Taryhy gymmatlyklara sarpa

19 Aprel 2022
2125

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda müňýyllyklary aşyp gelýän taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly ylmy duşuşyk geçirildi. Bu çäräniň çäklerinde arheologik tapyndylaryň sergisi guraldy hem-de «Türkmenistanyň gadymyýeti: ylmy-barlaglar we ýadygärlikleriň rejelenişi» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy daşary ýurtlaryň wekilleriniň, alymlarynyň, arheologlaryň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda geçirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda taryhy- medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, olary rejelemek, geljekki nesillere ýetirmek bilen bagly giň gerimli işleriň üstünde durup geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalary bilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi mynasybetli duşuşyga gatnaşanlar öz hoşallyklaryny beýan etdiler. 

«Zenan kalby».
Beýleki habarlar