Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky howa gatnawy gaýtadan ýola goýlar

10 Mart 2023
721

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 28-nji martyndan Aşgabat — Almaty — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlary gaýtadan ýola goýar. Bu ugurdaky petekler awiakompaniýanyň Russiýadaky baş agentliginiň resmi web sahypasynda satuwa çykaryldy.

Mysal üçin, Türkmenistanyň raýatlary mart aýynyň ahyrynda 27 müň 633 rubldan petek alyp, Aşgabatdan Almaty şäherine gidip bilerler. Raýatlar «Mir» töleg ulgamynyň bank kartyny ulanyp, rus walýutasynda töleg edip bilerler.

Beýleki habarlar