz ilatynyň bolandygyny aýtmak mümkin. Onuň gürrüň berşine görä, bu şäher örän uly we köp ilatly bolupdyr. Döwrüniň kyn şertlerine garamazdan, şäheriň ilaty dürli howplardan goranmagy başarypdyr. Kazwini bu şäheriň söwdagärinden gassabyna, çörekçisinden tikinçisine çenli hemmesiniň esgerdigini haýran galmak bilen gürrüň berýär. Bu bolsa ilatyň goranmak meselesine neneňsi ähmiýet berendigini görkezýär.