"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Sport birinjiligi geçirildi

Bäherden etrabynyň 350 orunlyk sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Gel, Täze ýyl, şatlyk paýlap ýaşlara!» ady bilen sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Etrapdaky orta mekdepleriň we sport mekdebiň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda geçen ýaryş çekeleşikli we gyzykly duşuşyklara diýseň baý boldy. Täze ýyl baýramçylygyny dabaralandyrmak, ýaşlary köpçülikleýin sporta giňden çekmek maksady bilen guralan ýaryşda etrabyň sport mekdebiniň topary birinji orny, 27-nji orta mekdebiniň okuwçylary ikinji orny, 28-nji orta mekdebiniň topary üçünji orny eýelediler. Ýeňijilere hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Mekdep sport festiwaly

“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň ýyllyk iş meýilnamasynyň çäginde Gökdepe etrabyndaky 14-nji orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň arasynda mekdep sport festiwaly geçirildi. Etrap bilim bölümi bilen bilelikde guralan mekdep sport festiwaly diýseň täsirli geçdi. Okuwçy ýaşlar tanap çekmek, keçe-keçe oýunlary, woleýbol boýunça bäsleşdiler. Turuwbaşdan ruhubelentlik ýagdaýynda geçen ýaryşlar ýaşlaryň ukyp-ussatlyklaryny äşgär etdi. Onda mekdeplerden gelen toparlaryň arasynda ökdeler öňe saýlady. Mekdep sport festiwalynda has şowly çykyş eden toparlar hormat hatlary bilen sylaglandy.

Küştçülerimiz ― milli birinjiligiň ýeňijileri

Welaýatymyzyň küştçüleri 16 ― 22-nji dekabrda geçirilen 7 ― 17 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň milli birinjiliginde toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler. Ýaryş ýaş derejeleriniň altysy boýunça geçirildi. Milli birinjilige lebaply küştçülerden başga-da, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň hem-de ilkinji gezek «Küşt älemi» akademiýasynyň türgenleri gatnaşdylar. Mümkin bolan 108 medal üçin 350-den gowrak küştçi ýaryşdy. Şunda medallaryň agramly bölegine ― 67-sine welaýatymyzyň küştçüleriniň mynasyp bolandygy bellenilmäge mynasypdyr. Şol medallaryň 27-si bolsa altyn medaldyr.

Basketbol barada gyzykly maglumatlar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bas­ket­bol oý­ny 1891-nji ýyl­da oý­la­nyp ta­py­lan spor­tuň bir gör­nü­şi­dir. «Bas­ket­bol» sö­zi iň­lis di­lin­de «bas­ket» — se­bet, «ball» — top diý­me­gi aň­la­dyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu oýun Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da spor­tuň iň meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. 1891-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Mas­sa­çu­sets şta­ty­nyň Spring­fild şä­he­rin­dä­ki tür­gen­le­şik mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my, ka­na­da­ly Jeýms Neýs­mit bas­ket­bol oý­nu­ny oý­lap ta­pyp, ony şeý­le hä­si­ýet­len­dir­ýär: «Bas­ket­bo­ly oý­na­mak aň­sat, ýö­ne oňat oý­na­mak kyn». 1911-nji ýyl­da Spring­fild kol­le­ji Jeýms Neýs­mi­tiň bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin oňa «Be­den­ter­bi­ýä­niň us­sa­dy» di­ýen hor­mat­ly de­re­jä­ni ber­ýär. 1968-nji ýyl­da bol­sa kol­lej­de «Bas­ket­bo­lyň şöh­ra­ty» at­ly Jeýms Neýs­mit mu­ze­ýi açyl­ýar.

Pälwan

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ýur­du­myz­da spor­tuň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Sport­da mil­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan türk­men mil­li gö­re­şi bu gün­ki gün bü­tin dün­ýä ýü­zün­de da­ba­ra­lan­ýar. Türk­men mil­li gö­re­şi­miz ga­dym­dan gel­ýän ata-ba­ba­la­ry­my­zyň zäh­me­tin­den, çuň­ňur ze­hi­nin­den ke­mal ta­pan sport gör­nü­şi­dir. Mil­li gö­re­şi­miz toý-baý­ram­lar­da toý­la­rymy­zyň be­ze­gi ha­sap­lan­ýar. Emma hä­zir­ki wagt­da türk­men mil­li gö­re­şi spor­tuň dün­ýä are­na­syn­da my­na­syp orun eýe­le­ýär. Ola­ra sport­da pä­lwan däl-de tür­gen diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Gö­reş tut­ýan päl­wan­lar do­gum­ly, iri süňk­li, giň döş­li, bi­le­gi güýç­li bol­ýar­lar. Bu­la­ryň şeý­le bol­ma­gy­na sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry päl­wan­la­ry gaý­rat­ly ed­ýär.

Futbol oýnunyň adalgalary

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Maglumata bolan zerurlyk adamynyň sosial ýagdaýyna, ýaşaýyş şertlerine, edýän işine köp derejede bagly bolýar. Zerurlyk esasynda bolsa, habara bolan gyzyklanma döreýär. Adam durmuşdaky ornuny tapmak hem-de anyk meseleleri çözmek üçin nähili maglumatlaryň gerekdigini bilýär hem-de şol maglumatlary almaga çalyşýar. Käwagtlarda bolsa ideýalary, dünýägaraýyşlary, syýasy we ahlak gymmatlyklary auditoriýa metbugat serişdeleri, teleradioýaýlymlary arkaly düşündirmeli bolýar. Dürli görnüşdäki köpçülikleýin teleradio ýaýlymlary özara birleşip bir, umumy wezipäni ýerine ýetirýärler. Bu öz kanunlary we öz gatnaşyklary boýunça ýaşaýar. Dürli görnüşli habar berş serişdelerini bir umumylyga, olaryň ählisini birmeňzeş usullary ulanýandygy birleşdirýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim pudagny ösdürmekde alyp barýan dünýä nusgalyk işleri ýurdumyzda tehnologiýalaryň, şol sanda žurnalistikanyň-da ösmegine, hem-de ondaky ulanylýan adalgalaryň-da köpelmegine getirýär.Ýurdumyzyň sport ulgamynda hem alnyp barylýan döwrebap özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär. Garaşsyz Diýarymyzda geçirilýän dürli derejedäki sport ýaryşlary bolsa bu ugurdan köp sanly sözleriň türkmen diline berk ornaşan, seýrek ulanylýan, şeýle hem entek ornaşyp ýetişmedik käbir adalgalaryň manysyna düşünmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Şu nukdaýnazar

Los-Anjeles 2028

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Los-An­je­les 2028 Olim­pi­ýa Oýun­la­ry, 1932-nji we 1984-nji ýyl­lar­dan soň, şä­he­riň 3-nji ge­zek bu dün­ýä äh­mi­ýet­li sport wa­ka­sy­ny ka­bul et­me­gi­ne se­bäp bol­dy. Bu oýun­lar, hem sport, hem-de jem­gy­ýet üçin mö­hüm tä­ze­lik­le­ri we ösü­şi ge­tir­jek­dir. Los An­je­les 2028 Olim­pia­da­sy, şä­he­riň inf­rast­ruk­tu­ra­sy, sport uky­by we dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­den gel­ýän tür­gen­ler üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler dö­re­der.

Futbolda iň ýakymly ýatlama

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ýa­kyn­da sport te­le­ýaý­lym­la­ry­nyň bi­rin­de bir söh­bet­deş­li­ge ga­bat gel­dim. On­da «Bar­se­lo­na» fut­bol to­pa­ry­nyň öň­ki fut­bol­çy­sy Kris­ti­an Tel­lo sport žur­na­lis­ti­niň so­wal­la­ry­na jo­gap ber­ýär­di.

Sportdaky rekordlar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 200 met­re kebelekläp ýüz­mek­de dün­ýä re­kor­dy­ tä­ze­le­ndi

Fijital sportuň kanunçylyk esaslary

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sport ulgamyny kämilleşdirmek, ylma we innowasiýalara daýanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, sportuň innowasion ugurly görnüşlerinden halkara tejribesini öwrenmek, sportuň täze görnüşlerini ornaşdyrmak barada uly işler amala aşyrylýar.

Türkmeniň kalbynda orun alan milli göreş

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Pälwançylyk, göreş tutmaklyk türkmen halkynyň durmuşynda asyrlarboýy ähmiýetli orny eýeläp, ol sungat derejesine ýetirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sportuň göreş görnüşleriniň, esasan hem, türkmen milli göreşiniň ösmegi, giň gerimde ýaýbaňlanmagy üçin döwletimizde ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgäniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sportuň göreş görnüşleri boýunça dünýä, yklym, sebit derejelerindäki iri ýaryşlary geçirmek hukugyna birnäçe gezek biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mynasyp görülmegi bolsa pederlerimizden dowamat-dowam bolup gelýän türkmen milli pälwançylyk ýolunyň halkara derejede ykrar edilmesidir. Ata-babalarymyz tarapyndan sungat derejesine ýetirilen türkmen göreşi barada toplan aşakdaky maglumatlarymyz hem onuň dünýäde meşhur bolýan häzirki günlerinde sizi biparh goýmaz diýip pikir edýäris.

Gyş pas­lyn­da spor­tuň haý­sy gör­nü­şi sag­ly­ga oňaý­ly tä­sir ed­ýär?

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Gyşda sportuň dürli görnüşleri saglyga we beden saglygyna oňaýly täsir edýär. Gyş möwsüminde sport bilen meşgullanmak, bedeniňi güýçlendirip, immun ulgamyny güýçlendirip we psihologik ýagdaýyňy gowulandyrmak üçin gowy mümkinçilikdir. Ýöne sportuň görnüşleriniň saglyga ýetirýän täsiri dürli-dürli bolýar.

Dünýäden ulurak ýewropadan kiçi

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Islendik ugurdan berilýän uly baýraklara üns berseňiz, diňe bir hünär başarnygy däl, eýsem şol hünär bilen baglylykdaky daş-töwerege edýän täsirine hem üns berilýändir. Bu adam şahsyýetiniň esasy orunda durýanlygyndan gelip çykýan ýagdaý bolsa gerek...

Çagalary haçan sporta ugrukdyrmaly?

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Çagalary 3-4 ýaş aralygynda sporta ugrukdyrmak bolar. Bu ýaşda çagalaryň bedeni we hereketleri sport bilen meşgullanyp başlamaga taýýar bolýar. Şu döwürde olaryň fiziki ösüşini goldamak üçin diňe sportda başlangyç ädimleri ätdirmek gerekdir. Ilki oýunlar, esasanam, milli oýunlar bilen meşgullanan çagalar sportuň görnüşleri boýunça türgenleşiklere tiz girişýärler. Biz muňa öz bakja-bagymyzda terbiýelenýän çagalaryň mysalynda hem göz ýetirýäris.

Sportuň ösüşli menzilleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly türkmen sportunyň şan-şöhratyny arşa göteren wakalara baý boldy. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjegindäki Olimpiýa şäherçesiniň Gyşky oýunlar sport toplumynda Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň, Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi buýsançly wakalar bolup, berkarar Watanymyzyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilýändigini görkezdi. Bu ýaryşlarda ildeşlerimiziň gazanan üstünlikleri her birimizi buýsandyrýar. Şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabat şäherinde ýokary derejede we guramaçylykly geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi, şanly ýylyň 6-njy sentýabrynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu zatlar bolsa dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine saldamly goşant goşýan ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belentdiginiň dabaralanmasydyr.

Akyl-paýhas oýny

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Adam aň-düşünjesiniň, pikirleniş ukybynyň ösmeginde akyl-paýhas oýunlarynyň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle oýunlaryň hatarynda küşt-şaşka bilen birlikde, düzzüm oýnuna hem gyzyklanma barha artýar. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň hatarynda küşt, şaşka we düzzüm boýunça ýaryşlaryň, çempionatlaryň yzygiderli geçirilmegi bu ugurda ökde, ezber oýunçylaryň kemala gelmegine getirýär.

Ýeňiş (Hekaýa)

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Şageldi agalaryň öýleriniň öňündäki ullakan tut agajynyň aşagy hemişekileri ýaly köp adamlydy. Geň galaýmaly ýeri bolsa adam köpem bolsa hiç kimden ses-üýn çykanokdy. Hemmeleriň nazary küşt tagtasynyň başyndaky iki adama we küşt tagtasyndaky atlara dikilipdi. Ähli adamyň ünsüni çekýän zat bolsa küşt oýnunyň düýn başlap, tamamlanman, bu gün hem dowam edýänligidi. Ýene-de bir oýnyň täsin ýeri bolsa oýunçylaryň ýaşydy. Kyrk ýyla golaý daýhan birleşikde baş hasapçy bolup işlän, obada küşt oýnunda hiç kimden utulmadyk Babajan aganyň garşydaşy uniwersitetiň fizika fakultetiniň dördünji ýyl talyby Mergendi. Dogrusyny boýun almaly bolsa-ha Mergeniň küşt boýunça ilkinji halypasy Babajan aganyň özüdi. Ýanaşyk goňşy bolup ýaşansoňlar oglan wagtlary Mergeni ýitirseň Babajan aganyň ýanyndan tapaýmalydy. Babajan aga-da bu zehinlije oglana ýaltanman-ýadaman küşt oýnamagy öwrederdi. Bu gün bolsa halypa-şägirdiň ýolbaşçylygynda şadyr piliň, atyň, ruhdur perziniň gatnaşmagynda küşt tagtasynyň üstünde «söweş» guralýardy. Mergeniň özüne galsa-ha ýaşuly halypasyny hormatlap ýeňlip oturyberjek. Emma şägirdiniň bilgeşleýin ýeňlenini aňaýsa Babajan aganyň gaty görjegi ikuçsyzdy. Oýun dowam edýärdi. Göçüm gezegi Babajan aganyňkydy. Onuň pikire çümeninden peýdalanan Mergeniň hyýaly bir pursatlyk Uniwersitete giräýen döwri bolan ýaryşa tarap uçdy.

Paýhas oýnunyň ussatlary

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Sport oýunlarynyň arasynda taryhyny asyrlardan alyp gaýdýany-da, ynsan aňynyň ösüşi, oýlap tapyşlary esasynda dörän täze görnüşleri-de bar. «Beýniniň grammatikasy» diýlip atlandyrylan küşt oýny akyl-paýhasy bir ugra jemläp oýnalýan sport görnüşleriniň biridir.

«Arkadag» toparynyň nobatdaky üstünligi

«Arkadag» toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar. Arkadag şäheriniň adybir topary ýurdumyzyň Ýokary ligasyndaky çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni ýurdumyzyň Kubogy bilen ýetirdi. Bu topar «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Topara ýeňiş getiren goly oýnuň 45-nji minutynda Begenç Akmämmedow geçirdi. 2023-nji ýylyň başynda döredilen «Arkadag» toparynyň Kubok bäsleşiginde bassyr ikinji ýyl ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek. Geçen möwsüm geçirilen final duşuşygynda bu topar «Ahaly» 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

«Arkadag» topary Türkmenistanyň kubogynyň finalyna çykdy

«Arkadag» futbol topary ýarymfinal duşuşyklarynda Balkanabadyň «Nebitçisinden» üstün çykyp, Türkmenistanyň kubogynyň finalynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Sanlyja günden geçiriljek final duşuşygynda «Arkadag» we «Ahal» toparlary duşuşar. Bu iki topary geçen ýyl hem Kubok ýaryşynyň finalynda biri-birine garşydaş bolupdylar. Finala çenli ýolda «Arkadag» topary çärýek finalda «Şagadamy» iki duşuşykda 3:0 we 3:1 hasaplarynda utup, adyny ýarymfinala ýazdyrdy. Ýarymfinalda bolsa topar iki duşuşykda «Nebitçiniň» derwezesinden iki duşuşykda 12 gol geçirdi.