"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

«TURAN-TOWUZ» DÜNÝÄ REÝTINGINIŇ 500-LIGINE GIRDI

Türkmen tälimçisi azerbaýjan toparyny dünýäniň iň güýçli klublarynyň 500-ligine girizdi. Has takygy, Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan noýabr aýynyň jemleri boýunça yglan edilen klublaryň arasyndaky dünýä reýtinginde Gurban Berdiýewden tälim alýan Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» topary 53,75 utuk bilen 496-njy basgançakdan ýer aldy. Ýeri gelende bellesek, «Turan-Towuz» häzirki wagtda Azerbaýjanyň çempionatynda 3-nji ýerde barýar. Maglumat üçin, klublaryň arasyndaky täzelenen dünýä reýtinginde «Real» 388 utuk bilen liderlik edýär. Şeýle-de ilkinji üçlükde «Atalantanyň» (377 utuk) hem-de «Baýeriň» (370 utuk) ady bar.

«MANÇESTER SITI» REKORD MUKDARDA GIRDEJI GAZANDY

«Mançester Siti» Angliýanyň premýer-ligasynyň 2023/24-nji ýylky möwsüminde 715 million ýewro girdeji gazanandygyny mälim etdi. Bu rekord görkezijidir. «BBC» neşiriniň ýazmagyna görä, klubuň girdejisi geçen möwsüm bilen deňeşdirilende, 2,2 million ýewro ýokarlanypdyr.

18 ÝAŞYNDA DÜNÝÄ ÇEMPIONY BOLDY

Hindistanly Gukeş Dommaraju küşt boýunça taryhda iň ýaş dünýä çempiony hökmünde rekord goýdy. Ol küşt täji üçin Singapurda geçen oýunlarda hytaýly Din Lijeni 7,5-6,5 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Hindistanly ýaş küştçiniň aýgytlaýjy döwdäki ýeňşini gara mallar bilen oýnap gazanandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, Gukeş Dommaraju 18 ýaşynda küşt täjiniň eýesine öwrülip, bu ugurda 1985-nji ýylda 22 ýaşynda küşt boýunça dünýä çempiony bolan Garri Kasparowyň rekordyny täzeledi.

RESMI: FUTBOL BOÝUNÇA 2034-NJI ÝYLKY DÜNÝÄ ÇEMPIONATY ÝENE AZIÝADA GEÇIRILER

11-nji dekabrda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) kongresi geçirildi. Onda 2030-njy we 2034-nji ýyllarda futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň geçiriljek ýurtlary resmi taýdan yglan edildi. Resmi çözgüde laýyklykda, garaşylyşy ýaly 2030-njy ýylda dünýä çempionaty bir wagtyň özünde birnäçe ýurtda – Marokkoda, Portugaliýada we Ispaniýada geçiriler. Şeýle-de ýaryşyň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýene üç oýun Urugwaýda, Paragwaýda we Argentinada oýnalar.

Fi­ji­tal we ki­bers­port gör­nüş­le­ri boýunça ge­çi­ri­len ýa­ryş­la­r

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da spor­tuň in­no­wa­si­on ugur­ly fi­ji­tal we ki­bers­port gör­nüş­le­rin­den ge­çi­ri­len ýa­ryş­la­ryň je­mi jem­le­ni­lip, ýe­ňi­ji­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di.

Sport. Dostluk. Bagtyýarlyk

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Ata Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 29 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li we­la­ýa­ty­my­zyň çä­gin­de aý­dym-saz­ly çä­re­ler, da­ba­ra­ly mas­la­hat­lar­dyr dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri yzygi­der­li ge­çi­rilýär. Şeý­le çä­re­ler Baý­ra­ma­ly şä­he­rin­de hem giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar.

Innowasion sport

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Türk­me­nis­tan­da spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mek we us­sat tür­gen­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­la­mak ba­ra­da beril­ýän tab­şy­ryk­la­r­dan ugur alyp, yur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de spor­tuň in­no­wa­si­on ugur­ly gör­nüş­le­ri he­re­ket ed­ýär. Hä­zir­ki za­man ýaş­la­ry­nyň gy­zyk­lan­ma­la­ry­na do­ly ga­bat gel­ýän şeý­le sport gör­nüş­le­ri sport ul­ga­myn­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we eme­li aňyň ne­ti­je­li ula­ny­ly­şy­ny ýo­la goý­mak­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de sport ul­ga­my­na san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy, tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak iş­le­ri­niň yl­my esas­da al­nyp ba­ryl­ma­gy, tür­gen­le­şik­ler­de mag­lu­mat ul­gam­la­ry­na we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na giň orun be­ril­me­gi, ýaş­la­ryň ara­syn­da spor­tuň in­no­wa­si­on gör­nüş­le­rin­den peý­da­lan­ma­gyň meş­hur­ly­gy­nyň has-da art­ma­gy, spor­tuň san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len bag­ly ugur­la­ry­nyň dün­ýä­de uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ma­gy bi­len hä­zir­ki za­man sport ylym­la­ry ösüş­le­re bes­len­ýär.

Sport täzelikleri

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Iň gowy 25 futbolçy

«Ral­ly-reýd» bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Türk­me­nis­tan­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li de­kab­ryň ba­şyn­da Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň çäk­le­rin­de aw­to­mo­bil spor­tu­nyň «Ral­ly-reýd» gör­nü­şi bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di.

«Ashgabat Open 2024»: ýaş tennisçileriň baýramçylygy

Sportuň iň meşhur görnüşleriniň biri bolan tennis bilen ýurdumyzda dürli ýaşdaky adamlar meşgullanýarlar. Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda-da tennise gyzyklanma örän uludyr. Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda tennis boýunça 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa ýurdumyzdan ýaş türgenleriň 42-siniň gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Beýik Britaniýa, Hindistan, Eýran, Iordaniýa, Gazagystan, Malaýziýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan ýaly ýurtlardan zehinli türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen ýaş tennisçileriň ýaryşy dost-doganlygyň baýramçylygyna öwrüldi. 11-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy. Dabarada ýerine ýetirilen aýdym-sazlar türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary bilen utgaşyp, baýramçylyk ruhuny emele getirdi. Ýaryşa gatnaşýan wekiliýetleriň tanyşdyrylyşy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Açylyş dabarasynyň yzysüre halkara ýaryşyň ilkinji duşuşyklaryna badalga berildi.

Halkara ýaryşlar ussatlary öňe çykarýar

Gadyrly çagalar, hemmämize mälim bolşy ýaly, parahatçylygyň ilçisi bolan sport hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimizde barha pajarlaýar, ösýär, özgerýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesinden ugur alyp, 6 müňden gowrak adam Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşdy. Olar agzybirlikde bu ýörişiň lezzetini alyp, beden we ruhy sazlaşygy emele getirdiler. Bu ýöriş Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly guraldy. Şeýle hem sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bilýäňizmi näme, çagalar, köpçülikleýin ýöriş başlanmazyndan ozal, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryş hem guraldy. Ýaryş köpçülikleýin ýörişiň çäklerinde geçirildi. Soňra Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryşyň ýeňijilerine, ýurdumyzyň halkara ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýelän türgenlerine we olaryň tälimçi

Bedenterbiýe, sport

Sagdynlygyň gözbaşy —Bedenterbiýe, sport.Bagtly ilde sözbaşy —Bedenterbiýe, sport. Ýaşlar erjel ugrunda,Parlar ýaşyl Tugum-da,Beýik döwrüň ruhunda,Bedenterbiýe, sport.

Şa ser­paý­la­ry gow­şu­ryl­dy

Günsaýyn gülleýän Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, bedenterbiýe we sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Pudagyň hünärmenleri döredijilikli zähmet çekip, ýaş nesliň beden hem ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegine, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine mynasyp goşant goşýar. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanandygy üçin hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglanan raýatlarymyzyň hatarynda bedenterbiýe we sport ulgamynyň hünärmenleriniň hem bolmagy diýseň begendirýär. 10-njy dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen dabarada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň başlygy Gurtgeldi Garýagdyýewe, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň başlygy Hydyr Orazmämmedowa, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň kömekçisi Permangeldi Atamyradowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň başa-ba

Aýdyň maksatlaryň binýady

Milli sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny artdyrmak, dürli ýaşdaky raýatlary sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly aýdyň maksatlar bedenterbiýe we sport baradaky döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, beden hem ruhy taýdan ösen nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek maksady bilen, sportuň görnüşleri boýunça sport ätiýaçlygynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlygyna gönükdirilendir. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasynda bedenterbiýe hem-de sport babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri kesgitlenilýär. Degişli ugurdaky döwlet syýasaty Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukuklarynyň kepillikleri hem-de olaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna umumy elýeterlilik, dürli ýaşdaky raýatlar toparynyň beden terbiýesine bolan gatnaşygynyň üznüksizligi we dowamlylygy, ilatyň durmuş goraglylygyna mätäç bolan gatlaklarynyň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň ösüşini goldamagyň ileri tutulmagy, okuw-türgenleşik, bedenterbiý

Dünýä çempionatynyň medallary

2 — 8-nji dekabr aralygynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionaty türkmen ýygyndysynyň agzalary üçin diýseň düşümli boldy. Ildeşlerimiz çempionatyň 7 medalyna eýe boldular. Abraýly ýaryşa dünýäniň 34 döwletinden 140 türgen gatnaşdy. Türkmen ýygyndysyna bolsa 15 türgen wekilçilik etdi. Ýaryşa gatnaşan ýygyndy toparymyza Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Dörtguly Tejenow hem-de Şirin Kubaýewa ýolbaşçylyk etdi. Bu ýerde erkekler ýygyndy toparymyzyň agzalary hem, gyzlar ýygyndymyzyň wekilleri-de ajaýyp netijeleri görkezdiler.

Ruhubelentligiň hem sagdynlygyň baýramy

Asylly däbe eýerilip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda nobatdaky Uniwersiada dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde görkezýän nusgalyk göreldesi ähli ildeşlerimizi, aýratyn-da, ýaş nesli bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilýän ýaryşlarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça güýç synanyşýarlar. Çekeleşikli bäsleşikler türgenleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, olary kämilleşdirmäge we geljekki ýaryşlara taýýarlamaga uly itergi berýär. Woleýbol, küşt, futzal, stol tennisi, suwda ýüzmek, tennis, basketbol, düzzüm ýaly görnüşler boýunça bäsleşikler çekeleşikli häsiýetde geçirilýär. Talyp ýaşlar diňe bir sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşiklerde ukyp-başarnyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, Uniwersiadanyň geçişini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmäge hem işjeň gatnaşýarlar. Bu ugurda žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan ýaşlaryň paýyna jogapkärli wezipe düşýär.

Möhüm maksatnamanyň çäklerinde

Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň ýolunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň bu ugruň eýe bolýan ajaýyp sepgitleriniň gözbaşydygyny bellemek gerek. «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň», şeýle-de ony durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň çäklerindäki sazlaşykly işler ulgamyň okgunly ösüşlerini şertlendirdi. Çünki bu resminamalar ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmegiň esasy ýörelgelerini kesgitledi. Bu maksatnama Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde, daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de bu ugurda sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurdumyzyň sport ulgamyna ornaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitleýän resminama sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmeginde hem möhüm mazmuna eýe bolan çäreleri özünde jemleýär.

Futbol täzelikleri

Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň eda­ra bi­na­syn­da ýur­du­myz­da ýet­gin­jek­ler we ýaş­lar fut­bo­ly­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça mas­la­hat ge­çi­ril­di. Gel­je­gi na­zar­la­ýan mas­la­ha­ta ýur­du­my­zyň Ýo­ka­ry li­ga­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­na ag­za fut­bol mek­dep­le­ri­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň fut­bol mek­dep­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Bedenterbiýe we sport

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji sport mekdebinde woleýbol boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. 2013-2014-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda guralan ýaryşa etrabyň sport mekdeplerinden birnäçe türgenler gatnaşdylar.

Gyzykly bäsleşikler

Golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda ýaýbaňlandyrylan innowasion sport hepdeliginiň çäginde fijital we kibersport görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Şeýlelikde, fijital-futbol boýunça Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň topary 1-nji orny eýeledi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary 2-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Fijital-basketbol we fijital-stol tennisi boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary ýeňiş gazanmagy başardy. Türkmen döwlet maliýe institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň toparlary degişlilikde 2-nji, 3-nji orunlary eýelediler. Ýaryşyň çäginde Türkmenistanda ilkinji gezek fijital-küşt bäsleşikleri geçirildi. Onda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary öňe saýlandy. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary 2-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Kibersport (CS: Global Offensive) boýunça geçirilen ýaryşda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň topary 2-nji, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary 3-nji orunlary eýel