Gezsem, dünýäni görsem

22 Dekabr 2021
2169

Köpetdagyň gözelliklerini synlap

«Aşgabat» asma ýolunyň gurluşygyna 2005-nji ýylda başlanýar. Ol 2006-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda açylýar. Meşhur «Bouygues» fransuz kompaniýasy tarapyndan gurulýar. Asma ýolunyň gatnadyjysy birwagtyň özünde 300 ýolagçyny daşamaga ukyplydyr. Onuň her kabinasyna 8-den gowrak adam ýerleşýär. Syýahatyň dowamynda Türkmenistanyň ajaýyp dag tebigatyny, täsin jandarlaryny synlamaga mümkinçilik döreýär. Deňiz derejesinden 1270 metr belentlikdäki kabinalary goýberýän merkez paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň günortasynda ýerleşýär. Bu merkezde garaşylýan otag, petek kassasy, tehniki hyzmatlar we enjamlar üçin desgalar, 100 sany awtomobil, 5 sany awtobus üçin niýetlenilen, tutýan meýdany 6500 inedördül metre barabar bolan awtoduralga bar. Şeýle hem, 2 sany restoran we kafe bar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Mahym MUHAMMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar