"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Sport

Ýaryş ýeňijini saýlady Ýakynda Mary şäheriniň 4-nji sport mekdebinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça mekdebiň açyk birinjiligi geçirildi. Oňa dürli etraplardan türgenler gatnaşdylar. Ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryş, diýseň, çekeleşikli hem gyzykly boldy. Oglanlar ýaryşyň dowamynda öz ussatlyklaryny aýan edip, garşydaşyndan üstün çykmak üçin yhlasyny gaýgyrmadylar.

Sport

Türgenleriň gazanan üstünligi Golaýda sportuň woleýbol görnüşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň açyk çempionatyna 2006-njy ýyllarda doglan we ondan kiçi ýaşly oglan-gyzlar gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryş 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 17 — 22-si aralygynda Aşgabat şäherinde geçirildi.

Sport ýaryşlary geçirildi

Dänew etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly şygar astynda sport ýaryşlaryny guradyk. Etrabyň ýaş türgenleriniň gatnaşmaklarynda sportuň küşt, şaşka, woleýbol, dzýudo görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlara ildeşlerimiz uly ruhubelentlik we ýokary işjeňlik bilen gatnaşdylar. Munuň özi ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmekde, sagdyn bedende sagdyn ruhy kemala getirmekde geçirilýän işleriň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedigini görkezdi. Çekeleşikli geçen ýaryşlarda 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Halmuradowa küşt, Nargiza Sahypjanowa dzýudo, «Galkynyş» toparynyň türgenleri woleýbol boýunça geçirilen ýaryşlarda iň ýokary netijä eýe boldular. Ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlere etrap komitetimiz tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Galkan» galkynan topar

Paýtagtymyzda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşyň 4-nji güni — 18-nji aprelde «A» toparçadaky «Galkan» bilen «Feniks» hokkeý toparlary duşuşdylar. Duşuşykda «Galkan» toparçadaky esasy bäsdeşini 9:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Oýunda bäş şaýba geçiren Perhat Atekaýew şu ýaryşda iň köp tapawutlanan hokkeýçileriň sanawynda birinji orna geçdi. Bu ýeňiş netijesinde «Galkan» hokkeý topary adyny finala ýazdyrmagy başaran ilkinji topar boldy. Şol günüň ikinji ýarymynda «A» toparçadan Eýran Yslam Respublikasynyň «Ice Box Iran Mall» hokkeý topary bilen Oman Patyşalygynyň «Oman Nationals» hokkeý topary duşuşdylar. Duşuşykda «Ice Box Iran Mall» hokkeý topary 6:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Söz — hokkeýçilerden

Perhat ATEKAÝEW,«Galkan» hokkeý toparynyň oýunçysy, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady: — «Galkan» hokkeý toparynda 2019-njy ýyldan bäri çykyş edýärin. Şu ýaryşyň çäginde Özbegistan Respublikasynyň «Feniks» hokkeý topary bilen geçirilen duşuşykda bäş gezek tapawutlandym we netijeli oýunçylaryň hataryndan ýer aldym. Umumylykda bolsa, halkara ýaryşda 9 şaýbany öz adyma ýazdyrmagy başardym.

Üstünlikli geçen sport ýaryşy

Merjen paýtagtymyz hemişe dünýäniň nazarynda. Geçen hepde ak şäherimiz sport jemgyýetçiliginiň ünsüni has-da özüne çekdi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda iri sport baýramçylyklarynyň merkezine öwrülýän ajaýyp Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirildi. Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara federasiýalardyr assosiasiýalaryň türkmen paýtagtyna ünsüni gönükdirmeginiň esasy sebäpleri Aşgabadyň ajaýyp sport industriýasy we ýaryşlary ýokary derejede geçirip bilijilik aýratynlygydyr. Soňky 15  ýylyň içinde paýtagtymyzda geçirilen halkara ýaryşlaryň sany 20-den hem geçýär. Olaryň arasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika, Kuraş boýunça dünýä çempionatlary we beýleki has iri ýaryşlar hem bar. Geçen hepdede geçirilen Hokkeý boýunça halkara ýaryş bolsa bu iri sport baýramçylyklarynyň mynasyp dowamyna öwrüldi.

Ussadyň kämillik mekdebi

Danalar aýtmyşlaýyn: «Durmuş ynsana niýetine görä nesibe, düşünjesine görä netije we yhlasyna görä ykbal bagyş edýärmiş». Çärjew etrabynyň Jendi geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Batyrjan Hojakulyýew hem şu babatda bagty çüwenleriň biri. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bedenterbiýe fakultetinde ýokary bilim alan Batyrjan Hojakulyýew indi 30 ýyla golaý wagtdan bäri sambo, söweş sambosy we dzýudo boýunça ýaşlara halypalyk edýär. Türkmen sportunyň şanyny dünýäde şöhratlandyran pälwanlarymyz Gülnara Haýytbaýewa, Nasibjan Izbasarow, Kambar Omarow, Wepa Awlýakulyýew, Zyba Orunowa, Gülfiýa Jumaýewa, Begenç Baltaýew, Gaýrat Zaripow, Marat Orazow, Döwlet Hemrakulyýew dagy hem onuň mekdebini geçen ussatlardyr. Olaryň yzyny basyp gelýän ýaş zehinler hem barmak büküp sanardan kän.

Paýtagtymyzda hokkeý baýramçylygy

Halkara derejeli iri sport ýaryşlarynyň merkezine öwrülýän merjen paýtagtymyzda geçen hepdede ýene bir baýramçylyk — hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirildi. Güneşli Türkmenistandaky hokkeý baýramçylygy ýurdumyzda sport giňişliginiň has uzaýandygyna ýene bir ýola şaýatlyk etdi. Bir hepdeläp milli teleýaýlymlarymyzyň ikisi boýunça göni ýaýlymda alnyp görkezilen, dünýäniň 40-dan hem gowrak döwletine wekilçilik edýän metbugat sahypalarynda şöhlelendirilen halkara ýaryşa on döwletden on topar gatnaşdy. Şol sanda ýaryşa ýurdumyzdan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary wekilçilik etdi.

Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän toplumlaýyn işleri netijesinde, türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Bilşimiz ýaly, 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş hem türkmen sportunyň dünýä derejesine çykarylmagy, türgenlerimiziň ýokary netijeleri gazanmagy, Türkmenistanyň iri sport döwleti hökmünde ykrar edilmegi üçin yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen geçirilen bu ýaryş halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde möhüm itergi boldy. Ýaryşyň netijesi boýunça üstünlik gazanan “Galkan” toparynyň şu gezekki ýeňşi bolsa, Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine berilýän ägirt uly ünsüň aýdyň netijesini görkezdi.

Serhetçi türgeniň ýeňşi

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň ýokary ligasynda erkekleriň arasynda küşt boýunça ýurdumyzyň birinjiligini almak ugrunda bäsleşik geçirildi. Oňa küşt sungatyna ykbalyny baglan ezber küştçüler işjeň gatnaşyp, özara güýç synanyşdylar. Ýaryşyň netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, esger Allaýar Şirliýew 1-nji orna mynasyp bolup, ýurdumyzyň ýygyndy toparyna kabul edildi. Ýeri gelende bellesek, ýaş türgen sportuň küşt görnüşi bilen çagalykdan bäri meşgullanyp, ilkinji gezek 2015-nji ýylda 12 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolýar. Ýaş zehin 2016-njy ýylda Hindistanda, 2017-nji ýylda Çehiýada geçirilen çempionatlarda hem birinjiligi elden bermeýär. Ol 2018-nji ýylda hem ýene-de Hindistanda we Hazarýaka döwletleriniň ýaş küştçüleriniň arasynda geçirilen çempionatlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Geljekde hem ýeňişleri bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy begendirmegi maksat edinýän türgenimize biz hem myratlarynyň hasyl bolup, Watanymyzyň şanyna şan goşmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Sport — zamanamyzyň zynaty

Sport halklaryň arasynda dost-doganlyga esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sporty ösdürmekde we köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmakda möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň sport ulgamynda Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi ýaly iri sport guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk etmegi we 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy ýurdumyzda sporta ýokary derejede üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Birinji aýlaw tamamlandy

Futbol Milli çempionatymyzyň 8-nji tapgyrynda «Nebitçi» Balkanabatda Aşgabadyň «Köpetdag» topary bilen duşuşdy. Bu oýnuň 22-nji minutynda Myratdurdy Baýramowyň geçiren goly balkanabatlylaryň çempionatda üçünji ýeňişlerini gazanmaklary üçin ýeterlik boldy.

Sport syýasatynyň gadamlary

Ruhubelentligiň gözbaşy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň gadamlary batlanýar. Türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan ýeňişleri soňky ýatlanymyza doly şaýatlyk edýär. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryndaky şowly çykyşlary Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýynyň täze belentliklerine çykmagyna bähbitli täsirini ýetirýär.

Ýaş pälwanlarymyzyň üstünligi

Paýtagtymyzda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda milli göreş boýunça ýaryşyň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry geçirilip, onda welaýatymyzyň ýaş pälwanlary toparlaýyn birinji orny eýelediler. Bu ýaryşda aýry-aýry türgenlerimiz has ýokary netije görkezdiler. Ýaryşda Babadaýhan etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Pena Gidimow 40 kilogram agramda, Gökdepe etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Bäşimmuhammet Hydyrmuhammedow 45 kilogram agramda, Gökdepe etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Orazmämmet Mammowow 48 kilogram agramda, Babadaýhan etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň okuwçysy Süleýman Baýmyradow 62 kilogram agramda, Gökdepe etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Selim Sähedow 74 kilogram agram derejesinde birinji orna mynasyp boldular. Ýaş pälwanlarymyzy bu ýaryşa tälimçi mugallym Nurmuhammet Orazmuhammedow taýýarlady. Ýeri gelende, ýaş türgenlerimizi ýaryşa taýýarlamakda «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan hem uly tagallalaryň edilendigini bellemelidiris.

Hokkeý kalplary joşdurdy

Aprel. Aşgabat. Buzly meýdança. Paýtagtymyzda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda güýç synanyşmak üçin yklymyň çar ýanyndan gelen gyşky oýnuň ussatlary diňe güneşli ülkämiziň ýaz paslynyň ajaýyplygyny däl, eýsem, türkmen kalbynyň ýylysyny hem ýakyndan duýdular. Munuň şeýledigine türgenlerdir tälimçiler bilen eden söhbetlerimizde-de, sportuň we dost-doganlygyň baýramçylygynyň ýapylyş dabarasynda edilen çykyşlarda-da göz ýetirdik. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň ýeňiş gazanmagy bolsa şatlygymyzy goşalandyrdy. 15 — 20-nji aprel aralygynda dowam eden halkara ýaryş diňe bir hokkeý janköýerlerinde däl, eýsem, sport bilen gyzyklanýan ildeşlerimiziň ählisinde ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlary yzygiderli geçirmek, milli ýygyndy toparlarymyzyň türgenleriniň dünýäniň dürli ýurtlarynda gazanýan üstünliklerine guwanmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň asylly däbine öwrüldi.

Hokkeý boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy

20-nji aprelde paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Alty günüň dowamynda Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, şol toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orunlary eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler. Ilki buzly meýdançada üçünji orun ugrunda Özbegistanyň «Feniks» we Belarusuň «Wolat» toparlary güýç synanyşdylar. Duşuşyk belarusly hokkeýçileriň artykmaçlygynda geçdi. Olar 12:4 (3:1, 6:1, 3:2) hasaby bilen ýeňiş gazanyp, bürünç medala mynasyp boldular.

Atly ýöriş bäsleşigi

Düýn Ak bugdaý etrabynyň çäginde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. Ony «Türkmen atlary» döwlet birleşigi hem-de Ahal welaýat häkimligi bilelikde gurady. Iki tapgyrdan ybarat bolan atly ýöriş bäsleşigi toý ruhuna eýe boldy. Oňa saýlama bedewleriň 20-si goşulyp, 60 kilometrlik menzili geçdiler. Bu bäsleşik ahalteke bedewleriniň çydamlylygyny, ýyndamlygyny kesgitlemekde örän ähmiýetli boldy.

Şaşka ýaryşy

Kaka etrabyndaky 21-nji orta mekdepde umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. Ony Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilelikde gurady. Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmak, şaşka boýunça ussatlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryş gyzykly duşuşyklara baý boldy. Ýaryşyň netijesi boýunça etrapdaky 21-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy H.Orazowa birinji, 14-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy O.Rahadowa ikinji, 15-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Y.Öwezow üçünji orna mynasyp boldy.

Türkmen sportunyň «Galkany»

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň 15 — 20-nji apreli aralygynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Onda Türkmenistanyň «Galkan» topary birinji orna mynasyp boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ajaýyp miwesidir. Galyberse-de, bu ýeňiş döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Harby we hukuk goraýjy edaralaryň futbol, hokkeý toparlarynyň gazanýan ýeňişleri olary täze üstünliklere ruhlandyrýar» diýen sözleriniň galkyndyryjy güýjüni görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen soňky ýyllarda Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleriniň biri bolan hokkeýe hem uly üns berilýär. Hokkeý boýunça dürli ýaryşlar, şol sanda milli çempionatlar yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy hereket edýär.

Sport

Gyzykly geçen ýaryş Türkmenistanyň Kerler we körler jemgyýetiniň Daşoguz şäherindäki okuw-önümçilik kärhanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň guramagynda, düzzüm, şaşka we küşt boýunça ýaryş geçirildi. Oňa okuw-önümçilik kärhanasynyň işgärleri we agzalary işjeň gatnaşdylar. Ýaryşyň netijesine görä, düzzüm boýunça zenanlaryň arasynda Gültäç Bäşimowa birinji, Rahataý Hojanowa ikinji, Kümüş Täçmyradowa üçünji, erkekleriň arasynda Muhammet Sapargeldiýew birinji, Meretdurdy Nazjanow ikinji, Allanazar Şiriýew üçünji orunlary eýelediler.