Aşgabatda halkara hokkeý ýaryşy
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine uly ähmiýet berlip, halkara derejesindäki ýaryşlar geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçirilýän halkara sport çäreleri, ýaryşlar ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belent derejelere eýe edýär. Elbetde, sport diňe bir sagdynlyk däl-de, eýsem, halklaryň arasyndaky dost-doganlykdyr. Şonuň üçin hem geçirilýän halkara sport ýaryşlary dost-doganlygy has-da berkidip, ynsan kalbynda ýakymly täsirleri galdyrýar. Ynha, Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu ýaryş gyzykly we çekeleşikli duşuşyklara, oýunlara örän baý bolar. Çünki Aşgabatdaky hokkeý baýramçylygyna 10 ýurtdan 10 topar gatnaşýar. Öň metbugatda habar berlişi ýaly, halkara ýaryşda «Galkan», «Feniks», «Oman Khan jars», «Bahreýn» we «Ice Box» toparlary «A» toparçany, «Akmola», «Gümüş Patenler», «Dordoý», «OrhisKazan» we «Wolat» toparlary bolsa «B» toparçany emele getirer. Bu toparlaryň her biri üstünlikli çykyş etmek we ýokary netijeleri gazanmak üçin gyzykly oýunlary görkezerler, janköýerlere, sport muşdaklaryna ajaýyp pursatlary bagyş ederler.