Merdana Watançy bolmak — mertebe

4 Maý 2022
1999

Diňe goranyş häsiýetine esaslanýan harby doktrinaly Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ykbalyny halkyň ykbalyna mäkäm baglamaga taýýar ýaş harby gullukçylaryň täze nesli kemala gelýär. Ömrüni Watanyna bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebimizde harby okuwçylar watançylyk ruhunda terbiýelenýärler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» we «Döwlet guşy» romanlaryny okap, Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoluna uly gyzyklanma bildirýärler.

Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew barada täsirli, özüneçekiji gürrüňler, onuň watansöýüjiligi, nusgalyk durmuş we zähmet ýoly baradaky täsirli söhbetler Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda aýratyn orun eýeleýär. «Älem içre at gezer» romanyny okanyňda, bütin ömrüni halkyna, Watanyna bagyş eden ynsanlaryň hiç haçan ölmeýändigine, aramyzda baky ýaşaýandygyna Anna mugallymyň, Berdimuhamet Annaýewiň mysalynda göz ýetirýärsiň. Özüňi Anna mugallymyň, Berdimuhamet Annaýewiň okuwçysy ýaly duýýarsyň, mugallymçylygyň hormatly kärdigine göz ýetirýärsiň. Berdimuhamet Annaýewiň manyly ömri her bir okyjynyň kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar.

Nabat NURGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology, maýor.
Beýleki habarlar