«Dog Bark Park Inn» myhmanhanasy

16 Noýabr 2021
2498

ABŞ-nyň Aýdaho ştatynyň Kottonwud şäherinde täsin görnüşli myhmana bar. 2003-nji ýylda gurlan bu myhmanhana syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Gurluşy taýdan täsin bolan bu myhmanhana it görnüşindedir we onda syýahatçylar üçin dynç almaga ähli şertler döredilendir. Myhmanhananyň «garnynda» birnäçe otag ýerleşýär.

Binanyň taslamasy Frensis Konklin hem-de onuň ýanýoldaşy Denis Salliwana degişlidir. Bu myhmanhanany gurmak pikiri ilki oýnawaç ussasy, heýkeltaraş Denis Salliwana gelipdir. Arzuwyny amala aşyrmak üçin oňa 6 ýyl gerek bolupdyr. Myhmanhanany maşgala agzalary el-ele berip, agzybirlikde gurupdyrlar. Täsin myhmanhananyň beýikligi on metrden gowrak bolup, onuň ýanynda ýene-de 3,5 metre ýetýän güjügiň hem heýkeli ýerleşýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Diýana PARDAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar