«Arkadag» toparynyň bäsdeşleri belli boldy
Aziýa Futbol Konfederasiýasy tarapyndan ady üýtgedilip täzeden dikeldilen ozalky AFK-nyň Prezidentiniň Kubogy, häzirki AFK Çagyryş Kubogy ýaryşyna wekilçilik edýän ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» toparynyň bäsdeşleri belli boldy. «Arkadag» topary Günbatar sebitinde «B» toparçada çykyş eder. Ildeşlerimiz «B» toparçada Kuweýtiň «Al-Arabi», Maldiw adalarynyň «Maziýa» hem-de Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata Kant» toparlary bilen duşuşar. Umumylykda ýaryşyň toparçalaýyn tapgyry merkezleşdirilen görnüşde, ýagny her toparçanyň duşuşyklary 1 ýurtda geçiriler. «B» toparçanyň duşuşyklary-da Kuweýtiň paýtagty Kuweýt Sitidäki «Al Kuwait Sports Club» stadionynda oýnalar. «Arkadag» topary 1-nji duşuşygyny 26-njy oktýabrda Maldiwleriň «Maziýa» topary bilen geçirse, 29-njy oktýabrda 2-nji duşuşygynda «Abdyş-Ata» topary bilen güýç synanyşar. Ýurdumyzyň wekiliniň 3-nji duşuşygy 1-nji noýabrda ýer eýeleri «Al-Arabi» topary bilen bolar. Ýaryşa jemi 18 klub gatnaşýar. Klublar Günbatar sebitinde 4 toparly 3 toparça, Gündogar sebitinde-de 3 toparly 2 toparça paýlandy. Günbatar sebitindäki toparçalarda 1-nji orny eýelänler (3 klub), Gündogar sebitinden bolsa her toparça