"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Oguz hanyň mizemez taglymaty

(Dünýä taryhynda ululy-kiçili ençeme döwletler guran we umumadamzat gymmatlyklaryna ajaýyp miraslary bagyşlan oguzlar we olaryň beýik mirasdüşeri türkmenler barada döredilen «Oguznamalar» barada söhbet) «Oguznamalardaky» ýaňlanýan milli watançylyga ýugrulan bu sözler seni bada-bat milli taryhymyzyň şöhratly zamanalaryny beýan edýän oguzlar we olaryň dünýä ýaýran kowmy baradaky ýazylan taryhy çeşmeler we olara taýsyz ähmiýetine bolan buýsanja besleýär!

Abiwerdden uzaýan ýol...

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň içgin öwrenilmegine, milli medeniýetimiziň döwrebap ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Geçmişimiziň janly şaýady bolan ýadygärliklerimiz biziň üçin ata-babalarymyzyň medeniýet derejesi baradaky täsin maglumatlaryň çeşmesidir. Milli Liderimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda bu barada: «Türkmenistan — Änew, Bagabat, Nusaý, Altyndepe, Abiwerd, Sarahs, Garagan, Täkgala, Pessejikdepe, Daşlydepe, Monjuklydepe, Şähri-Weýeňňam, Şähryslam, Oguzkent, Farawa, Maşat-Misseriýan, Daňdanakan, Ürgenç, Was, Şähri-Bossan, Margiana, Amul, Daýahatyn, Köýtendag, Zemm, Namazgadepe we Goňurdepe ýaly bu gün dünýä ylmynyň üns merkezinde durýan, özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren ýüzlerçe medeni-taryhy gymmatlyklara baý ülke. Bu taryhy-medeni ýadygärlikleriň her haýsy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň henize çenli doly açylmadyk syrly sandygydyr» diýip, örän ýerlikli belleýär. Türkmen halky eýýäm irki orta asyrlardan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Täk-Ýazyr (Şähryslam), Nusaý, Abiwerd, Çugundurbaba (Kufen), Mäne ýaly şäherleri, medeni ojaklary döredipdirler. Häzirki wagtda gum depelerine öwrülen oba-kentlerdendir galalardan, küňreli belent diwarly şäherlerden halkymyzyň medeni mirasyny, şekillendiriş we amaly-bezeg sungatyny, umuman, hünärmentçiligini we senetkärçiligini şöhlelendirýän

Diplomat zenan saraý hatyn

Hormatly Prezidentimiz mydama agzybirlige çagyrýar, dost-doganlyga, goňşuçylyga belent sarpa goýýar. Bu däpler ata-babalarymyza mahsus bolup, olary tassyklaýan mysallara taryhy çeşmelerimizde ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Akgoýunly türkmen döwletiniň hökümdary Uzyn Hasanyň (1453 — 1478) ejesi Saraý Hatyn Günbatarda hem-de Gündogarda diplomat zenan hökmünde tanalypdyr. Ol ýurduň içinde hem-de goňşy döwletleriň arasynda biri-biriňi sylamak, hormatlamak arkaly gatnaşygy ýola goýmak üçin gepleşikler geçiripdir. Orta asyr taryhçysy Abu Bekr Tähranynyň ýörite Akgoýunly türkmen döwletiniň belli hökümdary Uzyn Hasanyň tabşyrygy boýunça döwletiň taryhyna bagyşlap ýazan «Akgoýunly türkmenleriň taryhy» («Kitaby Diýarbekriýe») atly eserinde hem Saraý Hatyn bilen bagly maglumatlar beýan edilipdir. Eserde beýan edilişine görä, Akgoýunly döwletiniň hökümdary Jahangir garagoýunlylaryň tabynlygyny kabul edip, ylalaşyga razy bolanda, Uzyn Hasan döwletiň özygtyýarlylygyny gorap saklamak maksady bilen 1453-nji ýylda dogany Jahangirden hökümdarlygy alypdyr. Jahangir muňa garşy bolup, tagty yzyna almak üçin birnäçe gezek synanypdyr. Ol hatda Garagoýunly döwletiniň hökümdary Jahanşadan hem kömek sorapdyr. Kömege iberilen garagoýunlylaryň goşunyndan üstün çykan Uzyn Hasan doganyny Mardinde gabapdyr. Şonda Saraý Hatyn iki doganyň arasyna düşüp, olary ylalaşdyrypdyr. 1457-nji ýyldaky bu

Gadymy şäheriň taryhyndan

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda uly orun alan Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly gadymy şäherlerimiz aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ylmyň gadymy merkezi hasaplanylýan Merw topragy barada gürrüň edenimizde, ol häzirki wagtda arheologiki taýdan dünýäniň iň uly we iň gymmatly ýadygärlikleriniň biri hasaplanylýar. Ylmyň ähli pudaklary boýunça yzygiderli geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlar has irki döwürlerde hem ylmyň ojagy hasaplanylan Türkmenistany dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň üns merkezinde goýdy. Gadymy türkmen alymlarynyň, ata-babalarymyzyň nesillere goýan ylmy-medeni mirasyny öwrenmegiň zerurdygyny Gahryman Arkadagymyz aýratyn belleýär. Şeýle hem şol ylmy-medeni ojaklarda kemala gelen alymlaryň ömrüniň, döredijiliginiň, ylym äleminde ýeten derejeleriniň bu günki ýaş türkmen alymlaryna nusgalyk mekdep bolmalydygyna ünsi çekýär. Merwi we onuň daş-töweregini öz içine alýan Murgap oazisi Türkmenistanda iň irki ilatlaşan ýerleriň biridir. Bu ýerde baryp Bürünç asyrynda hem ýerler emeli usul bilen suwarylypdyr. Arheologlar gadymy ilatly nokatlaryň gazuw işlerini geçirenlerinde, bu ýeriň özboluşly medeniýetiň merkezi bolandygyna şaýatlyk edýän ybadathananyň üstüni açypdyrlar. Bu bolsa Merwiň Merkezi Aziýadaky medeniýetiň iň irki nokatlarynyň biri bolandygyny görkezýär. Seljuklar döwründe Merw dünýädäki iň uly şäherleriň birine öwrülýär. Baýramaly şäheriniň ýakynynda ýerl

Gadymy Merw we Soltan Sanjar

Merw şäheri Beýik Seljuklylar döwründe söwda merkezi bolup, onda senetçilik we azyk harytlaryny satýan birnäçe bazarlar bolupdyr. Merwli söwdagärler daşary ýurtlarda hem tanalypdyr. Taryhy çeşmeler Merwiň bazarlary barada öwgüli sözleri beýan edipdirler. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Merw — söwdagärleriň we senetkärleriň şäherine öwrülipdir» diýip, X asyryň taryhçysy belleýär» diýip ýazýar. Orta asyr alymy Istahri öz ýazgylarynda Merwiň arassalygy, owadanlygy barada ýazyp, oňa ýokary baha beripdir. 1153-nji ýylda Balh oguzlary gozgalaň turzup, Soltan Sanjary ýesir alypdyrlar. Oguzlar ýesir alnan Soltan Sanjardan Merwi paý ýeri (ykta) hökmünde bermegini talap edipdirler. Şonda Soltan Sanjaryň jogap hökmünde «Merw — paýtagt, ol hiç kimiň paý ýeri bolup bilmez» diýen sözleri taryhyň altyn sahypalaryna girmek bilen, paýtagtyň döwlet üçin ähmiýetini beýan edýän dürdänelerdir.

Deri önümleri

Çarwaçylyk bilen meşgullanyp, ata-babalarymyzdan miras galan gadymy käri ýöredip, bereket tapan pederlerimiz bakýan mallarynyň hiç bir zadyny-da yrýa etmändirleri goýundy, geçileriň, düýeleriň derisinden, ýüňünden dürli egin-eşikleri, gap-gaçlary, hojalyk üçin zerur bolan esbaplary taýýarlap, bu ýeňil bolmadyk hysyrdyly işi sungat derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. Deri önümlerini taýýarlamagyň birnäçe usullary bolup halkymyzda köplenç şeýle usul ulanylypdyr. Mal soýlan dessine deriniň iç ýüzüne birsydyrgyn duz sepip bir hepdä golaý saklapdyrlar. Soňra deriniň duzuny silkip aýryp, kölegede guradypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen, derä dag borjagynyň şiresini çalyp, ýene-de on bäş gün saklapdyrlar. Duza hem-de borjagyň şiresine mazaly eýlenen deri näçe köp dursa, şonça-da berk bolupdyr. Şol günleriň dowamynda onuň ýüzi aýrylypdyr. Ata-babalarymyz meşik ediljek derini nar gabygyna eýläpdirler. Içine ýel berlen deri ak öýüň merkezindäki ojagyň ýokarsynda, tüýnükden asylyp, reňki garalýança saklanypdyr. Tüssä tutulan derä gara meşik diýlipdir.

Türkmenistanyň gadymy suw desgalary

Hormatly Prezidentimiz döwletimizde halkymyzyň gadymy we orta asyrlar döwürleriniň örän baý medeni mirasyny giňişleýin we çuňňur öwrenmegi, gorap saklamagy, dikeltmegi we wagyz etmegi döwlet derejesindäki möhüm we wajyp wezipeleriň biri edip goýdy. Bina galdyrmak medeniýeti, ýaşaýyş üçin amatly emeli giňişlikleri döredip bilmek, şäher gurluşygy bilen bagly bolan meseleleri oňaýly çözmegi başarmak jemgyýetiň taryhy ösüşiniň derejesini kesgitleýän iň bir anyk görkezijileriň biridir. Dünýäniň köp künjeklerinde gurluşyk sungaty müňýyllyklaryň dowamynda ýerli gurluşyk serişdeleriniň esasynda kämilleşipdir.

Ak­ja­ga­la ker­wen­sa­ra­ýy

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my ta­ry­hy­ny, mad­dy we ru­hy me­de­ni­ýe­ti­ni gi­ňiş­le­ýin öw­ren­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Türk­men mil­le­ti öz çyl­şy­rym­ly we tä­sin ta­ry­hy, ar­heo­lo­gi­ýa ýa­dy­gär­lik­le­ri, baý me­de­ni mi­ra­sy, mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len beý­le­ki halk­lar­dan düýp­li ta­pa­wut­lan­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men top­ra­gy ga­dy­my­ýet­den göz­baş alyp gaýd­ýan şä­her me­de­ni­ýe­ti­niň gül­läp ösen ül­ke­si­dir. Ha­ly­çy­lyk, ma­ta do­ka­mak, kü­lal­çy­lyk, zer­gär­çi­lik, de­mir iş­le­mek, aý­na ýa­sa­mak ýa­ly se­net­çi­li­giň dür­li gör­nüş­le­ri­niň, ylym­la­ryň we bi­lim­le­riň, me­de­ni­ýet­le­ri­ň we sun­gat­la­ryň ös­me­gi, ýurdumyzyň Gün­do­ga­ryň we Gün­ba­ta­ryň köp ýurt­la­ry­na we ül­ke­le­ri­ne, dün­ýä ba­zar­la­ry­na ta­rap uza­ýan amat­ly söw­da ker­wen ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­me­gi or­ta asyr­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de şä­her me­de­ni­ýe­ti­niň dö­re­me­gi­ne mö­hüm iter­gi be­rip­dir. Bi­na gal­dyr­mak me­de­ni­ýe­ti, ýa­şa­ýyş üçin amat­ly eme­li gi­ňiş­lik­le­ri dö­re­dip bil­mek, şä­her gur­lu­şy­gy bi­len bag­ly bo­lan me­se­le­le­ri oňaý­ly çöz­me­gi ba­şar­mak jem­gy­ýe­tiň ta­ry­hy ösü­şi­niň de­re­je­si­ni kes­git­le­ýän iň bir anyk gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri­dir. Dün­ýä­niň köp kün

Syr­ly geç­mişden söz açyp..

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Geljekde dünýäniň abraýly ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň gazuw-agtaryş ýadygärliklerini gorap saklamak we ylmy esasda düýpli öwrenmek, türkmen halkynyň gadymy, orta asyrlara, täze we häzirki döwre degişli taryhyny, medeniýetini öwrenmek babatda düýpli ylmy açyşlaryň ediljekdigine ynanýaryn. Her bir halkyň özüne mahsus milli medeniýeti, däp-dessury bolýar. Geçmişde ata-babalarymyz beýik döwletleri döredipdirler. Şonuň üçin türkmen topragy dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan gadymy ýurtdyr. Dag ýerinde dagy, çöl ýerinde çöli, deňiz ýerinde deňzi, sährasy, derýa, köli, geň-enaýy jeňňellidir tokaýly gözel künjekli ýurdumyz bardyr biziň iliň. Güneşli Diýarymyzda türkmen halkynyň gadymy döwürlerine degişli taryhy ýadygärlikleri-de diýseň täsirli bolup, her bir ynsany özüne bendi edýär. Halkynyň taryhyna, medeniýetine, sungatyna sarpa goýýan we oňa düşünýän adamyň Watanyna, ulus-iline söýgüsi belentdir, juda aňyrdandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmeniň taryhy ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ülňülerine laýyk rejelemek, aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Türkmenistan BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen 1993-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Hyz

Dün­ýä do­lan owaz­lar

Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, kom­po­zi­tor Ça­ry Nu­ry­mo­wyň saz ese­ri tä­ze­çil­li­gi taý­dan kö­pö­wüş­gin­li­dir. Şeý­le bo­lan­soň, us­sadyň dö­re­di­ji­li­gi mil­li kom­po­zi­tor­çy­lyk mek­de­bi­niň bir şa­ha­sy bo­lup dur­ýar. Çary Nurymow 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häzirki Bagt geňeşliginiň Täze güýç obasynda dünýä inýär. Çagalygynyň hupbatly ýyllara gabat gelendigine garamazdan, ol sungata ýykgyn edip başlaýar. Özüniň erjelligi, zähmetsöýerligi bilen degişli saz sapaklaryny ykjam öwrenensoň, ol Aşgabat şäherindäki döwlet sazçylyk uçilişesinde (häzirki Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi) bilim alýar. Bu ýerde orkestr saz guraly goboý we sazyň nazaryýeti ugrundan okaýar. Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Kulyýewden saz döretmek boýunça tälim alýar. Bu ýol ony mukamlar älemine tarap alyp gidýär.

Gadymy Merw we Soltan Sanjar

XI — XII asyrlar Seljukly türkmenleriniň zamanasy bolup, dünýä taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylandyr. Seljukly türkmenleriniň guran bu beýik döwleti özüniň höküm süren döwründe dünýäniň köp bölegine eýelik edip, dünýä mirasyna, onuň genji-hazynasyna uly goşant goşup, taryha «Beýik Seljukly türkmen döwleti» diýen at bilen girdi. Beýik Seljukly döwletiniň dürli döwürlerde dört sany paýtagty bolupdyr. Bu paýtagtlar Nişapur, Reý, Yspyhan we Merw bolupdyr. Bu şäherlerden Merwiň Diýarymyzda ýerleşmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Maru-Şahu-Jahan adyna eýe bolan Merw Soltangalanyň çäginde ýerleşip, ol Orta asyryň iň uly megapolis şäheri hökmünde ykrar edilipdir. Dünýäniň ähli künjeginden Merwe gelen ýollar şäheriň dört künjüne ýaýrapdyr» diýip ýazýar. Taryhyň dürli döwürlerinde ähmiýetini saklamagy başaran Merwiň iň pajarlap ösen döwürleriniň biri Beýik Seljuklylaryň döwründe bolupdyr. Seljuklylar 1038-nji ýylda Merwi gaznalylaryň elinden alyp, öz häkimiýetlerine birikdirmegi başarypdyrlar. 1040-njy ýyldaky meşhur Daňdanakan söweşinden soňra geçirilen geňeşde Horasanyň häkimiýetini alan Çagry beg Merwi dolandyryş merkezine öwrüpdir. Çagry begden soňra ogly Alp Arslan Horasanyň häkimi bolup, kakasynyň işlerini Merwde dowam etdiripdir.

Türk­men ala­baýy ta­ry­hy çeş­me­ler­de

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li mi­ra­sy­my­zy çuň­ňur öw­ren­mek­de, dün­ýä ýaý­mak­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­men hal­ky asyr­la­ryň do­wa­myn­da umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň gen­ji-ha­zy­na­sy­na gaý­ta­lan­ma­jak gym­mat­lyk­la­ry go­şup, onuň has-da baý­laş­ma­gy­na düýp­li iter­gi ber­di. Mil­le­ti­mi­ziň şeý­le go­şant­la­ry­nyň bi­ri hem türk­men ala­ba­ýy­dyr. Türk­men ala­baý­la­ry­nyň ta­ry­hyň ir­ki dö­wür­le­rin­den bä­ri yn­sa­nyň ýa­kyn dos­ty, aý­ryl­maz hem­ra­sy bo­lup gel­ýän­di­gi­ni ýur­du­my­zyň çä­gin­dä­ki ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­ri­miz­de ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­ka­ry­lan ta­pyn­dy­lar hem aý­dyň su­but ed­ýär. Al­tyn­de­pe­de (b.e.öň II müň­ýyl­lyk) itiň heý­kel­ji­gi­niň ga­bat gel­me­gi, De­his­tan­da (XII-XIII a.a.) ta­py­lan ka­şin ke­ra­mi­ka­syn­da ta­zy­nyň şe­ki­li­niň bol­ma­gy türk­men it­le­ri­niň ta­ry­hy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şi­ne alyp gid­ýär.

Gadymy Wasyň galalary

Gadymy döwrüň alymlary Wasyň töwereklerini «müňläp şäheriň ýurdy» diýip ykrar edipdirler. Bu baradaky gadymy ýazgylar pompeý, troýa, hytaý çeşmelerinde saklanyp galypdyr. Elbetde, dünýä ýaň salan gadymy Köneürgenjiň taryhy hem Was giňişliklerinde ýaşan halkyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Alymlaryň pikirine görä, «Was» sözi Amyderýanyň köne akymy bilen baglanyşykly bolupdyr. Derýalyk we Döwdan akymyndan Sarygamyş kölüne çenli aralygy tutýan giň, tekiz düzlük ýerlere gadymy Was diýlipdir. Şu aralykdaky şäherleri bolsa Was şäherleri diýip atlandyrypdyrlar.

IDRIS BABA «Akyldaryň gadamy düşen mukaddes ýerler» atly makalalar toplumyndan

Idris baba medresesi beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň okap bilim alan ojagydyr. Ol Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Magtymguly obasynyň çäginde, gojaman Jeýhunyň kenarynda ýerleşýär. Idris baba öz döwrüniň ylymly-bilimli adamy bolupdyr we birnäçe şägirtleri ösdürip ýetişdiripdir. Nyýazguly halypa, Magtymguly atamyz Idris babanyň şägirtleridir.

Seýrek golýazmalaryň lukmanlary

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty halkymyzyň milli gazananlaryny we asyrlaryň dowamynda kemala gelen däp-dessurlaryny ýaýratmak we wagyz etmekde diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem, halkara möçberinde hem uly abraýa eýe boldy. Häzirki wagtda institutyň düzüminde 8 sany bölüm işleýär. Men rejeleýiş we abat saklaýyş bölüminiň işi barada durup geçmek isleýärin. Gadymy golýazmalary rejelemek we konserwirlemek işleri golýazmalar gaznasy döredilen pursadyndan bäri alnyp barylýar. Institutymyzyň ýazuw ýadygärlikleri iň bir isleg bildirilýän ilkinji çeşmeler bolup durýarlar we olardan mydama peýdalanylýar. Şeýle şertlerde olaryň abat saklanmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Seýrek duş gelýän we döwrüň aýap goýmadyk ýazuw golýazmalaryny rejelemek we konserwirlemek iň möhüm ugurdyr.

Muny bilmek gyzykly

Adam atlary (onomastika) taryh ylmynyň täsin ugurlarynyň biri bolup, gyzykly we şol bir wagtda hem çylşyrymly we halklaryň durmuş-ykdysady ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr. Türkmen gyz-gelinleriniň atlary mazmun taýdan birnäçe ugurlara, mysal üçin, asman jisimleri, ýer-ýurt, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen bagly ugurlara degişlidir. Ol däp-dessurlara görä, gözden-dilden, bela-beterlerden goramak maksady bilen hem dakylypdyr. Olaryň arasynda Şemşat ady giňden ýaýrandyr. Şemşat arap sözi bolup, tirkeş sözden emele gelýär, ýagny «şems» — Gün, şöhle, «şat» — dereje manylaryny aňladýar. Bu at tatarlarda «Şamşad», gazaklarda «Kamşat» görnüşlerde giňden ornaşypdyr. Türkolog alym Soltanşa Atanyýazowyň adam atlarynyň sözlüginde Şemşat gyz ady diýlip, onuň düşündirişinde «görmegeý we jany berk gyz» diýilýär.

Saýawanyň döreýşi

Biz saýawany ýyllaryň dowamynda peýdalanyp gelýäris, şonuň üçinem bize onuň nähili maksat bilen, haýsy şertlere laýyklykda ýüze çykandygyny, kämilleşendigini bilmek gyzykly bolsa gerek. Saýawana köpsanly halklaryň dilinde «zont» diýilýär. Bu söz bolsa niderlandlaryň «zonnedoek», «zondek» diýen sözlerinden gelip çykyp, asylky manysynda «Günden goranmak» diýmegi aňladýar. Şol sebäpden hem taryhy maglumatlara görä, ilkinji saýawanlar ýagyşdan däl-de, Günden goranmak üçin ýörite döredilipdir. Soňlugy bilen bolsa saýawanlar kelläniň üstünde saklamak üçin niýetlenen hasa oturdylan demir simlerden ýasalan çarçuwanyň üstünde ýazylýan sintetik, suw geçirmeýän materialdan (neýlon, poliamid) ybarat bolupdyr. Aslynda, saýawan biziň eýýamymyzdan öňki XI asyrda hem bar eken. Şol wagtky saýawanlaryň beýikligi 1,5 metr bolup, agramy 2 kilogram töweregi bolupdyr. Biraz soňraky döwürde saýawan Hindistanda baýlygyň we güýç-kuwwatlylygyň nyşany hasaplanypdyr.

Taryhyň gözbaşynda

Taryhda ilkinji elipbiý (biziň eýýamymyzdan öňki 1500-nji ýylda) Siriýada ýaşap geçen ugaritler tarapyndan ulanylypdyr. 1929-njy ýylda Siriýanyň Ras Şamra diýen ýerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan ýazgylaryň alymlar tarapyndan ugarit elipbiýidigi anyklanypdyr. * * *

Kwintilian formulasy ýa-da habary emele getirýän sowallar hakynda söhbet

Rimde ýaşap geçen ylym eýesi Kwintilian ritorika bilen meşgullansa-da, žurnalistikanyň teoriýasyna mynasyp goşandyny goşupdyr. Ol islendik wakanyň bolup geçmegine sebäp bolýan ýagdaýlardan söhbet açyp, onuň birnäçe sowala jogap bolmalydygyny aýdýar. Şol sowallar aşakdakylardan ybarat: – Kim etdi?

Gadymy medeniýetiň ojagy

Ata Watanymyz taryhyň ähli döwürlerinde hem özüniň şan-şöhraty bilen dünýäniň üns merkezinde bolan ýurtdur. Ýurdumyzyň günorta künjegi bolan Mary welaýaty gadymy medeniýetleriň, taryhy ýadygärlikleriň mekany hasaplanylýar.