Halkymyzyň şöhratly taryhy

26 Aprel 2022
2113

Bu mukaddes toprak, ondaky binalar türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolup, ol mertligiň, synmaz erkiň, ruhy we medeni taýdan ösüş gazanýan halkymyzyň Watanyna bolan söýgüsiniň we jebisliginiň nyşanydyr. Olar häzirki döwürde umumadamzat taryhynyň bir bölegi hökmünde ähmiýetlidir we gymmatlydyr.

Ýurdumyzyň muzeýlerinde maddy we medeni mirasymyzy toplamak, olary ylmy esasda öwrenmek, milli mirasymyzy halkymyza, şeýle hem dünýä ýüzüne ýaýmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň arasynda saklanyp galan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary ýüze çykarmak, öwrenmek, durkuny saklamak, rejelemek işleri biziň muzeýimizde hem yzygiderli amala aşyrylýar. Halkymyzyň milli mirasyny, medeniýetini, sungatyny öwrenmek we olara degişli maglumatlary we muzeý üçin gerekli bolan gymmatlyklary toplamak maksady bilen, welaýatymyzyň etrapdyr obalaryna guralýan ylmy iş saparlarynyň netijesinde toplanan gymmatlyklary düzgünnama laýyklykda hasaba almak muzeýimizde günübirin alnyp barylýar. Muzeý hünärmenleri tarapyndan milli gymmatlyklarymyzy halkymyza, dünýä halklaryna ýetirmekde, bu ýere gelýänleriň sanynyň köpelmegi we halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna söýgi-sarpa oýarmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Laçyn NURMEDOWA,
Daşoguz welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar