Bagtyýar durmuşymyzyň höziri

12 Ýanwar 2022
1676

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge esasynda «Öňe, öňe, diňe öňe!» diýen çagyryş has-da belent ýaňlanýar. Şol çagyryşdan ruhlanyp, milli Liderimiziň taýsyz tagallasy esasynda ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen ägirt uly işler ýerine ýetirilýär. Ähli ugurlarda täze belentliklere ynamly gadam goýýan ýurdumyz sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gazanan üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň miwesidir.

Milli Liderimiziň pähim-paýhasy esasynda ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen birlikde ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek, telekeçiligiň gerimini giňeltmek syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Alnyp barylýan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygy ýokarlanýar, senagat önümçiliginiň netijeliligi we düşewüntliligi artýar hem-de ýurdumyzda hususy telekeçilik ösýär.

«Esger».
Beýleki habarlar